00:44 Goşgular | |
GOŞGULAR
Goşgular
• Men Saňa söýgimi beýan edýärin Gün doganda göz gamaşar keşbiňe. Aý doganda aşyk bolýar görküňe. Men saňa söýgimi beýan edýärin Ýüregim goýmansoň, meni erkime. Başymy aýlamaz uçut gaýalaň, Kän zadyň bar aýlanara baş munda. Men saňa söýgimi beýan edýärin, Ýazmamda-da, zyýada sen aslynda. Ýürek – daglaryňa seýil küýseýär. Ruhum seýran istär jümle jahana. Men saňa söýgimi beýan edýärin, Bu däl ahyr goşgym üçin bahana. Çeşme-çaýyň, jülge-zawyň yşgynda, Men bir kalby telwas, aşyk bendiwan. Men saňa söýgimi beýan edýärin. Aýtjaklarym söze sygma:n endigan... 26.09.2023 ý. • Saňa barýan ýol Saňa barmak üçin başlan ýolumy, Saý-sebäbe çalşyp bilmen, öt günäm. Al kakdymy, çirk getirdim kalbyma, Şeýdip, kägün boldum munda bet güman. Saňa barmak üçin başlan ýolumy, Tün gijeler garbap aldy käýarym. Öz yşkyňy kem etmäwer gursakda, Şoldur meni Saňa eltjek täk barym. Şüweleňe, şagalaňa badygan, Nebsim mydam haý-höwese sersepil. Köňül bolsa Saňa tarap möwç urýar, Sensiz bolsa kyn. Özüň gorap, Senden başlan ýolumy, Huzuryňda jemlemäge döz meni. Kalbymda Seň nuruň çogsun çog ýaly, Ýa dünýäden üz meni... 05.01.24 ý. • Göwhermiň? Müň bir ýolda, müň bir ýola aýanym, Sen iň eziz, iň mukaddes synamsyň. Ýöne meni dert-elemde galdyryp, Müň bir ýola, müň bir ýolda gynansyň. Ynanjaň sen, ynandyrsaň sähelçe, Müň paý yşgy rowa görjek her kese. Niçik bolar munda arzuwlar synsa, Niçik bolar, ýürek, synyp berkeseň!.. Meň bilen ýaşytdaş bolsaňda munda, Sen mydama ýaş göründiň ýaşyňdan. Dert saýmadyň saňa berlen yza:ny, Ýer galmady saňa zyňlan daşyňdan. Hergiz ýük saýmadyň geldi-geçeriň, Saňa oklap geçen otly sözüni. Gaýta, meni köşeşdirdiň seň üçin Ýaş baglasa görejimi-gözümi. Gymmatyny ýitirmeýän göwhermiň? Sakasyny dury saklan köwsermiň? 27.11.23 ý. • Eje Barlygymyň sebäpkäri dünýäde Alnyma sürteýin basan yzyňy. Älemden giň gujagyňa dolaýyn. Pata berip, bagtly eýle gyzyňy. Tüýs ýüregiň bilen maňlaýymdan öp, Soňra meni bela-beter tapmasyn. Hemişe seň beren ak pataň bilen, Durmuş meni päkligimde, taplasyn! 2018 ý. Aýjahan ANNABAÝEWA. | |
|
√ Diýer sen / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Öýlenmek / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Ene gudraty / Goşgular - 01.07.2024 |
√ «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Men ýene / Goşgular - 29.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |