21:28 Dowamat | |
DOWAMAT
Aňzak sowulypdyr dünýäň ýüzünden, Bu baharam dakynypdyr görk baryn... Täze başlangyjy näçe söýsem-de, Men aslynda ahyrlardan gorkýaryn. Herki zadyň möhleti bar dünýede, Hatda söýginiňem dolýar kazasy. Birmahalky başlangyjyny tapman, Käte gelýär ýüregimi gazasym... Göwnüme kirinden açyljak ýaly, Göwnüme eçiljek ýaly şatlygyn. Ýogsa dyzaberýär gelen ýerine, Sähel-mähel gam-gussadan datdygym. Gyşlar sowulypdyr dünýäň ýüzünden, Bu baharam dakynar-la, görk baryn. Başlangyçlar ýene şatlyk getirer, Ahyrlaram - gussa, Gaty gorkýaryn... Aýjahan ANNABAÝEWA. 20.06.24 ý. | |
|
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Asmaýar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Çaganyñ öweý enesine aýdany / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Eý, aşyklar, eý, aşyklar mezheb-u din yşkdyr maňa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Atlar / Goşgular - 25.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |