22:45 Ilkinji gözýaş / hekaýa | |
ILKINJI GÖZÝÄŞ
Hekaýalar
Beýleki gyzjagazlar onuň bolşuna aşaklyk bilen jykyrdaşan boldular. Gül uzadylan gyzjagaz bolsa gabaklaryny aşak goýberip, ýylgyrdy. Oglanjyk elinde öz baglarynda ösdürilip ýetişdirilen gyrmyzy bägüli saklap durşuna, utanjyndan ýaňa gyzaran ýaňajyklaryny gizlejek bolýan ýalydy. Ol ýuwaşlyk bilen: — Muny saňa getirdim! — diýdi. Gyzjagaz entek aýny ýaşa ýetmedigem bolsa, özüçe näzirgäp, emaý bilen getirilen güli aldy. Oglanjyk gülüň ähli tikenlerini aýran ekeni, şonuň üçinem baldagyň islän ýerinden tutup bolýardy. Gyzjagaz güli aldy-da, şobada jykyrdaşýan joralarynyň arasyna goşuldy gidiberdi. Näçe gülüşselerem, gyzjagazlaryň her biri bu wagt içlerinden özlerini eli gülli jorasynyň ornunda goýmak isleýärdiler. Gyzlar mekdebiň öňi bilen ýodany syryp ýöräp gitdiler. Gül uzadan oglanjyk olary gözjagazlary bilen ugradyp galdy... Ertesi sapak gutaranda, ýene oglanjyk gyzjagaza gapyň agzynda garaşdy. Indi onuň elinde gül ýokdy, ýöne nämedir bir zatlar aýtmak isleýän ýalydy. Ine-de, gyzjagazlar topar bolşup ýöräp gelýärler. Oglan ilkibada biraz aljyran ýaly etse-de, soň ekezlenip, deňinden howlukmaç geçip barýan gyzlaryň biriniň adyny tutdy. Ady tutulan gyz şobada aýak çekip, yzyna öwrüldi. Joralary bolsa päsgel bermek islemeýän bolmaga çemeli, öňkä görä ädimlerini birneme çaltlandyrdylar. — Şu gün öýüňize çenli ugratsam bolarmyka? Garaşylmadyk sowala gyz näme jogap berjegini bilmedi. Her niçijem bolsa, oňa kimdir biri ilkinji gezek şeýdip ýüzlenipdi ahyry. «Bolýar» diýmelimikä ýa «ýok» diýmelimikä? Maslahatlaşaýyn diýse, ýanynda joralaram ýok. Ýaňaklary gyrmyzy reňke boýalan gyzjagaz nädip rugsat berenini duýman galdy. Oglanjyk bilen gyzjagaz ýodaň gyrajygy bilen ýöräp barýardylar. Ikisindenem dem-düýt çykmady. Ahyry oglanjyk sowal bilen bu ümsümligi bozdy: — Algebradan öý işime kömekleşersiňmi? Şu günki has kynrak ekeni... Oglanjygyň sandyrap aýdan birgiden sözüne gyzjagaz ýeke söz bilen jogap berdi oturyberdi: — Bolýa. Bu jogapdan soň oglanjyk: — Haçanrak jaň etsem bolar? Sen öý işleriňi haçanrak edýäň? — diýdi. — Dokuzlara jaň edäý! — Sesi sandyraýan gyzjagaz başga hiç zat diýmedi. Ýene ümsümje ýöräp gitdiler... Olar ýuwaşlyk bilen bir-birlerine öwrenişdiler. Indi günde öýlerine bileje gaýdýardylar. Bir-birlerine öý işlerini ýerine ýetirmäge kömekleşýärdiler. Gülşen bolýardylar. Olar üçin bu zatlar aňrybaş bagtlylykdy. Şeýlelikde, okuw ýylam ahyrlady. Olar habarlaşyp durjakdyklaryna wadalaşyp, tomusky dynç alşa çykdylar. Ilkibadalar ýygy-ýygydan habarlaşanam bolsalar, soňabaka oglanjyk jaň etmesini seýrekletdi. Gyzjagaza bu ýagdaý agyr degýärdi. Ol öz dostunyň ýygy-ýygydan habarlaşyp durmagyny isleýärdi. Hakyt, ýüregi üzülip barýan ýalydy. Gün geçdigiçe oglanjygyň jaňlary hasam seýrekledi. Gyzjagaza onuň jaňlaryna garaşmakdan başga alaç ýokdy. Ahyry bir gün ol eline telefonyny alyp, uludan bir dem aldy-da, näçe kynam bolsa, oglanjyga jaň etdi, emma jaňyna jogap beren bolmady. Gyzjagaz biraz wagt geçirip, ýene jaň etdi. Bu gezek oglanjyk jaňa jogap berdi-de, özüniň işiniň köpdügini, boşansoň jaň etjekdigi aýtdy. Gyzjagaz uzak gün garaşdy, emma jaň gelmedi. Ertesi günem, birigünem şeýle boldy. Gün geçdigiçe täze okuw ýylam golaýlap başlady. Gyzjagazy düşnüksiz pikirler, gam-gussa gemrip barýardy. Ol özüniň bu ahwalyna çykalga tapmaýardy. Okuw başlaýsa bolýar, oglanjyga nähili sowal bilen ýüzlenjegini bilýärdi. Berjek sowallary hemişe diýen ýaly kellesinde aýlanýardy. Ol munuň üçin hökman oňa käýär. Ondan ilki öýkeli gezer, emma uzak wagt çydam edip bilmejegi üçinem, basymjak ýaraşar, ony bagyşlar... Ine-de, şol arzyly gün geldi. Täze okuw ýyly başlady. Uzyn hatara düzülen mekdep okuwçylary dabaraly nyzamda durdy. Emma öz synpdaşlarynyň arasynda oglanjyk ýokdy. Ahmal, ol çykyş edýänleriň arasyndadyr. Hawa, şeýledir, ol mekdebiň göreldeli okuwçylarynyň hatarynda görülýär ahyry. Taýýarlanylan hemme çykyşlar tamamlandy, emma oglanjyk sahnada görünmedi. Belki, ol nähoşlandygy sebäpli gelip bilen däldir?! Okuwyň ilkinji günem bir nähoşlap bolarmy?! Ýa futbol oýnap ýörkä ýykylyp, aýagyny agyrdaýdymyka?! Dürli pikirler gyzjagaza hiç rahatlyk bermedi. Sapak başlady. Soň hemişeki ýaly arakesmä çykyldy. Gyzjagaz öz jorasyny ýanyna alyp, onuň synpdaş dostlarynyň birinden oglanjygy sorady. Diňe şonda olaryň maşgala bolup göçüp gidendiklerini we täze mekdebe geçendigini bilip galdy. Şol pursatda gyzjagazyň owasynda ajy gözýaş peýda boldy. Bu onuň ilkinji gözýaşydy... Aýjahan ANNABAÝEWA, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň bölüm müdiri. | |
|
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |