01:58 Firuzşa Togalak | |
FIRUZŞA TOGALAK
Taryhy şahslar
Halaçlardan soňra Deli soltanlygyny Togalaklaryň nesilşalygy dolandyrypdyr. Bu nebereden bolan hökümdarlar Demirgazyk Hindistandan başlap, Dekan ýaýlasyna çenli bolan ýerleri 94 ýyllap edara edipdirler. (1320-1414 ý.). Togalaklaryň paýtagty ilki Deli, soňra Döwletabat şäheri bolupdyr. Togalaklar yslamyň sünni-hanefi mezhebine uýupdyrlar. Döwlet dili pars dili bolupdyr. Türk alymy Ýylmaz Öztuna döwletiň çäkleriniň iň giňelen mahalynda 3 million 217 müň inedördül kilometre barabar bolandygyny ýazýar. Jelaleddin Firuzşa (1309-1388 ý.) Togalaklar neberesiniň üçünji beýik hökümdarydyr (hökümdarlyk eden ýyllary 1351-1388 ý.). Ol 42 ýaşynda Deli tagtyna geçýär. Kakasy Rejep Gyýaseddin Togalagyň inisi bolupdyr. Rejep sypahsalar (goşunbaşy) bolupdyr. Firuzşanyň ejesi rajput asylly raja Mal Bhattiniň gyzy eken. Soltanlyga geçen mahaly Firuzşa dünýä işlerinden el üzüp, takwa durmuşda ýaşamagyň, haja gitmegiň arzuwynda eken. Emma döwleti edara etmek bijesi paýyna düşensoň, halkyň aladasy üçin bar başarnygyny orta goýupdyr. Emma Firuzşanyň döwründe Deli soltanlygy öňki beýikligini ýitiripdir we ilaty azalypdyr. Firuzşanyň soltanlygyň tabynlygyndan çykan käbir ýerleri yzyna gaýtaryp almak synanyşygy şowsuz tamamlanypdyr. Onuň Bengaliýa eden ýörişleri (1353-1354 ý., 1359-1360 ý.) özüniň garaşylan netijesini bermändir. Bengaliýanyň käbir etraplary Deli soltanlygyna garaşsyz bolan türki emirleriň häkimliginde galypdyr. Firuzşa halkynyň peýdasyna ençeme maliýe we ykdysady özgertmeleri geçiripdir. Salgyt ulgamyny kämilleşdiripdir. Şerigata gabat gelmeýän salgytlaryň 28 görnüşini ýatyrypdyr. Soltanyň köşk taryhçysy Afyfyň ýazmagyna görä, Firuzşa şerigat tarapyndan rugsat berilmedik salgytlaryň ählisini ýatyrypdyr, rugsat berlen salgytlaryň bolsa möçberini kemeldipdir. Afyf we Barany soltanyň bu çärelerini onuň adatdan daşary ýumşaklygy we haýyrsöýerligi, öz raýatlary hakdaky atalyk aladasy bilen düşündirýär. XVII asyryň başynda ýaşan taryhçy Feriştäniň şaýatlyk etmegine görä, soltanyň ýatyran ençeme salgytlarynyň atlary onuň buýrugy bilen Firuzabadyň metjidiniň diwaryna oýulyp ýazylypdyr. Ýatyrylan salgytlar barada soltanyň özi tarapyndan ýa-da onuň buýurmasy bilen ýazylan «Futuhaty Firuzşahy» eserinde hem ýatlanylýar. Firuzşa halkyň we döwlet gullukçylarynyň döwlete bergisini geçipdir. Mülk ýer eýeçiligini düzgünleşdiripdir. Suwaryş kanallaryny gurduryp, ekerançylygyň ösmegine ýardam edipdir. Taryhçy Afyfyň şaýatlyk etmegine görä, Firuzşanyň döwründe Süýtleç we Jamna derýalaryndan Hisar-Firuz (häzirki Hisar) şäherine çenli 180-200 kilometr aralykda suwaryş kanallary çekilipdir. Hindistanyň häzirki kartasyndaky Günbatar Jamna kanaly diýlip atlandyrylan kanaly hem Firuzşa gurdurypdyr. Afyf Firuzşanyň dolandyran döwri barada: «Ýurt şeýle bir gülläp ösen derejä ýetipdi welin, bütin Doabda ýekeje hem taşlanan oba, işlenilmedik ýer bölegi ýokdy. Doabyň daşyndaky etraplarda hem ýagdaý şeýledi, meselem, Samanada bir etrapda dört sany gülläp oturan oba bardy» diýip ýazýar. Doabyň gülläp ösen ülkedigi barada Barany şeýle ýazýar: «Etraplar gülläp başlapdy.…Çemenzarlyklar, çöller, sähralar işlenip bejerilip, pel pele, baglar baglara, obalar obalara ýanaşyp otyrdy». Taryhçy Afyf «Taryhy-Firuzşahy» eserinde Firuzşanyň bagçylyga örän üns berendigini ýazýar. Diňe soltan gaznasyna degişli bolan Delide 1200, Salurda 80, Çitorda 60 sany bagyň düýbi tutulypdyr. Alaeddin Halajyň döwründe düýbi tutulyp başlanan 30 sany bagda işler tamamlanypdyr. Ekerançylygyň ösmegi netijesinde önüm bolçulygy döräp, bazarlarda azyk önümleriniň bahasy aşaklapdyr. Taryhçy Afyf Firuzşanyň Alaeddin Muhammet Halajy ýaly zorluk ulanyp däl-de, eýsem, bazar kanunlaryny işledip, nyrhlary gözegçilikde saklandygyny nygtaýar. Firuzşanyň döwründe tutuş ýurtda nyrhlar arzan bolupdyr. Firuzşa adalatyň höküm sürmegi üçin aladalanypdyr. Döwlet gullukçylarynyň halka zulum etmegini gadagan edipdir. Gurduran birnäçe haýyr-sahawat edaralary bilen işsizleriň, hassalaryň, garyp-pukaralaryň alkyşyna sezewar bolupdyr. Garyplara karz bermek üçin Diwany-Istihkagy açdyrypdyr. Ol Jahanpur, Firuzabat, Fatyhabat şäherlerini esaslandyryjydyr. Taryhy çeşmelerde Firuzşanyň 200 töweregi şäherçe gurduryp, olarda 40 jamy, 30 medrese, mätäçler üçin 20 sany naharhana, 100 hassahana, şonçarak kerwensaraý, hammam, 150 köpri, 50 sany suw bendini, 30 sany howdan gurdurandygy nygtalýar. «Därühane» diýlen hassahanada hassalara dermanlyk serişdeler mugt paýlanypdyr. Bu hassahana üçin obalar wakf edilipdir. Firuzşa ylmyň ösmegine hem hemaýat edipdir. Birnäçe eserleri sanskrit dilinden parsça terjime etdiripdir. Taryhçylar Barany we Şemsi Siraj Afyf onuň döwrüne bagyşlap, «Taryhy Firuzşahy» atly eserini ýazypdyrlar. Firuzşanyň özüniň syýasata bagyşlanan 8 bapdan ybarat bir eseriniň bardygy agzalýar. Firuzşa Togalak 1369-njy ýylda bolan ýer titremesinde ýokarky iki gaty zaýalanan Kutub-Minarany abatladypdyr, boýuny biraz beýgeldipdir hem-de iň ýokarsynda täze aýmança gurdurypdyr. Firuzşa şady-horramlygyň we elpe-şelpeligiň tarapdary bolmandyr. Köşkde ýüpek parçalardan tikilen lybaslary geýmegi, altyn-kümüş zatlary ulanmagy gadagan edipdir. Halka ýakyn durmakda we adalatlylykda Firuzşany orta asyrlardaky yslam taryhynyň nusgalyk hökümdary diýip atlandyrmak bolar. Firuzşa öz döwrüniň taryhçylarynyň baha bermegine görä, «adyl bir hökümdar, ajaýyp abadançylyk, bolçulyk, bagtlylyk we adalat döwrüniň binagäri» hökmünde tanalypdyr. Firuzşa Abbasy halyfyna öz häkimligini tassykladan, onuň adyny teňňelerinde zikgeleden we «naýyby emirul-möminin» lakamyny ulanan iň soňky Deli soltanydyr. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |