GADYMY GOLÝAZMALARYÑ KATALOGY NEŞIR EDILDI
Gadymy golýazmalaryň katalogy neşir edildi
Golaýda gündogarşynas alym, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Orazgozel Maşaýewanyň uzak ýyllar dowamynda çeken zähmeti netijesinde Italiýanyň Boloniýa uniwersitetiniň kitaphanasynda saklanýan arap-pars we türk dillerindäki golýazma kitaplarynyň iki tomdan ybarat katalogy neşir edildi.
Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde ýerleşen "Bengu" neşirýaty tarapyndan «Catalogo dei monoscritti islamici della biblioteca Universitaria di Bologna» diýen at bilen çap edilen bu ylmy neşir arap-pars we türk dillerinde ýazylan golýazmalary öwrenýän gündogarşynas alymlar üçin ýakyn gollanma bolup hyzmat eder.
Katalogyň 1we 2-nji tomlarynda Boloniýa uniwersitetiniň kitaphanasyna saklanýan 700-e golaý golýazmadan 274 kitabyň maglumaty ýerleşdirilipdir.
Häzirki wagtda ildeşimiz alym zenan Orazgözel Maşaýewa katalogyň 109 gadymy golýazmanyň maglumatlaryny özünde jemleýän üçünji tomunyň hem taýýar bolup gelýändigini kanagatlanma bilen gürrüň berdi.
Döreýiş taryhyny orta asyrlardan alyp gaýdýan Boloniýa uniwersiteti Ýewropada baýry okuw jaýlarynyň biri hasaplanýar. Bu abraýly okuw jaýynyň kitaphnasynda arap-pars we türki dilli golýazmalary agramly bölegi entek dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine tanyş däl. Gündogaryň we yslam dünýäsiniň milli gymmatlyklaryny özünde jemleýen bu golýazmalaryny dünýä ylmyna tanyş etmek maksadynda ildşimiz alym zenan Orazgözel Maşaýewa indi çärýek asyra golaý wagt bäri tutanýerli zähmet çekýär.
Alym zenan seýrek golýazmalar esasynda katalog düzmek ýaly köp sabyr-takat, erjellik talap edýän işi barada soranymyzda bu katalogyň jemi 7 jiltden ybarat boljakdygyny aýtdy.
Bizem öz gezegimizde alym zenan, ildeşimiz Orazgözel Maşaýewa edýän işlerinde üstünlik we jan-saglyk arzuw edýäris.
Sylapberdi MUHAMOW.
Edebiýat täzelikleri