Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getirip, taraşlap, kämilleşdirip gelen medeni mirasyny aýawly saklamak, ony geljekki nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleriň hatarynda Goňurdepe ýadygärliginde geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylýan gymmatly tapyndylar täsinligi we ähmiýetliligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň: «Goňurdepede halkara ylmy topar tarapyndan edilen täze açyşlar Türkmenistanyň gadymy taryhyny we medeniýetini mundan beýläk-de öwrenmek üçin uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň çäginde alnyp barylýan arheologik gözlegler türkmen halkynyň medeniýetiniň kökleriniň gadymydygyny we ýokary derejede ösendigini aýdyň görkezýär» diýen parasatly sözleri hem bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezýär.
Türkmenistanda has gadymy döwürlere degişli zähmet gurallary Türkmenbaşy şäheriniň gündogarynda ýerleşýän Ýaňyja we Garaseňňir duralgalarynyň aralygynda arheologlar tarapyndan ýüze çykaryldy.
Hazaryň kenaryndan tapylan daş gurallaryň «ussahanasynda» köp sanly inçejik temenleriň bolmagy ýöne ýere däldir. Olary agaçlardyr süňklere oýup nagyş çekmek üçinem, deriden geýim, halta ýa-da torba tikmek üçinem ulanmaga ýaramly bolupdyr. Adamlar şol döwürde-de endamyny deri bilen örtüp oňaýmandyr. Olar belli bir göwrümde biçilip tikilen egin-eşikleri geýmäge, galyberse-de, deňiz balykgulaklaryndan ýasalan şelpelerdir monjuk düzümleri bilen özüni bezemäge-de çalşypdyrlar.
Türkmenistanda miladydan öňki V müňýyllyga degişli «Jeýtun medeniýeti» iň gadymy ekerançylyk merkezi hökmünde dünýä taryhynda bellidir. Jeýtun medeniýetine degişli daşdan ýasalan önümleriň birnäçe görnüşleri tapyldy.
Jeýtun medeniýeti döwründe daş we süňk ýonmak senedi kämilleşip başlaýar. Ýörite ýylmanyp ýasalan goýun şekilindäki heýkeljikler adamlaryň boýnundan asmak üçin niýetlenipdir. Şeýle-de balykgulaklardan, haýwanlaryň süňklerinden, daşlardan ýonulyp ýasalan monjuklar bu döwre degişli çeperçilik önümleridir. Dünýäniň dürli ýerlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem gadymy döwrüň heýkeltaraşlyk sungatynyň ilkinji başlangyjy döräp ugrapdyr. Bu ýerlerde haýwanlaryň dürli görnüşde ýasalan şekilleri eneolit eýýamynda ýüze çykypdyr. Gödeňsi ýasalan ol şekillerde haýwanlaryň keşpleri umumylaşdyrylan görnüşde berilýär. Eneolit eýýamynyň obalaryndan tapylan haýwanlaryň şekiljikleri dürli görnüşde bolupdyr. Şol şekillerde dag tekelerini, öküzleri, itleri tanap bolýar. Bu şekiller gadymy adamlaryň hojalyk durmuşynda ýüze çykan özgerişligi aňladýar.
Bular hakynda gürrüňler örän täsirlidir. Olardan gören-eşidenleriňi gürrüň bermek, wagyz etmek, milli gymmatlyklarymyza bolan hormaty, söýgini artdyrmak, şu günki we geljekki nesliň aňyna ýetirmek biziň borjumyzdyr.
Merjen AMANBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň baş hünärmeni.