01:26 Gadymy türkmen mifologiýasynyñ legendar "şaýly gelini": Albassy | |
GADYMY TÜRKMEN MIFOLOGIÝASYNYÑ LEGENDAR "ŞAÝLY GELINI"
Mistika we fantastika
▶ ALBASSY • Orta Aziýanyñ mifiki ynanjynda "a:lyñ" orny. Albys ýa-da Albassy barada düşünje. Albys - gadymy türkmenler bilen birlikde Orta Aziýa halklarynyñ ynanjynda, medeniýetinde we mifologiýasynda "eýe" (ведьма) manysyny berýär. Albyz, Albas, Alpas, mongollarda Almas. Häzirki Türkmenistanda "Albassy" diýilýän bolsa, Türkiýede "Al karysy" ("Al heleýi") diýilýär. Albassy gyzyl reñk bilen baglanyşdyrylýar. Ol eýmenç, saçy buýr-bulaşyk, gözleri gan öýüp duran, uzyn dyrnakly, uzyn boýly, güýçli bolýarmyşyn. Hatda onuñ düýä garşy göreşip biljek derejede uzun boýunyñ bardygy rowaýat edilýär. Gyzyl eşikli gezýärmiş. Käbir rowaýatlarda onuñ hum küýzeleriñ içine girip ýatýandygy, käbirinde bolsa akar suwlaryñ başynda garañky ýerlerde ýa-da agaçlaryñ köweginde ýaşaýandygy aýdylýar. Ullakan möle gözleri bolupdyr. Köp sanly agyr demir şaý-sep dakynypdyr. Halkymyzyñ arasyndaky "şaýly gelin" diýen düşünjäniñ añyrsy albassynyñ agyr şaý-sepleri dakynýandygy baradaky rowaýatdan gaýdýar. Onuñ iñ halaýan zady atlaryñ ýalyny örmekmiş. Albassyny ele salmak üçin onuñ eşigine ýa-da özüne ullakan temen sançmaly bolupdyr. Ol demirden we demir ussalaryndan öler ýaly gorkupdyr. Çaga dogran we entek çilleden çykmadyk aýallara musallat bolupdyr hem-re olaryñ ölümine sebäp bolupdyr. Halk ynanjynda çaga üstünde ölen aýallaryñ ölümine Albassynyñ sebäp bolýandygyna ynanylýar. Şonuñ üçin çaga dogran aýallaryñ bolýan otagynda pyçak we ş.m demirden ýasalan sowuk ýaraglar goýlupdyr. Albassy adama ýamanlyk etmekden lezzet alypdyr. Onuñ edýän erbetlikleri "al basmak" işligi bilen añladylýar. Albassynyñ aýaklary tersine bakypdyr. Käte guýa giribem gözden gaýyp bolubilipdir. Käte iññedir temen sünjülende suw bolup guýa tarap akypdyr. Albassyny uzyn boýly, uzyn barmakly, ösgün dyrnakly, buýr-bulaşyk saçly, ýagjymak tenli, el-aýaklary kiçi, saññy dişli, aşaky dodagy ýerden süýrenip barýan, ýokarky dodagy gökde, çuw-ýalañaç, emjekleriniñ birini arkasyna aýlap zyñan, gözi depesinde bolan örän bedroý, käte al öwsüp duran köýnek geýen bu mahluk bimahal çagy suwuñ başyna baran ýa-da ýeke galdyrylan çagalary ogurlap, suwuñ teýindäki öýüne äkidýän aýal hökmünde sypatlandyrýarlar. Ol gök reñkli monjukdan (gözmonjugy) öler ýaly gorkupdyr. Aslynda gözmonjugynyñ añyrsyndaky ynanç şundan gelip çykýar. Albassy sözi mongol dilindäki (Almas) berýän manysy "semewaryñ (küpüñ) içine giren" diýen manyny-da berýär. Megerem, şonuñ üçin mongollar albassynyñ uly gaplaryñ, hum küýzeleriñ, semewarlaryñ içinde bolýandygyna ynanýarlar. Albassy agzynda zäherli daş göterýän guşuñ keşbine-de girip bilipdir. Ol öljegini duýsa özüni ýaralapdyr we akan ganyndan az wagt geçensoñ täze Albassy doglupdyr. Albassy çeçen diline "Almaz" görnüşinde geçipdir. Türklerdäki "Hal ene", mongollardaky "Gal ene" (Ot ene) hem albassy bilen baglanyşyklydyr. Şumerlerdäki "Al hudaýyny" hem albassy bilen baglanyşdyrsak ýalñyşmarys. Bolgarlarda şeýtanyñ ady "Ala". Şumerlerde Al hudaýy adamlaryñ göwsüne zyýan berýär we dem bermeýär, her dürli bela-beterleri ýaýradýar. Hybylyk atly hyýaly mahlugyñ häsiýetleri-de albassynyñky bilen meñzeşlik görkezýär. • Gyzyl albassy hem diýilýän bu mahlugyñ iki görnüşi bolupdyr. Sary albassy: "Sarysaç" hem diýlipdir. Ol saryýagyz aýalyñ keşbinde görünipdir. Erbetlikde gyzyl albassydan biraz pesräk bolupdyr. Ýagny edil gyzyl albassy ýaly ölüm howply bolmandyr. Geçiniñ ýa-da tilkiniñ keşbine girip bilipdir. Sary eşikler geýipdir. Sary getirme keseline sebäp bolupdyr. Aldawçy kezzap, kilçik we durnuksyz häsiýetli. Aldawyna düşürjek adamyny müñ dürli oýun bilen özüne çekipdir. Dünýäniñ iñ owadan zenanyndan hem owadan keşbe girmäge ukyply sary albassynyñ aýgyr, şöhwetli we açgöz häsiýeti bolupdyr. Onuñ döredýän keseline "sary getirme" (жёлтая лихорадка) diýlipdir. Gara albassy: "Garasaç" hem diýlipdir. Bugdaýreñk, gatañsy tenli aýal bolupdyr. Ol has agras ýüzli we sussuñy basyjy sypatly, ýöne has aldawçy we başyñy-gözüñi aýlamaga ukyplydyr. Onuñ berýän zyýany gyzyl albassa görä has ölüm howpludyr. Seýrek duş gelnipdir. Gara eşikli gezýän albassynyñ bu görnüşi gara basmalara sebäp bolupdyr. Şagalyñ ýa-da syrtlanyñ keşbine girip bilipdir. Onuñ döredýän keseline "garahassalyk" (брюшной тиф) diýlipdir. • Peýdalanylan çeşmeler 1). Bahaeddin Ögel "Türk mifologiýasy"; 2). Jelal Beýdili "Türk mifologiýasynyñ ensiklopedik sözlügi"; 3). Deniz Karakurt "Türk sözleýiş sözlügi"; 4). Pertew Naili Borataw "Türk mifologiýasy". • Giñişleýin maglumat üçin seret: http://www.kitapcy.ga/news/albassy/2019-05-08-6831 | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||