GAPY KAKÝAN ÝOK!
Penjireler,
penjireler bir eýýäm çañ basan,
gapy kakýan ÿok,
garaşma ýaña!
Gijäñ ebediligi öýüñe ösen,
gapy kakýan ÿok,
garaşma ýaña,
diñ salma,
atmajak daña!
Gan urgusy damarda
tolkunyn gün-günden ýuwudan ÿaly,
ÿüregim
ýitirip ugrun,
dirilik akymyn unudan ýaly
dynjym bozÿar oÿlarymyñ çyzygyn.
gapy kakýan ýok!
Hyjuwly duýgular ýitgide gagşap,
tümlüge ogşap,
gutaryp dur gözlegin.
gapy kakýan ýok!
Gökden göklük göçer,
toprakdan yssy
howada gaýmasa söýginiñ sesi.
garaşma daña,
diñ salma ýaña,
gapy kakýan ÿok!
Ybraýym BADAHŞAN
(Türkmensähra)
Goşgular
Категория: Goşgular |
Просмотров: 528 |
Добавил: Hаwеrаn
| Теги: Ybraýym Badahşan
| Рейтинг: 5.0 /4
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
Teswirleriň ählisi: 8
Порядок вывода комментариев:
По умолчанию
Сначала новые
Сначала старые
0
1
mango
(16.03.2021 12:44)
651
ilki bilen familiýaňyz BEDEHŞAN däl-de BADAHŞAN dälmikä, şony soraýyn. ikinjem "gapy kakÿan ÿok, garaşma ýaña!" diýlendäki "ýaň" eýran türkmenlerinde manysy başgarakmy? "ýaň" - daglarda öz sesiň gaýtalanmagy, ýa-da islendik zadyň sesiniň gaýtalanmagy, ýaşlanmagy. goşgydaky gapy kakylyp çykaryljak sese "ýaň" diýlişini geňirgendim. ýa başga manysam barmy?
0
2
mango
(16.03.2021 12:45)
651
*ýaňlanmagy
0
3
mango
(16.03.2021 12:54)
651
ÿüregim ýitirip ugrun, dirilik akymyn unudan ÿaly --- täsirli setirler... --- Gökden göklük göçer, toprakdan essay howada gaýmasa söýginiñ sesi. garaşma daña, diñ salma ýaña, gapy kakÿan ÿok! --- "essaýa-da" düşünmedim, ýöne "howada söýgi sesi gaýmadygyça" diň alyp "daňa garaşmagyň" manysynyň ýokdugyny dogry aýdýaňyz. ýöne optimist bolaly, howamyzy söýgüden dolduryp bilsek, her halda daň atmagy ýakynlaşar. (goşguda pessimizm agyr basýa). goşgularyňyzy goýup duruň. okujylaryňyz bardyr.
0
Essay sözi ÿalñyś ÿazylypdyr, yssy dogry, gökden göklük göçer, toprakdan yssy, howada gaÿmasa söÿginiñ ysy ... gośgyny bu ÿerde özüm goÿmadym, diÿmek men düzedip bilmeÿärin.
0
5
mango
(16.03.2021 14:34)
651
täze eserleriňizem barmy? paýlaşarmysyňyz.
0
Ahyry gowy goşgy tapdym! Dilem owadan. Eýran türkmenimi?
0
essay (yssy) sözi henizem öñküligine galypdyr!?
0
Üýtgeşik goşgy eken. Gowy zady biziň elipbiýimizi öwrenmekleri we dil arassalygyny gazanmaklyga ýykgyn etmekleri. Buýsandyryjy.