00:32 Garabasma / bolan waka | |
GARABASMA
Geň-taňsy wakalar
Çagalygymdan bäri darajyk ýerden geçmegi halamazdym. Şonuň üçin şeýle ýerlerden aýlanym geçenimi gowy görýärdim. Soň-soňlar munuň özboluşly bir keseldigini bilip galdym, ýöne hernäçe jan etsem hem bu dertden halas bolmak başartmandy. Häzir bolsa islesem-islemesem özümden başga hiç kim sygmajak darajyk jaýa girmelidim. Eýýäm meni ak mata dolap, uzyn tabyda ýerleşdiripdirler. Töweregimde aýlanyşyp ýörenleriň sesleri, gep-gürrüňleri maňa diýseň gowy eşidilýärdi we gözleriniň ýumukdygyna garamazdan, ýanymda kimiň bardygyny görýän ýalydym. Adamlaryň arasynda: - Biçäre örän ýaş ýogaldy, ýogsam onuň etmeli işi köpdi diýýänler hem bardy. Hakykatdan hem işlerimiň köpüsi gutarman galypdy. Mysal üçin, oglumybelli bir ugra, belli bir işe gönükdirip ýetişmändim. Maşynymyň we reňkli relewizorymyň bergisini entek doly üzmändim. Uly firma gurup, dostlarymy şol firmanyň üçeginiň aşagynda ýygnamagy arzuw edýärdim. Gyşyň ýakynlaşandygyna garamazdan, entek jaýymyň üçeginiň jaýrylan ýerlerini bejermäge-de, odun şaýymy tutmaga-da ýetşmändim. Şu zatlaryň pikirini edip ýatyrkam gulagyma bir ses geldi. Ol ses edil mikrofonda aýdylýan ýaly beýnimiň ähli ýerine ýaň salyp: “Indi giç, ähli zat geçdi” – diýýärdi. Men içimden “käşgä geçmedik bolsady” diýen bolýardym şu ýol heläkçiligi başymdan bela bolup inmedik bolsa, onda nähili gowy maşynlary sürerdim. Haçanda, şu wagta çenli başymdan geçenleri ýatlamaga çalşanymda dostlarymyň daşyma üýşendiklerini we tabydy ýapmak üçin üçin onuň gapagyny ýokary göterendiklerini aňdym. Sesimiň ýetdiginden gygyrmak, ýerimden gozganmak isledim. Ýöne ne gymyldap bilýärdim, ne-de gygyryp. Biraz wagtdan soň töweregimi garaňkylyk gurşap aldy. Tabydyň tagtalarynyň seplerinden gelýän şöhlä seredip ýatyşyma: “Eý Allahym, indi meniň ýagdaýym nähili bolar?” diýdim. Gorkudan ýaňa nämeleriň bolup geçýändigine hiç aklym çatmaýardy. Adamlar meniň ýatan tabydymy eginlerine alyp ýöremäge başlady. Daşarda ýagşyň ýagýandygyny aňmak bolýardy. Jemagat jynaza namazyny okamak üçin meni metjide alyp barýardy. Metjidiň bize örän ýakyn ýerde ýerleşýändigine garamazdan, näme üçindir oňa hiç wagt gitmändim. 50 ýaşanymdan soň namaza başlamagy we ýaramaz endiklerimi taşlamagy göz öňünde tutýardym. Içimden “Ah, şu betbagtçylyk bolmadyk bolsa, geljekde nähili gowy adam bolmakçydym” diýdim. Şol pursatda hälki ses ýene-de gaýtalandy: “Indi giç, indi giç, ähli zat geçdi”. Biraz wagtdan soň meniň jynaza namazymy okadylar we ymam ol ýerdäki mähelleden meniň nähili adam bolandygymy sorady. Men adamlaryň arasyndan 8-10 adamyň bu sowala hiç hili jogap bermändigini örän gowy bilýärdim. Sbäbi men şol adamlara ýamanlyk edendigimi boýun alýardym. Ýöne şu betbagtçylyk bolmadyk bolsa, onda olaryň öňündäki günämi ýuwmakçydym we olar bilen ýaraşmakçydym. Metjitlik işimiz tamamlanandan soň, adamlar meniň tabydymy ýene-de eginlerine aldy. Tabydyň göterilişinden jemagatyň gonamçylyga barýan ýola çykandygyny aňdym. Güýçli ýagýan ýagşyň damjalarynyň tabydyň deşik ýerlerinden geçip, kepenimiň käbir ýerlerini öl edendigini hem duýýardym. Muňa garamazdan, daşarda aýdylýan gep-gürrüňlere gulak asmagy hem ýadymdan çykarmaýardym. Dostlarymyň käbirleri bazardaky zatlaryň bahalary barada gürrüň etse, käbirleri geçen agşam telewizorda görkezilen filmden söz açýardy. Tabydymy göterip barýanlaryň beýleki birisi bolsa gapdalyndakynyň gulagyna “Edil öljek wagtyny tapdy biçäre. Öl-myžžyk bolduk-la” – diýip pyşyrdady. Gulagyma ynanmajak boldum. Çünki olar zerur halatynda janymy bermäge taýýar dostlarymdy. Birnäçe wagt soň gonamçylyga ýetdik. Tabydymy ýerde goýup, gapagyny açdylar we meni, düýbüne ýagyş suwy ýygnanan çukuryň düýbünde ýatyrdylar. Uzyn düşüp ýatyşyma töweregime seretdim we içimden “Eý Hudaý, bu gabyr ýalyla? Näme üçin şol pursada çenli bu ýere girjekdigim barada oýlanmadymkam?” diýip öz-özüme sowal berdim. Meniň nalalarymy hiç kim eşitmeýärdi. Adamlar galyň tagta bilen üstümi ýapmak üçin edil ýaryşýan ýalydylar. Indi men garaňky ýerde ýeke özüm galdym. Men güýjümiň ýetdiginden: “Eý Allahym, ýene-de bir gezejik pursat ber, Seniň isleýşiň ýaly gul bolaýyn we gabrymy jennetiň baglaryna meňzeş baga öwreýin” diýip, doga-dileg edýärdim. Maňa tanyş ses täzeden ýaňlandy: “Indi giç, indi giç, Ähli zat geçdi” Şol pursatda tagtalaryň üstüne pil bilen atylýan gumuň sesi gök gümmürdisini ýadyma saldy we bütin bedenimi sarsdyrdy. Birden niredendir bir ýerden göwräme güýç geldi. Ýerimden towsup turdum, gözümi açdym. Görsem, düşegimde ýatyryn. Meni gara basypdyr. Doktor ýoldaşlarymyň biri bolsa başujumda dik dur. Ol maňa ýüzlenip: “Ähli zat geçdi, hemme zat yzda galdy, seret hiç hili döwük-ýenjik, ýara yzy galmady” diýdi. Ýuwaşlyk bilen aýak üstüne galdym. Eşiklerim we düşegim derden ýaňa öl-myžžyk bolupdy. Özüm bolsa 20 kilogram horlanan ýalydym. Daşarda güýçli ýagyş ýagýardy we gök gümmürdisinden ýaňa öýüň ähli ýeri sarsýardy. Men töweregimdäkileriň haýran galyjy nazarlarynyň öňünde özümi ele almaga çalyşýardym: “Ýa Rabbi, Saňa müňlerçe gezek şükür edýärin. Ýagşy guluň bolmak üçin şu pursady bermedik bolsaň meniň ýagdaýym nähili bolardy?” diýip pyşyrdaýardym. Jüneýit SUAWI, türk ýazyjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |