01:32 Garakündügiñ başdan geçirenleri: 10. Ilkinji aw | |
10. ILKINJI AW
Powestler
Garakündük şol ýatyşyna öýlänler turdy. Ol ýene ýuwnup, käsesine guýlup goýlan naharyndan iýdi-de, eýläk-beýläk aýlanmaga çykdy. Irden ala sygryň molany ýadyna düşüp, onuň ýanyna aýlanyp görmek isledi. Sebäbi ol irden Akbilek bilen gepe güýmenensoň, öýde ala sygyr hakda näme gürrüň edileninden bihabardy. Sygyr döläniň gapdalynda Akbilek hem durdy. —Men hana, hol ýerden sümüp geçdim—diýip, Akbilek özüne tarap gelýän Garakündüge ýüzlenip, özüniň bu ýere nireden gelenini görkezmek üçin ekinçiligiň aýagujyndaky odunlara tarap baş atdy.—O ýerde geçer ýaly ýer bar eken. Ala sygryň gölejigi bolupdyr. Menem şony synlap göräýeýin diýdim. Garakündük hem ala sygryň golaýjygyna bardy. Onuň gapdalynda hut enesine meňzäp duran alaja gölejik bardy. Sygyr gölesini mähir bilen ýalaýardy. —Sen kim?—diýdi-de, gölejik Garakündüge geň nazaryny dikdi.—Sen gaty kiçijik-le? —Men pişik—diýip, Garakündük gölejige jogap berdi.—Adym bolsa Garakündük. Özümem senden-ä uly. Özem kän uly. Garakündügiň sözleri gölejigiň gülküsini tutdurdy. Ol: —Im... Mö-ö...—edip, gülmäge synanyşdy.—Senmi menden uly? Sen-ä meniň toýnagym ýalyjak. —Meniň ejemem kiçijik, özümem kiçijik, seniň bolsa ejeňem ullakan, özüňem—diýip, Garakündük ýene gölejige gep düşündirmäge durdy.—Seniň diňe göwräň uly. Özüň bolsa şu günjük doguldyň. Has dogrusy, şu gün irden. Men bolsam, hol, geçen aýyň başynda. Muny ejeňem bilýä. Ynanmasaň, sorap göräý. Men senden ullakan, gölejik. Gölejik ejesine seretdi. —Hymm... Gölejigim, garaja pişik dogry aýdýa—diýip, ala sygyr Garakündügiň sözüni makullady.—Ol senden ullakan. Ol biziň kümämizde doguldy. Onuň dünýä inenine juda kän gün geçdi, gölejigim. —Men seň ejeň süýdünem içip gördüm—diýip, Garakündük gölejik bilen gepleşmegi dowam etdi.—Ony maňa Mekanyň ejesi berýä. Seniň ejeň süýdi gaty tagamly. Ýöne meniň ejemiň süýdi has tagamlydy. —Ymm... Hymmm...—edip, ala sygyr Garakündügiň gepine ýylgyrdy.—Her kim üçin öz ejesiniň süýdi tagamlydyr. —Eje, ol kim?—diýip, gölejik Akbilege nazar saldy. Garakündük ala sygyrdan öň gölejige jogap berdi: —Ol meniň dostum, Akbilek. Ol meni hemmelerden gorajak diýip, söz berdi. —Men sizem goraryn—diýip, Akbilek gölejige seredip gepledi.—Men adamlaram goraýan. Olaryň goýunlaryny-da goraýan. Soň dymyşlyk ara düşdi. —Eje, adamlar kim, goýunlar kim?—diýip, gölejik ejesine sowal baryny berip başlady.—Näme üçin ol, Garakündük diýilýän gaty kiçijik? —Entek sen ulal, hemme zady soň bilersiň—diýip, ala sygyr gölesine ýaltalyk bilen jogap berdi.—Men ýatyp, dynjymy aljak. Senem, gel, meniň gapdaljygymda ýat. Sen heniz kiçijik. Bökjekläp, ýöremegi öwreneňsoň, hemme ýere aýlanarsyň. Hemme zada syn salarsyň. Hemme zady bilersiň. Gölesine şeý diýensoň, ala sygyr labyryny ýere goýberdi. Gölejik hem ejesine gysmyljyrap, ýanyny ýere berdi. —Biz indi bu ýerden gideli—diýip, Akbilek Garakündüge ýüzlendi.—Goý, gölejik ejesi bilen dynjyny alsyn. Onuň bilen gürleşmäge soň geleris. Gideli-de, çagalaryň top oýnaýşyna seredeli. Garakündük Akbilek bilen tirkeşip, köçä tarap ýöneldi. Ine, şeýdip, bu öýde Garakündügiň günleri tigirleniberdi. Bu öýe gelenine bir hepde geçende onuň ep-eslije ulanany bildirdi. Üç hepde geçende bolsa ol Mekanyň enesiniň çaý içýän kiçiräk çäýneginiň derejesine ýetdi. Agaç sekä indi onuň özi böküp münüp, bökübem düşüp bilýärdi. Gapydaky üzüm dalbarynyň, tutlaryň ýokarysyna çykyp bilýärdi. Ilki gelen güni Emiriň dyrmaşdyran agaç sütünine her gün dyrmaşyp oýnaýardy. Sütüni, tutlary dyrnaçaklap, dyrnaklaryny ýiteldýärdi. —Ata, seret, pişigimiz mazaly ulalypdyr—diýip, Mekan Garakündügiň gabarasyny galdyrýanyny atasyna buşlaýardy. Öýde syçanly gürrüňler ýatanokdy. Syçanlardan bir gün Mekanyň enesi nalynýardy, bir gün ejesi. Syçanlar bir gün çörekli saçaklary deşýärdi, bir gün şkaflary deşip, agaç çemçeleri gemirýärdi. Öýüň poluny deşip çykyp, täzeje halylary, keçeleriň gyralaryny iýip, bar zady zer-zaýa edýärdiler. Bir gün bolsa öýde has uly gykylyk gopdy. Agşam nahardan soň kitap okamak üçin öýe giren Emir ala-zenzele turuzdy. —Meniň ertekili kitabymy, iň gowy kitabymy syçanlar kertip, eleme-deşik edipdirler—diýip, Emir bogaz ýyrtyp gygyrýardy.—Sizem şu syçanlary ýok edäýmediňiz, gapan gurmadyňyz, derman sepmediňiz—diýip, Emir daşaryk çykyp, enesidir atasyna, ejesidir kakasyna gygyrmak gygyrdy. —Wah, syçanlar hem indi gaty hilegär bolupdyrlar—diýip, enesi Emiriň kertik-kertik bolan owadan kitabyna seredip, başyny ýaýkady.—Olar indi gurulgy gapandanam sowlup geçmegi öwrenipdirler. Derman sepilen çöregi bolsa, ysgap, iýmän goýýarlar. Biz-ä indi bu syçanlara näme çäre görmelisini bilýän däldiris! —Hemme zada seniň özüň günäkär—diýip, Mekan enesiniň sözüne dyngy bererine mähetdel, Emire igendi.—Bolgusyz häsiýetiň bilen ala pişigi kowup goýberdiň. Şony kowmadyk bolsaň, ol öýde syçan goýmazdy. —Ala bolmasa, ynha, gara pişik bar-a—diýip, Emir Garakündügiň ýeňsesine kakyp goýberdi.—Bi-de ulalman geçdi. —Muňa degme—diýip, Mekan pişigi gujagyna aldy. Pişigiň indi ep-eslije agramy-da bardy.—Öwf! Tüweleme, agramy-da artypdyr. Seret, indi munuň özem öňküsinden kän uly.—Şeý diýip, Mekan pişige ýüzlendi.—Hä, pişim, ulalýaň gerek sen?! —Ulalanda näme!—diýip, Emir syçanlara bolan gaharyny Garakündükden çykarmak isledi.—Sygyr ýaly, taýýar zady iýýär-de, haçan görseň, Akbilegiň yzynda selpäp ýör. Syçan tutjak zatmy bi! Düzüwli pişik bolan bolsa, bi bize gelermidi! —Emir, gykylygyňy goý—diýdi-de, kakasy gepe goşuldy.—Men saňa şonuň ýaly kitaby ýene getirip bererin. —Getireňde näme! Syçanlar ony-da kerter-dä!—diýip, Emir gaharyndan köşeşmän gygyrdy.—Näçe pul çykyp dur bi kitaplara! Gep astynda galmaly däldi. Namysyň bar bolsa, indi işe girişmelidi. Hemmeler syçan kerten kitaba güýmendiler. Garakündük bolsa içerik girdi. «Baý-buw!» diýip, Garakündük açyk gapydan içerik ätländen, syçanlaryň ysyny alyp, içini gepletdi. «Şu çaka çenli içerik girip görmeýşimi diýsene. Asyl, öýi syçanlaryň ysy tutupdyr-a!» Garakündük bosagadan ätländen, syçanlar özara jyňňyldaşyp ugradylar: —Öýe Garakündük girdi! Seresap boluň! —Ol indi ulalypdyr. Onuň gözüne görnüp bolmaz! —Hemmesi senden! Sen Emir diýen oglanjygyň kitabyna degmeli däldiň. Garakündük öýe şonuň üçin girdi. Şu çaka çenli ol heý, öýe girýärmidi! Indi ol bizi jezasyz goýmaz! —Ol kitap şeýle tagamlyja eken. Özem täzeje. Ysy şeýle bir gowy, şeýle bir gowy, men ondan dadyp görmän durup bilmedim. —Sen oňarmadyň, oglum. Belki, sen Emiriň kitaplaryny kertmedik bolsaň, ol oglanjyk bizi ýigrenmezdi. Belki, bize ol oglanjyk bilen dostlaşyp, Garakündügi bu öýden kowdurmak başardardy. —Biziň hemmämizem etmesiz zady etdik, eje! Boýun alaýalyň, seniň özüňem Emiriň ejesiniň saçaklaryny deşdiň, çemçelerini gemirdiň ahyry! Onsoň biz Emir bilen dostlaşaýan halatymyzda-da, onuň ejesidir enesi, jigisi Mekan Garakündügi öýden kowmaz. Olar Garakündügi diýseň gowy görýärler. Garakündük pollardaky deşikleriň hersiniň ýanyna baryp, ysyrganyp çykdy. —Waý, eje, ol ysyrganýa. Biziň ýanymyza gelýä—diýşip, çaga syçanlar aglaşdylar.—Başga öýe geçäýeliň-le. —Başga öýe geçmek üçin poldan ýene deşik ýasamaly. Onuň üçin bolsa näçe gün geregini bilýäňiz-ä. Iň gowusy, sesiňizi çykarman oturyň. Garakündük ahyr çykyp gider. Syçanlar ýere giren ýaly sem boldular. Şeýle-de bolsa, Garakündük olaryň ählisiniň poluň aşagynda oturanyny duýup durdy. Syçanlaryň ysy Garakündügiň burnuna urup durdy. Garakündük poluň gyrasyndaky ulurak deşige penjesini sokup gördi. Şol halat bir syçanyň zähre ýaryjy sesi eşidildi. —Jyk! Jyk! Waý, eje! Hana, Garakündügiň penjesi görünýä! —Ol biziň sygýan ötügimizden ötüp bilmez! Arkaýyn oturyber! Ýöne sesiňi çykarman otur! Garakündük özi barka syçanlaryň çykmajagyny duýdy. Şeýle-de bolsa, daşaryk hem gitmedi. Çommalyp oturdy-da, şol oturyşyna-da gözlerini süzüp, uklamaga çemlendi. «Ahyr-a ajygyp çykarsyňyz ýokaryk» diýip, içini gepletdi. Garakündük kän oturmaly bolmady. Poluň aşagyndan syçanlaryň pyşyrdylary eşidilip başlandy. —Ol gitdi öýdýän. —Ýok, gidenok. Onuň ysy gelýä. —Onda uklan bolaýmasa. Tykyrdys-a eşidilenok. —Şeýle bolmagy mümkin. —Eje, meniň-ä ýene kitap iýesim gelýä. Ýokaryk çykyp, birje dişlem alyp geläýeýin-le şondan?! —Ýok. Indi gitme. Gitseň, ele düşersiň. —Düşmen! Men ýene çalt hereket ederin. Onsoňam, Garakündük biraz ulalan bolsa-da, heniz syçan tutup görenok. Ukypsyz ol heniz. —Şeýle-de bolsa, gitme. Haçan Garakündügiň daşaryk çykanyny bileňsoň, gidersiň. Pişik pişik bolar. Pişikler bilen hiç wagt syçanlaryň oýny deň gelmez! Muny biziň barymyzyň unutmazlygymyz gerek. —Meniň kitap iýesim gelip, janym çykyp barýa, eje. Gidäýeýin-le?! —Men saňa bir sapar «Gitme!» diýdim. Indem özüň näme etseň, şony et. Syçanlar ýene dymdylar. Birdenem, Garakündügiň hut aýaklarynyň ýanynda gybyrdy peýda boldy. Garakündük başga bir çüňkde oturandyr öýdüp pikir eden syçanjyk hut onuň oturan ýerindäki deşikden çykan bolsa nätjek! Garakündük gapdalyndan zompuldap çykan syçanjygyň guýrugyndan çalasynlyk bilen tutup saklady. Ol ilkinji sapar duşmanyny elläp görýärdi. Garakündügiň bu öýe ilki gelen günlerinde gören syçanjygy-da ulalan eken. Ol edil ene syçan ýaly bolmasa-da, bäri ýany bardy. —Jyk! Jyk!—edip, syçan sesinde baryny edip gygyrdy.—Eje! Meni Garakündük tutdy! —«Gitme!» diýmedimmi saňa!—diýip, syçanyň ejesi poluň aşagyndan gygyrdy.—Indi men seni nädip boşadaýyn! Garakündük syçany agzyna alyp, daşaryk çykdy. —Garakündük syçan tutupdyr! Serediň!—diýip, agzy syçanly Garakündügi gören Mekan şatlykdan guş bolup uçaýjaga döndi.—Serediň-eý! Garakündük syçany tutaýypdyr! —Tüweleme, Garakündük hakyky pişik boljak—diýip, Mekanyň atasy-da Garakündügiň öwgüsini ýetirdi. Garakündük syçany giň ýere eltdi. —Goýber meni, Garakündük! Goýber!—diýip, syçan jygyldap aglaýardy. Hem Garakündüge ýalbarýardy.—Goýberäý-dä! Gaýdyp, seň gözüňe görünmän gezeýin men! Garakündük syçany ýere goýberdi. —Iý-dä ony!—diýip, Emir Garakündüge gygyrdy.—Nämä goýberýäň? —Pişikler syçany derrew iýmeýärler. Oýnap-oýnap, keýpden çykanlaryndan soň iýýäler—diýip, atasy Emire düşündirdi. Öýüň ýer deşiginden ene syçanyň sesi geldi. —Garakündük!—diýip, ene syçan Garakündüge aglap ýalbardy.—Ogluma zat diýme! Goýber ony. Birje sapar enäniň sözüni ýere çalma! Seniňem ejeň seni nähili gowy görendir! Menem öz ogullarymy hut seniň ejeňiň seni gowy görşi ýaly, gowy görýärin. Hat-da ondan-da gowy görýärin! Ejesiniň ýadyna salynmagy Garakündügiň ýüregini gozgady. Ejesini ýatlap, biraz gama batdy. Onýança syçan hem ýuwaşja gyrmyldap, ondan sypmaga çemlendi. —Sakla! Goýberme!—diýip, Emir Garakündüge gygyrdy.—Gaçyrýaň ony! Emiriň zarply sesi Garakündügi pikirden aýňaldyrdy. Ol özünden ara açyp barýan syçanyň guýrugyndan penjesi bilen basdy. Syçan ýene gymyldap bilmän durdy. —Waý! Eje!—diýibem, aldygyna aglady.—Garakündügiň dyrnaklary guýrugyma çümüp, janymy alyp barýa-ýa! —Pişikler öz etjek işini bilýändir—diýip, atasy Emire gep goşdy.—Goýbermez ol. Sen sesiňi çykarma-da, oňa syn et-de otur! —Garakündük! Oglumy goýber!—diýip, ene syçan-da öýüň ýerdeşiginden seredip oturyşyna Garakündüge birsyhly ýalbarýardy.—Birje sapar enäniň sözüni diňle sen! —Sen näme üçin Emiriň kitabyny kertdiň?—diýip, Garakündük syçanyň ýaňaklaryna taýly sapar urdy.—Näme üçin daýzamyň çemçelerini, saçaklaryny iýýäň? Jogap ber, näme üçin? —Gaýdyp hiç wagt hiç zady kertmäýin—diýip, syçan hem aglamak aglap, Garakündüge ýalbardy.—Goýberäý meni! Garakündük syçany penjeleri bilen kän urdy. Ýöne ol düzelmäge söz berip, birsyhly aglap duransoň, ýerdeşikden hem ene syçan özüne birsyhly ýalbaransoň, bir saparlykça syçanyň günäsini ötdi hem ony ejesiniň ýanyna goýberdi. Soň bolsa, syçany oýnap, halys ýadanlygy üçin, çugutdyryp oturdy-da, gözlerini süzüp, dynç almaga çemlendi. Şol wagt Emir onuň ýanyna ylgap gelip, ýeňsesine çalaja kakyp goýberdi: —Näme üçin ol syçany goýberdiň?! Dowamy bar... Ogulsenem Taññyýewa. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |