01:35 Garakündügiñ başdan geçirenleri: 11. Gijeki tut-da-baslyk | |
11. Gijeki tut-da-baslyk
Powestler
—Garakündüge degme!—diýip, atasy Emire gygyrdy.—Pişikleriň öz häsiýeti bardyr. Tutasy gelse, ýene tutar. Sen öz işiň bilen bol. Pişigem öz işini eder. —Belki, birinji sapar bolansoň, Garakündük ony iýmäniň ebeteýini tapan däldir, hä, ata—diýip, Mekan atasyna ýüzlendi. —Ýok, oglum—diýip, atasy Mekana jogap berdi.—Pişik eline syçany bir alansoň ony iýmegiň ebeteýini tapar. Ýöne Garakündük tutan syçanyny bir hasap bilen goýberendir. Belki, ol düzeler öýdýändir. Syçanlar welin hiç wagt düzelmeýärler.—Şeý diýip, Mekanyň atasy uludan dem aldy.—Ýer togalagy döräli bäri olaryň şol bir boluşlary. Ne gözel kitaplary gemirýärler, saçaklary deşýärler. Bugdaýly haltalary zaýalaýarlar, öýleriň pollaryny, geýim salynýan şkaflary, sandyklary deşýärler. Asyrlar boýy düzelmedik syçanlar indem düzeler öýdemok. —Düzelmeseler, Garakündük ýaly pişikler olary iýibermeli bor-da, ata—diýip, Mekan atasyna öz pikirini aýtdy. —Hawa, oglum—diýip, atasy ony makullady.—Şeýle bolar. Pişiklerden näme çäre alsalar-da, syçanlar soňra özlerinden görsünler. Gije bir çene baryp, ýorgan-düşekler ýazylyp, maşgala ýatmak üçin ýerine girdi. Garakündük hem şol öňki endigi boýunça ýatmaga çemlenip, Mekanyň ýanyna bardy. Ýöne Emir oňa bu gije öz ýanlarynda ýatmaga rugsat bermedi. —Bar, ýok bol, hälki syçany goýbereniň üçin. Daň atýança otur-da, şony tutup iý. Ýogsa, men seni öýdenem kowaryn. Garakündük agaç sekiden böküp düşdi-de, öýe girip gitdi. —Ol adam gepine düşýä öýdýän—diýip, Mekan pişiginiň yzyndan guwanç bilen bakyp gepledi. Ýöne bu gün onuň ýanyna gitjek bolmady. Sebäbi, indi pişigi ulalypdy. Öýüň niresinde ýatanda-da indi onuň öz gününi görmelidigini Mekan bilýärdi. Emiriň igençli sözlerine ýeňsesini tüňňerdip, öýe giren Garakündük syçanlaryň özüni aldanyna göz ýetirdi. Olaryň barysy ýene kitaply tekjelere münüp, kitirdedip, kitap gemirýärdiler. Bosagadan ätlän Garakündügi görenden, syçanlar gaçmak bilen boldular. Olar üzülen monjuk kimin pola patlap düşdüler-de, deşiklere tarap ýumlukdylar. Garakündük olaryň üstüne özüni oklady. Gaýtam kürtdürip badyny saklady-da, syçanlaryň özüne söz berendiklerine seretmezden, ýene-de kitaplary gemirmäge het edişlerine haýran galyp durdy. Özem şeýdip, esli salym oturdy. Garakündügiň eline häli düşen syçanjyk bolsa asyl, gaçaýynam diýenokdy. Bir kitabyň depesinde oturyşyna «Hyrt-hyrt-hyrt» edip, aldygyna kagyz iýýärdi. Ol kitabyň gyralaryndan kertip alan kagyzlaryny kitirdedip oturyşyna, aram-aram Garakündüge tarap nazar aýlabam goýberýärdi. Emma gaçmaga asyl het edenokdy. «Bu meni bütinleý äsgerenok. Ýogsa, häzir meni görenden gaçyp gitmeli ahbeti» diýip, Garakündük içini gepletdi. Birdenem, onuň syçanjygyň özüne äsgermezlik edişine gahary geldi. Towsup, öňe okduryldy. Bir bökende kitaply şkafyň çepbilindäki çetiniň üstüne geldi. Özüne tarap okdurylan Garakündügi gören syçanjyk kitap iýmesini goýup, pola bökdi. Garakündük hem çalt hereket edip, onuň üstüne özüni oklady. Syçanjyk Garakündügiň göwresiniň aşagynda galdy. Hem-de «Jyk-jyk» edip, gorkusyndan aglap başlady. —Waý, eje, meni Garakündük tutdy, waý, eje, meni Garakündük tutdy—diýip, aldygyna ejesini çagyrdy. Garakündük göwresini bir ýana çala çekip, syçanjygyň guýrugynyň üstünde penjesini goýdy. «Jyk-jyk» edip, syçanjyk aldygyna gymyldaýardy. —Sen näme «Indi gaýdyp kitap iýmen» diýip, söz berseň-de, ýene kitap iýýäňmi? Meni aldap gün görerin öýtdüňmi?—diýip, Garakündük syçanjygyň guýrugyndan tutup, onuň göwresini eýläk-beýläk çaýkady.—Sen ýalançy syçanjyk ekeniň-ä. —Indiden beýläk asyl hiç bir zady kertmäýin. Şu sapar ynanaý maňa, Kündük—diýip, syçanjyk birsyhly aglap durşuna ýene Garakündüge ýalbarmaga başlady.—Goýberäý, Kündük meni. Goýberäý-dä! —Garakündük!—diýip, poluň aşagyndan ene syçanyň sesi eşidildi.—Goýber oglumy! Iýäýseň gaty görme! —Myrr... Iýemde näme ederin öýdýäň?—diýip, Garakündük ene syçana jogap berdi.—Häli gepleşdig-ä ikimiz. Siz beýdip kitaplary iýmejegiňize söz berdiňiz-ä. Indi siziň bilen gürrüň gutardy. Seniň bir ogluň-a däl, ikisinem, ähli ogullaryňy-da iýip çykaryn. Özüňem iýerin! —Eje! Eje! Meni halas et, eje!—diýip, Garakündügiň penjesindäki syçanjyk aldygyna aglaýardy. —Sen näme ara sokulýaň, Kündük—diýip, ene syçan poluň deşigine burnuny diräp, Garakündük bilen gürrüňini dowam etdi.—Biziň bilen öý eýeleriniň özleri göreşer. Bu arada seniň geregiň ýok. Oglumy goýber-de, gümüňi çek şu ýerden. —Çekäýmen gümümi—diýip, Garakündük saklap oturan syçanjygyny ol penjesinden beýleki penjesine geçirip oýnaşdyrdy-da, ene syçana jogap berdi.—Bu öý indi meniňem öýüm. Öý eýeleri maňa kiçijikligimden hossar boldular. Meni naharlaýarlar. Penalaýarlar. Men bolsam olaryň öýüni syçanlardan arassalap berjek. Şeýtmek meniň borjum. Umuman, pişikler adamlaryň dosty. Adamlar bolsa pişikleriň dosty. Garakündügiň penjelerinde togalanyp durşuna, kiçijik syçanjyk zähresi ýarylan ýaly bolup gygyrýardy: —Eje! Meni halas et, eje! —Syçanlara azar berýän Garakündük atly bir pişigiň barlygy hakda men dünýä ýaýradaryn—diýip, ene pişik ýene gygyrdy.—Bilýäňmi sen, Kündük. Soňky döwürlerde seniň kimin, syçanlara gün bermeýän pişikler hakda kinolar-da çykarylyp başlandy. Mekan dagy telewizor gören halaty poluň deşiklerinden jyklap, biz hem ol kinolary kän görüpdik. Kinolar seniň kimin bir pişigi baý, masgara edipdiler-ä. Syçanjyklara bolsa, arka durupdylar. Men sen hakda-da iň bir masgaraçylykly kino düşürmeklerini kinoçylardan haýyş ederin. —Kinoçylar näme etseler şony etsinler—diýip, Garakündük ýadow halda pallady. Ukusy tutup başlady.—Senem näme etseň, şony et, diýýän! Men welin, saňa-da, seniň çagalaryňa-da şu öýdäki zatlary kertdirmerin. Şon-a aýdyp biljek saňa! Men şu öýi gorajak! —Ýaranjaň haramzada!—diýip, ene pişik sögündi.—Seni gowam görenoklar. Onda-da öý eýelerine gowy görünjek bolup, ölüp barýaň sen. Gel, ondan-a hemmämiz dost bolaly. Bu öýdäki zatlary bileje gemreli. Biz-ä saçaklary deşeli. Sen bolsaň, çörekleri iý. —Çörekleri iýip näme edeýin—diýip, Garakündük ýene pallady.—Öý eýeleri maňa näme iýsem-de berip durlar. Özleriniň gowy-gowy naharlaryndan berýärler, süýt, gaýmak... Başga-da näme iýsem berýärler. Bularyň hemmesem meni gowy görýä. —Emir-ä gowy görenok seni!—diýip, Garakündügiň penjesindäki syçanjyk hüňürdedi.—Eje! Biz munuň bilen däl-de, Emir bilen dost bolmaly. Emire muny kowdurmaly. —Köp adamlar pişikleriň nähili gowy hem adamlara haýyrly haýwandyklaryna birbada düşünmeýärler—diýip, Garakündük uklap barşyna penjesindäki syçanjyga jogap berdi.—Emir hem şeýle adamlaryň hilinden. Ýöne ol eýýäm meni gowy görüp başlady. Men onuň özümi gowy görýänini duýýan. Ol meniň ýeňsäme kakanda-da çalaja kakýar. Aýaklarynyň barmaklary bilen itende-de, meniň bir ýerimi agyrtmajak bolup, gaty seresapja çemeleşýär. Meniň göwräme barmaklaryny çalaja degirýär. —Bolýa, seniň ähli aýdýanlaryň dogry—diýip, ene pişik Garakündüge ýüzlendi.—Ýöne sen şu sapar hem biziň günämizi geç-de, meniň oglumy goýber. Garakündügi uky basmarlady. Şeýle hem ol syçanlary ýene bir sapar synap görmek isledi. «Belki, dogrudanam düzeler. Indi iki sapar elime düşensoň, gorkmagy-da mümkin. Düzelmese, şonda azar bermek, iýmek gerek» diýip, içini gepletdi-de, syçanjygy penjesinden sypdyryp goýberdi. Birdenem Mekan dagynyň atasynyň: «Syçanlaryň asyrlar boýy edýän şol bir ýaramaz işi. Olar hiç wagt düzelmezler» diýen sözi ýadyna düşdi. «Düzelmeseler, ýene tutaryn-da, temmi bererin. Gitjek ýerleri nire. Boljak ýerleri şu jaý bolsa, olar menden sypmazlar» diýip, Garakündük öz-özüni köşeşdirdi. Hem-de şol oturan ýerinde öň aýaklaryna ýassanyp, uka gitdi... Syçanlarmy düzeljek?! Olar asyl Garakündüge söz berenlerinden soň hem ýekeje pursat-da dek oturmadylar. Garakündügiň uklanyny görenlerinden soň-a olar üçin has-da hezillik boldy. Bary poluň deşiginden ýokaryk çykyşyp, kitap gemirmäge başladylar. Hat-da birnäçesi Garakündügiň üstünden eýläk-beýläk bökübem oýnaýardy. Iki sapar Garakündükden sypan syçan has pälini azdyrdy. Ol Garakündügiň gulagyndan dişläp görmegi ýüregine düwdi hem-de onuň kellesine münüp, gulagyna ýapyşdy. Garakündük dyrnaklary mazaly açylan penjesini kellesine ýetirende, dyrnaklar syçanyň garnyndan parran geçdi. Garakündük ony gahar bilen agzyna atyp goýberdi. Bu wakany synlan syçanlar gorkudan doňup galdylar. Soň bolsa gaty çalt hereket edip, deşiklere sümmek bilen boldular. Poluň aşagyndan syçanlaryň agy sesleri gelip başlady. —Waý, oguljygym!—diýip, ene syçan aglaýardy. —Gowuja doganjygymyzy Kündük iýdi-le—diýip, beýleki syçanlar eňreşdiler. Garakündük syçanjygy bokurdagyndan ötürensoň, murtuny ýalady: —Siziň kimin messepsizlere geregidir şu! Şir-peleňleň nesli bolan pişikler bilen oýun etjek bolýaňyzmy siz! Dowamy bar... Ogulsenem Taññyýewa. | |
|
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |