01:38 Garakündügiñ başdan geçirenleri: 12. Garakündüge näme bolduka? | |
12. Garakündüge näme bolduka?
Powestler
Irden ýalanyp oturan Garakündügi görüp, Mekanyň atasy onuň syçan tutanyny duýdy. —Garakündüg-ä syçan iýipdir öýdýän. Garynjygy pökgeripdir. Garakündük iş bitirenini bildirmek üçin ýalanmasyny goýup, eýläk-beýläk ýöräp başlady. Özem hondanbärisidi. Hiç kime tarap seretmän, ýüzüni ýokaryk tutup, ýöreýärdi. Garakündügiň çynyna tutanyny bilen syçanlar ýeriň aşagyndan ýol ýasanyp, bu öýden bütinleý gitdiler. Şol günden soň kitap-da kertilmedi, saçak-da deşilmedi. Öý eýeleri hezil etdiler. Garakündügiň abraýy günsaýyn artdy. Özem günsaýyn ulalyp, semräp barýardy. Öýi syçanlardan arassalany üçin ony öňküden-de gowy görýärdiler. Näme iýse berýärdiler. Emir ony bir gün terezide çekip gördi. Garakündügiň agramy laýyjak on kilograma bardy. —Iýmekden başga iş edenog-a bi. Doňuz ýaly semräpdir—diýip, Emir ony çekmek üçin salan tereziden boşadansoň, ýene onuň ýeňsesine ýelmedi. —Ata, pişigi ýigrimi kilä çenli semredip bolarmy?—diýip, Mekan atasyndan sorady. —Bilmedim, oglum—diýip, atasy jogap berdi.—Biziň döwrümizde-hä beýdip, pişige seredip, onuň agramyny ölçäp ýörmezdiler. Pişikdir-dä, gezer ýörerdi, öz ugruna. Bir gün irden Emir Garakündügiň özüne guýlup goýlan süýdi içmändigini gördi. Birbada muňa hiç kim üns bermedi. Ýöne Garakündügiň günortanky berlen nahary-da iýmändigini görenlerinden soň, maşgala alada galdy. Garakündük ne suw içýärdi, ne nahar iýýärdi, agzyny açman uzakly gün şol bir oturan ýerinde otyrdy. Öňler gybyrdap bir ýerde durmaýan pişigiň beýdip oturmasy—onuň näsaglanyndan habar berýärdi. Emiriň ýüreginde pişige bolan gynanç duýgusy oýandy. Ol şeýle bir gynandy, şeýle bir gynandy, hat-da aglaýjak bolýardy. —Ata, pişigimiz öläýse, men-ä gaty gynanaryn—diýip, ol gözlerine ýaş aýlady. —Bir wagtlar-a sen ony kesek zyňan ýaly zyňýardyňam. Gowam göreňokdyň—diýip, Mekan Emiriň pişige beren jebirlerini ýatlap, gaharlandy. Emir gynanç bilen gepledi: —Ol wagt men pişigi halamokdym. Pişikler şeýle gowy hem mähirli haýwan bolýandyr öýdemokdym. Pişigimize zat bolmabilseýdir. —Ony hökman lukmana görkezmeli bolar—diýip, atasy Emiri köşeşdirdi. Şäherde haýwanlary bejerýän ýörite lukman bar-a. Emir bu habara diýseň begendi. —Şeýlemi, ata?—diýip, begenjinden guş bolup uçaýjak boldy.—Haýwanlar üçinem lukman barmydyr eýsem? —Hawa bar—diýip, atasy ýylgyrdy.—Ol ýerde meniň dostumyň ogly-da işleýär. —Ata, bu diýeniň-ä gaty gowy bolaýdy—diýip, Emir begenmek begendi.—Indi pişigimiz gutularmyka, ata? Emiriň atasy: —Hökman gutular, oglum—diýdi.—Häzir eşegimize müneris-de, ony şähere, lukmana äkideris. Atasy eşegini gaňňalap geldi. Gapa getirensoň, onuň üstüne özüni atdy: —Pişigiňi meniň gujagyma ber-de, özüňem eşegiň yzyna mün. Pişigi Emir gujagyna alandan, oňa Mekan topuldy: —Äber bärik pişigi. Özüm gujagymda saklap giderin. Sen ony hiç wagtam gowy görmändiň. —Öň gowy görmedigem bolsam, lukmana özüm äkitjek—diýip, Emir pişigi gujagyna bek gysyp, Mekana bermedi. Mekan pişigi almaga synanyşdy. Onýança olaryň arasyna atasy düşdi: —Dawa etmäň, ikiňizem bile gidäýiň. Men eşegi ideýin. Emir bolsa gaňňada oturyp, pişigi saklasyn. Sen bolsaň, Mekan, yza mün. Şeýle hem etdiler. Bäş bolup ýola düşdüler. —Pişigiňizi gujagyňyza alyp, nirä barýaňyz?—diýip, gabat gelen geň görüp, olardan soraýardy. —Pişigimiz ýaranok. Şony şähere, lukmana alyp barýas—diýip, çagalaryň atasy olara jogap berýärdi. —Sizem işiňizi tükedipsiňiz-ow—diýip geçýän-de bardy. —Janaweri barladyň. Haýwanam bolsa, öz öýüňiziň haýwanydyr—diýip, geçýän-de. Emir tä şähere barýança Garakündügi sypap gitdi. —Myrrym, myrrym—diýip, nebsiagyryjylyk bilen oňa gep goşýardy.—Sen derrew gutularsyň. Alada etme, bolýamy! Lukman seni derrew bejerer. Olar haýwanlara em ediji dispanseriň gapysyna baranlarynda, Gün eýýäm eňegini ýere diräp ugrapdy. —O-ho! Hydyr aga! Essalowmaleýkim—diýip, keltejik boýly, garynlak lukman Mekan dagynyň atasyny görenden, şenaýyn ýylgyryp, görüşmek üçin oňa iki elini uzatdy.—Bu nä bolup gelişdir? —Amanlykmy, inim, Arslan, kakaňam gurgunmy?—diýensoň, Hydyr aga bu ýere gelmeginiň sebäbini düşündirdi.—Aý, ine, şujagaz pişik doglan pursatyndan bäri bulaň elinde ulaldy. Çagalar muňa gaty öwrenişdiler. Näsagladymy-nämemi, hiç zat iýenok. Zyňaga-da başgasyny alaýmaga-da çagalaryň ýüregi dözjek däl. Onsoň, «Dostumyň ogly bardyr» diýip, seni ýatladym-da, gaýdyberdim bärik. —Öwrenişen zadyňy zyňyp bolmaz. Bärik gelip, gaty oňarypsyň, Hydyr aga—diýip, Arslan lukman Emir dagynyň atasyny makullady.—Biz diňe öý haýwanlaryny däl, eýsem, ýaralanan meýdan itlerini, pişiklerini görsegem, tutup alyp, bejerip goýberýäs. —Gaty haýyr iş edýäňiz—diýip, Hydyr aga baş atdy.—Haýwan, ynsan Allatagalanyň jandarydyr. —Siz muny goýup gidiň. Indi giç boldy. Biziň pişiklere seredýän işgärimiz häzir ýok. Ertir irden geler. Siz ertir şu wagtlar aýlanaýyň—diýip, lukman Arslan pişigi gujagyna aldy. Emir yza gaty gamgyn halda dolandy. Ol müň alada hakda pikir edýärdi. «Birden operasiýa etmeli bolsa, Garakündük ölmän çykarmyka?» diýen pikir kellesine girende ol has-da gussa batdy. Içki pikirini daşyna çykardy: —Ata, Garakündük operasiýadan ölmän çykaýbilsedir. Atasy oňa göwünlik berdi: —Ölmez, oglum, ölmez. Lukmanlar indi işlerine gaty ökdeläpdirler. Hudaý bardyr, belki, operasiýasyz düzeler. Garakündügiň lukmana goýlup gaýdylmagyna Emiriň enesidir, ejesi-de gynandy. Emir üçin howly üýtgän ýalydy. Dym-dyrs bolup, ümsümlik höküm sürýärdi. Öýde Garakündügiň ýoklugy sebäpli, nämedir bir zat ýetmeýän ýalydy. Nahar iýlip, çaý içilende-de hemmeler seslerini çykarman, dymyp oturdylar. —Garakündük ýok welin, birhili bolup dur—diýip, her kim häli-şindi gaýtalaýardy. —Hawa, menem şeýle pikir edýän—diýişýärdiler. Emir agşam ýatanda-da düýşünde hem Garakündügi gördi. Düýşünde ol Garakündügi alyp gaýtmak üçin irden atasy bilen haýwanlary bejerýän dispansere barýar. Garakündügi alyp galan lukman Arslan dispanseriň gapysynyň öňünde olara garaşyp durmuş. Onuň elinde Garakündük süýnüp ýatyrmyş. Ol başyny aşak egip: —Garakündügi halas etmek başartmady. Operasiýa agyr geçdi—diýýär. Garakündügiň ölümine Emir diýseň gynanýar. Ol: —Ata! Garakündük öläýipdir!—diýip, gygyrýar-da, aglap başlaýar. Emir şeýle bir aglaýar, şeýle bir aglaýar. Birdenem, ol öz sesini özi eşidip, ýerinden nähili zöwelişini duýman galdy. Ukudan oýanansoň, düýş görenini duýdy. Bu gören aýylganç wakasynyň düýşdügine begendi. Irden ol gören düýşüni atasyna gürrüň berdi. Atasy: —Eger, Kündük düýşüňde ölen bolsa, uzak ýaşajakdyr. Oňa hiç zat bolmaz—diýdi. Garakündügi getirmäge gitmeli wagta Emir hernäçe howluksa-da, sagadyň dili ýerinden süýşmeýän ýalydy. Emir her bäş-on minutdan içerik girip, sagada seretmekden bizar boldy. Sagat süýşmeýän ýaly bolsa-da, öýle ýetip geldi. Emirdir Mekan atalary Hydyr aga bilen eşege atlanyp, şähere sary ýola düşdüler. Haýwanlary bejerýän dispansere ýetiberenlerinde Emir hut düýşünde gören wakasy ýaly ýagdaýa gabat geldi. Lukman Arslan elinde Garakündügi saklap, dispanseriň öňünde durdy. —Hih, ata!—diýip, Emir howsala bilen içini çekdi.—Garakündük ölen bolaýmasa. Hana, ony lukman ýola alyp çykypdyr. Emiriň atasy loh-loh güldi: —Ölen pişigi gujagynda saklap durar öýdýäňmi ol? Ölen däldir. Ölen bolsa, içerde oklardy bir ýere. —Şeýlemikä ýa, ata?—diýip, Emir umyt bilen öňe seretdi. Mekan sesini çykarmady. Ol diňe içinden: «Garakündüge hiç zat bolmadyk bolaýbilseýdir» diýip, dileýärdi. Özem nazarlaryny dikip, dispanseriň gapysynda duran lukmanyň elindäki pişige seredýärdi. Uzakdan seredeniňde lukman elinde bir gara telpegi tutup duran ýalydy. Mekan lukmanyň aram-aram pişigi sypap goýberýänini duýdy. Birden eşekden böküp düşdi-de: —Garakündük diri-i-i! Hana, lukman ony sypaýa-ýa!—diýip, gygyrdy. Soň bolsa, öňe tarap okduryldy. Ol şeýle bir ylgady welin, hat-da onuň yz ýany bilen ýere düşen Emir onuň yzyndan ýetip bilmedi. Ylgap baryp, lukman Arslanyň elinden pişigi garbap aldy. Ony aldygyna sypady. —Myrrym, myrrym, ölmediňmi sen, hä? Saňa hiç zat bolmadymy?—diýip, pişigine gep goşdy.—Sen biziň seni gowy görýänimiz üçin ölmediň gerek? Emir hem atasy bilen ýetip geldi. Lukman Arslan Hydyr aga bilen iki elini uzadyp salamlaşdy-da, gepini Garakündüge syrykdyrdy: —Çagalar pişig-ä gowy görýän ekenler. Hydyr aga ony makullady: —Hawa, şeýle gowy görýärler. Bu pişik özüni gowam görkezdi-dä. —Pişigiňiz balyk iýipdir. Bokurdagyna balygyň gylçygy iki ujy bilenem çümüpdir—diýip, lukman Arslan pişige näme bolanyny düşündirdi.—Pişige balyk bermeli däl ahbeti. —Hawa, pişige balyk bermeli däl—diýip, Hydyr aga-da lukman Arslany makullady.—Ýöne biz muny çagalara aýdaýmandyrys.—Şeý diýensoň, Hydyr aga Emirdir Mekanyň ýüzüne seretdi.—Haýsyňyz pişige balyk berdiňiz? Mekan: —Men-ä beremok—diýdi. Emir müýnli halda başyny aşak saldy. Soň bolsa: —Oňa balygy men berdim—diýip, pyşyrdady.—Men pişige balyk bermeli däldigini bilmändirin. —Aý, bolýa, zyýany ýok—diýip, lukman Arslan çagalaryň başyny sypap goýberdi.—Öň bilmedik bolsaňyz, indikide bilersiňiz. Bu size sapak bolar. Balygyň gylçyklary owunjak bolansoň, pişik ony çeýnäp bilmeýä. —Hyzmatyňa taňryýalkasyn!—diýip, Hydyr aga lukmana minnetdarlyk bildirdi.—Biz indi gaýdaly. Meniň dostuma-da salam aýt. —Bolýa—diýip, lukman Arslan Hydyr aga bilen hoşlaşdy.—Kakama öňem aýtdym siziň gelip gideniňizi. Ol hem size salam iberdi. —Salamy getirenem sag bolsun, iberenem—diýip, Hydyr aga ýylgyrdy. —Pişigiňiz-ä mergen eken—diýdi-de, Arslan lukman Mekanyň elindäki Garakündügiň başyny sypady.—Bu bokurdagyndaky gylçyk aýrylansoň, dispanserden iki sany syçany tutup iýdi. Bize kän pişik getirýärler. Ýöne olar siziň Garakündügiňizçe ýok. —Mergendir bi, mergendir—diýip, Hydyr aga Garakündüge guwanç bilen bakdy. —Sag bol, pişijek. Indiberi näsaglama—diýip, Arslan lukman oýun edip, Garakündügiň bir gulagyna süýem barmagy bilen kakdy. —Sag boluň, daýy, taňryýalkasyn, pişigimizi bejereniňize—diýşip, Mekandyr Emir hem Arslan lukmana minnetdarlyk bildirdiler. Soň bolsa olar ýene bäş bolup, öýlerine tarap ýola düşdüler. Garakündügiň sag-aman dolanyp gelenine Emirdir Mekanyň ejesidir enesi-de diýseň begendi. Dowamy bar... Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |