01:50 Garakündügiñ başdan geçirenleri: 13. Garakündük nirä gitdikä?! | |
13. Garakündük nirä gitdikä?!
Powestler
Aradan iki ýyl gowrak wagt geçdi. Garakündük ulalyp, tanar ýaly bolmady. Özem aldygyna semreýärdi. Semredigisaýy tüýleri ýalpyldap owadanlaşýardy. Ol agşamaralar howlynyň derwezesiniň öňüne çykyp oturýardy hem köçä nazar salýardy. Şol pursat ony görenleriň oňa gözi gidýärdi. Garakündük indi hiç kimden gaçmaýardy. Sebäbi indi ol bu töwerekdäki çagalaryň ählisini tanaýardy. Çagalar ony häli-şindi gujaklaryna alyp, göterip görýärdiler. Sypap-sypap, ýere düşürýärdiler. —Pişigiňizi maňa beräýiň-dä—diýip, Emirdir Mekana ýalbarýanlar kändi. Emir bilen Mekan Garakündügi ile berjekmi?! Olar Garakündügi diýseň gowy görýärdiler. Gije ýatanlarynda ýanlarynda ýatyrýardylar. Garakündük şonda myrlap, olara şeýle bir şirin, hoş owaz edip berýärdi, pişikleriň myrryldysyny diňläp süýji uka gidip görenler ol myrryldynyň nähili lezzetlidigini bilýändirler. Bir gün howlynyň diwarlaryndan geçip, goňşy howla ötüp barýan ala-mula reňkli, garry pişik Garakündügi gördi-de, sakga duruberdi. Garakündük hem onuň ýanyna bardy. Ikisi ysgaşdylar. Olaryň bolşuna syn eden Mekan kölegede ik egrip oturan enesine pişikleri görkezdi: —Ene, seret, Garakündük ol pişik bilen uruşmanjyk otyr. Ejesimikä?—diýdi. —Şeýle bolmagy ahmal—diýip, enesi pişiklere nazaryny gönükdirip, Mekana jogap berdi.—Özler-ä uruşman, sögüşmän otyrlar. Mekan dogry çenläpdi. Garakündük ejesine sataşypdy. Ala pişik hat-da birbada Garakündügi tanamajak boldy. Diňe ony ysgansoň tanady. Ys tanyşdy. Gujagynda ýatýan kiçijik, garaja oglunyň ysydy. Alkymynyň aşagyndaky hem-de burnunyň ýarysyndaky, öň penjelerindäki akja reňk hem hut şol garaja çagasynyňkydy. —Oguljygym, bu senmi? Adamlar bilen gowy dostlaşypsyň öýdýän? Semräpsiň, owadanlaşypsyň!—diýip, ejesi Garakündügiň halyny sorady. —Ine, şu howlynyň eýeleri meniň hojaýynlarym—diýip, Garakündük ejesine jogap berdi.—Hana hol, kiçiräk boýly, eli kitaply oglanjyk maňa esasy hossar bolan oglan. Onuň ady Mekan. Onuň ýanyndaky oglan ilkiler meni halamady. Meni depýärdi hem, urýardy hem. Indi welin, ol hem meni gowy görýär. Adamlar seniň aýdanyňdan hem gowy eken, eje. Olar meni diýseň gowy görýärler. Çopan kündügine meňzeýä diýip, olar maňa Garakündük diýip, at hem goýdular. —Garakündük?! Garakündük gowy at—diýip, Garakündügiň ejesi begenip gepledi. Soň bolsa: —Meniň bilen gitjekmi?—diýip, sorady. Garakündük başyny ýaýkady: —Ýok, men indi bu öýe, bu öýüň adamlaryna şeýle bir öwrenişdim, eje. Men indi hiç ýerde bularsyz ýaşap bilmen. Men hiç ýere gitjek däl. —Bolýa, oglum, onda sag-aman gez!—diýdi-de, ala pişik Garakündükden ara açyp gitdi. Şol wakadan soň bir-iki gün geçipdi. Akbilegiň hojaýynlary bolan goňşy öýe gara reňkli, üýtgeşik süýri maşyny münüp, myhman geldi. Ol gara äýnekli, gara köýnek-balak geýen ýigrimi ýaşlar töweregindäki bir ýigitdi. Ol ýigit maşyndan düşen halaty Mekan öz derwezeleriniň öňünde ýoldan ötüp-geçýänlere seredip durdy. Mekanyň aýaklaryna gysmyljyrap Garakündük durdy. Myhman ýigit gözündäki gara äýnegi aýryp, Garakündüge tarap haýran galyjy nazaryny dikdi. Soň bolsa gapdalynda duran Aýna: —Bäh, ol pişigiň owadanlygyny diýsene—diýdi. —Ol goňşularyň pişigi, hana, hol, oglanyň—diýip, Aýna oňa jogap berdi. Şondan soň myhman ýigit Akbilegiň hojaýynlarynyň howlusyna girip gitdi. Mekan Garakündüge ýüzlendi: —Kündük, ýör, men-ä öýe girjek. Mekan şeý diýensoň, howla girdi. Garakündük hem onuň yzy bilen girdi. Ýöne biraz salym howluda eýläk-beýläk aýlandy-da, ýene köçä tarap gitdi. Näme üçindir, gün batsa-da, Garakündük yzyna gelmedi. Ony gözläp, Mekandyr Emir ençe sapar köçä çykdy. Hat-da öýdäki ulular hem Garakündügiň öýde däldigini geňlediler. —Pişigiňiz ýok-la? Pişik diýlen zat garaňky düşensoň, hökman öýe gelmelidir—diýip, enesidir atasy-da Mekan dagydan Garakündügi soradylar. Garakündük geler diýlen tama bilen onuň jamyna nahar guýup goýdular. Emma Garakündük nahar iýmäge-de gelmedi. Ýatar wagtam gelmedi. Mekan hiç kime aýtman, goňşulardan habar tutmak isledi. Aýnalara baryp, gapylaryny kakdy. Aýnanyň täzelikde goşun gullugyndan gelen dogany Myrat gapyny açdy. —Sizde biziň pişigimiz ýokmy?—diýip, Mekan ondan sorady. —Ýok, bizde siziň pişigiňiz ýok—diýip, Aýnanyň dogany jogap berdi. Soň bolsa derwezäni ýapdy. Mekan keýpsiz halda yzyna dolandy. Ýüregi bir zat syzýan ýalydy. Gara maşynly ýigidiň Garakündügi geň galyp synlaýşyny ýadyna saldy. —Hany, sag-aman gijäni geçireli, soň soragyna çykarys—diýip, eneleri Mekan daga maslahat berdi. Daň atsa-da Garakündük dolanmady. Gijesi bilen pikir edip, gözüne çüý kakylan ýaly bolup çykan Mekan ýassykdan başyny galdyrandan köçä ylgady. Onuň Garakündügi Aýnadan sorasy gelýärdi. Göwnüne bolmasa, ol bir zatlar bilýän ýalydy. Ýöne Mekan Aýnanyň ýatak gyzdygyny bilýärdi. Onuň gün günorta bolaýmasa, oýanmajagyny-da, köçä oýnamaga çykmajagyny-da bilýärdi. Mekan günorta naharyny iýip bolup, köçä çykan halaty öz derwezeleriniň öňünde ukudan ýaňy oýananlygy bildirip duran Aýnany gördi. Ylgap onuň ýanyna bardy. —Sen biziň Garakündügimizi görmediňmi?—diýip sorady. Aýna ilki «Ýok» diýen terzde dodagyny çöwrüp, egnini gysdy. Soň birden: —Düýn bize gelen myhman-a ony gujagyna alyp sypap durdy—diýdi.—Soň ony görmedim. Mekan saçyny penjeledi: —Ol Kündügi alyp gidipdir-ow!—Şeý diýensoň, Mekan sesine bat berdi.—Sen onuň Kündügi alyp gidenini görmediňmi, Aýna? —Görmedim diýýän-ä. Men soň öýe girdim. Mekan yzyna ylgady. Çalt baryp öýdäkilere ýagdaýy habar berdi. —Olara gelen myhman äkiden bolaýmasa. Ol Garakündügi gujagyna alyp sypap durka Aýna-ha görüpdir—diýip, aglamjyrady. —Eý-ý... Ol näme üçin beýtdikän-aý—diýip, Emir gaharlandy.—Öýüniň salgysyny bir bileýin. Şony edişime serediň. —Gowuja pişik her kime gerek—diýip, Mekanyň enesi başyny ýaýkady.—Edil äkidäýmeli däl eken ol oglan. Emir gedemlik bilen ädimläp, göni Aýnalaň howlusyna baryp girdi. Onuň öňünden Aýnanyň dogany Myrat çykdy. Emir salam-äligi-de unudyp, uly adamlar ýaly talabediji gepledi: —Düýnki myhman siziň nämäňizem bolsa, salgysyny aýdyň. Ol biziň pişigimizi ogurlap gidipdir. Şol boýuna utanmaýamyşmy? Myrat gynandy: —Wah-eý, şeýlemi? Ol äkitmedik bolaýmasyn? Emiriň yzy bilen gelen Mekan gepini nygtady: —Şol äkiden bolmaly. Ol ilki maşyndan düşende Garakündüge höwes edip seredip durdy. «Bäh, ol pişigiň owadanlygyny» diýdi. Gitjek bolanda Aýna onuň Garakündügi gujagyna alyp, sypap duranyny görüpdir. —Bize gelen myhman siziň pişigiňizi ogurlap giden bolsa-ha, gaty gelşiksiz zat—diýip, Myrat ýeňsesini gaşady.—Beýden bolsa, oňa özüm temmi bermeli bolaryn. Ýöne men onuň salgysyny bilemok. Maşynynyň nomerinem bellemän galypdyryn. Marydaky bir dostum ondan maňa hat iberipdir. Men onuň dostumyň nämesidiginem bilemok. Dostuma duşamda soraýmasam. Dostuma-da haçan duşjagymy-da bilemok. Bu sözlerden soň Mekandyr Emir Garakündügiň doly elden gidendigine göz ýetirdiler. Olar aglaşyp öýlerine bardylar: —Pişigimizi Marydan gelen biri alyp gidipdir. Aýnanyň dogany onuň salgysynam bilmeýän eken. Garakündük indi ömürlik elimizden gitdi... Enesidir atasy olara höre-köşe etdiler: —Bolýa-la, başga pişik tutaýarys. —Başga pişik gerek däl. Öz Kündügimiz gerek!—diýşip, Emirdir Mekan iki bolup aglaşmak aglaşdylar. —Şol daýy ýekeje sapar ýene şu töwerege gelsin, men onuň maşynynyň aýnasyny daşlap, kül ederin—diýip, Emir ýumruklaryny düwüp, gaharlandy. Alaç ýokdy. Garakündük elden gidipdi. Ol iki gün, üç gün, dört gün geçensoňam gara bermedi. Onuň aýak ýeterden gaty uzaga äkidileni bildirýärdi. Emirdir Mekan her gije ony düýşünde görýärdi. Öýe Garakündük gelen ýaly bolup turýardylar. Ýöne ähli zadyň düýşdügini bilibem, gynanyp, ýene uka berilýärdiler. Mekanyň enesidir atasy, ejesidir kakasy-da Garakündügi düýşlerinde görendikleri hakda gürrüň edýärdiler. —Janawer, halys öwrenişdirdi-dä bizi özüne. Biz ony entek-entekler ýatdan çykaryp bilmeris—diýip, enesi gussaly gepledi. Boljak iş bolupdy. Ýüze çykan ýagdaý bilen ylalaşmadan başga çäre ýokdy. Maşgala her sapar çaý-naharyň başyna üýşende Garakündük hakdaky ajaýyp ýatlamalardan gürrüň gozgap, günlerini tigirläp ýördi. Tomsuň öz ornuny güýze tabşyrmagyň ugruna çykanyny çigrekli gijeleriň başlananyndan bilip bolýardy. Gijäniň çigreginden gaçyp hemmeler öýlere sümülýärdiler. Bir gün mazaly garaňky düşensoň, obada çyra öçdi-de, gaýdyp ýanmady. Çyra bolmansoň, maşgala şem ýagtysyna iýip-içip, derrew ukynyň ugruna çykdy. Biraz irkilensoň, Emir suwsap oýandy. Suw içmek üçin aşhana ýöneldi. Ýöne ýaňy daşaryk çykan ýerinde garaňkylykda ýanyp duran iki sany közjagaz görüp, zähresi ýaryldy. Ýuwaşlykdan ökje ogurlap, yza ýöredi. Yzlaýyn ýöräp, öýlerine girdi. Baryp, ejesini oýardy: —Eje, eje, daşarda iki sany otjagaz bar. —Hany, göreli—diýdi-de, ejesi bir eline otluçöp alyp, Emir bilen daşaryk çykdy. Közjagazy görenden ejesi: —Ol-a pişigiň gözi—diýdi.—Garaňkyda pişigiň gözi şeýle ýanýar. Özem ol gara pişik. Görýäňmi, göwresi saýgartman, diňe gözi saýgardýar. Bu pişik gije ýaly tüm gara bolmaly. Emir oýlanmazdan: —Ol Garakündük bolaýmasyn, eje—diýdi.—Yzyna gelen bolaýmasyn! Ejesi otluçöpi çyzjak bolup durşuna gepledi: —Garakündük näme işlesin! Mary goňşulaň öýi däl-ä, Garakündük yzyna geler ýaly. Ýöne bu ýat pişigem-ä däl. Näme üçin ol bizden gaçanok? Ejesi sözüni tamamlaýança otluçöp hem ýandy. Emir gözlerine ynanmady. Onuň gabat garşysynda Garakündük düýrlenip otyrdy. Ol ulalansoň hiç wagt mawlamaýardy. Ýöne ol häzir mawlady. Mawlamasy hut guzy mäleýän ýaly bolup eşidildi. Sesi gyrlyp gidipdir. Mälemesi-de zordan eşidildi. Bu ýagdaý pişigiň gaty jebir çekip geleninden habar berýärdi. —Kündük! Bu senmi?—diýdi-de, Emir oňa gujak açyp topuldy.—Wah-wah-eý, myrrym, gör sen nähili jebir çekipsiň! Haramzadadan gaçyp gaýtdyňmy? Sen gelenem bolsaň, men ony gören halatym maşynynyň külüni çykararyn. Biz diýip geldiňmi, myrrym?! —Mä...—edip, Garakündük gyryk sesi bilen zordan seslendi. —Kündük gelipdir-eý! Garakündük gelipdir! Turuň!—diýip, Emir begenjinden sesine bat berdi. —Ýuwaş! Obany örüzýäň!—diýip, ejesi oňa duýduryş berdi. Emiriň sesine bütin maşgala ukudan oýanyp, daşaryk çykdy. —Kündük gelipdir, Kündük!—diýip, gykylygyň nämeligine göz ýetirmäge gelen enesidir atasyna, kakasydyr Mekana garaňkyda saýgartmaýan gap-gara pişigi galgadyp görkezdi.—Dostumyz gelipdir! Garakündük! Sen biziň dostumyz gerek? —Janawer, duz iýenje ýerini küýsäpdir-ow—diýip, Emiriň enesi-de Garakündügiň başyny sypady. —Horlanypdyr. Öňküsi ýaly mylkyja däl—diýip, Kündügi eline alan Mekan dillendi.—Eje, muňa süýt bereli. Ajygyp ölendir, bi. Şol wagt çyra ýandy. Çyranyň ýagtysynda Garakündüge seredenler has-da gynandylar. Onuň ýüz-gözleri tozandy. Özi ysgynsyzdy. —Her ýerde rehimsiz adam bar-ow, näteňe-nälet—diýip, Hydyr aga pişigi alyp gidene sögündi.—Şundan şuňa pişik äkitmek näme gerek diýsene. Haýwana diňe jebir beripdir. Garakündük öňüne süýşürilen bir jam süýdi derrew içdi-de, öýe girmek bilen boldy. Ýörände onuň bir aýagynyň agsaýanyny-da duýdular. Onuň halyna hemmeler gynandy. Pişik hiç bir zady ýadyndan çykarmandyr. Ol Emir bilen Mekanyň düşeginiň aralygynda oturyp, ilki mazaly ýalanyp, üst-başyny arassalady. Soň bolsa çommalyp oturan ýerinde gözlerini süzüp, şirin myrryldysyna başlady. Emir bilen Mekan gezekli-gezegine, assaja hereket bilen ony sypap goýberýärdiler. Hem oňa käte gep goşýardylar: —Kündüjek, Kündüjek, biziň dostumyz-a sen, şeýle gerek?! Garakündük olara myrryldysy bilen jogap gaýtarýardy: —Myrr-myrr! Myrr-myrr!... Garakündügiň bolşuny görüp, Mekandyr Emiriň enesi başyny ýaýkady: —Haýwan-u-ynsan üçin öz öwrenişen ojagyndan eziz öý ýog-ow... Soñy. 24.XII.2006ý. Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |