11:54 Garakündügiñ başdan geçirenleri: 1. Aýralyk güni | |
GARAKÜNDÜGIŇ BAŞDAN GEÇIRENLERI
Powestler
(Hekaýalar powesti) ▶ 1. AÝRALYK GÜNI Megerem, çaga üçin dünýäde iň aýylganç zat enäniň gujagyndan aýrylyp gitmek bolsa gerek. Ejesiniň ala-mula reňkli, mymyjak tüýli göwresine kellesini goýup ýatyşyna, kiçijik garaja pişik hem gaýgy-hasrata gaplanyp, özbaşdak ýaşamaly pursatynyň golaýlaýanyny gynanç bilen ýatlaýardy. Ejesi iki-üç gün bäri gijesi bilen çagalaryna kän zatlary gürrüň berdi. Olara özbaşdak ýaşamagyň, adamlaryň arasyna barmagyň düzgünlerini öwretdi. Adamlaryň ýagysy bolan syçanlar barada aýdyp berdi. Ejeleriniň pendini diňlän doganlary eýýäm çar tarapa dargap gitdiler. Garaja pişijek bolsa ejesinden aýrylyp gitmek islemeýärdi. —Men hiç ýerik gitjek däl. Seniň ýanyňda boljak. Mýaw... Mýaw...—diýip, ol birsyhly aglap, ejesine ýalbarýardy.—Men sensiz günümi görüp bilmen. Sen nirä gitseň, men senden galmaryn. Sen nirä gitseň, menem seniň bile giderin... Mýaw... Mýaw... Garaja pişigiň bolşuna ejesiniň gahary geldi. —Seniň bolşuň pişikden bolana meňzänok—diýip, ol sesini gataltdy.—Diňe adamlaryň lälik çagalary mydama ejelerine asgynjak bolup ýörýärler. Pişikler bolsa ene süýdünden aýrylan gününden özbaşdak ýaşamaly. Pişikleriň kanuny şeýle. Pişik bolup aglamaga utanaňokmy?!—Şeý diýensoň, garaja pişigiň ejesi sesini birneme ýumşatdy.—Sen özüňiň kimleriň neslindendigiňi ýatla-da, başyňy dik tut, oglum! Gaty ynamdar ýaşa. Gorkup, müzzerip ýörme! Seniň gorkudan aglaýanyňy eşitseler, beýleki pişikler namysdan ölerler. Pişikler şir-peleňleriň, ýolbarsdyr arslanlaryň, garagulaklaryň maşgalasyna degişlidir. Dünýäde biziň ata-babalarymyzdan güýçli haýwan ýokdur. Olaryň sesini eşidende haýwanda-ynsanda tisginmeýäni tapylmaz! —Men, barybir, gorkýan, gorkýan, mýaw!...—diýip, garaja pişik agysyny dowam etdi.—Men senden aýry ýaşajakgä! —Gowy adamlar pişikleri höwür edinýärler. Olar diýseň mähriban bolýarlar. Hatda pişiklere öz iýýän naharlaryndan-da berýärler. Belki, senem gowy adamlara duşarsyň—diýip, ejesi garaja pişige dynman nesihat etdi.—Gorkma. Bir wagtlar menem şeýdip, ejemden aýrylmaly bolanymda diýseň gorkupdym. Ýöne soňra gorkmagyň biderek zat bolandygyna düşündim. Men diýseň gowy adamlaryň eline düşdüm... Olara köp ýyllap hyzmat etdim... Olaryň ganym duşmanlary bolan syçanlary tutuşdym. Häzirem sizi ýola salanymdan soň, men öz tanyşlarymyňka dolanmaly... Olar maňa garaşýandyrlar. Meniň ýoklugymdan peýdalanyp, olaryň öýlerine syçan bary üýşendir. Garaja pişik öz diýenini tutup, şol aglady oturdy: —Şol diýýän ýeriňe menem özüň bilen alyp gidäý... Gowy adamlar duşmasa näme edeýin men?! —Köplük bolup barsak, halamazlar. Umuman, adamlaryň köpüsi iki pişigi birden saklanoklar. Her öýde ýekeje pişik bar... Sen, gorkma, oguljygym, saňa hökman gowy adamlar duşar... —Men nädip gijeler sensiz, ýeke ýataýyn?—diýip, garaja pişik ýene aglady. Mýaw... Men gorkýan. Gorkýan! Mýaw... Mýaw... Ahyrsoňy ejesi ony diňlemegi goýdy. Garaja pişigiň doglan ýeri bolan saman kepbäniň çüňkünde dört aýagynyň üstünde oturyşyna uka gitdi. Garaja pişik hem aglap-aglap ýadansoň, ejesine ýaplanyp uklady. Ol bir oýanyp, bir uklap ýatyşyna ertirki güne gaýgy-hasrat bilen garaşýardy. Ertir ejeden hem doganlardan aýry ýaşamagyň ilkinji güni başlanýardy. Onuň doganlarynyň reňki alajady. Özi bolsa garaja reňkli doglupdyr. Iki öň aýagynyň penjesi, burnunyň bir gapdaly, alkymynyň aşagy akjady. Galan bütin synasy gap-garajady. Hut garaňky gijeler ýaly garady. Doganlary ejesine diýseň çalymdaşdylar. Ejesi garaja pişige: «Sen agynjak kakaňa çalym edipsiň» diýýärdi. Garaja pişik heniz doglaly bäri kakasyny görmändi. Kakasy olaryň ýanyna gelmeýärdi. «Pişikleriň däbi şeýle» diýip, ejesi düşündirýärdi. «Her kim öz gününi görmeli.» Saman kepbäniň gapysyndan tomus ertiriniň arassa howasy girenden garaja pişik oýandy. Gözlerini açan çagy ol eýýäm ejesiniň öz ýanynda ýoklugyny duýdy. Diýmek, ejesi ony taşlap gidipdir. «Indi näme etmeli? Men nirä giderkäm?» diýip, oýlanan garaja pişik aglaý-aglaý saman kepbeden çykdy: —Mýaw... Mýaw... Eje... Sen nirä gitdiň? Mýaw... Mýaw... Ejesinden habar bolmady. Kepbeden agaç atymlykda ala sygyr guýrugyny hallanladyp, öňüne dökülen gülli ýorunjadan symyşlaýardy. Ol birsyhly aglap, ýorunjalygyň gyrasy bilen gelýän garaja pişige tarap seredeýinem diýenokdy. Garaja pişik ala sygry ejesiniň ýanyndaka-da mydama synlaýardy. Onuň bar işi uzakly günläp ot iýmekdi. «Sygryň gaty tagamly süýdi bar» diýip, ejesi gürrüň beripdi. «Ýöne adamlaryň özi dadyraýmasa, bize sygyr süýdüni içäýmek aňsat däl» diýip, soňra ejesi düşündiripdi. Garaja pişik gaty ajygypdy. Ol aldygyna ot iýip duran ala sygra bakyp, arzuw kölüne batdy: «Kimdir biri tapylaga-da, maňa şol sygryň süýdünden dadyraýsady.» Adamlaryň öýi tarapdan bedräniň şakyrdysy eşidildi. Bedräniň sesine garaja pişik gorkdy-da, ýorunjalygyň bir gyrasyna bukuldy. Ýapyrylyp oturdy. Birdenem ejesiniň: «Ogurlyk edip gözden düşäýmeseň, adamlar seni urmazam, ýençmezem. Sen olaryň ýanyna arkaýyn baryber. Pişikler şeýle bir mähirli jandardyr. Olaryň mähri hut tüýlerine-de çykyp durandyr. Ýanlaryna baranyňdan adamlar seni mähir-muhabbet bilen sypalap ugrarlar.» diýen sözleri ýadyna düşüp, özüni tutdy. «Beýdip otursam, kim meni görer? Kim maňa iýmäge-içmäge bir zat berer?! Men bolsam heniz nireden iýmit gözlemelisinem bilemok!» diýip, garaja pişik pikir öwürdi. Şu pikir bilenem ol mellegiň aňry başynda gurlan kerpiç jaýa tarap ugrady. Özüniň barlygyny bildirmek üçinem aldygyna aglaýardy: —Mýaw... Mýaw... Mýaw... Mýaw... Eline bedresini alyp, sygyr sagmaga gelýän aýal töweregine garanjaklady. Üç-dört garyş uzynlykdaky ýorunjalar hem-de ot-çöpler, tutdur-baglaryň gürlügi aýala garaja pişigi görmäge maý bermedi. Ol soňra töwerege garanjaklamasyny goýup, ala sygry sagmaga oturdy. Sygyr daşyna üýşýän siňekleri kowmak üçin guýrugy bilen her daýym özüniň bir sag, bir çep böwrüne şarpyldadyp goýberýärdi. Şonda onuň guýrugynyň uzyn tüýleri sygyr sagýan aýalyň ýüzüne-de degip gidýärdi. —Hä, guýrugyň gursun, guýrugy gurmuş—diýip, aýal sygra gargyndy.—Guýrugyňy hallanlatman dur! «Ol daýza-ha rehimsiz eken. Maňa süýdem bermez» diýip, garaja pişik gaýga batdy. «Ol görse, menem urar.» Her zadam bolsa özüniň barlygyny adamlara duýdurmagyň gerekligine düşünip duransoň, garaja pişik ýene aldygyna aglamaga başlady: —Mýaw... Mýaw... Mýaw... Ol şeýdip, aglap barşyna, kerpiç jaýyň gapysyna ýetdi. Jaýyň öňündäki agaç krowatda gurnalan peşehanadan etli-ganlyja, sekiz ýaşlar töweregindäki oglanjyk kellesini çykaryp, töwerege garanjaklady. Ol garaja pişigi görende bolsa, peşehanadan çykyp, krowatdan düşdi. —Mýa-w...—diýip, garaja pişik oglanjygyň ýüzüne bakyp aglady. —Emir! Pişik!—diýip, oglanjyk begenip gygyrdy.—Bize pişijek gelipdir! Özem käse ýalyjak kiçijik. Seret. Reňkem garaja. Şeý diýip, gygyransoň, oglanjyk diýseň kiçijik hem garaja pişijegi eline aldy. Onuň ýagyrnysyny sypaşdyrdy. Garaja pişik diýseň ajygypdy. Onuň geçen agşam, ýatmazynyň öň ýanynda ejesiniň süýdünden ganyşydy. Zat datman bütin gijäni geçirdi. Daň ataly bärem eslije wagt ötdi. Açlykdan onuň içi gorlup barýardy. —Mýa-ýaw!—diýip, garaja pişik yzyny üzmän mawlady.—Mýa-ýaw... —Sesem gowuja—diýip, oglanjyk ony sypalamagy dowam etdi.—Hut bäbejik aglaýan ýaly, yzyny üzmän aglaýar. Peşehanadan on iki ýaşlar töweregindäki, agajet, garaýagyz oglanjyk çykdy. Onuň ýüzi-gözi eňşäp durdy. Gaharjaňdygyny sowuk nazarly gözlerinden duýup bolýardy. Garaja pişik ony görenden üşerilip, ýygryldy. Gaçyp gitmäge çemlendi. Ýöne ol heniz beýiklikden aşak böküp görmändi. Şeýle hem ony özüni göterip duran oglanjyk gujagynda bek saklap durdy. —Gohuň näme! Ýatyrmadyň meni!—diýip, agajet oglan garaja pişigi saklap duran jigisiniň ýanyna gelip, gaharly gepledi. Pişige elini uzatdy.—Munyň näme?! Garaýagyz oglanjyk jigisiniň elindäki pişigiň arkasyndan penjeläp tutdy-da, ony ýorunjalyga tarap dazyrdadyp, zyňyp goýberdi: —Öýe gara pişik getirmeli däldigini bileňokmy sen?! Ýok et ony! Asla öýe pişik öwrenişdirme! Öňki getiren ala pişigiňiň öýi nädip hapalanyny unutdyňmy sen?! Pişikleň baram hapa. Näçe mikrob bardygyny bilýäňmi olarda?! Üstesine, tüýem gaçýa. Göreňokmy, olar nirelerde enteýärler! Zyňlan çagy garaja pişigiň gözleri garaňkyrap gitdi. Ol heniz beýdilip, ýokardan hem uzak aradan, kesek zyňlan ýaly bolup, güwläp gaýtmaly bolmandy. Entegem suwly ýapjagazyň boýnunda ösüp oturan ýumşajyk çaýryň üstüne düşäýdi. Ýogsa, näme bolsa, bolaýmalydy. Aýaklarynyň döwülmegi ýa-da kellesiniň ullakan kesege degip mynjyraýmagy-da mümkindi. Ejesi pişikleriň nireden bökende-de, oklananda-da hökman dört aýagynyň üstüne düşmelidigi barada aýdyp beripdi. Ýöne garaja pişik heniz beýtmegi başarardan kiçijikdi. Ol entek zordan ýöräp bilýärdi. —Mýaw!...—diýip, garaja pişik duýdansyz zyňlyp goýberilenine gorkup, gygyrdy. Naýynjar halda töweregine göz aýlap, indi özüniň haýsy tarapa gitmelidigi barada oýlandy. «Indi meniň günüm nähili bolarka? Men nädip garbanmaga zat taparkam?» diýip, garaja pişik ýene gaýgy-hasrata özüni aldyryp, pikir öwürdi. Soň bolsa ejesini ýatlap, aglap başlady: —Mýa-w... Eje-e... Mýaw! Onuň sesi şeýle bir naýynjar çykýardy welin, aýdyp-diýer ýaly däldi. «Wah-eý, bir pişijeg-ä ejesini ýitiripdir-ow!» diýip, onuň sesini eşiden her bir adam pikir etjekdi... Dowamy bar .. Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |