15:15 Garakündügiñ başdan geçirenleri: 2. Howandar / dowamy | |
▶2: HOWANDAR
Powestler
Onuň sesi şeýle bir naýynjar çykdy welin, aýdyp-diýer ýaly bolmady. Pişijegiň halyna gynanmadan tokar oglanjygyň ýüregi dilim-dilim boldy. Ol doganynyň ýüzüne haýran galmak bilen bakdy. Misli, öz ýanynda duran agajet, garaýagyz oglan öz dogany däl-de, ýedi ýat bigäne ýaly bolup göründi. —Sen şeýle doňýürekmidiň-aý, Emir?—diýip, tokarja oglanjyk gahara gaplanyp, saňňyldady. Ýumruklaryny düwdi. Kiçijik pişigi kesek kimin oklap goýberen doganynyň ýüzüne ýumrugy bilen ýelmäýesi geldi. Ýöne, her zadam bolsa, onuň özünden uludygy ýadyna düşüp, güýjüniň deň gelmejegini bilip, birneme köşeşdi. —Ony näme üçin beýdýäň, rehimsiz, doňýürek!—diýip, ol doganyna igenmän welin durup bilmedi.—Göreňokmy, ol heniz kiçijik ahbeti! Onsoňam, ol durşy bilen gara däl-ä. Onuň öň aýagynyň penjeleri, alkymynyň aşagy akja ahyry. Hana, seret, burnunyň bir tarapam akja. Şeý diýip, tokarja oglanjyk garaja pişigi ýene eline almak üçin onuň zyňlan ýerine ugrady. —Öýe getiräýme! Getirdigiň, ýene zyňaryn! Özüňem pişigi elläniň üçin eliňi sabynlap ýuw!—diýip, garaýagyz oglan ýene gykylyklap, jigisiniň üstüne gygyrdy. Sygryny sagyp, öýe gelen aýal ogullaryna gep goşdy: —Mekan jan, Emir jan, tüweleme, bu gün-ä irdenjik turupsyňyz. Turanyňyzdanam dawa başladyňyzmy? Agajet oglan ejesine arz etdi: —Eje, hana, Mekana seret, öýe pişik getirjek bolýa. Şol pişik üçin ol meni ýatmaga-da goýmady. Mekan garaja pişigi gujagyna alyp, ejesiniň ýanyna eltdi: —Eje, seretsene muňa, nähili gowuja. Özem diýseň kiçijik. Hut käse ýalyjak. Gözleri bolsa ullakanja. —Häli, sygyr sagjak bolup ýörkäm, bir ýerlerden sesi gelýädi—diýip, oglanlaryň ejesi garaja pişijege tarap biparh seredip goýberdi-de, bedresindäki süýdi gazojagyň üstünde duran ak alýumin gazana guýdy. Bedresini çaýkamaga durdy. —Eje, Emir bar-a, pişijegi meniň elimden alyp, hol, otlaň arasyna oklap goýberdi. Aýagyny döwse näme etjekmiş! Seň şu ogluň gaty rehimsiz, eje!—diýip, Mekan pişijegi sypap durşuna gaharjaň doganynyň üstünden arz etdi. —Oklajak! Döwjek!—diýip, Emir rehimsizlik bilen jigisine azgyryldy.—Zyň diýýän şo pişigi! Ýogsa, ýene eliňden alyp, aýak ýetmez ýaly ýere oklaryn! Mekan pişigi bagryna basdy: —Oklaýmarsyň! Oklasaň, menem göräýerin!—Mekan Emire şeý diýensoň, ýene ejesine ýüzlendi.—Eje, pişijek ajygandyr, süýt beräý-dä biraz. Muňa içireýin-le. —Emir, sen-ä beýle rehimsiz bolma. Hernäme-de bolsa, pişik ejiz jandar ahbeti—diýip, oglanlaryň ejesi uly ogluna tabşyrdy.—Ejize ganym bolmak aýypdyr. Mekan, senem ýok et eliňdäki pişigi. Maňa pişik gerek däl. Saçak-supra-da burnuny sokar ýörer. Ýadyňa düşýämi, öňki, ala pişigiň öýi nädeni! —Ol ala pişigi biz ulaltmadyk. Bize gelen çagam ol ullakan pişikdi. Belki, oňa öýde edeniňi edibermegi öňki hojaýynlary öwredendir. Dogrusyny aýtsam, ala pişigiň bulaşmagyna-da Emir günäkär. Emir oňa gaýnan ak şugundyr iýdiripdi. Ol şoňa çydap bilmän, öýi bulapdy. Ak şugundyr bereňde seniň sygryňam töweregini nädipdi, ýadyňa düşýämi!—diýip, Mekan pişigini goramak üçin ähli wakalary ejesiniň ýadyna salmaga çalşyp, jedirdedi. —Men näme edipmişim-ow!—diýip, Emir birsyhly dazzaryldy.—Özüňem gepiňi köpeltme-de, taşla eliňdäki pişigi! Sen näme etseňem, men şu pişigi öýde goýdurman! —Taşlaman!—diýip, Mekan pişigi Emirden goraglap, ejesiniň ýanyna bardy.—Eje, beräý-dä biraz süýt, aç ölendir bi! —Mýaw...—diýip, garaja pişik Mekanyň sözlerini tassyklamak isleýän ýaly, ýene mawlady. —Aglama, pişim!—diýip, Mekan onuň kellesini sypady.—Häzir süýt bişer welin, ejem maňa öz süýt paýymy berer. Menem öz paýymdan saňa dadyraryn, bolýamy?! —Mýaw...—diýip, gara pişik Mekana jogap berdi. Onuň sesi şeýle bir naşyjady welin, hut ýaňy bolan bäbejik aglaýan ýalydy. Emir hem birsyhly öz diýenine tutup durdy. Ol ýene Mekanyň üstüne gygyrdy: —Şu pişige süýdem bermersiň, öýde-de goýmarsyň! —Gatam goýaryn, näme goýman!—diýip, Mekan ekabyrlanyp, Emiriň gaňyrşyna gaýtdy. Şol wagt ak eşekli, ak sakgally, gara silkme telpekli ýaşuly öýüň gapdalyna gelip saklandy. Onuň eşeginiň üstünde bir ganar ot bardy. —Atam geldi! Atam!—diýip gygyrdy-da, Mekan garaja pişigi bilen ýaşula tarap ylgady.—Ata! Seret! Käse ýalyjak kiçijik pişik! Özi geläýdi! Emir bolsa muny kesek zyňan ýaly etdi-de, hol mellegiň içine oklap goýberdi, ata! Seret muňa! Gowuja gerek?! Ýaşuly eşeginden sypyrylyp düşdi-de, onuň üstündäki otly ganary ýere agdardy. Şondan soň Mekanyň elindäki pişige nazar aýlady: —Görsene ony. Gowuja pişik eken. Bir öýe bir pişik gerek. Ulalt ony, oglum. Öz pişigimiz bolar! Atasynyň sözlerine Mekan begendi. Ol hezil edip ýylgyrdy: —Menem şony diýýän-dä, ata! Bu ulalsa, syçanlaram tutar! —Syçan tutsa, gowy zat—diýip, atasy eşegini daňmak üçin mal ýataga tarap ugrady.—Syçan tutmanda-da, pişikler adamyň ünsüni gahardan sowýarlar. Adama höwür bolýarlar. Mekan pişigini göterip, atasynyň yzy bilen gitdi. Atasy eşegini gazyga baglansoň, yzyna dolandy. Emir henizem söwdasy oňmadyk ýaly bolup, kürşerip durdy. —Ata!—diýip, ol möle gözlerini öňküdenem mölerdip, özdiýenli gepledi.—Mekan pişigi zyňsyn. Ol gara pişik. Köp adamlar gara pişik öňlerinden çykan halaty hat-da howlugyp barýan bolsalar-da, yzlaryna dolanýarlar-a, ata. Sen bolsaň, ullakan adam bolsaňam, şoňa düşüneňok. Mekany aýnadýaň. Hut şonuň göwnüne degmejek bolup, sen gara pişigi öýde alyp galdyrjak bolýaň! Ýaşuly Emiriň sözlerine loh-lohlap güldi. —«Bir eneden agam dogar, gara-da» diýleni-dä. Görýän welin, Emir han, sen, oglum, rehimsizräk boljak ýalyň. Mekan han bolsa hemmä mährem ýigit bolup ýetişer. Seret, ol senden kiçem bolsa, kömege mätäç jandara rehim etmelisini bilýär.—Şeý diýensoň, ýaşuly silkme telpegini bir çetde çykaryp goýup, gazojagyň gapdalynda duran kündügi eline alyp, el-ýüzüni ýuwmaga oturdy. Gepini ýene Emire gönükdirdi.—Seniň pişigiň reňki babatda aýdýan zatlaryň başga halklaryň däbine degişli, oglum. Musulmançylykda pişikleriň hiç birisem erbet görülmeýär. Gara pişik, ak pişik diýlip, bölünip durlanok. Haýsy pişik saňa imrikse, saklabermeli. Reňk diýeniň adamlara-da, haýwanlara-da tebigatdan geçýär. Hana, seniň özüňem garaýagyzja ahbeti. Sen birden saryýagyz adamlaryň ýurduna gitmeli bolsaň, olar hem seni gara görüp, kowup goýberseler, batarmy janyňa? Ak, gara, sary reňkli pişiklerem bar, adamlaram, sygyrlar, goýunlaram, itlerem. Garaz, tebigatyň goýnundaky ähli janly-jandaryň içinde her hili reňklisi bar-a. Sen näme, bu zatlary mekdepde geçmediňmi? Ýaşulynyň sözlerine garaja pişik begendi. Öz tarapyny tutjak ýene bir adam tapyldy. Emir bolsa atasynyň öz tarapyny tutmaýanyna öýkeleýärdi. Ol atasynyň gürrüňlerinem ýeňsesini tüňňerdip diňledi. Özem her zadam bolsa, öz diýenini gögertmek isleýärdi. Ol Mekanyň özüni ýeňmegini islemeýärdi. Şonuň üçin özbaşyna hüňürdemek hüňürdedi. Ýöne oňa atasy birbada üns bermedi. Emir akyp duran ýaba gidip, ýuwnup-ardynyp geldi. Özem gidip barýarka-da nämedir bir zatlar diýip hüňürdeýärdi, ýuwnup durka-da. Gaýdyp gelende-de hüňürdäp-hüňürdäp geldi. Onýança süýt hem bişdi. Oglanlaryň ejesi agaç sekiniň üstündäki ýorgan-düşekleri aýryp, saçak ýazdy. Çaý demlänsoň, ullakan bir daş çäýnege süýt hem guýup getirdi. —Alyň, iýip-içiň—diýip, çagalaryny çagyrdy. Mekan garaja pişigi bir ýanda goýup, elini sabynlap ýuwup geldi. Pişik üçin bir käsä süýt guýup, sowadyp goýdy. Soň ejesiniň bizar-peteňini çykaryp, sorap-sorap, bir kiçijik jam aldy. Sowan süýdi jama guýup, garaja pişige berdi. Daň ataly bäri açlykdan içi gorlup duran garaja pişik süýtli jama agzyny basdy. Dili bilen şilpildedip, süýt içmäge durdy. Süýt tagamlydy. Şeýle-de bolsa garaja pişik içinden: «Ala sygryň süýdüniň tagamy edil meniň ejemiňkiçe-hä ýok eken» diýip, pikir öwürdi. Mekan süýt içip oturan pişige guwanyp seredýärdi. Pişijek diýseň naşyjady. —Ata, seretsene oňa, hut jamjagazdanam kiçijik. Hut käse ýalyjak—diýip, Mekan pişigine bolan guwanjyny atasyna-da mälim etdi. —Hawa, oglum, gowuja pişik—diýip, atasy Mekanyň sözüni makullady.—Gowuja serediberseň, ol derrew ullakanja bolar. Atasy Mekan bilen agaç sekä geçip, çaý içmäge oturdy. Pişik süýtden ganyp, eýläk-beýläk ýöremäge durdy. El-ýüzüni ýuwup, gahardan iki ýana ýöräp ýören Emir birden pişigiň öz aýaklarynyň ýanyna nähili ýeteninem duýmady. Ol tas pişige büdräp ýykylypdy. Gahar bilen: —Häýt, seniň bir... gelmän geçen!—diýdi-de, ýene pişigi bir aýagynyň üstüne mündürdi-de, otlara tarap oklap goýberdi. Ýöne, her zadam bolsa, bu sapar öňküsi dek uzaga zyňmady. Uzaga zyňylmasa-da, otlaryň arasyna oklanyp goýberilmesi garaja pişigi gorkuzýardy. Ol ýene gorkudan: —Mýaw...—diýip, mawlamaga durdy. Kalbynda gaharjaň oglana kine oýandy. Gaharjaň oglan garaja pişigi süýtden doýanyna begenip, oýnamaga-da goýmady. Mekan çaý-çöregini taşlap, sekiden atylyp düşdi. Pişigine kömege ylgady. Gidip barşyna-da Emiriň üstüne gygyrdy: —Ýene ýekeje sapar sen şu pişige azar berip gör, men seniň bar okaýan kitaplaryňy köçä oklaryn! Emir dikdüşdüligi bilen Mekanyň gaňyrşyna ýene gaýtdy: —Kitaplara eliňi bir degir! Pişigem bir kitap bilen deňäp bormy! Sen bir bigäne pişik üçin ne gözel kitaplary zyňmak isleýäňmi! Paňkelle diýerler saňa! —Zyňma diýilýä saňa şu pişigi, eşidýäňmi, zyňma!—diýip, Mekan gahardan titredi. —Zyňjak!—diýip, Emirem tükezzibanyna tutdy. Mekan gaýdyp, Emir bilen dawalaşmady. Pişijegi sypap-sypap, gapa getirip goýberdi. Soň ýene elini ýuwup gelip, çaýyny içmek üçin atasynyň gapdalyna geçdi. —Emir han, sen, oglum, kitap okamagy gowy görýäň, emma häsiýetiň welin ýowuz—diýip, atasy Emire ýüzlendi.—Gowy zatlar öwrenmejek bolsaň, rehim-şepagat, adamkärçilik öwrenmejek bolsaň, adama kitap okama nämä gerek! Pişikler ynsan nesli üçin şeýle bir gowy jandardyr, sen entek ony bileňok. Eger pişik donunyň synynda uklan bolsa, ony oýarmajak bolup, biynjalyk etmejek bolup, beýik pygamberleriň synyny gylyç bilen kesenleri bolupdyr. Pişikler kän adamlary ýylanyň zäherinden halas edipdirler. Özleri hakda ýaşulynyň aýdýan öwgüli sözlerini garaja pişik lezzet bilen diňleýärdi. Ata-babalarynyň ynsanlaryň ýanynda hormat gazanyp gidenine buýsanýardy. Emir sögüşmesini goýup, atasyndan: —Pişigem bir adamy ýylandan halas edip bilerm-aý?—diýip sorady. Şeý diýip soramak bilen, onuň gürrüň diňläsiniň gelýänini atasynyň ýüzüne tiňkesini dikişinden mese-mälim aňmak bolýardy. Elbetde, Emiriň eşitmek isleýän gürrüňini körpe okyjylaryň-da bilesi gelýändir. Garakündügiň başdan geçirenleri hakdaky hekaýalaryň nobatdakysyndan körpeler ol sowalyň jogabyny taparlar. Dowamy bar... Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |