21:39 Garakündügiñ başdan geçirenleri: 4. Garakündük | |
4. GARAKÜNDÜK
Powestler
Pişijek özünden gaçdygyça, Emiriň onuň bilen oýnasy geldi. Bir ýandanam pişijege gaharlanýardy. Ýumruk ýalyjak halyna adamy diňlemän, buky ýere gidip oturýan pişijek Emiriň göwnüne bolmasa, özi bilen erjeşýän ýalydy. —Hany, sen gelmäbilşiňden gelme—diýip, gaharlandy-da, Emir agaç sekiniň aşagyna eglip seretdi. Pişijege azmly gygyrdy.—Gel bäri, me, piş-piş. Pişijek oňa gepleýämiňem diýmedi. Ertirden bäri selpäp ýadansoň, üstesine, süýtdenem doýansoň, diýseň ukusy tutýardy. Gözlerini ýumup, garaja ýumak ýaly bolup togalanyp oturyşyna uka batýardy. Ol şeýle bir eýjejikdi, şeýle bir mähirlije görünýärdi welin, Emiriň ony eline alyp, oýnasy gelip, içi byjyklap durdy. —Me, piş-piş—diýip, Emir boş ellerini agaç sekiniň aşagyna uzadyp, ýene pişijegi çagyrdy. Pişijek oňa ýene gepleýämiňem diýmedi. Agaç sekiniň belentligi gaty ýokary bolmansoň, Emire onuň aşagyna sümülmäge hem garaja pişigi çekip almaga maý ýokdy. Emirem pişijegi ýanyna getirmän goýmakçy däldi. Ol ylgap, sowutgyçly jaýa girdi-de, sowutgyçdan külembike ýalyjak üwelen et alyp çykdy. Ony pişige tarap uzatdy. —Me, piş-piş—diýip, ýene garaja pişigi çagyrdy.—Gelmäbilşiňden gelme hany—diýibem, hüňürdedi. —Ol kiçijig-ä, et iýip biler öýdýäňmi?—diýip, Mekan Emire ýüzlendi.—Birden bokurdagynda galaýmasyn! —Galmaz, bu üwelen et—diýip, Emir gara pişikden gözüni aýyrman, Mekana jogap berdi. Garaja pişik üwelen etiň ysyny eýýäm alypdy. Onuň burnuna şeýle bir tagamly ys urdy welin, ol hut gözlerini bürüp barýan ukusyndan aýňalyp, gözüni açyp-açman, tagamlyja ysa tarap ugrady. Ýakymly bir tagamy duýup, agzy suwaryp gitdi. Ony iýmese, çydap biljek däldi. —Mýaw! Mýaw!—diýip, ol Emiriň golaýyna gelip, gygyrdy. Ete agzyny urmaga çemlendi. Emir pişijege eti bermedi. Diňe burnuna ysgatdy-da, ony öň pişigi dyrmaşdyran sütünine ýelmäp goýdy. Tagamly etiň ysy pişijegiň aňyny alyp barýardy. Ýöne ol gaty kiçijik bolansoň, öň sütünden aşak düşmegi başaranam bolsa, ýokarlygyna dyrmaşyp bilmedi. Diňe aglady durdy: —Mýaw! Mýaw! Atasy Emire seredip, baş ýaýkady: —Hä, Emir, oglum... Sen jandara zulum edýäň-ow. Emir pişijegi gygyrdyp bilşinden lezzet alyp, hezil edip ýylgyrýardy. Şol wagt Mekan ýerinden tasap turdy-da, Emiriň sütüne ýelmäp goýan etini alyp, pişijegiň öňüne oklady. Pişijek ony dessine lak-luk atdy. Et onuň agzyna diýseň tagamly degdi. Ýene hantama bolup, töweregini ysgaşdyrdy.«Baý-buw! Muň tagamly zatdygyny!» diýip, garaja pişik içini gepletdi.«Heniz beýle zady dadyp görmändim». Mekan çaý-çöregini iýip bolup, garaja pişigi gujagyna aldy. Ýene agaç sekä geçip, ony sypamaga oturdy. Pişijek «myr-myr» edip, Mekana myrlap bermäge başlady. Onuň myrryldysy şeýle bir ýakymlydy, diňledigiňçe diňläsiň gelýärdi. —Ata, ata, munuň myrlaýşyny—diýip, Mekan pişijege guwanyp, atasyna ýüzlendi.—Eşidýäňmi, gaty täsin myrlaýa. —Pişigiň myrryldysy-da gulaga ýakymlydyr—diýip, Mekanyň atasy hem naşyja pişijege guwanç bilen seretdi.—Pişikler adamy gowy gören çagy, adamdan razy bolan çagy myrlap berýärler. Mekan pişijegi birsyhly sypaýardy. Pişijek bolsa garaja ýumak ýaly bolup oturyşyna aldygyna myrlaýardy. —Hany, göreli, maňa-da myrlap berýärmikä—diýdi-de, Emir pişijegi Mekanyň elinden gödeklik bilen kakyp aldy.—Men oňa et berdim-ä. Şeý diýip, Emir dik duran ýerinden pişijegi agaç sekiniň gyrasynda saklap, birdenem öňküsi deýin gaçyp ötägitmez ýaly, ony eli bilen saklap durdy. Soň eglip, pişigiň agzyna gulagyny tutdy-da: —Hany, myrla bakaly—diýdi. Pişijek myrlamady. Gaýtam inçejik hem naşyja sesi bilen aglamaga durdy. Emirden sypjak bolup gymyldady: —Mýaw! Mýaw! —Ata, seret, Emir ony uklamaga-da goýanok—diýip, Mekan Emire gep düşündirip bilmejegini bilip, ýene atasyna arz etdi. —Goýbersene-how sen şol pişigi, Emir—diýip, atasy indi Emire birneme gatyrgandy.—Seniň-ä adamçylygyň jigiňkiçe ýog-aý, ogul. Okuwyňdan bäşlik alýaň. Rehimiň bolsa ýok. Rehimsiz adamy hiç kim gow-a görýän däldir. Gowy okasaň, okaber sen. Emir pişigi Mekanyň üstüne oklap goýberdi. —Al-how, pişigiňi, al! Ömür meniň üstümden arz edip ýörsüň. Özüňem düzüwdirin öýtme—diýibem, atasynyň özüne igenmesine bolan gaharyny jigisinden çykarmak üçin, Mekana azgyryldy. Soň bolsa dostlary bilen oýnamaga, köçä gitdi. Mekan pişijegi düşegiň bir çetinde goýdy. Emirden sypanyna hezil eden garaja pişik myrlap ýene uka gitdi. Ýumak ýalyjak bolup ýatdy. Mekan pişijegi taşlap, hiç ýere gitmedi. Ony Emirden hem uly pişiklerden goramak üçin onuň ýanyny aldy oturdy. Atasy hem dynç almaga gitdi. Ejesi syrym-süpürim, kir-çägi bilen güýmendi. Mekan oturyp-oturyp ýadady. —Sen, oglum, pişigiň turaryna garaşyp oturan bolsaň-a, gaty ýadarsyň. Onuň haçan turjagy belli däl—diýip, ejesi Mekana gep goşdy.—Pişikler uklamagy gowy görýärler. Olar ömürleriniň üçden iki bölegini uklap geçirýärler. Sen arkaýyn oýnamaga gidiber. Ejesiniň şeýle zatlary bilmesi Mekany haýran galdyrdy. —Eje, sen bu diýýänleriňi nädip bilýäň-aý?—diýip, ol ejesinden geň galyp sorady. Ejesi ýylgyrdy: —Menem bir mahallar seniň kimin çaga bolupdym ahyry. Mekdebe gatnadym. Okuw öwrendim. Mydama syrym-süpürim, nahar-şor, mal-gara bilen güýmenip ýören ejesiniň mekdebe gatnap, okuw öwrenenligi hakdaky gepi Mekanyň göz öňünde ejesini üýtgeşik adama öwrüp goýdy. Ol öň bu zatlar hakda hiç pikir edip görmändi. Ejeler kir ýuwup, nahar bişirmeden başga zady bilýändirem öýtmeýärdi. Ejesi Mekany pikirinden oýardy: —Pişige at dakaňokmy, Mekan? Pişige at dakmak hakdaky pikir Mekany begendirdi. Ýerinden böküp turdy. Onuň naşyja pişijegi nähili owadanja ady götererkä? Mekan ýeke salymyň içinde bir topar ady serinde aýlady. —Dogrudanam, pişigimize at dakaýmaly, eje—diýip, ejesine jogap berdi. Soň bolsa köçede yzyndan bir topar çagany ylgadyp, iki tarapa top depip, tasap ýören Emiri çagyrdy.—Emir! Gel-eý, gowy gürrüň bar! Emir «Topumy ber!» diýip, aglap, yzyndan ylgap ýören çagalaryň birine tarap «Al-ow topuňy!» diýip, ala-mula rezin topy depip goýberdi-de, Mekanyň ýanyna gaýdyp geldi. Gödekligi bilen Mekana ýüzlendi: —Sende-de bir gowy gürrüň borm-aý, Mekgi! —Bar gowy gürrüň—diýip, Mekan kiçigöwünlilik bilen gepläp, Emire ejesi bilen gelen karary hakda aýtdy.—Pişigimiziň ady ýog-a, Emir. At dakaly oňa. Mekanyň teklibine Emir gaşlaryny gerdi. Agaç sekiniň üstünde ýumak ýalyjak bolup ýatan garaja pişige tarap seredip goýberdi. —Pişige, at?—diýip sorady.—Pişige at dakmak nämä gerek? Pişik pişikdir-dä? Oňa ýöne pişik diýibermeli bor-da. Myr-myr diýseňem bor. Myrryk diýseňem bor. Hä, myrryk? Şeý diýensoň, Emir uklap ýatan pişijegiň böwrüne barmagy bilen dürtdi: —Şeýle dälmi, myrryk? Tur-ow özüňem. Saňa at dakyljak bolýa. At dakylýaka uklap ýatma beýdip. Emiriň dürtmesine pişijek çala gymyldan boldy-da, ýene uklamagyny dowam etdi. —Degme-dä oňa!—diýip, Mekan Emiriň üstüne gygyrdy.—Şoňa degmän dursaň bolanog-aý. Özüňem düzüwlije gürlesene, Emir. Gowuja bir at aýdaýsana. Pişigimiz atly bolsa gowy bor-da-how! Emir ýylgyrdy: —Mekgi dakaýalyň oňa? Ýa-da Mekan dakaýalyň. Mekan göwnüne hiç zat almady. —Adam adyny dakmaly däl-ow pişiklere—diýip, Emiriň hileli sözüne sadalyk bilen jogap berdi. —Daksa bolar-a, hä, eje?—diýip, Emir soňra ejesine ýylgyryp bakdy. Ol şeýdip, Mekanyň gaharyny getirmek isleýärdi. Gapylary süpürişdirip, suwlap ýören ejesi: —Men-ä pişige adam adynyň dakylýanyny eşidemok.—diýdi.—Haýwanlara aglaba ýagdaýda reňkine, daşky sypatyna görä at dakagan bolýarlar. Garaja diýip goýberiň ýogsa-da. —Emir dakaýalyň ýogsa-da—diýip, Mekan hem Emiriň çetine degip, aryny almak isledi. Yz ýanyndanam hikirdäp güldi. Mekanyň sözlerine Emiriň gahary geldi. Garaýagyz ýüzi al öwüsdi. —Dakybam bir gör Emir!—diýip, Mekanyň üstüne herreldi.—Pişigiňem, özüňem yzyňyzy tapmaz ýaly ýere zyňyp goýbärin! Ejesi gapy suwlamasyny goýup, Emire seretdi: —Hä, Emir han, gaty yzgytsyz häsiýetiň bar, seniň, oglum. Sen-ä pişige Mekanyň adyny daksaň bolýa, Mekan bolsa seniň adyňy dakmaly däl. Şeýlemi? Näme üçin sen özüňden başgalaryň-da sylanmalydygyna düşüneňok, oglum? Emir özüni aklady: —Mekan kiçi. Oňa näme diýemde näme! —Äh-ä, diýmek, kiçi bolsa, isläniňi edibermeli-dä onda? Mugallymyň saňa şeý diýip öwredýämi? Onda senden ulular-da seni her gün urup-ýenjibermelimi, hä, oglum? —Özüm bilýän näme edilmelisini—diýip, Emir ejesiniň gepine jogap bermän, kesirlik bilen çaýkandy. Ejesi onuň ýanyna baryp, başyny sypady: —Bu bolşuň gowy däl, oglum. Ulular kiçileri sylamaly, kiçiler ululary. Ine, şeýdibem, adamlaryň arasynda agzybirlik saklanmaly. —Eje, muň adyna «Garaja ýumak» diýip goýsak näme—diýip, Mekan ejesiniň sözüni böldi.—Seret, uklap ýatyrka ol enemiň garaja ýumagyna meňzeýä. —Garaja ýumak goýsaňam bolar—diýip, ejesi Mekanyň pikirini makullady. Emir agaç sekä böküp mündü-de, ýene pişigiň ýanyna bardy. Bu sapar aýagynyň başam barmagy bilen pişigiň böwrüne dürtdi: —Eý, näme beýle köp ýatýaň, tur, saňa at dakylýar—diýip, ýene pişijege öňki diýenlerini diýdi.—Özüňe at dakylýarka ýatmak aýyp bolar-a-how! —Degme-dä oňa, ýatsyn!—diýip, Emiriň aýagyna kakmak üçin Mekan elini uzatdy. Emir aýagyny çekip alyp, towsup bir gapdala geçdi. —Hä, Emir, saňa-da rehim gelermikä?—diýip, ejesi başyny ýaýkady. Ukusy bozulan pişik başyny galdyrdy. Ýerinden turup gerinjiredi. Onýança çagalaryň hüňürdisiniň gutarmanyna geňirgenen atalary-da daşaryk çykdy. Şol wagt pişijek çommalyp oturdy. Şonda onuň ýagyrnysy tüňňerip, boýny biraz içine ýygryldy. —Şujagaz-a şu wagt agynjak çopan kündügine meňzäp dur—diýip, atasy Mekana seredip gepledi.—Bolup oturyşy oda garalan çopan kündügini ýatladaýdy maňa. —Dogrudanam, agynjak kündük-dä—diýip, Mekan-da atasynyň sözlerini makullady.—Ýöne bu gaty kiçijik kündüge meňzeýä. —Basym ulalyp, ullakan kündüge-de meňzär ol—diýip, atasy Mekana jogap berdi. —Onda muňa Garakündük diýip at goýmaly—diýdi-de, Mekan ilki atasynyň, soňra Emiriň ýüzüne seretdi.—Goýalyňmy? —Goýalyň—diýip, atasy Mekanyň teklibini goldady.—Tüýs jüpüne düşjek şol at. Hem delje. —Şondanam bir at bolarm-aý!—diýip, Emir hüňürdedi. Soň bolsa—Garakündük!—diýip, gaýtalady-da, hikirdäp gülmäge başlady.—Garakündük! Emiriň bolşuna ejesem, atasy-da ýylgyrdy. —Näme, oglum, erbet atmy Garakündük?—diýip, atasy ondan sorady.—Ýa başga at dakalyňmy? Emir atasyna belli jogap bermedi. —Işim ýok. Näme etseňiz, şony ediň! Näme etseňiz, şony ediň!—diýdi-de, soň ýene ylgap, köçä oýnamaga gitdi. Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Pürli - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |