01:13 Garakündügiñ başdan geçirenleri -5: Ilkinji gije | |
5. ILKINJI GIJE
Powestler
Gün batar uçurlary Mekandyr Emiriň kakasy işden dolandy. Onuň yzysüre goňşy oba toýa giden eneleri-de geldi. —Ene, kaka, serediň, bize pişijek geldi! Özüjik geläýdi—diýip, Mekan enesidir kakasyna garaja pişigi görkezdi.—Atam-a «Öýde galybersin» diýdi. Emir bolsa ony kowjak bolýa. Depibem goýberdi. —Hih—diýip, enesi Mekanyň gepine içini çekdi.—Heý, şeýle kiçijek zadam bir depip bolarmy! Emir, utanaňokmy sen? Şeý diýip, enesi agaç sekä baryp, dynç almaga oturdy. Kakasy bolsa Mekanyň gujagyndaky pişigi öz gujagyna aldy. Onuň kellesini, ýagyrnysyny sypaşdyrdy. Soň bolsa: —Gowuja pişik eken—diýdi.—Bir öýe bir pişik gerek. —Atamam şeý diýýä-dä—diýip, Mekan kakasynyň-da pişijegi gowy görenine begendi.—Senem pişigi gowy görýäňmi, kaka? —Hawa, gowy görýän—diýip, kakasy pişijegi emaý bilen ýere goýberdi.—Muňa gowuja seret, Mekan. Iýmäge bir zatjyk ber. Kakasynyň pişigi gujagyna alyp, sypalap durmasyna Emiriň welin, gahary geldi: —Kaka! Ullakan adam bolup, senem pişigi gujagyňa alýaň-maý? Ony sypanam bolýaň. —Pişigi hemme adamlaram gowy görýä, oglum! Bu ýerde näme geň zat bar?—diýip, kakasy ýylgyryp, Emire seretdi.—Sen näme, pişijegi gowy görmekçi dälmi? —Men ony öýden ýok ederin!—Emir gedemlik bilen ýene öňki kesirligine başlady.—Pişik gerek däl. Ol hapa bolýa. Özüňem, pişigi elläniň üçin eliňi sabynlap ýuw, kaka! Emiriň bu sözüne enesi-de, atasy-da, kakasydyr ejesi-de hezil edip gülüşdiler. —Elimi sabynlap ýuwmaly bolsa, ýuwaryn men, oglum—diýip, kakasy Emire ýüzlendi.—Ýöne sen pişijegi beýle ýigrenme. Pişikler seň pikir edişiň ýaly hapa däldir. Syn edip gör, pişikler her zat iýip bolandan soň, ýa-da ýatjak wagty ýalanyp, özlerini arassalap durandyrlar. Hapa görseň, seniň özüňem suwa düşündiräý ony. —Suwa düşürerin-maý!—diýip, gahar bilen aýtdy-da, Emir ellerini serdi.—Men ony öýden kowjak.—Emir kakasynyň-da pişijegi gujagyna alşyny henizem geňleýärdi.—Kaka bolup, senem ony gujagyňa alaýdyň-aý! Bu sapar Emire Mekan jogap berdi: —Häli özüňem-ä oýnasyň geldi pişik bilen. Onsoňam, şu öýdäkileň hemmesi pişigi gowy görýä. Ony diňe sen halaňok. Biz-ä pişigi kowmarys, ony göresiň gelmese-de, özüň ötägit öýden! —Sen-eý, akyllyja bol!—diýip, Emir Mekana haýbat atdy.—Ertir, kakam işe gidensoň, öýden kimiň gitmelisini düşündirerin saňa! Mekan Emiriň bu sözüne jogap bermän, kakasyna ýüzlendi: —Kaka, kaka! Pişige adam goýduk. Garakündük dakdyk oňa. —Garakündük?—diýip, kakasy geňledi.—Beýle at nireden kelläňize geldi? Agaç sekiniň üstünde toýa gidip gelşini gürrüň berip oturan enesi Mekan dagynyň-da gepini gulagynyň deňinden geçirmeýänini bildirip, olaryň söhbetine goşuldy: —Garakündük diýen ady atasyndan başga kim dakyp biler?! Şeý diýdi-de, enesi ýylgyryp hemmeleriň ýüzüne nazar aýlady.—Oda garalanja çopan kündügini ýatlandyr-da atasy. —Hawa, atam dakdy, atam—diýip, Mekan pişijegi sypalap durşuna kakasyna pişijege at dakyşlaryny gürrüň berdi.—Atam onuň oturyşyny garaja kündüge meňzetdi. Men bolsam «Garakündük dakaýalyň» diýdim. —Onda sen dakypsyň-a pişijege bu ady—diýip, kakasy Mekanyň göwnüni galdyrmak isläp, onuň öwgüsini ýetirdi.—Berekella. —Ýok-laý, men däl-laý—diýip, Mekan açyk ýürek bilen gürledi.—Eger atam pişijegiň oturyşyny gara kündüge meňzetmedik bolsa, meniň ýadyma oňa beýle ady dakmak düşmezdi. —Mekan han ulalansoň hem akylly ogul bolup ýetişer—diýip, atasy ýüregi bilen Mekana guwanýanyny mälim etdi.—Munuň ýüregem arassa, gep-sözem mydama dogrudyr. —Kaka, men pişige has gowurak at hem goýjak boldum welin, Mekan göwnemedi-dä—diýip, Emir bir kakasynyň, bir Mekanyň ýüzüne seredip, hikirdedi. —Kaka, Emir pişige meniň adymy dakjak boldy-laý—diýip, Mekan Emiriň üstünden ýene arz etdi.—Emir bar-a, pişik geleli bäri maňa-da, pişige-de gün berenog-a, kaka. —Men oňa bekje käýýärin—diýip, kakasy Mekanyň başyny sypady.—Bar, oglum, indem pişigiň bilen oýnaber. Men dem-dynjymy alaýyn. Gaty ýadadym.—Şeý diýdi-de, kakasy öýe girip gitdi. Gidip barşyna-da Emire ýüzlendi:—Emir, näme etjek özüňden kiçilere azar berip! Emir kakasynyň bu gepine sesini çykarmady. Ýöne Mekana welin içýakgyçlyk bilen ýylgyryp bakýardy. Mekan gaýdyp onuň bilen dawa-da etmedi. Pişigini gujagynda saklap durşuna ýol ýadawlygyny basmak üçin çaý içmäge oturan enesiniň gapdalynda çökdi. Atasy mallaryň otuny bermäge turdy. Emir hem agaç sekiniň bir gyrasynda oturyp, aýaklaryny hallanladyp, Mekanydyr pişijegi synlaýardy. Mekanyň ejesi naharyň ugruna çykdy. Ol aşhana baryp, gara gazany gazojakda goýup, sowutgyçdan et çykardy. Eti dogramaga durdy. Garakündügiň burnuna etiň ysy urdy.«Hälki iýen zadymyň tagamy gelýä!» diýip, ol agzyny suwardyp, pikir öwürdi. Mekanyň elinden sypmak üçin dyzandy. —Mýaw! Mýaw!—edip, mawlamaga durdy. —Etiň ysyny aldy öýdýän—diýdi-de, Mekan garaja pişigi ýere goýberdi.—Hany, göreliň, nirä barýarka? Garakündük ýere goýberilenden gybyrdyklap, aşhananyň gapysyna bardy. Ýöne ol gaty kiçijik bolansoň, aşhananyň bosagasyndan hem geçip bilmedi. Etiň ysy welin onuň burnuna ornap, agzyny suwardyp, alyp barýardy. —Mýaw! Mýaw!—edip, ol şeýle bir çyrlamaga başlady welin, sesinden durar ýaly bolmady. —Eje, Garakündüge birazajyk et bersene!—diýip, Mekan oturan ýerinden ejesine gygyrdy.—Ol et iýjek bolýa. Ejesi: —Et beräýerdim welin, ol heniz kiçijik ahbeti—diýdi.—Ol bi eti çeýnäp bilmez. Bar, ýene üwelen etden beräý. Tagta sekide aýagyny hallanladyp oturan Emir sekiden düşüp, aşhananyň gapysyna geldi. —Indi näme, öýdäki bar etleri şuňa berip gutaraýjak-maý siz?—diýibem, närazy halda gepläp, ýene aýaklarynyň burny bilen Garakündügiň böwrüne dürtdi.—Näme muny aýnadýaňyz! Zyňyp goýberiň diýdim-ä men size! —Emir, oglum, sen näme üçin ýoknasyzlygyňy goýman geçdiň?—diýip, ejesi Emire çytylyp seretdi.—Ýumruk ýalyjak zat. Näme iýer öýdýäň ol? Dyrnak ýaly etden doýýar. Ulalýança seredeli. Ulalansoň, özi syçan tutup iýer. Galan naharlarymyzy iýer. —Näme etseňiz, şony ediň. Näme etseňiz, şony ediň—diýdi-de, özüniň diňlenmeýändigine Emiriň gahary geldi.—Entek, seredip duruň. Şu pişigi öýden kowmaýanyňyza puşman edersiňiz siz. —Puşman eden çagymyz kowaýarys—diýdi-de, ejesi naharyny bişirmäge durdy. Mekan bolsa, sowutgyçdan üwelen et alyp, Garakündüge berdi. Garakündük berlen eti iýensoň, bir çete çekilip, ýene ellerini-aýaklaryny ýalanmaga oturdy. Elini tüýkülikläp-tüýkülikläp, ýüzüni, gulaklaryny ýuwdy. Guýruklaryna çenli ýalap, arassalandy. —Görýäňmi onuň ýuwnuşyny, sen oňa hapa diýýäň—diýip, Mekan pişijegiň arassalanşyna guwanyp, Emire ýüzlendi. Bir zatjyk iýdigi, derrew ýuwunýa. —Ýuwundyk bormy şondan—diýip, Emir Mekana şol bir gedemligi bilen jogap berdi. Garakündügiň yhlas bilen ýuwnup oturyşyna Mekanyň enesem, ejesem ýylgyryşyp, guwanyp seretdiler. —Eý, hudaý jan, ýeriň ýüzünde her hili jandar bar-da. Şeýdip, ýalanmany kim öwretdi diýsene saňa—diýip, käse ýalyjak pişijegiň ýetişiksiz gara günde ýalanyp oturmasyny synlap, Mekanyň enesi özbaşyna gepledi.—Gan bilen siňýändir-dä bu zatlar haýwana. Ýalanyp bolansoň, pişijek bir gapdala baryp, düýrlenip ýatdy. Şol durşuna-da uka gitdi. —Sekä çykar. Ony biri görmän basar—diýip, enesi Mekana tabşyrdy. Mekan pişijegi ýerden alyp, agaç sekiniň bir çüňkünde goýdy. Pişik şol bada ýene düýrlenip, gözlerini ýumdy. —Beýdip köseneniňizden, gundap, sallançaga salaýsaňyz-laň ony, ene—diýip, Emir enesine kürşerip bakdy.—Ullakan adamlar bolubam, birhili-aý siziň bolşuňyz. Pişigi bäbege dönderdiňiz-laý. —Ol kiçijig-ä, oglum—diýip, enesi Emire düşündirdi.—Onsoňam, adamlar hemme janly-jandarlaryň howandary bolmaly. Rehimli bolmaly. —Bolýa-laý, ene!—diýdi-de, Emir elini silkip goýberdi. Soňam enesiniň gepine üns bermän, käçä tarap gitdi.—Baryň, beýle bolsa, bütin obanyň pişigini ýygnaň-da, serediberiň siz. —Emir jan-a öýe pişigiň gelenini halamandyr—diýip, enesi özbaşyna hüňürdedi.—Bütin obaň pişigini ýygnap näme edeli. Bolýa-da her öý bir pişigi saklasa... Her çagaň bir bolşy bar-da. Olaryň käsi haýwanlary halamaýar. Emirem şeýle çagalardan öýdýän. —Emir häli pişik bilen oýnadam, ene—diýip, Mekan enesine gep goşdy.—Ol pişigi halamaýany üçin ýoknasyzlyk edenok. Onuň häsiýeti şeýle. Göreňokmy, maňa-da gün bermejek bolup dur. —Hawa-da—diýip, enesi pessaý gepledi.—Düzeler-dä ulalyberse. Şunluk bilen garaja pişikli gürrüň birbada gutardy. Gün batyp, mazaly garaňky düşdi. Mekanyň ejesi nahar taýýarlap bolansoň, ýene sygryny sagdy. Süýtli bedräni gapydaky tuda berkidilen ilgençekden asansoň, nahar guýdy. Bütin maşgala nahar başyna geçdi. Naharyň ysyna ukudan oýanan garaja pişige-de çorba çörek dograp, bir käsejige guýup berdiler. Garaja pişik naharyň hemmesini iýmedi. Doýansoň, çete çekilip, ýene ýuwunmaga oturdy. —Bar işi ýuwunmak—diýip, nahardan doýup, elini ýuwmaga barýan Emir ýene garaja pişigiň böwrüne aýagy bilen çalaja dürtüp geçip gitdi. Garaja pişik oňa bir nazar salyp goýberdi-de, soň ýene öz işine gümra boldy. Şol wagt ekinçilik tarapdan iki sany çagasyny yzyna tirkäp, ene kirpi geldi. Bu öýe gelýänçä mydama doglan ýerinde, kümede bolan garaja pişik kirpini ilkinji sapar görýärdi. Şonuň üçin ol ilki kirpilere geň nazar bilen seredip, esli oturdy. Soň bolsa, ýuwaşlyk bilen olara tarap süýşdi. Onýança Emir hem elini ýuwup geldi. Saçak başynda oturanlar hem pişijege üns sowup, onuň kirpini geňleýşine hezil edip seredýärdiler. Şeýle-de bolsa, Emir hemmelere ýüzlenip: —Serediň, serediň, Garakündük kirpini geň görýä—diýdi. —Sensizem görüp otyrys—diýip, Mekan Emire jogap berdi.—Azar berme, göreli, nädýäler. Emir hem sekä geçip, garaja pişigiň bolşuny synlap başlady. Ene kirpi çagalaryny naharly käsäniň ýanyna eltdi. Özi iýmän, çagalaryny garawullamaga oturdy. Çagalary bolsa gezekli-gezegine käsä agyz urup, Garakündügiň iýmän goýan naharyny iýmäge durdular. Garakündük emaý bilen süýşüp, kirpilere has ýakyn bardy. Kirpi çagalary ondan gorkup, boýunlaryny ýygryp, kellelerini göwreleriniň içine çekip, ýumak ýaly bolup ýatyberdiler. Garakündügiň olary elläp göresi geldi. Ol ýumak ýaly bolup ýatan kirpileriň birini ilki ysgady, soň bolsa elläp gördi. Birdenem, eline kirpiniň tikeni batdy-da, elini çaltlyk bilen yzyna çekdi. Agyra çydaman: —Mýaw!—diýip, çirkin gygyrdy. Garakündügiň bolşuna maşgaladakylaryň hemmesi hezil edip güldi. Emir bolsa pişijegiň bolşuna has-da höwes bilen syn salýardy. Ol eline kirpiniň tikenini çümdüren Garakündüge gygyrdy: —Eý, akylsyz pişik! Kirpini ellemeli däl-ow! Garakündügiň çagalaryny ellemesine ene kirpiniň gahary geldi. Ol «tyss» edip, Garakündüge haýbat atdy. —Sen kim?—diýip, Garakündük elini awudansoň, ene kirpä ýüzlendi.—Daşyňyz ýöne tiken bolup dur. —Men kirpi. Bular meniň ogullarym—diýip, ene kirpi Garakündüge jogap berdi.—Sen näme, heniz kirpi görmänmidiň? Garakündük: —Ýok—diýdi.—Men entek kiçijik. Düýnjük ejem bizi süýtden aýyrdy. Men bu öýe şu gün daň bilen geldim. Ene kirpi: —Bilýän—diýdi.—Bu ýerden biz her gün geçip gidýäs. Ýöne şu güne çenli seni görmeýärdik. Özüňem meň ogullaryma eliňi uzatma. Olar senden gorkýalar. Goý, olar nahary iýsinler. Ony saňa beripdirler öýdýän? —Hawa, maňa berdiler—diýip, Garakündük düşündirdi.—Men onuň hemmesini iýmedim. Köpräk guýupdyrlar. Süýji nahar eken. Ýöne men heniz kiçijik bolamsoň, onuň hemmesini iýip bilmedim. Seniň ogullaryň ony iýseler—iýibersinler. Garakündükden bu sözi eşidenlerinden soň, kirpiniň çagalary kellelerini göwrelerinden çykaryp, ýene gezekli-gezegine käsä agyz urup, Garakündükden galan nahary iýip başladylar. —Bizi ejemiz yzyna tirkemeýär—diýip, Garakündük gamgyn halda ene kirpä gürrüň berdi.—Ol biziň barymyzy taşlady. Ejem bize «Pişikleriň hersi özbaşyna ýaşamaly» diýýärdi. Kirpiler-ä ogullaryny taşlamaýan eken. —Men mylkyjalarymy gowy görýän—diýip, ene kirpi söýünç bilen gepledi.—Men olary kiçijikkä asla zyňyp bilmen. Ýöne ulalanlaryndan soň aýry ýaşamak isleseler, gidibersinler. —Sen olaryňa «mylkyja» diýdiň welin, seniň olaryň-a diýseň gaty. Hatda olar meniň elimem agyrtdylar-a—diýip, Garakündük kirpiniň tikeni çümen elini ýalap goýberdi.—Elim henizem agyrýa. —Ýok, garaja pişijek, sen beý diýme—diýip, ene kirpi ogullaryna söýünç bilen seretdi.—Meniň ogullarym gaty ýumşajykdyr, olar meniň mylkyjalarymdyr. Kirpiniň ogullary nahardan doýup, çete süýşdiler. Onuň galanyny ene kirpi iýip gutardy. —Indi bolsa, ýola düşeliň—diýip, ene kirpi ogullaryna ýüzlendi. Garakündük bilen hoşlaşdy. —Sag bol, pişijek. Sen gaty göwnaçyk pişijek ekeniň. Bize naharyňdan berdiň. —Siz näme, bärde galmakçy dälmi?—diýip, Garakündük birbada kirpi bilen hoşlaşman sorady.—Siz bu öýüň kirpisi dälmi? —Ýok, biz hiç öýüňem kirpisi däl—diýip, ene kirpi jogap berdi.—Adamlar bizi uruba-a duranoklar. Ýöne öýlerinde-de saklap duranoklar. Biz islän ýerimizde ýaşaberýäs. —Men-ä adamlar gowy gördi—diýip, Garakündük buýsançly gepledi.—Olar maňa süýt hem berdiler. Tagamly zatlar berdiler. Soň ýene nahar hem berdiler. Ýöne bu öýde bir garagolja oglanjyk bar. Şol biraz azar berjek bolýa. —Adamlar pişikleri gowy görýärler—diýip, kirpi uludan dem aldy.—Sebäbi pişikler adamlara azar berýän syçanlary tutýarlar. —Sizem syçan tutaýyň—diýip, Garakündük kirpä maslahat berdi.—Ony tutmak şeýle kynmyka? —Kirpiler syçan tutmaýar—diýip, ene kirpi jogap berdi. Soň bolsa ýoluna rowana boldy.—Sen bu zatlary ulalaňsoň bilersiň. Biz howlugýas. Ýöräli. —Siziň adyňyz näme, indi duşamda bilerim ýaly?—diýip, Garakündük gidip barýan kirpileriň yzyndan gygyryp sorady.—Meniň adym-a Garakündük. Maňa bu ady adamlar dakdy. —Biziň adymyz ýok. Biziň hemmämiziň adymyz Kirpi—diýip, jogap berdi-de, ene kirpi çagalaryny yzyna tirkäp, garaňkynyň içinde gözden ýitdi. —Kirpi bilen näme gybat etdiň, hä?—diýdi-de, kirpiler gidensoň, Emir aýagy bilen ýene pişijegiň böwrüne dürtdi.—Ýa meni ýamanladyňmy oňa? —Degmesene şoňa, Emir—diýip, ejesi Emire käýindi.—Pişikdir-dä. Ol näme, gybat edip bilýämi? Bar işiň şol pişik boldy seniň. —Haýwanlaram öz dillerinde gürleşýärler—diýip, Emir öz sözüni tekrarlady.—Görmediňmi, kirpi bilen tyssyldaşyp näçe oturdy bi... —Haý, Emir, senem-ä—diýip, kakasy-da Emiriň bolşuna baş ýaýkady.—Hany, indi heriňiz öz ýeriňize geçiň-de, ýatyň. Wagt hem bir çene bardy. —Kirpi ýene ekinçilige tarap gitdi welin, gijesi bilen gawunlary iýip çykar-ow—diýip, Mekanyň atasy hüňürdedi. «Kirpiler bularyň ekinini iýýän ýaly-la» diýip, pişijek pikir öwürdi. Soň bolsa, ukusy tutup, mawlap ugrady. Saçak-supra ýygnalyp, düşekler ýazylansoň, Emir hernäçe gykylyk turuzsa-da, Mekan garaja pişijegi öz gapdalynda ýatyrdy. Dowamy bar... Ogulsenem Taññyýewa. | |
|
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |