01:22 Garakündügiñ başdan geçirenleri: 7. Akbilek | |
7. AKBILEK
Powestler
Syçanlar ýitensoň, Garakündük yzyna çykdy. Eýläk ýöredi, beýläk ýöredi. Şol wagt Emir turup, el-ýüzüni ýuwmaga ýöneldi. Geçip barýarka-da mydamaky endigi bilen Garakündügiň böwrüne aýagyny çalaja degrip goýberdi: —Ýene ýekeje sapar ir turup, ukymy bozaýsaň, şu öýe gelinýän ýoly tapmazyň ýaly ýere äkidip gelerin, eşitdiňmi? Garakündük oňa hiç zat diýmedi. Näme diýsin. Diýende Emir onuň gepine düşünjekmi! Emir halamaýan bolsa, indiden beýläk sesini çykarmasyz bolar. Bu öýe ýaňy gelensoň, ol heniz bu maşgaladaky düzgünleri bilenok ahbeti. Emir ýuwnup-ardynyp gelensoň, ejesi oňa çaý demläp berdi. Emir çaýyny içip bolýança Garakündük onuň gözünden çeträkde çommalyp oturdy-da, özüniň barlygyny bildirmedi. Çaýyny içip bolansoň, Emir hem köçä oýnamaga gitdi. Oturyp ýadan Garakündük hem gybyrdap, derwezäniň ýanyna bardy. Köçä ser salyp görmek isledi. Köçede gyk-da-bak bolşup, çagalar oýnaýardylar. Garakündük şowhun-şagalaňyň içinden Mekan bilen Emiriň sesini saýgardy. Emir nämedir bir zatlar diýip, hemmeleriň üstüne gygyrýardy. Kimdir birine nirede durmalydygyny öwredýärdi, başga birine haýal ylgaýany üçin igenýärdi. Ýene birine «topy sakla» diýip sögýärdi. «Emir diňe maňa däl. Hemmelere-de sögýän eken» diýip, Garakündük içini gepletdi. Ol gök reňkli derwezäniň aşagyndan sümdi-de, köçä çykdy. Çagalar ullakan topy depip oýnaýardylar. Olar Emirleriň howlusyndan at gaýtarym daşlykdadylar. Şonuň üçin garaja käse ýalyjak bolup oturan Garakündügiň howlynyň daşyna çykanyny hiç kim görmedi. Birden Garakündügiň ýanyna äpet kelleli, äpet gözli, äpet göwreli bir köpek geldi. Garakündük ol hakda «Göwresi edil ala sygryňkyça-ha ýok, ýöne Mekanyň atasynyň ot getirýän eşegiçeräg-ä bar munuň» diýip, içini gepletdi. Köpek şeýle bir gaharlydy, şeýle bir gaharlydy, aňyrdan hyrlap, tasap gelşine, ol Garakündügi ýuwdarly göründi. «Hyrr... Hyrrr...» edende onuň agzyndaky somalyp duran äpet dişleri görnüp, ony diýseň gorkunç hem eýmenç görkezýärdi. Gözleriniň ululygy hut Garakündüge süýt guýlup berilýän käse ýalydy. Şeýle uly gözleriniň içi gyzaryp durdy. Köpek Garakündügiň alkymyna dykylyp geldi-de: —Wowf! Wowf!—edip, üýrmäge durdy. Onuň sesine tas Garakündügiň gulaklary gapylypdy. —Sen näme, beýle gaty gygyrýaň? Sesiň gulaklarymy deşýä!—diýip, Garakündük çommalyp oturyşyna jyňňyldap ite ýüzlendi.—Kim sen? Köpek dillerini sallap haslady: —Adym-a Akbilek. Sen näme, heniz it görmänmidiň?—Şeý diýip, injikleri ala köpek badyny saklap, Garakündügiň gabadynda çommalyp oturdy.—Men gygyramok. Seni gorkuzýan. —Näme üçin meni gorkuzýaň?—diýip, Garakündük köpegiň diýýän gepine haýran galdy.—Men gaty kiçijig-ä, göreňokmy? Meni gorkuzmak seniň nämäňe gerek? Men saňa näme ýamanlyk edipmişim? Men seni ilkinji sapar görüp durun-a! —Sen meni göreniňden, gorkup, gaçyp gitmeli—diýip, Akbilek kiçijik pişigiň dogrudanam hiç zatdan habarly däldigine göz ýetirip, oňa it bilen pişigiň ýagdaýyny düşündirmäge durdy.—Saňa näme, ejeň hiç zat aýdyp bermedimi? —Syçanlar hem adamlar hakda gürrüň berdi—diýip, Garakündük dogrusyny aýtdy.—Ýöne itler hakda welin, hiç zat aýtmady. Belki-de, men uklap ýatyrkam, ol doganlaryma itler hakda-da bir zatlar aýdandyr. Men welin, ondan itlere degişli hiç hili gep eşidemok. —Bilmeýän bolsaň, bilip goý—diýip, Akbilek aňyrsyndan dyňzap duran gaharyny gizläp bilmän gepledi.—Hyrrr... Hyrrr... Itler bilen pişikler ganym duşman. Hawa, hut şeýle, ganym duşman! —Be... Mýaw...—diýdi-de, Garakündük Akbilekden eşiden habaryna gaty gynandy.—O näme üçin beýlekä? Meniň-ä hiç kim bilen duşman bolasym gelenok. Hana, Mekanyň dogany, Emir diýen oglanjygam meni hiç halanok. Şu öýe gelen pursatymdan bäri ol eýýäm meni üç sapar ekinleriň içine oklady. Şonda-da men oňa hiç hili ýamanlyk edemok. Ýogsa, arymy alybam bilerdim. Garakündügiň gepine Akbilek howfuldap güldi: —Howf, howf, howf! Sen şeýle kiçijik halyňa nädip ondan ar aljak? Garakündük bir elini öňe uzadyp, penjesini açyp görkezdi: —Ine, ýitije dyrnaklarym bar-a. Şunuň bilen onuň elinden dyrnaçaklabam bilerin. Gije ýatyrka-da elini, ýüzüni dyrnaçaklabam bilerin. Akbilek onuň bilen ylalaşdy: —Hawa, bi diýýänleriň-ä dogry. Elbetde, dyrnajyklaryň entek kiçijik ekenem welin, aý, onda-da näme, her zadam bolsa, ýitije zat. Olar ol oglanjygyň elini gaty agyrdyp biler. Garakündük penjesini ýygnap, rahatlanyp oturdy. Akbilek sözüni dowam etdi: —Näme diýsene, pişijek... —Meniň adym Garakündük—diýip, Garakündük Akbilege adyny aýtdy.—Maňa bu ady Emiriň atasy dakdy. Men çommalyp oturan halatym çopan kündügine gaty meňzeşmişim. —Hawa, meňzeýäň—diýip, Akbilek Garakündügiň aýdanyny makullady.—Men çopan goşunda bolup görüpdim. Goýun saklaşdym. Çopanlar kündügi oda goýup, çaý gaýnadýarlar. Ana, şol, oda goýulýan kündük garalyp-garalyp, hut seniň reňkiň kimin bolýar. Ýöne kündükleriň gabarasy senden uly. Sen bolsaň, gaty kiçijik. Meniň penjäm ýalyjag-a sen. —Aý, menem ulalaryn-da—diýip, Garakündük ynam bilen aýtdy. —Hawa, elbetde, ulalarsyň—diýip, Akbilek ýene ony makullady. Sözüne biraz dyngy berdi-de, soň ýene dowam etdi.—Näme diýsene, Garakündük meniňem hiç kim bilen duşman bolasym gelenok. —Onda näme üçin meni gorkuzjak bolýaň?—diýip, Garakündük öýkeli jyňňyldady. —Men aýdyp durun-a saňa, itler bilen pişikler duşman diýip. Bu duşmançylyk diýseň gadym döwürden bäri dowam edip gelýär—diýip, Akbilek Garakündüge özüniň näme üçin oňa topuljak bolanynyň sebäbini düşündirmäge durdy.—Maňa-da bu habary kakam aýtdy. Kakama bolsa, atam aýdypdyr. Atama-da atasy aýdypdyr... Garaz, şeýle-dä... Pişiklerde itleriň ary bar. Her bir it pişikleri görende, ondan öz atalarynyň aryny almaly. —Ar? O nämäniň ary?—diýip, Garakündük janygyp sorady.—Beýle bolar ýaly, pişikler itlere näme ýamanlyk edipmiş? —Sen iň gowusy, ony Mekanyň atasyndan soraý—diýip, Akbilek itleriň näme üçin pişikleri halamaýandygy hakdaky gürrüňi uzak dowam etmek islemedi.—Meniň köp gepläsim gelenok. Howa yssy. Yssyda meniň gymyldasym gelenok. Häzir kölegä gidip ýatjak. Ýöne seni gorkuzyp gideýin diýip geläýdim. —Men-ä senden gaçybam bilmen—diýip, Garakündük Akbilege ýüzlendi.—Görüp dursuň-a, men zordan ýöreýän, gaty kiçijik heniz. Indi sen näme, atalaryňyň aryny almak üçin meni iýäýjekmi? —Ýok, iýip durman—diýip, Akbilek çopan telpegi ýaly tüýlek hem gaba kellesini silkeledi.—Itler pişigi iýmeýä. Diňe kowalaýarlar. Tutaýsalaram, mazalyja bogup, olara temmi berýärler. Kiçijik bolanyň üçin men häzirlikçe saňa degmäýin. Ýöne sen menden gorkan bolup, öýüňe bir git-dä. Ýogsa, görenler näme diýer. Dyrnak ýalyjak pişijek äpet Akbilekden gorkanogam diýerler. Men beýle gepiň astynda galyp bilmen. —Men senden gorkamogam—diýip, Garakündük arkan gaýyşdy.—Atalarymyz duşman bolupdyr diýip, sen näme üçin maňa degmeli? Atalarymyz duşman bolan bolsa, bolup geçsin. Ikimiz dost bolaýaly. Uruşmak nämä gerek? Akbilek Garakündügiň diýeni bilen ylalaşmak islemedi: —Adamlar gürrüň eder. Olar itler bilen pişikleriň duşmançylygy hakdaky hakykaty bilýärler. Ine, onsoň, «Akbilek atalarynyň aryny unudyp, ganym duşmany bolan pişikleriň nesli bilen dostlaşypdyr» diýerler. Beýle geplere men çydaman. —Gaýtam ikimiz dost bolsak, adamlar gowy göräýmese—diýip, Garakündük öz pikirini aýtdy.—Adamlar gowy. Olar beýle gyjalatly gepler aýdarlar öýdemok men-ä... —Sen, iň bärkisi, ýekeje sapar bir menden gaçan bolaý—diýip, Akbilek Garakündügiň akyl satan bolup oturyşyna gaharlandy.—Bar, git öýüňe. Men yzyňdan üýren bolaýyn. Bar. Adamlar ýeke sapar bir görsün, meniň senden atalarymyň aryny aljak bolanymy. —Gitjekgä—diýip, Garakündük Akbilegiň kejine gaýtdy.—Men Mekan dagynyň top oýnaýşyna seredýän. Seniň özüň gidiber, gelen ýeriňe. Men seni çagyryp getiremok. Garakündügiň özüni diňlemeýşine Akbilegiň gahary geldi. —Dyrnak ýalyjak bolup, sen näme üçin özüňden ulyny diňläňok?—diýip, ol Garakündügiň üstüne düwlemäge başlady.—Bar, git öýüňe! Ýogsa-da, bogup başlaryn häzir! Wowf! Wowf! —Özüňden uly dogry zat diýýän bolsa, diňlese-de bolar—diýip, Garakündük ýene öz diýenine tutdy. Özem ýerindenem gozganmady.—Sen meniň ýaşaýan gapyma gelip, meni kowup dursuň-a. —Bu ýer köçe, seniň ýaşaýan ýeriň däl—diýip, Akbilek öz sözüni gögertmek üçin has-da gaharlanyp başlady.—Öýüňe gir diýilýä saňa! Wowf! Wowf! Wowf! Öýüňe gir diýilýä! Akbilek şeýle bir gaty ses bilen üýrüp başlady welin, onuň sesi Garakündügiň gulaklaryny ýarara getirdi. Garakündük Akbilekden gorkanlygy üçin däl-de, onuň sesinden gaçmak isläp, öýe gitmek üçin ýerinden gobsundy. Onýança-da top oýnap ýören Mekandyr Emir bularyň ýanyna ylgap geldi. —Eý, Akbilek!—diýip, Emir aňyrdan gelşine Akbilege haýbat atyp gygyrdy.—Biziň pişigimize degäýseň, öňem jontuk guýrugyňy kesip, öňküsindenem beter jontardaryn, eşidýäňmi? Emirden Akbilegem almytyny az almandy. Ol näçe sapar Akbilegi top bilen urupdy. Yzyndan ençeme sapar kesek zyňypdy. Emir Akbilegiň guýrugyny kesjek diýse, keserem. «Bu garagol oglandan her zat çykar. Öňem jontuk guýrugym soňra ne hala düşer?» diýip, pikir etdi-de, Akbilek Emiriň sesini eşidenden gaçyp gitdi. Akbilek gidensoň, Emir mydamaky endigi boýunça ýygrylyp duran Garakündügiň yzyndan köwşüniň burny bilen çalaja itip goýberdi: —Bar-ow, senem dyrnak ýaly halyňa köçede entäp ýörme-de, öýe gir. Ýogsa, dişlejek it köp bolar. Emiriň öz tarapyny tutmasyna, özüne «Biziň pişigimiz» diýmesine Garakündük birbada begenmän durmady. Ýöne ýene öňki betligi bilen öz üstüne gygyrmasyna, aýagy bilen itibermesine welin, nähili düşünjegini bilmedi. Mekan Garakündügi gujagyna aldy. Ony sypap durşuna, Emire gatyrgandy: —Derrew depiberýäň-aý, Emir. Birden-ä ony gowy görýäň. Birdenem depiberýäň. Düşer ýaly däl-aý saňa. —Düşmeseň, düşmän geç—diýdi-de, Emir elindäki topy ýere patdyldadyp urmaga başlady.—Islesem, häzir Akbilege tabşyryk berip, şu pişigi hol, aýak ýetmez ýaly ýere äkitdiribem bilerin! —Şol wagt beýleki çagalaram ylgaşyp geldiler. Olar Mekanyň elindäki kiçijik, garaja pişijegi gezekli-gezegine, söýünç bilen sypadylar: —Bujagaz pişijegiň gowujadygyny! —Reňkem garaja. —Şeýle garaja pişigi birinji sapar görýän-aý. —Muny nireden aldyňyz, Mekan? —Özi geldi—diýdi-de, Mekan hem pişijegi birsyhly sypalady. —Maňa beräý-dä! —Berjekgä-laý. Özümem begenip durun öýümize şeýle pişigiň gelenine. Emir çagalaryň arasynda duran, bäş-alty ýaşlar töweregindäki gyzjagazyň gyzyl saçbag dakan gulpaklaryndan çekip goýberdi: —A gyz, Aýna! Häli siziň itiňiz biziň pişigimizi dişlejek bolup duran eken. Eger ol ýene biziň pişigimize degäýse, daş bilen men onuň böwrüni garaldaryn, eşidýäňmi, aýt şony itiňe! Gyzjagaz Emiriň elinden saçyny çekip aldy-da, gaçyp gitdi: —Aýtjakgä! Aýtjakgä!—diýibem, gidip barýarka, gygyryp, Emire jogap berdi.—Häli topuň bilen urduň gerek? Goý, biziňem itimiz siziň pişigiňizi dişläbersin! Çagalar ýene oýnamaga gitdiler. Mekan hem Garakündügi howla goýberdi: —Bar, pişim, indi howludan çykma. Ýogsa, seni ýene itler dişlär—diýibem, oňa bek tabşyrdy. Garakündüge şeý diýensoň, Mekan hem çagalaryň yzyndan ylgap gitdi. Garakündük bolsa, Mekanyň enesiniň ýanyna gelip oturdy. Ilki mazaly ýalanyp, ýuwundy. Soň bolsa, Mekanyň enesiniň gapdalyna dykylyp, uklamaga çemlendi. Azajyk gybyrdanam bolsa, ony ýadowlyk basmarlapdy. Ir hem oýanansoň, ukusy-da tutýardy. Ol kellesini ýere goýandan, uka gitdi. Dowamy bar... Ogulsenem Taññyýewa. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |