01:27 Garakündügiñ başdan geçirenleri: 8. Näme üçin itler pişikleri halamaýarlar? | |
8. Näme üçin itler pişikleri halamaýarlar?
Powestler
Garakündük şol irkilişine agşama çenli ýatdy. Hatda ol günortan Mekan bilen Emiriň öýe gelip, çaý içip, nahar iýip gideninem duýmady. Emir endigi boýunça aýagy bilen itip, özüniň gelenini Garakündüge duýdurjak hem boldy. Ýöne enesi: «Degme. Ýatana ýylanam degmändir. Ýylandan-da erbetmi sen?!» diýip, käýýäp, Emire Garakündügi oýarmaga ýol bermedi. Çagalar iýip-içip bolanlaryndan soň, ýene top oýnamaga gitdiler. Garakündük bolsa, burnuna tagamlyja etiň ysy uran wagty oýandy. Uzakly gün ýatansoň, diýseň ajygýardy hem. Etiň ysy aşhanadan gelýärdi. Mekanyň ejesi agşamlyk naharyň ugruna çykypdy. Garakündük ýerinden turandan, gybyrdap, aşhana bardy. Çagajyk ýaly gygyryp, Mekanyň ejesinden et diledi: —Mýaw! Mýaw! —Sen muny iýip bilermikäň?—diýip, Mekanyň ejesi Garakündüge gep goşdy.—Men saňa eti kiçijik bölejiklere bölüp, dograp beräýerin. Şeý diýip, Mekanyň ejesi elindäki etden bir bölejik alyp, ony kiçijik dogramçalara bölüp, Garakündüge berdi. Garakündük özüne berlen paýy iýip bolansoň, aşhanadan çykdy. Elini-ýüzüni ýuwdy. Howlynyň içinde aýlandy. Baglardan gaçan ýapraklary oýnady. Garaňky gatlyşansoň, Mekan bilen Emir hem köçeden gaýdyp geldi. Öýüň gündizki iş-aladalary birýan ýüzli edilip, maşgala saçagyň başyna geçip, agşamlyk edinmäge oturdy. Garakündügiň-de käsesine şülejik guýup berdiler. Nahar atarylmanka et iýenligi sebäpli, Garakündük häzir gaty aç däldi. Ol ýene şülesiniň hemmesini iýmän goýdy. Şol wagt ýene çagalaryny yzyna tirkäp, geçen agşamky kirpi geldi. —Garakündük!—diýip, ene kirpi aňyrdan gelşine Garakündüge ýüzlendi.—Seniň naharyň ysy alyp barýa. Ýene iýmän goýupsyň öýdýän. Ony meniň ogullarym iýäýsin? —Iýsin-iýsin—diýip, Garakündük şülesini ene kirpiniň ogullarynyň iýmegine razylyk berdi.—Men häliräk et iýdim. Şonuň üçin gaty aç däl. Irden bolsa maňa süýt berýäler. —Adamlar şeýdip, bize-de nahar beräýsediler—diýip, ene kirpi uludan dem aldy. —Sizem adamlara kömek ediň. Şonda olar size-de nahar bererler—diýip, Garakündük ene kirpä pikirini aýtdy.—Geçen agşam, siz gideniňizden soň, Mekanyň atasy siz hakda gürrüň etdi. Ol size gawunlary iýýä diýdi. Beýdip ýörseňiz, elbetde, adamlar nahar bermez-dä size! —Biz olaryň bize nahar bermeýäni üçin şeýdýäs—diýip, ene kirpi birneme gaharlandy.—Adamlar pişiklere nahar berýä, itlere berýä, goýundyr sygyrlara-da berýä. Hatda eşege-de ot-iým berip durlar. Towukdyr towşanlara-da berýäler. Guşlaradyr balyklara-da berýäler. Kirpilere bolsa berenoklar. Bize-de iýmäge zat berseler, bizem olaryň gawunlaryna degmeris. Bermeselerem, degjek. Hä... «Be...» diýip, Garakündük ene kirpiniň gepini diňläp, oýa batdy. «Adamlar diňe pişikleri däl, eýsem kän jandarlary gowy görýän eken. Görsene, olar hemme haýwanlara, hatda guşlara çenli iýmit berýän ekenler. Kirpilere näme üçin hiç zat bermeýäkäler?» —Siz adamlara nämedir bir kömek edäýerler—diýip, Garakündük pikirlerinden saplanyp, ýene ene kirpä öňki maslahatyny berdi.—Belki, şonda olar size-de nahar bererler. —Guşlar näme adamlara kömek edýämi? Balyklar kömek edýämi?—diýip, ene kirpi gahar bilen mydyrdady. Soň ogullaryny gyssady.—Boluň basym, Aý şöhlesi ýitmänkä gawunlyga baralyň-da, gawun iýeliň. Aý şöhlesi ýitensoň, gowy gawunlary tanap bilmeris. Şeý diýdi-de, ene kirpi ýola düşdi. Ogullary-da onuň yzyndan ýörediler. —Men entek guşlar hem balyklar barada hiç zat bilemok-da—diýip, Garakündük ene kirpiniň yzyndan gygyrdy.—Şonuň üçin olaryň adama näme kömek edýäni hakda aýdyp biljek däl. Biraz saklanyň-da. Geliň, gürrüň edeliň. Men size özümi Akbilegiň kowalajak bolanyny aýdyp bereýin. —Aý, ol Akbilekdir-dä—diýip, ene kirpi birbada badyny saklap, Garakündüge jogap berdi.—Ol hemmäni kowalajak bolýa. Ýa dişlejek bolýa. —Ol sizem dişlejek boldumy?—diýip sorady-da, Garakündük ylgaşlap ene kirpiniň ýanyna bardy. —Aýdyp durun-a ol hemmäni dişlejek bolýa diýip. Ýöne Akbilek kimi dişlese-de, kirpileri dişläp bilmez—diýdi-de, ene kirpi tumşugyny ýokaryk tutdy. —O näme üçin?—diýip, Garakündük ene kirpiniň bu sözüne geň galyp sorady.—Ol sizden gorkýamy? —Gorkanok-la—diýip, ene kirpi janyýangynly gepledi.—Akbilegiň gorkýan zady barmy? Ýöne ol bizi iýip bilenok. Ol bizi iýjek bolýa welin, biz ine, şeýdýäs-dä, togalanypjyk ýatyberýäs. Ine, seret! Şeý diýensoň, ene kirpi kellesini göwresiniň içine ýygryp, tos-togalak topa meňzäp ýatyberdi. Şeýdip ýatyşyna Garakündüge gygyrdy: —Hany, elläp gör, meni, Garakündük! Garakündük ene kirpä elini uzatmady. —Aý, ýok-laý, men seni ellejek däl—diýip, oňa jogap berdi. Geçen agşam ogullaryňy elläp gördüm-ä şeýdip ýatyrkalar. Şonda olaryň tikeni meniň elime çümdi. Ene kirpi kellesini göwresinden çykardy. —Hürk-hürk—edip, Garakündügiň gepine hezil edip güldi.—Bolýa bize degip bolmaýanyna düşünen bolsaň. Indem, Garakündük, sen bizi güýmeme. Biz aý batmanka gawunçylyga barmaly. Gowuja gawunlardan iýip, agşamlyk edinmeli. Häzirlikçe hoş. Şundan soň ene kirpi çagalaryny yzyna tirkäp, ýene garaňkylyga siňip gitdi. —Kirpiler-ä gawunlary zaýalaýar-aý—diýip, Mekanyň atasy çaý içip oturyşyna gepledi.—Bir-ä temmisini bermeli bulaň. —Ekin doly gawun. Goý, ol janawerlerem datsyn—diýip, Mekanyň enesi atasynyň sözüni böldi.—Bize-de galany bolar. Janly-jandarlar-da bir zat iýmeli ahbeti. —Wah, günde şol bir gawuny iýseler, gynanjak däl—diýip, Mekanyň atasy birneme gaharlandy.—Günde bir gawuny zaýalaýa olar. Özem iň gowy gawunlary deşýäler. —Aý, bolýa-la—diýip, Mekanyň enesi ýene öz sözüni makullady.—Şonda-da bize ýeter-le ekinler. Tüweleme, gawun gowy düwüpdir. Satyp gutarybam bilmeýäň şolary. Mekan atasydyr enesiniň gepini gawunlardan sowdy. —Ata-ata—diýip, ol atasyna Akbilekli wakany gürrüň berdi.—Bu gün goňşulaň iti Akbilek tas Garakündügi iýipdi. —It hiç wagt pişigi iýmez—diýip, atasy Mekanyň sözüne ýylgyrdy.—Ýöne gorkuzmak üçin topulandyr-da. Garakündük Mekanyň atasynyň gözi bilen görmedik zatlaryny-da bilşine haýran galdy. Onuň Akbilek hakda ýene aýtjak zatlaryny diňlemek üçin agaç sekä ýakynrak ýere baryp, çommalyp oturdy. Onuň geplerine gulak saldy. —Näme üçin itler pişiklere topulýar, ata?—diýip, Mekan atasyndan bilesigelijilik bilen sorady. —Bu waka şeýle bolupdyr—diýdi-de, Mekanyň atasy Garakündügi-de gyzyklandyrýan ol waka hakda gürrüň bermäge başlady.—Gadym-gadym zamanda, mydama gök öwsüp duran tokaýlykda ähli haýwanlar bir maşgalada jem bolup ýaşar ekenler. Ýolbarslar, gaplaňlar, şir-peleňler, aýylar, möjekler, şagallar, tilkiler, itler, pişikler... Garaz, ähli haýwanlar bile ýaşaýan ekenler. Özlerem diýseň agzybir ekenler. Güýçlüler uzakly gün aw awlapdyrlar, ejizräkler gowaklary hem getirilen awlary saklapdyrlar. Agşamlaryna bolsa üýşen awy hemmeler deň paýlaşyp, iýipdirler. Ine, şonda günleriň bir güni itleriň biriniň kellesine bir pikir gelipdir. «Getirilýän awlaryň barysy lak-luk atylýar. Belki, günleriň bir güni iýmit ýetmezçiligi bolar. Ýa-da bir gün aw tapmagyň kyn bolmagy mümkin. Ine, şonda aç galmazymyz ýaly, ertirki güne ätiýaçlyk iýmit saklanaýsa-ha kem bolmazdy. Bu getirilýän awlardan biraz bölegini ätiýaçlyk üçin bukmak gerek» diýip, ol it oýlanypdyr. Soňra özüniň bu pikirini özüniň ýoldaşyna aýdypdyr. Bu pikiri ikinji it hem makullapdyr. Soňra bu pikir ähli itleriň arasyna ýaýrapdyr. Itler bu mesele barada üýşüp, pikir alyşypdyrlar. Şonda olaryň biri: —Biz bu etjek bolýan işimizi beýleki haýwanlaryň hiç birine aýtmalyň. Artan awlary özümiz üýşüp, gömüp goýbereliň. Iýmit ýetmezçiligi dörän halaty bolsa biz özümiziň bukan zatlarymyzy olara çykaryp bereris welin, şonda hemmeler begener. Şeýtsek, hiç wagt haýwanlaryň arasynda iýmit ýetmezçiligi sebäpli alada bolmaz—diýipdir. Bu pikirleri-de ähli itler makullapdyrlar. Ine, şeýlelikde, her gün agşam getirilen awlar paýlanyp, agşamlyk edinilensoň, galan süňkleri itler bir çete üýşüripmişler hem-de olary hemmeler uka gidensoň, agaçlaryň düýbüne gömüp başlanmyşlar. Itleriň gijesi bilen hasanaklaşyp, bir işler edip ýörenini pişikleriň biri görüpdir-de, itleriň näme işleýänine ogrynça syn salypdyr. Görse, itler iýilmän galan süňkleri aldygyna ýere gömýärmişler. Bu hadysany gören pişik özüniň şaýat bolan wakasyny bir pişige gürrüň beripdir. Ikinji pişik üçünji pişige gürrüň beripdir. Ine, şeýdip, itleriň edip ýören işi ähli pişiklere aýan bolupdyr. Olar üýşüp, bu habary tokaýlar şasy Şir-Peleňe ýetirmeli diýen netijä gelipdirler. —Ine, şonda pişikler bir uly ýalňyşlyk goýberipdirler—diýip, Mekanyň atasy gürrüňiniň arasyny ýolup, ol bolan waka hakda öz pikirini nygtady.—Pişikler öz gören hadysalary hakda Şir-Peleňe habar bermezden ozal itlerden näme iş edýänlerini soran bolsalar, hakykaty eşiden bolsalar, belki, itler bilen pişikleriň arasynda baky duşmançylyk galmazdy. Ýöne pişikler itlerden hiç zat soramandyrlar. Olar süňk gömüp ýören itleriň taýak atymlygynda duran ýerlerinden, ähli janly-jandarlar eşider ýaly, sesleriniň ýetdiginden gygyryp ugranmyşlar: —Mýaw! Mýaw! Eşidiň! Görüň! Itler ogurlyk edýäler! Itler galan awlary bukýalar! Pişikleriň sesine ähli haýwanlar itleriň süňk gömýän ýerine göz açyp-ýumasy salymda üýşenmişler. Görseler, hakykatdan-da itler süňk gömýärmişler. —Näme üçin siz hemmäniň hakyny ogryn ýere gömýärsiňiz?—diýşip, ýerli-ýerden gygyryşypdyrlar-da, ýolbarslardyr gaplaňlar, şagallardyr tilkiler, şir-peleňler, garaz, tokaýdaky haýwanlaryň ählisi itleriň üstüne topulyp, olary urup-dişläp başlanmyşlar. Itler bolsa özleriniň näme üçin beýdýänlerini düşündirjek bolanmyşlar. Ýöne olary hiç kim diňlemändir. Şeýle bir uruş bolanmyş, şeýle bir uruş bolanmyş, haýwanlaryň biri-birlerine salan ýaralaryndan akýan ganlardan tokaý gyzyl reňke boýalanmyş. Itler ol jeňden zordan gaçyp gutulanmyşlar. Ol jeňde itleriň köpüsi ýaralanyp, köpüsi ölüpdir. —Dagy-duwara itleriň birinem tokaýa goýbermeli däl—diýip, soňra haýwanlar şert edipdirler. Şol jeňden soň itler obalara siňip, adamlar bilen dostlaşypdyrlar. Adamlaryň töwereginde ýaşap başlapdyrlar. Özlerem ýagdaýa doly göz ýetirmän, şugulçylyk eden pişikleri diýseň ýigrenipdirler. Pişikleriň öz başlaryna saldyran ol betbagtçylyklary hakdaky gürrüňi itler öz nesillerine birsyhly gürrüň berip, nesilleriniň ählisini pişiklerden ar alyp gezer ýaly edýärler. Ine, şonuň üçinem itler mydama pişikleri gören ýerinde gaharlanyp, kowalap gezýärler. Mekanyň atasynyň bu gürrüňlerini hemmeler gyzyklanyp diňledi. —Be... Pişikler adamlary ýylandan halas edenem bolsalar, olaryň ýaman iş eden ýerem bar eken-ow—diýip, Mekan atasynyň gürrüňini hezil edip diňlänsoň, özbaşyna gepledi.—Şol döwürden galan endikdir-dä, onda, Akbilege-de çörek ýa-da süňk berýäň welin, derrew ýere gömüp goýýa. —Hawa, şol döwürden galan endik bolmaly—diýip, atasy Mekana düşündirdi.—Itler aç däl wagty berlen zady gömüp goýýarlar. Syn edip görüň, soňra, ajygan halaty gömüp goýan çöregini ýa-da süňküni çykaryp iýýändirler. —Hawa, olaryň şeýdýänini menem kän sapar gördüm—diýip, Emir hem gepe goşuldy. Itleriň tokaýdan kowulmasyna bolsa onuň nebsi agyrdy.—Itleri tokaýdan kowduryp, pişikler-ä ýaman iş edipdirler. —Iň soňunda Şir-Peleňleriň gulagyna hakykat ýetenmiş. Olar itleriň süňkleri ertirki günüň aladasy üçin gömendiklerini eşidipdirler. Bir zadyň anygyna ýetmän, itlere töhmet atyp, özlerini gowy dostlaryndan aýranlary üçin tokaý haýwanlary soňra pişikleri-de tokaýdan kowup goýberipdirler. —Bähbit bolupdyr—diýip, Mekanyň enesi gepe goşuldy.—Bahana bilen, hana, itlerem, pişiklerem adamlara dost boldular. Itler öýümizi, goýun sürülerimizi gorap berýär, pişikler bolsa öýümizi syçandan arassalaýar. —Ondan bäri kän wagt geçipdir-ä, ata—diýip, Mekan alada bilen atasyna sowal berdi.—Indiberi itler ol duşmançylygy unudaýmaly ýaly... Ýöne häzirem pişikleri kowalap ýörler. Atasy ýene Mekany makullady: —Hawa-la, indiberi itler pişikleriň günäsini ötäýmeli. Geçmişde adamlaryňam biri-biri bilen garpyşan ýeri köp bolupdyr. Adamlar indi uruşlaryň düşünişmezlikden bolýanyna göz ýetirdiler. Biri-birleri bilen dostlaşýarlar. Ýöne, her zat hem bolsa, ilki ýaşan mekanyňdan, bile ýaşaşan dostlaryňdan aýrylmak kyn ahyry. Elbetde, beýle aýralyga sebäp bolýanlary wagtynda bagyşlap bolmaýar. Bir döwür geler, belki, itlerem pişikleriň günäsini öterler. —Gadym wagtlardaky pişikleriň eden ýaman işi üçin häzirki pişikler günäkär däl-ä, ata—diýip, Mekan ýene atasyna özüni alada goýan soragy berdi. —Dogry aýdýaň, sen, oglum—diýip, atasy-da Mekanyň pikirlerini birsyhly makullady.—Öňki pişikleriň günäsi üçin häzirki pişikler jebir çekmeli däl. Ýöne, tebigatyň bir kanuny bar, ulularyň edýän ýaman işleriniň zeperi mydama nesillere degýär. Şonuň üçin her kim bir iş etjek bolanda, ilki mazaly oýlanyp-ölçerip etmelidir. Başga biriniň göwnüne degjek işi, başga birine zyýan saljak işi etmeli däldir. Garakündük öz atalarynyň eden bu uýat işi hakda eşidip, gaty gynandy. Hem utançdan ýere giräýjek boldy. Bütin gijesini şol ýaramaz waka hakda pikir edip geçirdi. Akbilegiň ata-babalarynyň ykbalyna-da gynandy. Daň atdygy, atalarynyň eden ol ýaramaz işi üçin Akbilekden ötünç soramagy şert etdi. Garakündük itler bilen pişikleriň arasynda beýle-beýle duşmançylyk bolandyr öýdüp, asla küýüne getirmändi. Dowamy bar... Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |