01:29 Garakündügiñ başdan geçirenleri: 9. Ýegre dost | |
9. ÝEGRE DOST
Powestler
Garakündük bu gün hemmelerden ir oýandy. Şol wagt daň atyp, ak iňrik töwerege süýt kimin reňkini çalyp ugrapdy. Ir tursa-da, Garakündük bu gün: «Men oýandym, meni sekiden düşüriň» diýmek üçin mawlamaga het etmedi. Demi çykdygy Emiriň özüni ýene ýorunjalygyň içine oklap goýberjegini bilýärdi. Geçen sapar birnäçe gezek oklanynda hem ol tas Garakündügiň gapyrgalarynyň külüni çykarypdy. Ýöne näme-de bolsa, ýumşajyk ýorunjalar hem Garakündügiň aýaklarynyň üstüne düşüp bilmesi onuň dadyna ýetipdi. Akbilegiň ata-babalarynyň tokaýdan kowluşy hakda Mekanyň atasyndan eşiden gürrüňleri sebäpli, henizem Garakündügiň keýpi ýokdy. «Meniň ata-babalarym näme üçin ýagdaýa doly göz ýetirmän, beýdip, şugulçylyk etdikäler?» diýip, Garakündük Mekanyň ýorganyndan çykyp, Emir bilen Mekanyň aralygyndaky boşlukda çommalyp oturdy-da, içini gepletdi. «Itler pişikleri kowalamaz ýaly däl eken. Indi men, bu waka hakda eşidemsoň, Akbilegiň gözüne nädip görnerkäm?». Garakündük pikire batyp, köp oturdy. Oturyp-oturyp, aýaklary gurşup gitdi. Soň ýadap, gerinjiredi. Uzyn-uzyn pallady. Töweregindäkiler oýanar ýaly däldi. «Wah, basymjak ulalyp, şu sekiden düşmegi bir başarsadym» diýip, Garakündük pikir öwürdi. Hiç kimiň oýanmaýşyna ýüregi gysyp gitdi. «Pişiklere köp ýatýar» diýýärlerem welin, adamlaryň özlerem-ä az ýatanok. Daň agaranda bir turaýmaly ahyry bular. Adamlar diňe garaňkyda ýatsa bolýa-da. Gündiz olaryň işem köp-ä». Garakündük ahyry çydamady. Mekan bilen Mekanyň ejesiniň aýaklaryna münüp, eýläk-beýläk ýöredi. Emire tarap welin, geçmäge het etmedi. Şol wagt ala sygryň uzyn-uzyn molamasy-da eşidildi: —Mo! Mo! Mekanyň ejesi aýaklarynyň üstündäki gybyrdyny duýdy. Oýaly-ukuly halda ýatyşyna: «Garakündükdir-ow şü» diýen pikiri aňyna aýlady. Derrewem gözüni açyp, diklenip oturdy. Edil şol wagtam ala sygryň sesi gulagyna geldi. —Garakündük, sen eýýäm oýandyňmy?—diýip, Mekanyň ejesi garaja pişige gep goşdy.—Gel, men seni peşehanadan çykaraýyn hem sekiden düşüreýin. Sen ýere düşüp bilmän otyrsyň gerek? —Mýaw—edip, Garakündük ýuwaşja jyňňyldy bilen Mekanyň ejesine jogap berdi. —Ala sygyr nämä daň bilen molaýarka? Oňa näme bolduka?—diýip, Mekanyň ejesi Garakündügi eline alyp, ýere goýberip durşuna özbaşyna gepledi.—Ýa gölejigi boldumyka? Garakündük ýere düşenden, öz aladalary bilen gybyrdap, ekiniň aýagujyna gitdi. Gidip barýarka gulaklaryna Emiriň gaharly sesi ildi: —Nämä hüňürdeşýäňiz? Ýene pişik oýandymy? Indi bu öýe pişik gelen bolsa, arkaýyn uky alyp bolmaz! —Pişik oýansa-da, bu gün sesini çykarmady, ýatyber, oglum—diýip, ejesi Emire jogap berdi.—Men gepleýän. Sygrymyz guzlady öýdýän. Molap, sesi gelýä. Garakündük öz işlerini bitirip, gapa geldi-de, mazaly ýalanyp, ýuwundy. Şol wagt derwezäniň aşagyndaky boşlukdan Akbilegiň penjeleri göründi. Ony görüp, Garakündük gorkup gitdi. «Akbilek menden atalarynyň aryny almaga geldimikä?» diýip, alada bilen içini gepletdi. «Haçanda gorkmaga zadyň baryny bilen halatyň gorky has-da gorkuly bolýan eken!» Akbilek howlynyň haýaty bilen derwezäniň aralygyndaky yşlara ýüzüni goýdy-da, howla seretdi. Ol yşdan Akbilegiň käse ýaly, ullakan bir gözi Garakündüge göründi. Akbilegiň gözi sowuklaç balkyldap duranam bolsa, Garakündük onda öte gahar baryny duýmady. Şol sebäpli hem onuň ýüregindäki gorkusy birneme düşüşdi. Ýöne Akbilegiň ýanyna barjagyny-da, barmajagyny-da birbada bilmedi. Ýaýdandy durdy. Onýança Akbilegiň özi Garakündügi ýanyna çagyrdy: —Wowf! Kündük, gel bärik! «Näme üçin?» diýip, Garakündük Akbilekden soramakçy boldy. Birdenem gaty gygyraýsa, Emiriň oýanjagyny ýadyna salyp, sesini çykarmady. Gyrmyldap, derwezä tarap ugrady. Ýöne howlynyň daşyna welin çykmady. Ýogsa ol, derwezäniň aşagyndaky sere boýy boşlukdan arkaýyn geçibem biljekdi. Garakündük derwezäniň bir ädim ýaly golaýyna baryp, badyny saklady. Akbilegiň yşdan seredýän ullakan ýeke gözüne tiňkesini dikdi. —Mýaw... Näme, Akbilek?—diýip, Akbilege ýüzlendi. Soň hem: «Sen meni iýmäge geldiňmi?» diýip, sorajak boldy. Ýöne birdenem, düýn Akbilegiň: «Itler pişikleri iýmeýär, diňe gorkuzýar» diýenini ýatlap, gepini başgaça dowam etdi.—Akbilek, men seniň ýüzüňe seretmäge utanýan. Ata-babalarymyz biz—pişikleri itleriň ýanynda nähili uýada goýup gidipdirler! Ol bolan zatlar üçin men senden ötünç soraýan, Akbilek! —Wowf! Sen utanma, Kündük! Geçeni geçdi bileli. Boljak iş bolupdyr. Ol bolan waka üçin seniň-ä günäň ýok, meniň bolsa jebir çeken ýerim. Ata-babalarymyzyň eden işleri üçin näme üçin ikimiz duşman bolmaly? —Sen gaty gowy it ekeniň, Akbilek!—diýip, Garakündük çyny bilen aýtdy. Özem Akbilegiň bu rehimliligi üçin ony hakykatdan-da gowy gördi.—Mýaw! Ynanaý sen şuňa, Akbilek! —Itleriň hiçisem erbet däldir, wowf!—diýip, Akbilek Garakündüge jogap berdi.—Itler diňe özlerine degeni ýarýarlar. —Geçen agşam Mekanyň atasy pişikleriň itleri tokaýdan kowduryşy hakdaky wakany gürrüň berdi—diýip, Garakündük gepini dowam etdi. Akbilek onuň sözüni böldi: —Bilýän. Men hem onuň gürrüňini diňledim. Garakündük haýran galdy. «Akbilek nädip bärdäki gepi hol, allaowarradaky goňşynyň öýünden eşidip bildikä?» diýip, gözlerini elek-çelek edip, içini gepletdi. Onuň näme hakda pikire batanyny Akbilek aňdy. Şonuň üçinem Garakündügiň özüne berjek sowalyna garaşman: —Biz, itler gaty uzaklardaky sesleri-de eşidip, diňläp bilýäris—diýdi.—Özüňem, gel, bärik geçäý, Garakündük. Men seniň bilen uruşmakçy däl. Meniňem ýüregim gysýa. Bile oýnamaga ýoldaş gerek. Obadaky itleriňem köpüsi bilen garpyşyp çykdym. Olaryň köpüsi bolsa ýaşaýan howlularyndanam çykanoklar. Şol, iýip-içip ýatyrlar. Mekanyň atasy aýtd-a, adamlaram bir wagtlar biri-birleri bilen urşup, biri-birlerini mekanlaryndan kowupdyrlar diýip. Indi bolsa, bütin dünýäniň adamlary dostlaşýarlar diýdi. Biri-birleriniň günäsini bagyşlaýarlar diýdi. Men ata-babalarymyň kinesini unudyp, seniň bilen dost boljak, Garakündük. Biri göwnüňe degjek bolsa, aýdaý. Men seni goraryn. —Bolýa—diýip, Garakündük Akbilek bilen ylalaşdy. Birden onuň ýadyna Emir düşdi.—Sen meni Emirdenem gorarmyň? —Ýok, wowf, ol işi boýun alyp biljek däl—diýip, Akbilek Emirli meselä goşulmak islemedi.—Emir diýen oglanjyk menem urýa. Ondan özümem gorkýan. Şonuň üçin men seni Emirden gorap bilmen, Kündük, sen gaty görme. Ýöne saňa başga pişikler degjek bolsa, goraryn, kirpilerden goraryn. Beýleki garagol çagalardan goraryn. Razymyň sen şuňa, Garakündük. —Bolýa-da—diýip, Garakündük Akbilegiň teklibi bilen ylalaşdy. Soň bolsa, derwezäniň aşagyndaky boşlukdan sümüp, köçä çykdy. Akbilegiň gapdaljygynda durdy. Akbilegiň özi bilen hakykatdan-da dostlaşmak isleýänini Garakündük duýdy. Akbilek özüniň ýanjagazyna gelen Garakündüge diňe mähir bilen seredýärdi. Şol wagt goňşy öýden Emiriň düýn saçyndan çeken gyzjagazy Aýna çykdy. Onuň elinde bir bölek süňk bardy. Ol: —Akbilek!—diýip gygyrdy.—Nirede sen? Me, süňk bereýin saňa. Akbilek Aýnanyň ýanyna baryp, onuň uzadan süňküni agzyna aldy-da, ýene Garakündügiň ýanyna gaýtdy. Aýna Akbilegiň yzyndan gygyrdy: —Akbilek, sen ýene kiçijik pişigiň ýanyna bardyňmy? Oňa degäýseň, Emir seniň gulak-guýrugyňy keser! Akbilek Aýna hiç hili jogap bermedi. Agzyndaky süňki bolsa ýoluň ugrundaky tutlaryň biriniň düýbüni gazyp, şol ýere gömüp goýdy. —Iý-dä ony, Akbilek!—diýip, Garakündük Akbilegiň ýere süňk gömşüni geňläp, oňa ýüzlendi.—Ony näme gömüp goýýaň? —Häzir meniň süňk işdäm ýok—diýip, Akbilek Garakündüge jogap berdi.—Häli, irden, oýanan halatym nahar baryny iýdim. Ol süňki bolsa ajygan halatym alyp iýerin.—Şeý diýdi-de, Akbilek sözüne birden dyngy berdi. Ullakan gözlerini elek-çelek edip, Garakündüge tiňkesini dikdi.—Ýa sen iýjekmidiň ol süňki?—diýip, Garakündükden sorady.—Endigim boýunça hasyr-husur gömäýipdirin. Saňa hödürem etmändirin. —Ýok, men süňk iýip bilemog-a—diýip, Garakündük jyňňyldap gepledi.—Men entek ullakanja etem iýip bilemok. Dişlerim kiçijik. Maňa Mekan dagy ýumşajyk et bilen ýumşajyk nahar berýäler. Olar şeýle bir kän gürrüň etdiler. Garakündük hat-da Mekandyr Emiriň ukudan oýanyp, iýip-içip bolanynam duýmady. Mekan turanda pişigine gözi düşmänsoň, ol nirededir bir ýerde uklap ýatandyr öýtdi. Oýnamak üçin köçä çykanda bolsa Akbilek bilen Garakündügiň bileje oturanyny görüp, haýranlar galdy. —Kündüjek, sen bärdemi?—diýip, pişigine ýüzlendi.—Men bolsam, sen bir ýerlerde uklap galansyň öýtdüm.—Şeý diýensoň, Mekan pişigini mähir bilen sypap goýberdi-de, bu ahwalaty Emire-de görkezmek üçin ýene yzyna—öýe ylgady. Emiriň ýanyna ýetip-ýetmän gygyrdy.—Emir, Garakündügiň nirede oturanyna seretsene! Ol Akbilek bilen bileje otyr! Akbilek oňa zat diýenok! —Gylyklary gowy bolanda it bilen pişigem dostlaşyp bilýär—diýip, ik egrip oturan enesi Emiriň ýüzüne bakyp gepledi. Emir Mekanyň yzyna düşüp, Garakündük bilen Akbilegiň bileje oturanyny görmek üçin köçä çykdy. Emiriň gelýänini bilen Akbilek Emir köçä çykmanka gaçyp gitdi. Emir çykan halaty derwezäniň öňünde Garakündügiň bir özi otyrdy. Akbilek bolsa öz bolýan öýüne sümüp gitdi. —Näme ýalan sözleýäň?—diýip, Emir Mekanyň ýeňsesine oýun edip, ýelmäp goýberdi. Soň bolsa ýumak ýalyjak bolup oturan Garakündügiň böwrüne öňki endigi boýunça aýagyny degirdi: —Saňa-da diýmedimmi men, Kündük, «Köçä çykma!» diýip. Akbilek degmände-de, başga it dişlese, näme etjek, hä? Ugra öýe! Gödek geplese-de, Emiriň öz aladasyny edýänine Garakündük düşündi. Şonuň üçin gulagasyjylyk bilen howla girdi. Uklamaga-da çen bolupdy. Mekanyň ejesi onuň käsesine süýt guýup goýan eken. Ol käsedäki süýdi içdi-de, Mekanyň ik egrip oturan enesiniň ýanyna baryp, uka gitdi. Dowamy bar.. OGULSENEM TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |