12:30 Garaşýan | |
GARAŞÝAN
Goşgular
![]() "Söýgi isläp peýker gelse gohuma, Ýüz bermerin garaşaryn ruhuña." Baýram Akatow. Gözleriñde keşbim söndi peýda boldy özgesi, Giñ kanalda balyk bolup gadagandyr ýüzmesi, Kyndyr maña janymdanam umyt taryn üzmesi, Umytly men, öñküñ deýin güleriñe garaşýan. Özge ary perwaz urýar ol eýjejik güllerde, Indi adym tutulmaz meñ öñ ýañlanan dillerde, Hatda gördüm özge goly ol näzejik billerde, Ah, şonda-da gol uzadyp geleriñe garaşýan. Garaşardym, garaşarnam mundan beýläk hemişe. Indi hijem güýjüm ýokdur sen tarapa ýörüşe, Asla teniñ gerekmez señ, golum barmaz şer işe, Ruhlarmyz birleşse bo:r, ten ölerne garaşýan. * * * Melul eden ol bendiwan ýylgyrşyñ, Görmek üçin hiç hatardan gaýtmandym. Emma, gelip şol jadyly keşbiñi, Görenimde, gynanaryn öýtmändim. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||