12:08 Gardaş gürrüñi | |
GARDAŞ GÜRRÜÑI ■ Eýrandaky "Ýaprak" žurnalynyñ müdiri, ýazyjy Ýusup Gojuk bilen söhbet ~ Ýusup, söhbetdeşligimizi Siziñ çap edýän "Ýaprak" žurnalyñyzdan başlaýalyñ! ~ "Ýaprak" žurnaly 1998-nji ýylyñ mübärek Nowruz baýramçylygynda neşir edilip başlady. Biziñ žurnalymyz iki dilde, ýagny, türkmen we pars dillerinde çap bolýar. Biziñ žurnalymyz umuman, 86 sahypadan ybarat, bularyñ aglabasy pars dilinde ýazylan eserlerdir. Nusgawy we häzirki zaman türkmen şahyrlarynyñ şygyrlary tutuşlygyna türkmen dilinde, emma arap elipbiýinde çap edilýär. Žurnalymyzyñ birnäçe sahypalary bolsa, türkmen dilinde we häzirki wagtda Türkmenistanda ulanylýan elipbiýde çap edilýär. Şol sahypalarda žurnalyñ şol sanynda pars dilinde çap bolan her bir eser hakda gysgajyk maglumat berilýär. Esasy zat - bu žurnalda ähli eserler türkmenler hakda. ~ Eýranda türkmen dilini öwredýän resmi mekdep ýok. Ähli mekdeplerde sapaklar pars dilinde berilýär. Elbetde, türkmen çagalary köplenç, türkmen ahunlaryndan türkmen dilinde dini sapaklary alýarlar. Türkmen dilinde Gurhan bilen tanyş bolýarlar. Emma, esasan, bu ugurda enelerimiziñ hyzmatlary uludyr. Mysal üçin, meniñ özüm türkmen dili bilen ilki öz maşgalamda tanyş boldum, emma has çuññur öwrenmekde türkmen nusgawy edebiýatynyñ okalmagy köp kömek berdi. Bir zady belläp geçesim gelýär; Türkmenistanda türkmen dilinde ors sözleriniñ agdyklyk edişi ýaly, häzirki Eýran türkmenleriniñ diline-de pars sözleri ornaşyp gidipdir. Elbetde, bilşiñiz ýaly, türkmeniñ akyldarlarynyñ eserlerinde köp sanly arap we pars sözleri bar, onuñ sebäbi hem, şol akyldarlaryñ olan medrese-mekdepleronde okuw kitaplarynyñ ählisi diýen ýaly pars dilinde ýazylan kitaplar bolupdyr. Munuñ özi olaryñ eserlerine täsir edenligidir. Häzirki wagtda Günbatar ýurtlarynyñ arasynda iñlis diliniñ uly ähmiýetiniñ bolşy ýaly, gadymy döwürlerde hem pars dili köp ulanylypdyr. ~ Bize eýranlylaryñ, esasan-da, Eýran türkmenleriniñ kitap, gazet okamak endigi barada bilmek gyzykly?! Adamlar okamagy halaýarlarmy? ~ Umuman, Eýranda 5.000-e golaý žurnal çap bolýar. Bu san meniñ pikirimçe Eýran halkynyñ kitaphondygyny añladýar. Muña garamazdan, dünýäde çanak antennalaryñ we internetiñ döredilmegi kitabyñ ähmiýetini her bir öýde azaltdy. Bu iki zat ~ köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ ösen görnüşleri bolsa-da, kitabyñ täsir edişo ýaly täsir galdyrmaýar. Emma gynansak-da halk bulara gyzyklanyp, kitapdan daşlaşýarlar. Eýranda döwlet tarapyndan kitap we žurnal çap etmäge salgyt ýatyryldy. Bu iş medeniýet ugrunda işleýän adamlara goldaw bermek üçin edilýän çäredir. Eýran türkmenleri gaty bir kitap muşdaklary bolmasalar-da, türkmenler hakda kitap çap bolsa, hökman alýarlar. Şu ýerde bir zat ýadyma düşýär. Ýortmança oglan wagtym elime pul düşse, ony hiç bir zada harçlamazdan, diñe kitap satyn alýardym. Kä wagtlarda oba gidip injir, böwürslen, çigit getirip, olary şäherde satyp, puluna bolsa kitap satyn alýardym. Käte her hepdede çap bolýan çagalar žurnalyny almak üçin ejemden pul isläp, ejem bilen köp dawalaşýardym. Ol bolsa iýmit üçin pul bermegi makul bilýärdi. Häzirki wagtda men, oba gitsem, öz ýüregimim kitap küýsäp, kynçylyk çekenini ýatlap çagalar üçin kitaplary satyn alyp sowgat äkidýärin. Emma döwür üýtgäpdir, häzirki döwrüñ çagalary kitap sowgadyña o diýen gyzyklanyp baranoklar... ~ Türkmen edebiýatynyñ pars diline terjime edilişi nähili? ~ Her bir diliñ özüne görä süýjüligi, özge dilde gaýtalap bolmajak lezzeti bar. Terjime her näçe oñat bolsa-da, ony esasy nusgadaky şiresine ýetirmek kyn bolmaýar. Terjimeçi iki dili hem çeper bilmeli. Diýmek, terjime edilen her bir zat hut şol bir dilde ýazylan ýaly görünmeli. Ony okaýan adam terjime edilendigini duýmaly däl, şeýle bolanda çeper terjime diýip aýtsak bolar. Eýran halky Magtymgulyny iki ýol bilen tanaýar: birinjiden men we maña meñzeş türkmen ýazyjylary Yslam rewolýusiýasy üstün çykandan soñ, Magtymgulynyñ eserlerindäki çuñnur mazmun barada we şol mazmuny pars edebiýatynyñ wekilleriniñ eserlerindäki beýan edilýän mazmunlar bilen deñeşdirip köp makalalar ýazyp, bütin Eýranda çap bolup ýaýraýan "Keýhan", "Etelaat", "Resalat" ýaly meşhur gazetleriñ sahypalarynda çap etdik we Eýran halkyna tanatdyk. Ikinjiden bolsa, soñky birnäçe ýylyñ dowamynda has hem Türkmenistan Garaşsyz bolanyndan soñ, Eýran döwleti bize žurnal we kitap çap etmäge giñ ýol açdy. Şonuñ netijesinde türkmen edebiýaty we medeniýeti barada makalalardyr kitaplar çap boldy. Türkmen ägirtleriniñ eserleriniñ pars dilinde terjime bolup çapdan çykmagy ýola goýuldy. ~ Siziñ özüñiz haýsy türkmen ýazyjy-şahyrlaryny halaýarsyñyz? ~ Türkmenistan Garaşsyzlygy almazyndan öñ, men Tähranda ýokary okuw jaýynda okaýan mahalym, Tähranyñ milli kitaphanasyna gatnap, Türkmenistanda çap bolan kitaplary hem-de žurnallary uly höwes bilen okaýardym. Şol kitaplardyr žurnallardan hekaýalar we şygyrlar bilen tanyş bolýardym. Olaryñ arasynda Berdi Kerbabaýew, Ata Gowşudow, Aman Kekilow ýaly uly ýazyjylar we Kerim Gurbannepesow ýaly uly şahyrlar bilen tanyş boldum. Bilýäñizmi näme, Türkmenistanyñ Garaşsyzlygyndan öñ, Kerim Gurbannepesiñ "Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ" atly goşgusy Eýran türkmenleriniñ arasynda has giñden ýaýrapdy. Bu goşgy her bir ýigidiñ dilindedi. Men hem elbetde, şolaryñ biri. Sebäbi şol zamanlar Eýran bilen Yragyñ arasyndaky urşuñ gutaran wagtydy we Kerim aganyñ goşgusy bolsa, uruş hakda bolansoñ, şeýle goşgularyñ ýüreklerde orun tutmagy tebigy hadysadyr. ~ Siziñ pikiriñizçe, hezreti Magtymgulu Pyragynyñ her bir türkmeniñ ruhunda tagt gurup bilmeginiñ syry nämedekä? Magtymgulynyñ güýji nämede? ~ Hezreti Magtymguly, bu meniñ iñ uly hormat goýýan Ynsanymdyr. Bu beýik akyldaryñ şygyrlary elmydama diri. Bilşiñiz ýaly, türkmen halkynyñ medeniýetiniñ köki-damary iñnän gadymydyr. Adatlarymyza, däp-dessurlarymyza ser salnanda, yslamyñ täsirini görüp bilýäris. Mysalyñ iñ sadasy "Salam sözi. "Salam" diýmek arap dilinde "Ojagyñ abat bolsun", "Men saña boýun" diýmek ýa "saglyk" diýmek. Ine, bu täsir iñ ýönekeýje sözümizde görnüp dur. Bu zatlary agzap geçmegimiñ sebäbi, şu netijäni alasym gelýär: şu döwre çenli Gurhany-Kerimiñ Allatagala tarapyndan Zemine inenine 1.400 ýyldan gowrak wagt geçipdir. Oña garamazdan, şu kitabyñ hiç bir sözi üýtgemezden we sözleri köne bolmazdan, şu döwre gelip ýetipdir. Hezreti Magtymgulynyñ goşgularyna Gurhanyñ täsiri uly. Saparmyrat Türkmenbaşynyñ jaýdar aýdyşy ýaly, Magtymguly Pyragy "Gurhan" edebiýatyny türkmene elýeterli eden danadyr. Onuñ bir goşgusynda şeýle setirler bar: Joşgun geldi Hakdan, bardy söz açdy, Ýa-da: Hak özi ugradar ýola bendäni, Ýene-de: Magtymguly aýdar barha, ýol tany, Görşümiz ýaly, hezreti Magtymguly bu we ýene köp goşgularynda "Ýol" sözüni Beýik Tañra bolan ynam manysynda ulanypdyr. Ol hatda şol ýolda öz janyny pida etmäge hem razy bolupdyr: Ýol üstünde ölsem, ýola atsalar, Bu zatlary aýdýanymyñ sebäbi näme? Meniñ pikirimçe, hezreti Magtymguly Hudaýa doly ynanypdyr we Gurhanyñ nämüçin şeýle güýçli we üýtgemän galanyna göz ýetirip, goşgularuna ruh bermek üçin we halkyñ arasynda şygyrlarynyñ uzak wagtlap diri galmagy üçin, setirlerini Gurhanyñ aýatlary bilen bezäpdir we Gurhandaky mazmuny goşgy arkaly türkmen halkyna ýetiripdir. Ine, meniñ pikirimçe, hezreti Magtymguly Pyragynyñ her bir türkmeniñ ruhunda tagt gurup bilmeginiñ syry şu. Magtymgulynyñ güýji şudur. Magtymgulynyñ beýikligi Haka ee halka eden yhlasynda we hyzmatyndadyr. ~ Siz "Gökdepedäki uruş" atly roman ýazdyñyz we ony okyjylara hödürlediñiz. Bu roman barada gysgaça aýtsañyz we romandaky wakalary nireden öwrendiñiz? ~ Men şu mahala çenli pars dilinde çap bolan takmynan, 20 sany kitabym we Eýranyñ "Keýhan", "Ettelaat", "Resalat", "Jumhuriýe eslami" we şuña meñzeş gazet-žurnallarda çap bolan köp sanly makalalarym bar. Olaryñ arasynda türkmeniñ edebiýaty we medeniýeti barada oýlanmalar, türkmenleriñ durmuşy barada hekaýalar bar. Emma men olaryñ arasynda Gökdepe urşy barada ýazan romanymy halaýaryn. Ony ýazmak höwesi kiçilikden döredi. Onuñ özüne degişli delili bar: men kiçikäm, Gylyçjan hajy atly bir goja biziñ goñşymyzdy. Ol elmydama penjiräñ öñünde oturyp, hezil edip, biziñ oýnumyza seredýärdi. Bir gün men gaty keselledim we öýde ýatmaly boldum. Ol meniñ ýanymda oturdy-da: "Niräñ agyrýar?" diýdi. Men bolsa: "Endam-janym, hasam beter kelläm agyrýar" diýdim. Ol mähir bilen elini kelläme goýdy we: "Em bolsun! Bela-beter dep bolsun!" diýdi-de turup gitdi. "Gylyçjan hajynyñ eli hemme dertlere melhem. Sebäbi ol adam, uruşda birnäçe basybalyjy kapyrlary öldüripdir. Şonuñ üçinem, onuñ keramatly eli bar. Onuñ ulanan polat gylyjy we tüpeñi hem şeýle. Olary hassa adamyñ başujunda goýsalar, ol adam dertlerden gutulýar. Meniñ pikirimçe, bu ynamlar mukaddes ynam. Watanyny mertlerçe goran adamlara bolan hormat-synag. Ine, şeýdibem mende şol zamandan bäri, Gökdepe barada ýazmak höwesi döredi. ~ Türkmenistana ilkinji gezek geleniñizde, begenen we gynanan zadyñyz näme? ~ Meniñ begenen zadym: bu ýurt türkmenleriñ ýurdy bolansoñ, Türkmenistan ady bar. Bu meni begendirýärdi we şu mahalam begendirýär. Ýer ýüzünde köp ýurtlar bar, şolaryñ biri-de, Türkmenistan. Men muña guwanýaryn. Ilkinji gezek Türkmenistana gelemde, hiç bir ýerde özümi keseki duýmadym. ~ Ýusup, beren gyzykly gürrüñleriñiz üçin Alla ýalkasyn. Size döredijilik üstünliklerini we maşgala rahatlygyny arzuw edýärin. ~ Sizem meniñ iñ gowy arzuwlarymy kabul ediñ. Söhbetdeş bolan: Juma ATAÝEW. # EdebiyatweSungat | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||