03:59 Gargalara gülki bolan bilbil men... | |
GARGALARA GÜLKI BOLAN BILBIL MEN...
Goşgular
Ýaşamadym il ýaşanja şekilli, Mekanym Ýer bilen Aýyň arasy. Bägüle meňzetmen, däldiň tikenli, Sen söýen kalbymyň orhideýasy! Gargalara gülki bolan bilbil men, Sorap görseň: barypýatan güňmüşim. Şu görnüşe - şol gülümsiz geldim men, Olar üçin suwotu-da gülmüşin. Gussalaram meň üstüme hekgerdi Ýol ýitirdim. Ýitdi durmuş matlabym. Owazymy ýerdäkiler ýek gördi, Doga bilen arşa gitdi hatlarym. Hiç bir ýagtysy-da gerek däl - Günüň, Ýetik - bolsa, her bir aýtjak sözleň şem. Dünýäm sowuklygna gamlanma, Gülüm! Dogabitdi sowuk bilen öwrenşen. Duýgularym ykmanda deý gezmesin, Dowam etjek ýalňyzlygyň ýolun kes! Dyman ýürek yşga joşup sözlesin, Yşgyň bilen kapasaňa salsaň bes! | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |