10:52 Garratdyñ meni | |
GARRATDYŇ MENI
Goşgular
Aňym ahmal eden eý, goja dünýä, Yşkyň nurun saçyp, parlatdyň meni, «Sagdyn ruhdum» diýsem, diýrler: «öwünýä», Intizar gözlere, zarlatdyň meni. Ilki çig süýt emip, ulalýar ynsan, Bütin ömre, ýaşamak kyn, ýalňyşman, Solup, gurap, gitjegime ýok güman, Halys, argyn halda, dargatdyň meni. Başdan saýlap, belli ugra gitmedim, Giç aňşyrdym, bir derejä ýetmedim, Parzym-borjum doly berjaý etmedim, Gaýgym gussa garyp, guratdyň meni. Hasaply ömürde, demimi sanap, Ýaradan ýoklukdan, «bar» etdi, synap, Bihuda köp gezdim, şeýtana ýanap, Ýazgytda görjegim – görgi etdiň meni. Amanat bu janym janserek, tende, Bolmalysy bolar ahyr, bir günde, Güzeranyň güzabynda her bende, Üznüksiz iňirdä horlatdyň meni. Alnyma gelende, egsilmez bagtym, Bolupdy, hoş bolup, ýylgyran çagtym, Gyz-geline garan, jahyllyk wagtym, Hars urdum, hallanda sargatdyň meni. Aklym azlyk eder, baryn bilere, Güýjüm asgyn gelýär, azy salara, Rüstem topulamda, awum alara, Awum ütüp, etin dogratdyň meni, Ilmämmet, dünýäniň, owadan ýüzün, Höwesli halyňda, görendir gözüň, Belki hem, aslynda sebäpkär özüm, Çäresiz galamda, garratdyň meni. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |