23:06 Gazallar | |
GAZALLAR
Goşgular
Aýly asman astynda bir gyz näzli garap dur, Söýgi bilen bakyşy bu janyma ýarap dur. Aýy aýna edinip, ýarasyn diýip ýara, Mahmal şemal saçyny yhlas bilen darap dur. Öz yşkyna gyzaryp, gül duýgudan uýalyp, Zülpüni barmagna däl, ýüregime sarap dur. Çüwse çüwer ekeni bagtyñ ýagty jahanda, Dideler: "Toý sähedi haçan" - diýip, garap dur! * * * Heniz duşuşmankak biz aýra salypdyr ykbal, Neneñ-niçik ýaşadyñ, şunça bagtymdan çykman! Ömür duşuşygyna geldiñ, läläm, gijigip, Barmydyr öz bagtyna gelýän şeýle howlukman?! Birek-biregiñ ýary, ýöne diñe köñülde, Bir ýassygy paýlaşmak däldir ahyryn hökman?! Ýeri, kimden kemmişik, ýagty jahan öýümiz, Düşegmiz mele zemin, ýorganymyz gök asman. * * * Añypdyrlar söýeniñ, gülüm, menden özgeler, Näçe kötekleseñ-de, bilýän, jeza az geler. Duýgularym kütekmi, ýa ejizmi ataşdan, Ýatlanymda bagrymy daglamaga köz geler. Gapyl galdym, uçurdym depämden bagt guşun, Oý-küýümde ýokdy hiç - öz üstüme näz geler. Saýyl köpdi yzyñda, kaýyldylar hökümñe, Galdyrmadyñ gabagyñ, diýsem sözüm düz geler. Artyk däldim hiç kimden, kemdim belki, hemmeden, Yzarlasam yzlaryñ ýüregime yz geler. Gitdiñ özge illere, özge bilen köñüldeş, Aýralygyñ ýyllaryn sanap her ýyl gaz geler. Bagtyny çelgi edip, göni ýolda azaşan Ýaşlygmyzy ýatladyp, gyz göwünli ýaz geler. Gussamy şygra baglap, goýaýyn diýsem baky, Ýaramy dyrmamaga on ýedide gyz geler. Magşuk bolan gözeller ýigidi synar ýörer, Aşyk bolan ýigitler müñ synaga döz geler. Söz bolmady arada, söýüşse-de ýürekler, Yşk derdini ýatladyp, köñülime saz geler. Tarypyñ ede-ede, hiç gutarman dirikäm, Dillerime ajaýyp, şirin-şirin söz geler. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |