23:19 Gedaý / hekaýa | |
GEDAÝ
Hekaýalar
Ol meniň ünsümi egledi. Gedaýlygyndanam beter, meni geň galdyran zat onuň özüni alyp barşy boldy. Ýeser gedaý bolmaga çemeli. Ýeriň üstüni terk edip, ýerasty geçelgede oturypdyr. Müny terkidünýälige ýorup bilmersiň. Sebäbi, ol entek-entek ýeriň astyna howlugýana meňzemeýär. Muňa, onuň terliginden ýaňa gyzlaryňky bilen bäs edýän, narynç ýaňaklary, şuglaly gözleri güwä geçýär. Millete el sermek üçin ýerasty geçelgäni saýlap alşyny bolsa, onuň ömründen nägileliginden däl-de, ýeserliginden diýip hasap etmek mümkin. Çünki, onuň oturan ýerinden adamlar garynja gatnawyny emele getiripdirler. Gedaý, ýerasty ötelgäniň sütünine arkasyny ýaplap oturyşyna, tamakinlik bilen geçip barýan adamlaryň ýüzüne delmurýar. Bir elinem owujyny büzübräk öňe uzadýar. Düşnükli zat: oklanan köpük ýere gaçmaz ýaly. Boş elini-de dygysyz hereketlendirýär. Birr görseň, elini ýüze sylyp, oňa şaýy oklanlara hudaýdan rehim dileýär. Kim bilipdir, gargaýan bolmagy-da mümkin, köpük eçilmediklere ýa-da az emlänlere. Onuň sahylara taňrydanmy, bendesinden dileg edýän eli hasa bilen saralgy. Özi-de sarygy kirläp gidipdir. Gedaýyň şol eli men ony ilki göremde-de saryglydy, häzirem şeýle. Men, ony ilki haçan görüpdim? Ýadyma düşdi. Uniwersitete giriş ekzamenlerini tabşyryp ýörkäm. Häzir men, uniwersiteti tamamlap, şäheriň mekdepleriniň birinde mugallymçylyk edýärin. Gedaýyň, gedaýlygyndanam beter onuň eliniň şeýle uzak wagtlap bitmeýän ýarasy meni haýran galdyrýar. Gedaýyň, türkmendir çak eden adamsyna elini ýüzüne sylyp, ýewropalydyr hasap edenine bolsa, çokunyp sadaka diläp oturyşy-da geň galmazça däl. Onuň sagdyn synasy-da, ýüzi gitmedik kostýumy hem… Garaz, gedaýda geň galarlyk zat köp. Hut şu geň galarlyk zatlar hem meniň ünsümi çekdi. Men gedaýa golaý bardym. Ol, meni görüp, çep elini öňe uzadyp durşuna, sarygly elini ýüzüne syldy. – Hudaý, saňa ýamanlyk ýüzüni görkezmesin… Birdenem, hereketleri bilen sakanaklady-da, çokunmaga başlady. Çünki, ol, saryýagyz keşbimden, meni ýewropaly hasap etdi öýdýän. Men, oňa sorag berdim. – Siz, näjüre dine ynanýarsyňyz? Gedaý tisginip gitdi. – Ä…ä? Ol, bolşundanam beter naýynjar keşbe girdi. Çokunmasyny-da, «ybadat etmesini-de» bes edip, iki elini-de öňe serdi. – Ýigrimije köpük… 1985-nji ýylyň oktýabry, Aşgabat. Torum Ýaýlan BATAŞY | |
|
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |