03:03 "Gel, baralyñ Muhammede!" | |
"GEL, BARALYŇ MUHAMMEDE!”
Edebi makalalar
Şu makalanyň mowzuk däldigini ýatlatmak bilen, men belli rus gündogarşynas alymy, Gurhany Kerimi rusça terjime eden Ýuriý Kraçkowskiniň Muhammet pygamberiň geniallygy hakynda aýdanlaryny gaýtalamak bilen, Resulallanyň özi we dini barada oý-pikirlerimi okyjyklara hödürlemegi makul bildim. “Zemin üzre bir ynsana heýkel oturtmaly bolsa, adamzat ähliniň köp böleginiň agzyny birikdirip bilenligi üçin, Muhammet pygambere Peterburgda heýkel bina etdirerdim”. Isawy rus alymynyň şeýle netijä gelmegine akyl ýetirmek juda kyn mesele. Muhammediň bina eden Yslam Ymaratynyň Ýer togalagynyň çar künjünde binýat tutmagy, onda-da arabyň aýak sekmedik ýerinde şeýle bolmagy üns bereniňe degýär. Eýsem, iki dünýäsiniň myradyny Muhammede we onuň esaslandyran dininde görýän barça musulman YSLAMDAN nähili hözir tapdyka? Ien şu düýpli pikirler meni hemişe oýlandyrýar. Belki, Arabystan çöllügindäki şu günki jennete Muhammediň dininiň täsiri bardyr. Munuň şeýledigine, Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň Remezanynyň Gadyr gününde Saud Arabystanyna çagyrylmagy mynasybetli berlen telewizion gepleşikleri synlap, şeýle netijä geldim. Bagtly-Suguwdy-Saudy Arabystanyň taryhy, şu güni bilen tanşanymdan soň, dünýäniň bu baý döwletiniň öz ertirki nesli üçin aýap goýan 140 milliardlyk maýasy hakynda, onuň Muhammede dahyllylygy hakynda oýlandym. Belki, bu ýerdäki şu günki jennet Muhammediň ýörelgesinden aýrybaşga ýörelgä uýulmansoň mümkin bolandyr?! Eýsem muaulman dünýäsi bu ganalga indi tas on bäş ýüz ýyllyga golaý wagt bäri eňek basyp, ruhy teşneligini gandyrýar. Ýuriý Kraçkowskiý Muhammediň binasy – Yslam, meniň düşünişime görä, diňe bir din hem däldir. Hijriniň taysyz taryhynda Muhammediň halklara ýaýan pähimleriniň açary ýatyr. Onuň dana sözi halklar üçin ýaşaýşa umyt uçgunyny köredip, olaryň ömrüne täze ruhy öwüşgin – ruhy, ahlaky, syýasy hem ijtymagy reňkler bermegi başardy. Yslamyň ilkinji aýratynlygy, onuň köp taraplylygynda. Ol Adam Atanyň, How Enäniň ogullaryna hut pygamber bilen onuň egindeşleriniň ýüzlenip, täze jemgyýeti guranlygyndan, adzamzat ösüşine taýsyz gatanç edenliginden gelip çykýar. Pygamberiň wagyz-nesihatlarynyň özeni nirede?! Elbetde, bu ozaly bilen, onuň sözüne uýanlaryň ynanç dünýäsine täze taýsyz yşk berenliginden, syý asy meseleleri ahlaky inip-çykyşa örkläp bilenliginden, ybaratdyr. Jemgyýetiň ösüş derejesine görä, ynsan ogluna onuň hukuklaryny üpjün edýänligi hem bu diniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Eger musulman jemgyýetine nämedir bir zat howp salýan bolsa, ol onuň ruhy agzalary üçin ruhy urgy ýa-da ölüm howpy ýaly, bir zatdyr. Musulman dünýäsinde her bir şahsyýetiň deňligi wezipesine, tiresine, jynsyna garamazdan, onuň Allanyň huzurynda deňliginden gelip çykýar. Onuň kanunlarynyň öňünde hemmeleriň jogapkärdiginden ybaratdyr. Aýry-aýry etraplarda, taryhy eýýamlarda, dil hem medeniýeti taýdan düýpgöter tapawutly halklaryň arasynda yslam musulmanlaryň ynanjyna öwrülip, olary köp babatlarda ýakynlaşdyrmagy başardy. Halklaryň ruhy taýdan baýlaşmagyna, mähremleşmegine ýardam etdi. Yslam öz ýaýrawyna görä, halklaryň baý medeniýetini özüne siňdirmäge ukyplydygyny, hem şol medeniýeti hasabyna baýlaşmaga ukyplydygyny subut etdi. Pygamber ylmyň sallançakdan tabyda çenli bolmalydygyny wagyz etdi. Sowady kämilleriň adamzat dünýäsine, onuň ajaplaşmagyna ýardam etjekdigine ol akyl ýetiripdir. Dünýäniň iň ýaş dini bolan Yslam, özüne uýýan halklaryň baý medeniýetini özüne siňdirmek bilen, baýlaşmaga ukyplydygyny özüniň tas on ýarym asyra golaýlyk taryhynda subut etdi. Häzirki zaman ösýän dinleriň hatarynda başky orny eýelemegi bu diniň halklara uýgunlaşmaga kabul ederlikli aýratynlygynyň taýsyzlygyndan habar berýär. Ol siwilizasiýanyň ösüşini hiç wagt yza tesdirmändi. Diňe akyly kelte mollalar, fanatikler oňa gara güýjüň öwüşgini çaýyp, kähalatlarda tutuş bir döwleti heläkçilik gorpuna iteklemäge çenli baryp ýetdiler. Şu we başga aýratynlyklar Allanyň Resulynyň hijrisiniň ynsan ösüşiniň täze bir taglymaty hökmünde Medinede başlangyjyny goýdy. Bu taglymat, ynsanyýetiň uly böleginiň aňyny nurlandyrýar. Medinede ýalkym saçyp ugran nuruň ýakymly çogy hakynda adamlaryň aňynda, kalbynda ajaýyp ýatlamalar saklanyp galypdyr. Pygamberi we onuň egindeşlerini uzak horlukdan soň mähribanlyk bilen garşylan Medinäniň ilatynyň taýsyz adamkärçiligi hakynda okanyňda, şu günki adamlaryň şeýle mähribanlyga, birek-biregiň goldawyna mätäçdigi hakynda oýlanýarsyň. Ynsanyň mähremleşmegini isleýärsiň. Pygamber bir gezek ýörişe taýýarlanmalydygyny aýdyp, şol ýörişde etjek hereketlerini gürrüň beripdir. Onuň arbaplarynyň, ekabyrlarynyň biri, bu ýörişiň allatarapyndygyny ýa-da Pygamberiň niýeti bilen amala aşyrylýandygyny sorapdyr. Pygamber bu ýörişiň planyny özi çekendigini mälim edende, soran adam özüniň hem bu ýöriş barada planynyň bardygyny aýdýar. Pygamber ony diňleýär, onuň planynyň özüniňkiden has kämildigini aýdýar, ýöriş şol plan boýunça geçirilýär. Häzir hem adamzat şeýlekin doganlyk düşünişmeleri arzuw edýär. Şeýle ýagdaý, ýönekeý, garamaýak halka hökmürowanlar bilen ine-gana pikir alyşmaga, düşünişmäge, ösmäge mümkinçilik döredýär. Bu bolsa halk häkimliginiň ilkinji hem hökmany şerti. Onuň ilkinji şineleri biziň gurýan şu günki dünýewi döwletimiziň pähimli kadalarynda kemal tapýar. YNANÇ HEM ÝAGTY BILEN BADAŞAN ERKINLIK WE JOGAPKÄRÇILIK YNSAN ÜÇIN PYGAMBERIŇ DÖWRÜNDÄKISINDEN HAS-DA ŞU GÜÇN WAJYP. BU GYMMATLYKLAR ADAM ÜÇIN DURMUŞ ÝÖRELGESI BOLUP, ONUŇ IŇ ÝÖNEKEÝ IŞLERINDE-DE, BELENT RUHY PÄHIM BILEN ÝAŞAMAGYNA BADALGADYR. Şu zatlaryň durmuş hakykaty bolşy ýaly ony esaslandyran, yslam taglymatyny bina eden Allanyň Resuly Muhammet aleýhyssalam sallalahu aleýhi wesselemiň özi hem pygamberler içinde ýeke-täk taryhy şahsyýetdir. Bagdatda ýaşap, 923-nji ýylda dünýäden öten arap alymy Tabarynyň “Ählumumy taryhynda” pygamberiň ýüz keşbi hakynda şeýle setirler bar: “Muhammediň doganoglany hem giýewisi Alyda Pygamberiň daş keşbi barada soranlarynda, ol şu zatlary aýdypdyr: - Ol orta boýly, akýagyz ýüzi gyrmyzy öwüşginli, gözleri gara, saçy şar gara hem gür, ýalpyldysy diýseň owadandy. Ak ýüzüne gara sakgal aýratyn gelişýärdi. Uzyn gara saçlary egnine düşýärdi. Pygamberiň ýöreýşi çalasyn we dogumlydy, wagtal-wagtal onuň aýaklary edil ýerden üzülýän ýalydy. Onuň hereketleri şeýle çalasyn we ýeňil bolansoň, göwnüňe bolmasa, onuň aýaklary edil ýere degmeýän kibi, ýöne süýşüp barýana meňzeşdi. Ýöne onuň ýöreýşinde hökümdarlara has bolan gedemlik ýokdy. Onuň ýüz keşbinde mähir-muhabbet doly bolup, oňa ýüzüň düşensoň, gözüňi aýyrmak mümkin däldi. Ony görenleriň hemmesi şeýle mähirli adamy öňde-soňda duş gelmändiklerini biragyzdan aýdýarlar. Pygamberiň ýumşakdan ýakymly sesi her bir gürrüňdeş bolany özüne kökeripdir. Göniden gelşikli burny we ownuklaç dişleri onuň ýüzüne has-da gelşik berýärdi. Egnine düşüp duran gür gara saçlaryny ol wagtal-wagtal iki ýa-da dört edip bogardy. 63 ýaşyna çenli pygamberiň saçynda ak görünmändi”. Elbetde, onuň nurana keşbini kagyz ýüzüne geçirmäge Yslam rugsat bermänsoň, häli-häzire çenli Hezret Alynyň şu aýdanlaryna esaslanyp suratkeşleriň döreden eserlerini dürli neşirlerde görüp bolýar. Şeýle suratlaryň birini “Наука и религия” (“Ylym we din”) zurnaly hem çap edipdi. • GURHAN Rehimli hem Mährem Beýik Allanyň ady bilen! Ähli älemleriň Rebbi rehimli hem Mährem, Ahyrzaman gününiň Soltanyna şan-şöhratlar bolsun! Saňa sejde edýäris hem kömege çagyrýarys! Allahym, bizi dogry ýol bilen alyp bar. Öz Rehmiňi inderenleriň ýoly bilen alyp bar. Gahar-gazabyňa duş gelenleriň, azaşanlaryň ýoluna duçar etme Allahym! GURHAN arapça “çeper okaýyş” diýmekdir. Ol külli musulmanyň Keramatly kitabydyr. GURHAN Allanyň öz perişdesi Jebraýylyň üsti bilen ahyrzaman pygamberi Muhammede ömrüniň soňky ýigrimi üç ýylynda iberen aýatlaryndan durýar. Arap dilinde ýazylan GURHAN 114 süreden ybarat bolup, süreler öz gezeginde aýatlara bölünýär. Göwrümi boýunça dürli ululykda bolan süreler asmandan inen wagtlaryna görä, däl-de, Taňrynyň eradasyna görä ýerleşdirilendir. Bu diňe GURHANYŇ “giriş, başlangyç”, tutuş keramatly kitabyň jemleýjisi bolan “SURAT UL FATYHA” süresine degişli däldir. Şu süre Gurhanyň ähli aýatlarynyň içinde okalýan ýeke-täk süredir. GURHAN musulman ymmatynyň bütin ýaşaýşyny düzgünleşdirip, dünýewi ruhy, şahsy, jemgyýetçilik kada-kanunlaryny öz içine alýar. Ol dünýäniň ähli milletlerine gönükdirilendir. Çünki, onda bellenilişine görä, indi ýere Alla tarapyn başga hiç hili kitap injek däldir. Kitabyň keramatly ýazgylarynyň köp bölegi Mekge döwründe (12 ýyl), galan bölegi bolsa Medinede dünýä inen sürelerdir. Olar biri-biri bilen garyşdyrylan görnüşde berilýär. Mekge döwrüniň süreleri esasan, duşmançylykly köp hudaýlylyga garşy gönükdirilendir hem-de täze musulman jemgyýetiniň ahlak kanunlarydyr. Bu süreler Hujdaýyň birligine ynanýanlara garaşýan ahyrzaman gününi hwemişe ýatladýar. Medine süreleri esasan täze musulman jemgyýetiniň adamkärçilik normalaryny düzgünleşdirýär. Allanyň eradasy bilen Jebraýyl eminden Pygambere iberilen bu süreler yzygiderlilikde Muhammediň ömrüniň ahyryna çenli (632 ý.) Keramatly Kitaba giripdir. GURHANYŇ aýry-aýry bölümleri Pygamberiň gös-göni görkezmesi bilen jemlenip ýerleşdirilendir. Ol Jebraýyl eminden eşidenlerini bada-bat hatdatlara ýatdan okap ýazdyrypdyr. Muhammet asmandan inen süreleri wagta däl-de, öň aýdyşym ýaly gelşine gozgalýan meselä görä ýerleşdiripdir. Bu bolsa GURHANA logiki taýdan syrdam kaddy-kamat, mazmun sazlaşygyny berýär. Keramatly söz Pygamberiň ömrüniň soňky gününe çenli dowam edýär. Süreleriň ýerleşiş tertibine, mazmun taýdan özgerişler girizmek ol dünýäden gaýyp bolýança, ondan soň hem hiç kime rugsat berilmändir. Ilkinji halypa Ebu Bekir Omaryň maslahaty bilen Keramatly sözi tertipleşdirip bir zynjyra düzmegi buýruk berýär. Aýtmaklaryna görä, Omar Keramatly sözi bir toma ýerleşdirýär. GURHAN häzirki görnüşde, doly redaksiýada ilkinji gezek üçünji halypa Osman tarapyndan düzülýär. GURHAN diňe bir dini ykrar etmän, eýsem arap dilini hem ykrar etdi. Muhammediň döwründe Arap ýarym adasynda semit dillerinde gürleýän şiweler kuwwatly kureýişler taýpasynyň dilinde, arap dilinde gepläp başladylar. Şeýlelikde, bu dil ýüzlerçe million ynsanyň edebi, döwlet diline öwrüldi. Bu arap dilinde dünýä belli, meşhur bolan ilkinji kitapdyr. GURHAN joşgundyr hyjuwa ýugrulan, özboluşly aýratynlyklary özünde jemlän ajaýyp eserdir. Dünýäniň ähli dillerine terjime edilmegine garamazdan, musulman ymmaty Gurhanyň süredir aýatlaryny hökman arap dilinde okaýar. • DINI ESASLANDYRYJY MUHAMMET HAMIDULLA Külli älem Ahyrzaman Pygamberi Muhammet ibn Abdyllah ibn Abdylmutalyp ibn Haşym milady senesi boýunça 569-njy ýylyň aprelinde Mekge şäherinde dümnýä inýär. Ol şöhratly kuwwatly kureýişler tiresindendir. Kureýişler Hsaşym hem Abdyl Temsa şahalaryna bölünýär. Pygamberimiz aňyrsyny Haşymlardan alyp gaýdýar. Haşym Mekgä köp enabetler we hemaýatlar eden şahsyýetdir. Yslamyň sallançagy bolan bu şäher daşlyk ýerde, guraksy klimatda ýerleşensoň, şol döwürlerde ot-iým ýetmezçiligi ýiti duýlup, häli-şindi açlyk belasyna duçar gelner eken. Haşymlar urugynyň hemaýaty bilen altynjy ýüzýyllygyň başynda Mekge uly bir söwda bazaryna öwrülýär. Haşym ýylyň iki paslynda, gyşda Günorta Arabystana, Ýemene iki kerweni hem tomusda bir kerweni Siriýa ibermegi ýola goýýar. Şeýlelikde, kureýişler taýpasy kuwwatly taýpa öwrülýär. Haşym Keramatly Käbäniň müjewürligine saýlanýar. Keramatly Käbäniň müjewürine Mekge şäherine häkimlik ygtyýary hem berlip, ol aýratyn hukuklardan peýdalanar eken. Haşym dünýäden ötenden, onuň ogly Abdyl Mutallyp Käbä eýe çykýar. Haşymyň mirasdüşerinde watanperwerlik duiýgusy güýçli ösendi. Ol Allanyň öýüne Abissinler tarapyndan iberilen dinsizleriň pilli goşunyny derbi-dagyn edýär. Ataly-ogluň bu görkezen edermenligi käbelilerde olara ynamy has-da berkidýär. Onuň tersine, bu Kureýişleriň Abdyl Temsa şahasynyň göripçiligini, duşmançylygyny güýçlendirýär. Şu ýagdaýlary nazara alyp bir zady belläsim gelýär. Muhammediň doktrinasy hakynda söz açylanda, oňa Pygamberlik berlenden soňky Haşymlar bilen Abdyl Temsalaryň tutluşygy din-ygtykat üçin bolman, esasan Mekgede häkimligi ele almak ugrunda barýar. Bu tire-taýpa agzalalygynda, häkimlik üçin göreşde Abdyl Temsa şahasyndan bolanlar, aýratyn hem barly topar hiç bir mukaddesligi hasaba almaýar. Ýogsam, olar hem Haşymlar neberesiniň tutýan ýolunyuň hersi bir ygtykada boýun sunan tireleriň jebisligiň kuwwatlanmagy üçindigine anyk göz ýetirerdiler. Bu duşmançylyk Käbä müjewürlige Abdyl Mutallyp geçenden soň has-da güýçlenýär. Abdyl Mutallybyň ogul-gyzy, Alla ýüzlerini ak etsin, köňli, Onuň ogullaryndan, Ebu Talyp, Ebu Lehep, Abaz, Hamza hem Abdylla bize mälim. Abdyl Mutallybyň ogly Abdyllaha bolan mähri ölçegsizdi. ABDYLLA kureýişler taýpasynyň daşgynrak şahasyndan Emine atly gyza öýlenýär. Abdyllanyň gelşikli hüýr-syratyna köpler aşyk bolupdyr. Arap taryhçylarynyň aýtmagyna görä, onuň öýlenen gijesi kureýişleriň gyzlaryndan iki ýüze golaýy ýürek agyrysyndan ölenmiş. Şol nikanyň ilkinji hem ýeke-täk perzendi Pygamberimiz Muhammetdir. Aýdyşlaryna görä, Muhammet dünýä inende geň-taň gudratlar bolupdyr. Enesi ony dogranda, hiç hili agyry, ynjy duýmandyr. Muhammet dünýä inenden “Alla Beýikdir, Alladan gaýry Hudaý ýokdur. Men Onuň ilçisidirin” diýip dil açypdyr. Ol dünýä inen gijesi asmandaky şamçyrag ýeri gündizlik ýaly ýagtylandyrypdyr. Jynlar, arwahlar, adam oglunyň duşmanlary, ähli ýaramaz zatlar deňiz girdabyna gark bolupdyr. Muhammediň daýysy münneçjim bolansoň ýyldyzlara garap, pal atýar. Geljekki Pygamberiň täleýini gürrüň berip, dünýä inen bu bäbegiň täze dini açjakdygyny, dünýäniň ep-esli bölegini eýelejekdigini aýdýar. Abdyl Mutallyp dünýä inenden geň-taňlyklar bilen ili haýran eden agtygyna, taýpalarynyň şöhratlanmagy üçin yns-jynsyň dilinde bolsun diýip, ýedi günlük bäbege MUHAMMET diýip at dakýar. Muhammet iki aýlykka, onuň kakasy Abdylla bäş düýe, bir topar dowar bilen hebeşistanly gyrnagy – Bereketi miras galdyryp, dünýäden ötýär. Emine hatyn gaýgy-hasratdan, gurakçylykdan ýaňa süýtden kesilýär. Şonuň üçin Muhammediň süýt enesi beduin çopanynyň aýaly Halyma bolýar. Arap ýazyjylary geljekki Pygamberiň adatdan daşary ukyplary, gaýry çagalara meňzemeýän aýratynlyklary barada geň zatlary ýazýarlar. Muhammet alty aýlykka ýörjen-ýörjen bolup başlaýar. Ýedi aýlykka ylgamaga, on aýlykka eli ok-ýaýly oglanlara goşulýar. Ol şindi sekiz aýlykka, geplände, onuň gepine düşünipdirler. Dokuz aýda bolsa, ol pähim-paýhas bilen pikir ýöretdi, gürrüňdeşlerini haýran galdyrdy. Ol entek dört ýaşyndaka, geň hadysa bolup geçýär. Muhammet meýdanda oýnap ýörkä, asmandan inen iki perişde onuň ýanyna gelip, ony emaý bilen ýerde ýatyrdy-da Jebraýyl emin agyrtman-ynjytman kükregini açyp, ýüregini eline alyp, ony arassalap, Allanyň nury-imanyndan dolduryp, pygamberlik kuýaşy bilen kükregini dolduryp ýapýar. Şundan soň Muhammdiň jemalynda aýratyn nur peýda bolýar. Bu nur Adam Atada, Ybraýymda, Ysmaýylda şugla saçan bolsa, indi Muhammediň nury äleme ýalkym saçdy. Jebraýyl perişde şol gezek gelenede-de onuň iki kebzesiniň arasynda Pygamberlik möhürini goýdy. Perişdeli hadysadan agyzlary uçuklan Halyma bilen onuň äri Muhammedi ejesi Eminä gowşurýarlar. Pygamber enesi Emine bilen galyberdi. Bu geň-taňlyklar, elbetde, hakykata meňzeş rowaýatlar. Elbetde, Pygamberlik berlen adamyň ömür beýanynda şu we şuňa meňzeş geň-taňlyklar bolaýmaly. Emma gudrat bilen dünýä inen şöhratly Pygamberiň ömri ajy hasratlardan doly: Ol entek alty ýaşyndaka, adyja tiresiniň mesgen tutan ýerinden babalaryndan gaýdyşyn ýolda gelýärkä, ejesi Emine tarpa-taýyn ýogalýar. Şeýlelikde, ol öýleriniň gyrnagy Bereket bilen galýar. Bereket Muhammedi Abdyl Mutallyba gowşurýar. Ol bolsa eýýäm garrylyk ýaşyndan hem geçen gojady. Kazasy golaýlan goja ogly Abu Talyby ýanyna çagyryp, oňa ýaşajyk Muhammedi tabşyrýar. Muhammet Allanyň Resulydygyny haçan bildi?! 609-njy Remezan aýynyň bir gijesi Mekgeden daş bolmadyk Hira gowagyndan owaz eşidilýär: “Men Jebraýyl perişde, Seni görmek üçin Hudaý tarapyndan iberildim. Ol Seni saýlady hem öz buýrugyny gaýrylara aýtmalydygyny tabşyrdy”. Onuň ilkinji aýdanlary şundan ybarat: “Oka! Sen, eý Muhammet. Belent Taňrynyň adyny Rahman Rahym bilen. Ýene-de oka. Seniň hormatly Taňryň, ol kelam bilen hat ýazmagy öwretdi we ynsana bilmeýänlerini bildirdi”. Bu sözler GURHANYŇ 9-njy süresiniň ilkinji baş aýatynda ýerleşendir. Allanyň kelamy şu pursatdan başlap, ömrüniň ahyryna çenli (632-nji ýyl) 23 ýyllap, Muhammede asmandan eşidilip durupdyr. Yslamyň sallançagy Mekge ýedinji ýüzýyllygyň başlarynda ösýän söwda merkezi bolup, şäherde on müňe barabar ilat ýaşapdyr. Keramatly şäher Arap ýarymadasynda esasy söwda ýolunyň kesişýän ýerinde ýerleşip, Gündogarda pers imperiýasynyň Sasanylar döwleti, demirgazyk-günbatarda bolsa Wizantiýa imperiýasy bilen çäkleşýärdi, Müsür we Siriýa bilen hem goňşuçylykda ýaşaýardy. Mekgäniň üstünden gymmatbaha ýükli kerwenler geçýärdi. Çyn-Maçyndan ýüpek parçalar, Hindiden süýji tagamlar, Ýemenden bark urýan müşki-anbarlar Wizantiýa, Ýewropa geçýärdi. Mekge şol döwürde guramaçylyk taýdan diýseň oňat dolandyrylýan şäher hem döwletdi. Şäher şol döwürlerde on sany häkimiň geňeş-maslahaty bilen dolandyrylýardy. Şol geňeş-maslahatda ýörite hukuk meseleleri, din, harby işler, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarda maslahat bermek bilen, graždanlaryň meseleleri boýunça iş alnyp barylýardy. Şu işleriň hemmesi boýunça-da kureýişler taýpasynyň esasy urugyndan bolanlar, ýagny, Muhammediň urugdaşlary iş alyp barýardy. Bu Yslamyň kök urmagy üçin birbada zeruryýet hökmünde düşündirilse, hakykata has golaý bolar. Çünki urug-tire arasyndaky durnuksyz oňşuksyzlyklar, meniň pikirimçe, şeýle diýmäge esas berýär. Ýene-de bir bellemeli zat, arap taryhçylarynyň aýtmagyna görä, Mekgäniň ilatynyň aglaba bölegi sowatsyz bolsa-da, dilewarlyklary, şygyr sungatyna aýratyn ýykgyn edýändikleri bilen tapawutlanypdyrlar. Muhammet Yslamy jar edende, döwleti edara etmekde syýasy hem ykdysady ýagdaý işleri, Muhammediň adamkärçilikli sypatlary hakynda arap taryhçylary onuň Hatyjanyň kerwenlerine baş bolan döwründen başlap, dogruçyllygy we ugurtapyjylygy bilen ýaşytdaşlaryndan tapawutlanandygyny belleýärler. Şol döwürde satyn alan guly Zeýit ibn Haris bilen baglanyşykly bir wakany arap alymlary öz işlerinde aýratyn nygtaýarlar. Zeýdiň kakasy, bir uly tiräniň serdary, köp ýyl aýraçylykdan soň ogluna duşup, ony satyn almakçy bolanda geljekki Pygamber onuň özi gitmek islese, onuň üçin hiç hili pul aljak däldigini aýdýar. Emma Zeýit kakasyna Muhammediň ýanynda galmak isleýändigini duýdurýar. Muny eşiden Muhammet bu ýetginjegi gulçulykdan halas edip, ony özüne ogullyk alýar we ýany bilen Käbä alyp gaýdýar. Asmandan inen ilkinji owazdan takmynan bäş ýyl öň Käbäni täzden dikelden arap taýpalarynyň arasynda asmandan inen gara daşy öňki ýerinde kimiň goýmalydygy hakynda jedel gidýär. Jedelleşýän taraplar eýýäm ellerine ýarag almaga taýýarlananda, garrylaryň biri şu gapydan ilkinji duşan adamdan maslahat soramaly diýen teklibi orta atýar. Dawagärlere ilkinji duşan hem Muhammet bolýar. Ol şol gara daşy bir parça matanyň üstünde ýerleşdirip, arabyň tirelerinden bir wekiliň şol matadan tutup, daşy öňki ýerine ýerleşdirmegini teklip edýär. Şeýle hem edilýär. Muhammediň bu teklibi dawagär taraplary kanagatlandyrýar. Ine şol döwürlerden başlap hem Muhammet tas bäş ýyllap, remezan aýlary Nur dagynda Hura gowagynda gününi, gijelerini ýalňyzlykda geçirip başlady. Şol döwürlerde remezan aýy gyşyň ortalaryna gabat düşýän eken. Şol gowakda-da ol Jebraýyl perişde bilen sözleşýär. Ol ilkinji duşuşykdan soň gaty tolgunýar, gözüne görnen Jebraýyl perişde sypatyndaky arwahdyr öýdüp, gorky bilen Hatyja gürrüň berýär. Ony köşeşdirmek üçin Hatyja elinden gelenini edýär. Olar ertesi güni Hatyjanyň doganoglany isawy dinini kabul eden Waraka ibn Nowfalyňka gidýärler. Bu batyl garry Muhammet sözüni soňlamanka: -“Eger-de sen hakykaty sözleýän bolsaň, şeýle ýagdaý Musa Pygambere mälim bolupdyr. Hudaý uzak ýaş berse, sen yzarlanyp başlanaňda men saňa arka duraryn, seni goraryn” diýýär. Waraka Pygamber ähli hakykaty aýdyp, öz halky tarapyndan yzarlanmadygynyň ýokdugyny aýdyp, sözüni tamamlapdyr. Muhammediň Jebraýyl perişde bilen duşuşygy hakyndaky habar şähere ýaýrap, ony ilki Hudaýyň ilçisi diýip ykrar edenler: Hatyja, wepaly Zeýit, dosty Ebu Bekir hem-de doganoglany Aly dagy bolupdyr. Gaýrylar aç-açan duşmançylyk bilen garamasalar hem, oňa gaty bir ynanmandyrlar. Şondan soň, arap taryhçylarynyň çaklamasyna görä, on bäş günläp Jebraýyl Pygambere Allanyň kelamyny getirmänsoň, duşmanlary ony ýaňsa alyp başlaýarlar. Aýratyn hem daýzasy Umm Lahab oňa gün bermändir. Daýzasynyň ýaňsylamalartyna döz gelmedik Muhammet özüni dag gaýasyndan başaşak goýbermekçi bolýar. Şol pursat Muhammediň dadyna Jebraýyl perişde ýetişýär we şeýle diýýär. Onuň diýenleri Gurhanda şeýle berlipdir: “Gündiziň iň ýagty wagty we gijäniň garaňkysynyň gündizi gaplan wagty ant içýärin. Taňryň seni taşlan däldir. Ýetime hemaýat et, mätäje goldaw ber, rehimli bol, ony Allahyňa aýan et!” (93-nji süre, 1-3-nji hem 9-11-nji aýatlar). Muhammet bu sözlerden Alla uýup, diňe adamyň eşreti üçin göreşmeli diýen manyny aňlady. Bu adamzadyň eşreti ugrunda göreşe çagyryş bolup, ol onuň üçin ähli azaba, jebri-süteme-de kaýyl bolmalydygyna düşündi. Şol düşünje hem ony Hak tagala wepaly bolmaga ganatlandyrdy. Muhammediň dininiň baş ýörelgesi halallyk bilen dogruçyllykdyr. Häzir kitap, onda-da mukaddesligi ündeýän kitaplary çap edýänler köpelipdir. Olaryň arasynda okatmaga rugsat edilenleri-de bar, edilmedigi-de. Diýmek, biz ýene-de bäş şaýy hak üçin halal bilen haramy garjaşdyryp, galp şöhrada ýetmegi niýet edinýän bolsak, geljekki nesliň bagtyna gar ýagdyrarys. Yslam dininde, oňa asmandan inen Keramatly kitapda, hatda onuň ýeke süresinde-de gaýry dinden bolanlara garşy gönükdirilen ýeke süre ýa aýat ýokdur. Tersine, Gurhanyň “Käfirun” süresinde her kimiň dininiň özi üçindigi aýratyn nygtalýar. Esasy zat her kim taňrysyny tanamalydyr. Her kes Taňrysyny tanap, adamkärçilgini saklasa, bu dünýäde ýagşylaryň hatarynda boljakdygy düşnüklidir. Meni musulman hökmünde bir ýagdaý biynjalyk edýär. Gazanç üçin çykarylan dini kitaplaryň köpelişi ýaly, obalarda, şäherlerde metjitler ýagyşdan soňky kömelekler mysaly köpelýär. Hatda, uly ýoluň gaýrasynda biri bolsa, ilerisinde-de biri gurulýan halatlary hem bolýar. Bu agzalalykdan nyşan. Il içinde aýdyşlary ýaly, bir metjit seýitleriňki bolsa, beýleki şyhlaryňkymyş, ýene biri nohurlylaryňky bolsa, beýleki tekeleriňkimiş. Şu metjitlerde hatda jumga namazynyň ojkalyş kadasy hem başga-başga. Eýsem, asmandan inen bir kitap bolup, bir sünni mezhebinden bolanlar niçik dürli-dürli ylmy okap bilýärler. Ýa-da şol metjitlerde daşyndan gelip wagyz-nesihat edýänleriň nämäni, kimi “gorajak” bolýandygyna düşünemok. Taňrymyzy tanasak, ol bizi bir atadan, bir eneden ýaradan bolsa, neüçin biz bir mezhebdendigimize garamazdan, onuň dessurlaryny ýoýýarys! Ýa-da başgaça aýtsak, her molla öz bildigini okar diýlenini edýäris. Ylym eýeleri ylymlaryna bakmalydyr. Kitaba garap, öz şahsy men-menligiňe, öz akabaňa gabat gelýänini teswirläp, galanyny bukmaly däldir. Kitaby dogry teswir edip, manysyny dogry tirmäni, ile ýaýmany parz bilmeseň, okan namazyň ürküzen gurbagaňa degmez. Hemmesiniň soragy bardyr. Allanyň bendesi Alladan gelip, Allaha barýandygyňy unutma! Hakyň permanyny elinde tutup, GURHANYŇ nuruny jahana saçan Muhammet Medinede ilkinji Yslam döwletiniň dolandyryş häkimiýetini esaslandyranda, şäheriň ilatynyň ähli gatlaklaryndan: ýehudylardan, hristianlardan we köphudaýly araplardan ybarat köpçülikleýin edara etmegi teklip edýär. Şol döwre çenli Yslam – täze dörän din köp kynçylyklary başdan geçirýär. Onuň esaslandyran döwleti hem dini ýörelgeleri indi on bäş asyra golaý ýaşamagyny dowam edýär. Medinede döredilen obşina kesekileriň sütemine gaýtawul berip biljek we ynsanyýet ösüşine alyp barýan dogry ýoly görkezen gurama boldy. Muhammet durmuş tejribesi ýetik paýhasly adam bolansoň, ol birbada hem hemişelik, ähli babatlarda täze dörän döwletiň agzasy hökmünde musulman dinini, şahsy syýasy durmuşdanähili özüni alyp barmalydygy hakynda çäreleri durmuşa geçirýär. Onuň ilkinji çözen meselesi hem Mekge musulmanlarynyň ykbaly bilen bagly bolupdyr. Ol Medine baýlaryna Mekge musulmanlary bilen garyndaşlyk, hossarlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagy teklip etdi. Pygamberiň teklibi kabul edilip, bir maşgala birigen baýlar hem bosgunlar gazançlaryny deň paýlaşýarlar, bolelinlikde ýaşap ugraýarlar. Ol ilkinji etmeli işlerini hem täze diniň, täze döwletiň baş kanunyny işläp düzmekden başlady. Ol biziň şu günlerimize çenli saklanyp galan hem musulman ýurtlarynda peýdalanylýan ilkinji ýazmaça dokument Gurhandyr – Konstitusiýadyr. Onda döwlet baştutanynyň hukukdyr borçlaryndan başlap, onuň raýatyndakylaryň jemgyýetdäki durmuşynyň hukuk meseleleri, harby işler boýunça, sosial üpjünçilik meselelerine çenli kesgitlenendir. Yslamyň Konstitusiýasynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem birek-birege hormat goýmak meselesiniň diýseň giň manyda ulanylýandygyndan ybaratdyr. Wyždan azatlygyny hemmeler üçin deň derejede kanun taýdan kepillendirýänligindedir. Şerigat öňünde we şol boýunça diňe musulmanyň jogap berýänligindedir. Täze dörän döwletiň Baş Kanunyny kabul eden Muhammet bada-bat goňşy taýpalar bilen goranmak şertnamalaryny baglaşýar. Şeýlelikde, Muhammet Hamidulla öz syýasy-ykdysady hem harby ýagdaýyny berkleşdirýär. Ol Mekgeden Medinäniň üsti bilen geçmeli kerwenlerden toprakbasdy tölegsiz geçmegi gadagan edýär. Garşylyk görkezenler Muhammediň tarapdarlarynyň gaýtawulyna sezewar bolýarlar. Bu ýagdaýlar Mekgäni ykdysady taýdan tapdan düşürýär. Muhammet ildeşleriniň halyna dözmän, ýaraşyk yglan edýär. Hijriniň ilkinji ýylynda Medinäniň bir kwartalynda emele gelen dini toparyň döwlet aerhedi Pygamber dünýäden gaýdýança ümmülmez territoriýa ýaýylýar. Ol üç million kwadrat kilometrden ybarat, hususy maliýeli, harby, okuw, hökümet edaralary, hukuk guramalary bolan özbaşdak döwletdi. Yslamyň hem Muhammediň taryhyndan köplere belli bolan hakykaty tekrarlamak bilen, men nämeleri aýtmak isledim. Şu gün özbaşdaklyga gadam uran türkmeniň halaly harama gatmazlygyny, bäş parzdan gaýry, ahlakly bolmagyny, päk bolmagyny, Watanynyň, milletiniň hatyrasyny saklamagyny, ony beýgeltmäge çalyşmagyny isledim. Biziň Dinimizde bahasyna ýetip bolmaýan üç damja bardyr. Birinjisi – halal ýol bilen günüňi dolamak üçin dökülen alyn deriň damjasy. Ikinjisi – Şehit ganynyň damjasy. Üçünjisi bolsa – eden günäleriň üçin dökülen gözýaşlaryň damjasy. Haktagaladan bir dilegim: türkmen indi alyn deriniň gymmatyna düşünip, şehit bolup ganyny dökmeli bolmasyn! Bize işlemek, köpelmek parz YLAHY ÄMIN! 12.08.1992 ýyl. Aşgabat. Muhammet MYRATLY. # "Türkmenistan" gazeti, 07.09.92 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |