02:38 "Gel, gowsy baryny başlaly başdan" | |
"GEL, GOWSY BARYNY BAŞLALY BAŞDAN"
Goşgular
"Gel, gowsy baryny başlaly başdan" Aşyr Hanow Gel, gowsy baryny başlaly başdan, Ýoklap gussalaryň düýni-ertesin. Ýalňyzlygy aýryp, synlaly bile Geçen bagtly günleň kinolentasyn. Gel, gowsy baryny başlaly başdan Syryp dünýämiziň gamgyn buludyn, Ýöne urýan ýürek kiçidir welin, Söýen ýürek köp zatlardan uludyr. Gel, gowsy baryny başlaly başdan Ýeke ýalan bolsa, biz ony bogsak Çaga bolşuň bilen begendir meni, Şatlygy-da undyp barýaryn, ýogsa. Gel, gowsy baryny başlaly başdan Besdir, aýralyga bolmaýyn şahyr Seni men dek, menäm sen dek ykbalda Ömürboýy, indi söýjek ýok ahyr. Ylham GURBANALYÝEW. 2022.10 | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||