05:04 Gerçekleriñ şanyna | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ GERÇEKLERIŇ ŞANYNA Diliňe çolama, enäniň süýdün Özüňden başga-da haklaýan bardyr. Sen diňe iýdirýän, geýdirýän bolsaň, Belki, aýasynda saklaýan bardyr. Kiçiräjik bir döwletdir maşgala. Eýer öňün çekip barýan başlyga. Öz - özüňe baha goýma, başga-da Seniň kimdigiňi çaklaýan bardyr. Adam belli - külli owadan bu gün, Gerçek kişileri küýseýär göwün. Halas etmek üçin özgäniň öýün Özün ýanar oda oklaýan bardyr. Ýagşy ynsan ýürekleriň ýalkymy. Iý diýseňem iýmez özgäň hakyny. Entek ejiz eginleriň ýüküni Alyp öz egnine ýükleýän bardyr. Ýogsam ömür beýle bolmazdy süýji, Ýamana görelde ýagşynyň güýji. Ýitmesin olaryň tohumy - tiji. Akýan çeşme bardyr, akmaýan bardyr. ▶ ENE GOŞGYSY Mahmal sähram sen bolup, Bahar maşa bakanda, Howlukmadym hiç zada, Sen bar diýip jahanda. Yrsaradym, näz etdim, Betdim. Nähili betdim! Hernä kejiňe gitdim, Sen bar diýip jahanda. Näme diýsem tapylýar, Näme etsem hakym bar. Boldum saňa hökümdar, Sen bar diýip jahanda. Ona ýetsemem çaga, Ondan ötsemem çaga, Wagtym ýok ulalmaga Sen bar diýip jahanda. Ellä ýetmän Eje jan, Gözüň ýumlan mahalda, Özüm aldap kän gezdim, Barsyň diýip jahanda. Ýogsam boýun alypdym, Hemme zady bilipdim. ...A men Dünýä gelipdim, Sen bar diýip jahanda. ▶ DÖWRÜŇ GAHRYMANLARY Bilýänsiňiz, haýsydyr bir wagtlar - Öňe çykdy iň bir batyr ýigitler. Dumly duşa ýaýrap şöhrat - şanlary, Bolupdyrlar döwrüň gahrymanlary. Agyr märekäniň göwnün awlanlar - Öňe çykdy iň bir atly pälwanlar. Tutluşanda ýere degmez ýanlary, Bolupdyrlar döwrüň gahrymanlary. Owaz goşup tamdyranyň kirşine Öňe çykdy ady belli bagşylar. Agzyna garadyp begi-hanlary Bolupdylar döwrüň gahrymanlary. Alym öňe çykdy äýnek dakynyp Ol bolmagy arzuw etdi jahyllar. Iliň - günüň garyp göwnün göterip Iň arzyly adam boldy şahyrlar. Döwürler dolandy durmuş üýtgedi, Gahrymanlar galdy bize ýadygär. Olaryň baryny itip bir gyra Öňe çykdy gyzyl pully söwdagär. | |
|
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gowy men" diýer / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Kakasy aýatda, çagasy ýetim... / Goşgular - 25.07.2024 |
√ Mekanyna gideli / Goşgular - 05.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |