02:48

Giç bolmanka, namaz oka!

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 426 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 3.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Baýlygym meniň / Goşgular - 23.10.2024
Aglama sen, ýüregim! / Goşgular - 28.08.2024
Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024
Mähir, meni terk etme sen! / Goşgular - 12.11.2024
Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024
Kim görer hurşydy, ol mahy-sima bolmasa... / Goşgular - 11.12.2024
Täzeçe tuýuglar / Goşgular - 30.11.2024
"Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024
Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024
«Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024

Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Haweran  
411
Şeýle goşgularyñ näme ü.n ýazylýanyna hem düşünemok, hem muny gulagyna gygyryp okañda, goşguda ündelýän pikire amal etjegiñ boljagyna ynanamok. Gaýtam namaz okajagy-da ürküzäýmese. (diniñ parzlaryna amal etmegi ündeýän has kämil we has täsirli eserler klassyky edebiýatda kän duş gelýär. Şol eserlerden has gowy edip aýdyp biljegiñe gözüñ ýetse, söz gezegini almaly. Ýogsa bolmasa bu meselede dymyp oturanyñ gowy bolaýmasa).
Ýa men ýalñyşýanmy?!

* * *

Namaz okaýanam Hudaýyñ bendesi, okamaýanam. Aradaky okap-okamazlygyñ parhyny seljermek, hasabyny soramak bolsa, Hudaýyñ öz ygtyýaryna galan zat.
Elbetde okaýan bilen okamaýan - Allanyñ öñünde egilýän baş bilen egilmeýän baş deñ däldir welin, käbir okaýanlardan käbir okamaýanlaryñ has adamkärçilikli, has ynsanperwer adamdygyny görüp ýörüs. Şonuñ üçin indi bular ýaly meseleler şahyrlaryñ meselesi bolmakdan çykmaly.
Ýazyjy-şahyryñ derdi diniñ parzlaryny propogandirlemek däl-de, eýsem adamkärçiligi, gumanizmi ýaýjak, has çuñlaşdyrjak, hut şu pozisiýadan dürli ynançdaky, dürli dindäki, dürli ýurtdaky we milletdäki adamlara bir pikiri orta atañda beýleki pikiri saýrylaşdyrmazdan deñ täsir edip biljek we olary doganlaşdyrjak has başgaçarak usullary oýlap tapmak, muny eserleri bilen görkezmek bolmaly.

* * *

Goşguda diniñ adyna ýöñkelýän, ýöne şahyryñ "şeýle bolaýsady" diýip göwün ýüwürdýän yrga pikirleri bar. Analiz geçirip, ýaş awtory ürküzip, goşgudan elini sowadyp oturmalyñ. Şujagaz edilen umumy bellikdenem netije çykarar diýen tamamyz bar.

0
5 Alchemist23  
1154
Ilki bilen-ä Salawmaleýkim. Siziň aýtýan zatlarňyz düýbünden dogrydyr. Oňa şübhäm ýok. Ylalaşýan. Pikriňize hormatym uly. Ýöne meniňem bar niýetim şu ýönekeýje sözleň üsti bilen adamlary gowluga çagyrasym geldi. Dogry, bu ýazanlam köpüsi üçin (belki-de hemmesi üçin) akyl satyjy, iňňirdili bolmagyn mümkin. Şonda-da şeýle ýazmagy makul bilipdim. Göçme many, metafora, ýa-da şoňa meňzeş has üýtgeşik stillerem ulanyp bolardy, ýöne adamlaryň hemmesi metafora we ş.m-lere düşünmeýär. Dogrysyny dogry aýtmaly düşünýänden düşünmeýän has köp. Şonuň üçinem şeýle ýazasym geldi. "Bendäm bendäme sebäp " diýlişi ýaly belkide bu ýönekeý akyl satyjy sözler bir adamy üýtgeder diýip pikir etdim. Sebäbi adamy üýtgetmek üçin ýekeje sözem ýeterlik ahyry. Namaz - bu Ýaradanyň bize eçilen nygmaty. Ýöne näme üçin aglaba adam bu nygmaty bilenok. Bilse-de bilmedik ýaly... Dogry islendik zatda-da okaýan bilen okaýanyň tapawudy bar. Her hili adam bar. Okasa-da okamasa kalby päk saklamaly bu birinji şert. Ýöne kalp päk bolansoň + onuň üstüne namazam goşsak nähili ajap bolmazmy?, Ahyrýet üçin nähili ajap goşant bolmazmy? Hemem nähili erbet adam bolaýsyn, näçe günä iş eden bolaýsyn, Allatagalla aýtýar: " Maňa gelmek hiç haçan giç däldir"
Garaz, niýetim biraz bolsa-da gowlyk üçindi. Siziň teswiriňizden hem gowy netije çykarmakçy bolaryn! Sagboluň!

0
6 Myhman0430  
778
düýbünden dogrudyr - büs-bütin (,tutuşlygyna, -yň bary, -yň hemmesi...) dogrudyr.

"düýbünden" sözi yzyndan negatiw işlik ulanjak bolsaň gowy gelişýä dämaý. mysal üçin "düýbünden nädogry"

____

öwüt-ündew goşgular hakynda

menem peýdasynyň degjegine ynanyp baramok. onda-da täze, ýaş, öwrenje şahyr bolsa. belki zyýanam ýokdur. ýöne okasyň gelmeýäni çyn ýaly.

_______

ady belli şahyrlaň biri bolsa, fanatlarynyň arasynda "hä, bu diýýän bolsa bir nemesi bardyr" diýjekler bolsa bolaram. ondan öň Magtymgulydan başlap Pygamberimize çenli, haweranyň diýşi ýaly, hut Alla Tagalaň özi Kuranda aýdanam bolsa...

aýtmagyň sogapdygyna ynanýan. hany, hadysmy, aýatmy, bar-a, nämedi şo!? "gowulyklary ündäň, erbetlikleri ýazgaryň" diýen ýalyrak. okaýan bilen okaýanyň tapawudy bolşy ýaly, aýtmak bilen aýtmagyňam (aýdýan bilen aýdýanyňam) tapawudy barmyka diýip du:n.

0
2 baharaliyeva39  
1028
Namaz yüregi arassa adamlar üçin hem parz. Şahyr kim hem bolsa öz elinden dilinden geldigiçe ybadat etmäge wagtyň barka diýip çagyrýa. Näme sebäpli şahyryň işi bolmakdan çykmaly?belki bir adam hem bolsa tâsir eder diýip pikir edýärin. Namaz okaýan ýöne niýeti bet adamlar bilen bu goşgynyň baglanyşygy ýokmukan diýýän.

0
3 Haweran  
411
Awtoryñ başardygyndan şujagaz goşgy arkaly halysalla ak ýürekden namaza çagyrýandygyna şübhäm ýok. Ýöne "Oka!" diýlen açykdan-açyk, düşnükliden-düşnükli aýatyñ bardygyny görmezlige-bilmezlige salýan adamzat bu ýöntemje çagyryşa gulak gerermikä?
Islendik meselede birine "pylan zady et" diýip iñirdili, akyl öwredijilikli ýa-da buýruk berijilikli maslahat berseñ, ol maslahatyñ tersine depýändigini bilýänsiñiz. Awtor has täsirliräk usullara ýüzlenip bilerdi, gury öwüt berijilikli we köpleriñ gaýtalaýan tärlerini ulanman, çuñnur oýlanmalara iterýän metaforalary gözläp, tapyp, ulanyp bilerdi.

0
4 baharaliyeva39  
1028
Pikiriňiz dogry. Ýöne şahyryň niýeti amalyndan öňürti gelýä. Niýeti belli parza çagyrmak. Belki de galamynyň güýji şujagaza ýetýändir. Sada dilden aňlamayan metafory neýlesin.))

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]