06:15 Gijeki goşgy | |
GIJEKI GOŞGY
Goşgular
Uz ýörap, gelýardi asylly, Görip, barja erkim basyldy. Görkinden aý nury saçyldy, Gözlem barşyna garap gitdi. Göreçlerem göreje çümdi, Aý diýsem-ä aý-dy, hem gül-di. Her aýdany bolupjyk hüwdi, Bu kalbyma-da ýarap gitdi. Gülden görk, aýdanam nur atyp, Haýrana galdym, aklym ýitip, Sözlerim ýüregine ýetip, Doňdurma deýin eräp gitdi. Elime aldym-da ter çemen, Ýar yzyndan ylgadym menem, "Men-ä söýdüm, söýermiň senem", Dymdyda, başyn yrap gitdi. Gygyrdym, deme ýetmän demin, Nä dymýaň, Aýtgyn bolsa kemim! "-Bir görene söýýän diýermiň?! Oýlangyn diýip, ýöräp gitdi. Diýdim. Kararym berdim eýýäm, Ýandyrsaň ýanjak, köýdür, köýýän! "-Men-ä entek diýmerin söýýän", Barja umytlam üwäp gitdi. Nätjek, meňem aljagym anyk, Maňa ýar bol! Uzatdym ýüzük, Birdenem gygyryp budilnik, Ähli arzuwlar küräp gitdi, Şeýdibem goşgy döräp gitdi. Ylham GURBANALYÝEW. 2020. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |