22:43 Gitleriñ Injili | |
GITLERIÑ INJILI
Geň-taňsy wakalar
"Bilmedi ol näsezalar enbiýalar gadryny, Hak tagala ol kerdäni kör-u nadan eýledi". Magtymguly Pyragy. Taryhda dini perdelenip, halklara gan gusduran zalym hökümdarlar we uruşlar az bolmandyr. Olardan Orta asyrlaryñ haçly ýörişlerini, Teýmirleñiñ talañçylykly uruşlaryny mysal getirmek bolar. Haçly ýörişler başly-başyna "gapyrgasy gapyrgasyna çolaşan" Ýewropanyñ maksady ylymda we medeniýetde öñe giden baý musulman halklaryny talap, añsat ýol bilen baýamakdy. Teýmirleñ hem ilkibaşda häkimiýeti ele alanda özüniñ tagtda gözüniñ ýokdugyny aýdyp, tagtda Çingiz hanyñ hanedanyndan gelýän bir wekili oturdypdy we bar maksadynyñ jihad etmekdigini aýdypdy. Elbetde, onuñ agzyndan çykan sözler bir başga, hakykatda eden işleri hem bir başga... Biziñ makalada üns merkezine almak isleýän zadymyz bu däl. Taryh dini perdelenýän zalymkerdeleriñ ylahy kitaplary hem öz hapa maksatlary üçin ulanandyklaryna ençeme gezek şaýat bolupdy. Elbetde, "üýtgedilen ylahy kitaplar" diýlende, her kesiñ aklyna hristianlaryñ Injilidir, ýewreýleriñ Töwrady geler. Munda geñ görerlik zat ýok. Kitap ýoýma hadysasy iñ soñky gezek XX asyrda Gitler tarapyndan amala aşyrylypdy. Aslynda ýewreýlerdir hristianlaryñ ylahy kitaplary ýoýma endigi soñ dörän zat däl. Hristian dünýäsinde kabul edilen dört Injilden öñ biri-birinden tapawutly ýüzlerçe Injil nusgasynyñ bolandygyny muña mysal getirmek ýeterlik bolsa gerek. Geliñ, muña protestant taryhçylaryñ öz ýazyp giden eserlerinden mysal getireliñ. "Isanyñ ömri", "Hristianlyk taglymaty", "Isanyñ täze ömri" kitaplarynyñ awtory we nemes filosofy, taryhçy Dawid Fridrih Ştraus (1808-1874) bu barada şeýle diýýär: "Hristianlygyñ ýañy ýaýrap başlan döwürlerinde hristianlar ýewreýleriñ dürli döwürlerde üýtgeden "Köne äht" kitabyny grek diline terjime etdiler. Bu terjimeler ýewreý kitaplaryna gabat gelenok diýip, ýewreýler muña garşy çykdylar. Hristianlar ýewreýleriñ dilini saklar ýaly jogap tapmak üçin "Köne Ähdiñ" grek diline edilen terjimesine täzeden üýtgeşme girizdiler. Meselem Isa aleýhyssalamyñ ata-babalary diýip käbir atlar Zebura girizildi. Isa aleýhyssalamyñ dowzaha girmesi ýaly jümleler Ermiýa kitabyna girizildi. Ýewreýler bu gödek ýoýulmalary görüp, "bular biziñ kitaplarymyzda ýok" diýip nadaralyklaryny artdyransoñ, poplar "Eý Hudaýdan gorkmaýan hilegärler! Siz "Mukaddes kitaby" ýoýmaga nädip bognuñyz ysýar?" diýip ýewreýleriñ üstüne hüjüm etdiler. Soñabaka hristianlar bilen ýewreýleriñ arasyndaky bu çekişme hasam gyzyşdy. Hristian poplaryñ bir bölegi bu ýagdaýdan nädip baş alyp çykjaklaryny bilmediler. Şeýlelikde, hristianlar birnäçe pyrkalara bölündi. Bu agzalalyklar olaryñ arasynda uly-uly ganly çaknyşyklaryñ döremegine sebäp boldy. Isa aleýhyssalamyñ ýaşap geçen döwründen 325 ýyl geçensoñ, ýagny miladynyñ 325-nji ýylynda Wizantiýanyñ imperatory Konstantiniñ görkezmesi bilen 319 sany pop Iznik diýen ýerde toplandy. Olar her biri ýoýulmadan doly "Mukaddes kitabyñ" nusgalary boýunça seljeriş geçirip başladylar. Bu konferensiýada Hezret Isanyñ hudawy ruhlugyna ynananlar üstünlik gazandy. Olar ýewreý kitaplaryndanam terjime edilen bölekleri hem garyşdyryp "Mukaddes kitabyñ" täze wersiýasyny düzdüler we kabul edilen bu nusgadan başga nusgalaryñ ählisini şübheli kitaplar diýip yglan etdiler..." Käbir nusgalary sahyh hasap edip, käbirlerini şübheli yglan etmek munuñ bilenem gutarmaýar. 364-nji, 390-njy, 397-nji ýyllarda geçen konferensiýalar hem Injil taryhynyñ näderejede ýoýulmalar we gapma-garşylyklar bilen doludugyna güwä geçýär. Biz bütin bu ýokarda agzalan taryhy faktlaryñ üstünde näme üçin durup geçdik? Bu agzalan taryhy faktlar makalada esasy üstünde durulyp geçiljek Gitleriñ näme üçin Injiliñ täze wersiýasyny döretmek isländigine düşünmekligi belli bir derejede aýdyñlaşdyrsa gerek. Dini hapa maksatlary üçin ulanan Adolf Gitler hem Injil ýoýma ýaly tradision endigi dowam etdirip, birmahalky ata-babalaryndan birjigem pesde oturmandyr. Onuñ bu pygyly hakynda şindi-şindi aýdylyp başlandy. Russiýanyñ "Prawda" gazetiniñ 2016-njy ýyldaky sanlarynyñ birinde Adolf Gitleriñ şahsy teologlar toparyna "ýewreý täsirlerinden we ariýa jynsyna garşy ýöredilýän pikirlerden arassalap" täze Injiliñ taýýarlanmagy üçin görkezme berendigi aýdyldy. 1939-njy ýylda Aýsnaç insituty tarapyndan taýýarlanan bu täze Injil 100 müñ ekzemplýar bilen neşir edilipdir. • Gitleriñ Injilinde näme ündelýär? Ilkinji nobatda nemes halkyny faşistik taglymatyna gulluk etdirmegi maksat edinýän we "Gitleriñ Injili" diýen at berilip many-mazmuny üýtgedilen bu kitabyñ ähli nusgasy Ikinji jahan urşundan nemesleriñ ýeñliş bilen çykjakdygy gutarnykly belli bolup başlansoñ ýakylypdyr, muña garamazdan 1980-nji ýyllardan soñ käbir nemes buthanalarynda az sanly nusgasy saklanyp galandygy mälim boldy. Injile goşulan parz amallaryñ arasynda "Ganyñyzyñ arassalygyny we gymmatyny gorañ!", "Gitlere, hojaýynyñyza boýun sunuñ!" diýen ýaly jümleleriñ bardygy aýdylýar. Harputly Yshak Ependiniñ "Diýa-ül-kulüb" kitaby we internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |