06:26 Gogola hat | |
GOGOLA HAT
Edebi tankyt
Ýok. Pikir edişiňizden has çynlakaý zatlar barada gürrüň gidýä. Adam özüniň kemsidilmegine, mertebesiniň peseldilmegine dişini gysyp biler. Ýöne hakykat duýgusynyň, ynsanyýetiň mertebesiniň depelenmegine göz ýumup, dymyp bilmerin. Din perdesi, gamçy goragy astynda ýalany, ahlaksyzlygy hakykat we edep ýaly görkezýänleriň garşysynda dymmak elimden gelmeýä. Şuny göreňzokmy: Russiýa halas bolmagyň ýoluny mistisizmden, asketizmdem, peitizmden däl, siwilizasiyadan, bilimden, ynsanperwerlikden gözlemeli. Oňa gerek zat wagyzlar däl (ýeterlik wagyz diňledi), doga-dileg däl (doga gaýtalamagyň kemini goýmadyk), oňa zerur zat – asyrlarboýy guma garylyp aýagasty bolan ynsan mertebesiniň ýerden galdyrylmagy. Oňa zerur zat ybadathana sapaklary däl, paýhasly, adalatly düzülen hukugyň we kanunlaryň elden geldigiçe dogry dürs durmuşa geçirilmegi. Bir wagtlar orsýetiň özüni tanamagyna uly goşant goşan, orsýete göýä aýnada özüni görmek mümkinçiligini döreden beýik ýazyjyň edýäni näme? “Zalym pomeşşige” “hapysa daýhanlaryň” ganyny, ýiligini sormagy kiliseden, Isaň adyndan wagyz edýän kitap ýazýa. Soňam muňa gaharlanmazlygymy isleýä… Janyma kast eden bolsaňyz, size şu bolgusyz kitabyňyz üçin gaharlanyşym ýaly gaharym gelmezdi. Boljak zat däl, Siz hassa, haýal etmän bejergi almaly. Ýa-da… Bu ýa-dany aýtmaga dilim baranok. Siz, “inspektory”, “öli janlary” ýazan siz, şu bisowat dindarlary hakyky katolik dindarlar synpy bilen deňeşdirip bolmajak derejede üstün goýup, bu kelpez adamlaň şanyna öwgüli sözler setirleýäkäňiz, bu işi tüýs ýürekden edýän bolup bilersiňizmi?!Rus halkynyň din hadymlaryny ýigrenýänligini bileňzokmy? Halkymyz munça hapa degişmeleri kim üçin oýlap tapdy? Poplar, olaň aýal gyzlary, gyrnagy-ýenesi üçin dälmi näme? Orsýetde hilegärlik, açgözlük, gedemlik, ýaltalyk diýlende, ilki bilen poplar göz öňüne gelmeýämi näme? Sizi diňlesek bolsa, rus – dünýäniň iň dindar halky. Göz görtele ýalan bu. Puşkiniň hökümdara tabynlygny bildirýän iki goşgusy oňa haşamly lybas geýmäge ýeterlik bolupdy. Ýöne halkyň özüne bolan söýgüsine zeper ýetiripdi. Peterburgda bu kitaby mirasdüşeriň ogluna mugallym bolmak üçin ýazanlygyňyz hakda gep-gürrüňleň ýaýramagynyň sebäbem şudur.Bu kitabyň sizi ýazyjy hökmünde, has beteri, adam hökmünde-de halkyň gözünden düşürenligine haýran galasy işi ýok. Kitabyň daşynda adyňyz bolmasa, içindenem awtor hökmünde özüňiz hakda aýdylýan bölümleri aýyrsak, bu howaýy söz we sözlem ýygyndysynyň “inspektoryň”, “öli janlaryň” awtorynyň galamyndan çykanlygyna hiç kim ynanmazdy. Bu ýerde söz “sen” ýa-da men barada däl. Hakykatlar, rus halky, Russiýa ýaly, meniň kimligimden, hatda siziň hem şahsyýetiňizden üstün meseleler barada.… Beýik eserleriňizi bir gapdala itip, başyňyza bu derdi nädip alan bolsaňyz, indi, tüýs ýürekden boýun egmek bilen soňky kitaby gapdala itip, öňki eserleriňiz ýaly beýik eserler döredip, bu günäňizi ýuwmalysyňyz! Salzburg, 15.07.1847. Wissarion Grigorýewiç BELINSKIÝ. | |
|
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||