20:29 Gök böriniñ nalasy | |
GÖK BÖRINIÑ NALASY
Goşgular
Boz sähralar Günüñ dogýan ülkesi Günüñ batýan soñky deñzine çenli Aralykda ýatan sansyz diýarlar, Sensiz niçe eýýamlary geçirdi. Iki ýüzli döwür çarhyny aýlap. Döwranyn eýesiz itlere berdi, Seni ýatlaýaryn yzyñy yzlap, Niçe müñ ýyllap! Arzuwladym eýýamyñ Oguz han, Taryhçylar taryhyñy ýazypdyr, Her niçik gömmäge çalyşsalar-da, Adyñ birmahalky parlak döwürde, Bolşy ýaly goja dünýäñ başynyñ, Goja şahly jygasyna dönüpdir. Eşitdim adyñy gaýry dilliden, Öwrendim töräñi gaýry dinliden, Duýmandyrys, olar seniñ adyñy, Taryh kitabyndan aýyryp pozup. Rowaýatlañ arasynda goýanyn. Muña seniñ alty iner ogluñdan, Ýigrim dört agtygyñ bilinden önen, Ýurdun bigäneleñ eline berip Añy göýdükleşen nesliñ günäkär, Muña şu ýangynly bentleri, gaşyn, çytmazdan arkaýyn aýdyp oturan Özgäñ aýdymyndan başga zat bilmän Saýrylaşyp giden dilim günäkär. Güýz aýynyñ soñky aýynda ýetişen, Gyş kädisi ýaly pitikläniñde Daşdan çykan ses deý zarynlap giden, Akyl almaz bu boş kelläm günäkär Özüm sebäpkär Hamala zeýrenseñ peýda bar ýaly, Her gün, ahmyr bilen bolsa-da ekýän. Käte-käte içim gysyp dulumda, Tagzym etmek üçin ör turup birden, Mermer şähermiziñ gaýra taýyna Öñki görmegine görk goşup duran Mäkäm gysyp sary ýaýyñ okuny Garaşsyz ýurdumyñ şuglasy siñen Nurana heýkeliñ öñüne baryp Gynanyp aglaýan, delmurup bakýan Iman edip Gök tañrynyñ birligne Hem-de seniñ Allañ ilçisidigñe Şaýatlyk edýärin halkyñ birligne Gaýtadan dikeldip şanly adyñy Taryhy täzeden ýazasym gelýär, Belki şonda bizden bimaza bolup, Niçe müñ ýyl bäri bialaç halda Daşymyzda mydam pelesañ urýan Eziz ruhuñ mundan bir az beýgeler! Nazar salyp alyslardan halkyña, Ganat, ylham kuwwat beresiñ atam, Güýç berersiñ dünýäñ türkmenlerine, Belki şond oguzlaryñ ýoluna, Bent edilip goýlan ähli zatlary, Syryp-sürüp ýok ederis bigüman Şondan seniñ paýhasyñy ýaýarys, Birmahalky ýaýan Tañry dininden Aýry däldigini bilip Yslamyñ Dünýäñ ähli ezilen musulmanlary, Jemlenerler oguzlaryñ daşyna Duşman öz-özüniñ etini iýer, Şagallar dep bolar ýeriñ ýüzünden, Aññytlaryñ arkasynda zarynlan Möjeklerem uwlmasyn goýarlar. Birmahallar ergenokon dagyny, Parran ýaryp çykan oguz kowmuna Gök böriler gitjek ýolun görkezer Ruhuñ bilen göge galar Oguzlar Türk, Gagauz, Azerbeýjan, Türkmenler, Düşünip ganybir dogandygyna, Türküstan ilinde toýlar-toýlarlar Mert pederleñ ruhy janlanyp ýene Ärligiñ gaýratyn gaýnadyp ganda Çingiz hana jogap edip çykarys, Meñburnynyñ aryny-da alarys. Osmanlylañ aryny-da alarys. Alarys biz Türküstanyñ aryny, Nesillere öwrederis baryny, Seniñ ajap ol mübärek adyñy Göwni galkyp çykar şahyr Şeýdaýy Gözel ýigrim bäşiñ waspyn etmäge Öwreneris boş ýitirmän wagtymyz, Dikelderis miras goýan tagtyñy... Peşeñ ogly AFRASYÝAP 05.07.2017 ý. | |
|
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Gider idim men ýol syra, ýawlak uzamyş bir agaç... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Bu jany gördüm / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Gatmaga geldim / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ilýa Erenburgyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 02.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |