15:13 Gonamçylykda | |
GONAMÇYLYKDA
Goşgular
Men bu ýere geldim ilkinji gezek, Bu ýerlere ilki aýak basdym men. Belki, ilki gezek çyndan oýlanyp, Ömür diýlen zada baha kesdim men. Sansyz tümmeklere nazarym dikip, Ömrüň juda gysgadygna uýdum men. Müňlerçe pikiriň ýumagyn söküp, Özümi kän zada borçly duýdum men. Ýüregim çalaja gyýylyp gidýär, Tolgunmadan ýarylarly kükürek. Ýene bir dünýäni goýup gitmeli, Göz aýlaýan ýaňja gazlan çukura. Gör, nähili elhenç pikir etmeklik, Endamym jümşüldäp, aşak bakýaryn. Bir haýukdan duýýan kimdir biriniň, Çalajadan öz arkama kakýanyn. "- Ýör, ogul, gyýylma bu bir durmuşdyr, Ysgynsyzja öňe gadam urýan men. Oglan bolup gelip gonamçylyga, Uly adam bolup çykyp barýan men". Mämmetgurban MÄMETGURBANOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 03.10.1986 ý. | |
|
√ Saňa bolan yşkymdan / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Bolarmy / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Kinaýa / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Bol / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Agyr meseläniň ýeňil çözgüdi / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||