14:57 Yhlas çabgasy | |
YHLAS ÇABGASY
Teatr we kino sungaty
Asman bulutlydy, daşyndan seretseň, düýäniň örküjini ýatladýan lemmer-lemmer bulutlar daglaryň gerişlerinden geçip, obanyň depesini gallap alyp başlapdylar. Käte gök gümmürdäp, ýyldyrym çakýardy. Muňa garamazdan on-on bir ýaşlyja oglanjyk öz işi bilen gümrady. Daş-töwerekde deň-duşlary, oba oglanlary kändi. Ýöne ol oglanjyk olaryň hiç biriniň oýnuna goşulanokdy. Ol palçykdan sahna edýärdi we onda hereket etjek keşpleri ýasaýardy. Bu oýun göýä onuň işine öwrülipdi. Oglanjyk öz işine şeýle bir berlipdi welin, kimdir biriniň: «Seniň sahnaň gaty owadan eken» diýen sözlerine çalaja tisginip gitdi. Ol ýüzüni galdyranda, gapdalynda hiç kimi görmedi. —Aşyr jan, gelsene, naharyňy sowatma — diýip, ejesi oňa gaýtadan gygyrdy. Oglanjyk kynlyk bilen öýe tarap ýöneldi. Aşyrjyk nahar iýenden soň, uk basmarlap, ýatyp galdy. Ol düýşünde adamlara üýtgeşik sahna oýnuny görkezdi. Birdenem baş keşbi döredýän gyz sahnadan çykmakçy boldy. Ol aňyrlygyna çalt-çalt ýöräp gitdi. Ýöne oglanjyk onuň gitmegini islänokdy. Ol: —Aýşa!!! — diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy-da, ukudan oýanyp, ýalpa gözüni açdy. Beýleki otagda öz işleri bilen gümra bolup ýören ejesi oglanjygyň çasly se- sini eşidip, haýdap onuň ýanyna geldi. — Näme boldy, oglum, özüňem garader bolupsyň-la? — diýen ejesine, ol: «Düýşürgäpdirin» diýip, bir söz bilen jogap berdi. Bu bolup geçen waka oglanjygyň hakydasynda hemişelik galdy. Günler, aýlar, ýyllar geçdigiçe, onuň sahna- da işlemek höwesi barha artdy. Her hepdäniň şenbe günleri agşamlaryna obanyň klubunda dürli çeper filmler görkezilýärdi. Aşyrjyk ol filmlere tomaşa etmäge diýseň höwesekdi. Käte doganlary bilen, eger doganlarynyň işi çyksa, ýeke özi kluba hökman kino görmäge giderdi. Oglanjyk kino görkezýän adamdan haýyş edip, onuň gapdalynda oturardy. Oňa filmleriň lentaly gutulary- ny alyp bererdi. Kinomehanigiň özüne buýurjak ýumşuna hemişe taýýar bolup durardy. Ol görkezilýän çeper filmlere diýseň ünsli tomaşa edýärdi. Filmlerde bolup geçýän her bir wakany ýadynda saklaýardy. Ondaky gahrymanlaryň sözlerini ýat tutýardy, olaryň hereketlerini özüçe gaýtalaýardy. Kinomehanigiň her bir hereketini, kino görkezişini sypdyr- man synlaýardy, özüni onuň ornunda goýup görýärdi. 1971-nji ýylda Kaka etrabynyň Mehinli obasynda ýerleşýän 4-nji orta mekdebiň 8-nji synpyny tamamlan Aşyr Rahmanow ozalky G.Seýitliýew adyndaky Medeni aň-bilim tehnikumynyň teatr bölümine okuwa girdi. Okuwdan boş wagtlary şäherdäki teatrlara gitdi, spektakllara uly gyzyklanma bilen tomaşa etdi. Ol sahna eserleri Aşyr üçin ýönekeý bir spektakl bolman, eýsem, özboluşly teatr mekdebine öwrüldi. Aşyr 1974-nji ýylda Moskwa şäheriniň A.Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutynyň drama we kino artistlerini taýýarlaýan bölümine okuwa girdi. Bu institutda oňa öňki SSSR-iň at gazanan artisti Ýewgeniý Lazarew halypalyk edip, teatr sungatynyň, artistlik hünäriniň inçe tilsimlerini öwretdi. Şeýle hem ol bu institutyň professorlary Wsewold Ostalskiýniň, Dmitriý Pawlowyň, Ýewgeniýa Kozyrewanyň halypalyk mekdebini geçdi. Aşyr Rahmanow institutda okuw-tejribe işi hökmünde sahnalaşdyrylan M.Gorkiniň «Meşşanlar» spektaklynda Niliň, A.Kranyň «Çuňňur barlag» spektaklynda Aleksandryň keşplerini döretdi. 1978-nji ýylda ol Germaniýanyň Leýpsig şäherinde ýerleşýän Gans Otto adyndaky teatr uçilişşesine saýlama synaglaryndan soň, talyplar topary bilen on günlük okuw-tejribe işini geçmek üçin gitdi. Bu ýerde nemes režissýorlarynyň, dramaturglarynyň, artistleriniň ýerine ýetirýän işleri, spektakllary döredişleri bilen içgin tanyşdy, halypalardan öwrenenleri, bu okuw-tejribeligi onuň üçin teatr sungatynda kämillik basgançagy boldy. 1979-njy ýylda instituty tamamlaýanlaryň diplom işi üçin W.Şukşiniň «Edenli adamlar» spektakly sahnalaşdyryldy. A.Rahmanow hem sada adamyň keşbini janlandyryp, halypa mugallymlaryň ýo- kary bahalaryna mynasyp boldy. Şol ýyl instituty üstünlikli tamamlan uçurymlaryň toparynyň esasynda Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly drama teatry döredildi. A.Rahmanow bu teatryň artisti bolup zähmet ýoluna başlady. Režissýor Bally Ýakubowyň sahnalaşdyrmagynda dramaturg A.Taşowyň «Seýdi» spektakly bilen ilkinji teatr möwsümi açyldy. A.Rahmanow bu spektaklda şahyryň garşydaşy Maksud begiň keşbini janlandyrdy. Ol teatrda sahnalaşdyrylan Ý.Mämmediýewiň «Ýigit başy gowgaly» spektaklynda Durdynyň, M.Baýjaýewiň «Ertir Täze ýyl» spektaklynda başlygyň keşbini döredip, teatr sungatynyň kämillik ýolunda ilkinji menzilleri geçdi. 1983-nji ýylda A.Rahmanow şol wagtky A.Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatryna işe çagyrylýar. Ol bu teatrda K.Çapegiň «Ene», G.Muhtarowyň «Otuzynjy ýyllar», M.Karimiň «Aýgülüstan», M.Gurbangylyjowyň «Söýgi hasraty», B.Suhanowyň «Tomsuň yssy güni», H.Meläýewiň «Garagumuň bürgütleri», H.Durdyýewiň «Skerso» ýaly spektakllarynda dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini döredip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Teatryň režissýory D.Öräýew «Wanýa daýy» spektaklynda Wanýa daýynyň keşbini döretmegi Aşyr Rahmanowa ynandy. Çylşyrymly häsiýetli bu gojanyň keşbini ýaş artist bolmalysy ýaly şowly janlandyryp, tomaşaçylara ýetirmegiň hötdesinden geldi. Türkmenistanyň halk artisti Öwez Gelenow: «Aşyr Rahmanow zähmetsöýer, yhlasly artist hem režissýor. Men onuň bilen M.Karimiň «Aýgülüstan» spektaklynda bile oýnadym. Men Riçardyň keşbini, ol Ildaryň, Ogultäç Hanyýewa bolsa Aýgülüstanyň keşbini döretdi. Iki ýigidiň bir gyza aşyk bolmagy, söýgi gapma-garşylygy spektakla özboluşly dartgynlylyk berýär. Şonda artistleriň yhlasy bilen tomaşaçy oýny göýä hakyky durmuş wakalary ýaly kabul etdi. A.Rahmanow bu we beýleki spektakllaryň gyzykly, täsirli çykmagyna mynasyp goşandyny goşdy» diýip gürrüň berýär. 1989-njy ýylda A.Rahmanow ozalky Teleradiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň edebi-drama gepleşikleri bölüminiň režissýory wezipesinde öz zähmet ýoluny dowam etdirýär. Ol şol döwürde teletomaşaçylaryň söýgüsini gazanan «Ýedigen», «Şady- ýan şenbe», «Poeziýa minutlary», «Teatr» telewizion gepleşiklerine režissýorlyk edýär. Öz esasy işi bilen utgaşyklykda birnäçe teleoýunlary döredip, tomaşaçylara ýetirýär. Olardan A.Durdyýewiň «Meret» powesti, K.Gurbannepesowyň «Ýaşlyk dramasy», G.Ezizowyň «Nesiller» poemalary, H.Amangeldiýewiň «Şägirdiň halwasy», «Synag», «Ömür gysga, ýol uzak», «Gorky» ýaly eserleri esasynda taýýarlan teleoýunlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Şol döwürde ol telewideniýäniň «Ekran» döredijilik birleşiginde işläp başlaýar we «Garagol pişik», «Garry ata» atly multfilmlerini, «Nury Muhadow», «Oraz Hajymyradow» atly dokumental filmlerini hem-de M.Mämmetgurbanow bilen bilelikde «Muşdaklar» atly telewizion çeper filmlerini döretdi. A.Rahmanow 2006-njy ýylda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde özüniň zähmet ýoluny dowam etdirýär. Gysga döwrüň içinde ol «Sport», «Futbolçy», «Soranjaň gyzjagaz» atly çagalar üçin filmleri, «Hüwdi», «Tahýa», «Ýer titremesi», «Tuduň hikmeti», «Çöre- giň gudraty» atly gysga görnüşli filmleri, şeýle hem G.Ezizowyň «Daş gyz» poemasy esasynda «Aý-aýdyň gije», «Ak ýaýlanyň aýdymy», «Saglyk, baýlyk, agzybirlik», «Sabyrly ýigit — miweli agaç» atly çeper filmleri, «Ökünç», «Gara tegmil», «Bu hakykat bolmasa», «Jeňňel suwy», «Eli ýeňil lukman» ýaly gysga göwrümli birnäçe filmleri döredýär. A.Rahmanow 2007-2019-njy ýyllar aralygynda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň baş ýolbaşçysy bolup işledi. Ol bu teatrda öz ýolbaşçylyk işi bilen utgaşyklykda täze spektakllary sahnalaşdyrdy. Dünýä belli nusgawy dramaturglaryň sahna eserleri bilen bir wagtda, türkmen milli dramaturglarynyň pýesalary hem sahnalaşdyryldy. B.Abdyllaýewiň «Bagt paýlaýan öý», A.Taganyň «Pereňli», Mollanepesiň ady- bir dessany esasynda «Zöhre-Tahyr», A.Ostrowskiniň «Günäsiz günäkärler», W.Şekspiriň «Otello», N.Andalybyň «Ýusup-Züleýha» dessany esasynda «Ylahy söýginiň ýaňy», Ý.Şerbakowa bilen bilelikde döreden «Awaza—söýgim meniň», M.Meýonyň we M.Ennikeniň «Dogruçyl bolmaly», nemes režissýory A.Torwald bilen bilelikde döreden A.Şilleriň «Söýgi we mekirlik», W.Gogolyň «Derňewçi», D.Arbuzowyň «Könelişen komediýa», M.Hudaýgulyýew bilen bilelikde döreden «Ýüreklere ýol», P.Merimäniň «Wah, gara gözler», J.Molýeriň «Zoraýakdan tebip bolan», «Skapeniň sapalagy», M.Mämmetgurbanow bilen bilelikde döreden «Ene ýüregi», A.Çehowyň «Çarlak» we çagalar durmuşyndan sahnalaşdyrylan «Aždarha we kökejik» spektakllary teatr tomaşaçylaryna ýetirildi. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleri ýurdumyzyň welaýatlarynda we daşary ýurtlarda yzygiderli döredijilik saparlarynda boldular. Teatryň spektakllary Belarus Respublikasy, Gruziýa, Russiýa Federasiýasy ýaly döwletleriň tomaşaçylaryna üstünlikli görkezildi. 2019-njy ýylyň güýzünde teatryň artistleri bilen birlikde maňa-da Russiýa Federasiýasynyň Wolgograd we Astrahan şäherlerinde döredijilik saparynda bolmak miýesser etdi. Rus tomaşaçylary «Böwenjik» we «Pereňli» spektakllaryna uly höwes bilen tomaşa etdiler. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň tomaşa zaly hemişe köp adamly. P.Merimäniň «Wah, gara gözler» spektakly tomaşaçylara görke- zilýärdi. Sahnada A.Rahmanow Derwüşiň keşbinde peýda boldy. Ol öz ýoluny gözleýän, gara gözli gözel gyz Aýşa parasatly maslahatyny berdi. Aýşa dag jereni kimin telwas urup, sahnadan gitdi. Derwüş saklanyp bilmän, ezýetli sesi bilen: «Aýşa!» diýip, güňleç gygyrdy. Bu sese tomaşaçylaryň ýürekleri sarsyp gitdi. Artistiň çagalyk döwri düýş görüp: «Aýşa!» diýip gygyryp, ukudan oýanyşy biygtyýar hakydasynda peýda boldy. Häzirki döwürde A.Rahmanow Türkmen döwlet medeniýet institutynda mugallym bolup, talyplara bilim bermekde özüniň gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekýär. Gahryman Arkadagymyz: «Halkymyz hemişe ajaýyp eserlere garaşýar. Men türkmen sahnasynda köpsanly ýatdan çykmajak keşpleriň dörediljekdigine ynanýaryn» diýip belleýär. Bu parasatly sözler Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyr Rahmanowy teatr sungatyna, režissýorlyk, artistlik we döredijilik işine, şeýle hem zehinli ýaş artistleri, režissýorlary we dramaturglary terbiýeläp ýetişdirmäge has-da ruhlandyrýar. Sungat ussadynyň döreden hem döretjek eserleri, çäksiz yhlasy göýä ýagyş çabgasyny ýatladýar. Aşyr Rahmanowyň özüniň ýerlikli aýdyşy ýaly: «Ýerine ýetirilmeli işler entek öňde...». Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |