22:41 Bakyýete öwrülen pursatlar | |
BAKYÝETE ÖWRÜLEN PURSATLAR
Edebiýaty öwreniş
"Keseliñ taryhynda nähili rowaýatlary tapyp ýazandyklaryndan men bütinleý bihabar..." Ömür. Durmuş. Ykbal. Men hemişe bu dünýä çynlakaý göz ýetirmäge çalyşýaryn. Älem-jaham, Zemin bilen Asmanyñ aralygy, bu toprakda ýaşap öten adamlar hakdaky pikirler meni hemişe biynjalyk edýär. Aý, Gün, ýyldyzlar, ynsan, bularyñ hemmesi örän täsin. Men hemişe adamlar hakda oýlanýaryn. Olaryñ hersiniñ öz dünýäsi, öz ykballary bar. Ýöne biz hiç haçan adamyñ ömri bilen onuñ ykbalyny çalyşmaly däldiris. Adam dogulmak bilen öz täze ömrüne başlaýandyr. Adamyñ ykbaly welin, ol heniz dogulmanka bardyr. Adam ölüm bilen öz ömrüni tamamlaýandyr. Onuñ ykbaly bolsa dowam edýändir. Hawa, by syrly dünýänin hakykaty şeýle. Annasoltan Kekilowanyñ ykbaly. Ol pajygalylygy bilen, täsinligi, syrlylygy bilen, esasan-da şahyranalygy bilen bizi özüne baglap goýýar. Onuñ ykbaly gysga ömrüñ soñsuz dowamy. Meniñ öñümde Annasoltan Kekilowanyñ ýadygärlik hökmünde saklanyp galan birnäçe gündelik ýazgylary, dürli adamlara ibermek üçin taýýarlanylan hatlar ýatyr. Saralan kagyzlara siñdirilen ýürek gyýdyrjy setirler onuñ güzaply durmuşynyñ şaýady. Ol setirler rifmalaşdyrylan, çeperleşdirilen şahyrana ýazgylar däl. Bu setirler Annasoltanyñ ömrüniñ gamgyn, gussaly pursatlarynyñ beýany: "Meniñ hakykatym kanuny bolmadyk, kanunlar sebäpli meniñ garşyma gönükdirildi...", "Keselhananyñ diwarlarynyñ içinde men ýürek agyry, öýken kesellerine ýolukdym, göreçlerimi ýitirdim", "Siz meni masgaralamalara, kemsitmelere duçar edýärsiñiz... Meni ruhy taýdan horlaýarsyñyz", "Keseliñ taryhynda nähili rowaýatlary tapyp ýazandyklaryndan men bütinleý bihabar", "Men özümiñ goragsyz galan naçardygymy boýun alýaryn. Indi diñe öz güýjüme bil baglamaly bolaryn" diýip, Annasoltan jany-teni bilen derdinip ýazypdyr. Ýöne bu setirler öz döwründe dört diwardan daşaryk çykmandyr. Gynansak-da onuñ bolýan palatasyna "Gulan geçse toýnakdan, guş uçsa ganatdan aýrylar" diýilýän adatdan daşary bir howply ýer hökmünde garapdyrlar. Şeýle janyýangynly, gözýaşa ýugrulan setirleri ýyllaryñ dowamynda öz gizlin gatlarynda saklan, eplenip, tüýdülip, ýyrtylara gelen kagyzlary keselhanalardan onuñ bilen bile girip-çykan adamlardan haýyş edip aldyk. "Bu hatlary goşgulary bereýin welin, menden alanyñy aýtmaweri, jigim" diýip ömürlik gözleriniñ ody alnan, galpyldy bilen ýüzüñe seredýän bu adamlary göreniñde, kalbyñda nebsiagyryjylykly duýgular peýda bolýar. Annasoltany gören adamlar onuñ çeken keşdeleri, gaýan gaýmalary hakda häzir hem haýran galyp gürrüñ edýärler. Onuñ elinden çykan tikin işleriniñ, gaýmadyr keşdeleriñ ençemesi şu günler hem bar. Olar nepisligi bilen özüne çekýär. Annasoltanyñ şeýle çeper, inçe işleri edip bilşine gözüñ gidýär. Onuñ dürli keselhanalarda bolanda beýlekileriñ aladasyny edendigi hakda öñki makalalarymyzda ýatlapdyk. Keselhananyñ peçleriniñ ýanmaýanlygy, kömrüñ ýokdugy, ýa bolmasa şuña meñzeş beýleki zatlar hakda alada edendigi örän täsirli. Ol bu babatda ýokary guramalara haýyş bilen ýüz tutupdyr. Telewizor döwlen ýagdaýynda birnäçe gezek onuñ bejerilmegini gazanypdyr. Bekrewedäki keselhanada onuñ bolan palatasyna aýlanyp gördük. Eýlesi-beýleki iki ädimlik ýer. Ine-de onuñ krowaty. Gör, ol ömrüniñ näçe ýylyny şu daryşganlykda geçiripdir. Ony ýakyndan tanaýan adamlar Annasoltanyñ şu ýerde oturyp keşdeler çekendigini, irginsiz işländigini gürrüñ berýärler. Hawa, hut şu ýerde-de onuñ şahyrana setirleri, ajaýyp şygyrlary döräpdir. Annasoltan Kekilowanyñ döredijilik özboluşlygy setirleriniñ şirinligi, obrazlylygy, pikirleriniñ batyrgaýlygy, çeperçiligi meni hemişe özüne çekýär. Men öñki makalalarymyñ birinde "Ol zehinli şahyr bolsa-da, gysga ömründe özi hakda ýakymly sözleri eşitmän gidipdi" diýip ýazypdym. Ýöne meniñ gözleglerim Annasoltan Kekilowanyñ şygyrlaryna adalatly baha beren edebiýatçylaryñ bolandygyny görkezdi. Annasoltan dirikä ýazylan sözleri bu gün çärýek asyrdan soñ okamak gussaly hem ýakymly. Köp ýazyjy-şahyrlaryñ döredijiligi hakda dogry sözüni aýtmagy başaran, öz ömri-de gysga bolan tankytçy Saparmyrat Gurbanow şeýle ýazypdyr: "Käbir adamlar köp ýazany bilenem, öz döredijilik ýüzlerini görkezip bilenoklar. Käbirleri bar, el basyp sanaýmaly goşgulary bilenem ýüzlerini tanadýarlar. Bu ýerde sana kowalaşman, hile üns bermeli diýen pikir ýatyr. Siz Annasoltan Kekilowanyñ goşgularyny okap gören bolsañyz gerek. Ol köp ýazýar. Ýazdygyça-da goşgularynyñ ýüzi açylýar. Annasoltanyñ goşgularynyñ setirleri dana."("Edebiýat we sungat" gazeti, 1968-nji ýyl") Annasoltan Kekilowanyñ şahyrana setirleri. Ol setirlerde ýaş gyzyñ päk söýgüsi ýaşaýar: Gel ikimiz güleli, Gel ikimiz aglaly. Paýlaşaly des-deñhe, Iki bolup bu ýoly... Ýokarky setirlerde ýanaşyk oturyp, öz şatlyklaryny, gussalaryny des-deñje paýlaşýan goşa gumry ýaly juwanlaryñ ýürekleriniñ adaja gürsüldisini syzmak bolýar. Annasoltanyñ setirlerinde kimdir biri tarapyndan dönüklik edilmesine, namartlyga ýüz urulmagyna bolan şahyrana ýüregiñ ynjalyksyzlygy ýaşaýar. Bakydyr Asmanyñ Ýeriñ dostlugy, Olar bir-birine Düşüner güler. Bu aýdyñ ýüzleriñ Gyzgyn gülküsin, Sowuk şemal syzar. Aýaga galar, Ykmanda bulutlañ kerwenin toplap, Bu baky dostlugy bozmaga geler. Annasoltanyñ setirlerinde aladañdanlar, ajaýyp säherler bar. Ol setirlerde şol säheriñ tämizligine tämizlik goşýan zenan maşgalalaryñ janly obrazy bar. Sübs.. Sübs... Sübse sesi eşidilýär, Kagyz böleklefi galgaýar her ýan. Şähermiñ synasyn tämizläp barýar, Ir bilen oýanan sübseli zenan. Bu setirleri okyjylar Annasoltan Kekilowanyñ ozalky neşir edilen kitaplarynyñ birinde-de okan däldirler. Biz Annasoltanyñ ömrüni, döredijiligini öwrendigimizçe, onuñ ýazgylaryna çuñnur aralaşdygymyzça, şahyryñ täsin eserleriniñ üstünden barýarys. Il arasynda "Aýyñ görünmeýän tarapy-da bar" diýlişi ýaly, Annasoltan bize heniz öz dolulygyna açylanok. Onuñ neşir edilmedik goşgulary, gazet sahypalarunda we saralyp giden ýazuw depderlerinde galan şygyrlary az-küş däl. "Eýse, bu eserler hemmesimikä?" diýen soraglar hiç mahal meniñ ýadymdan çykyp ötägidenok. Kämahallar bolsa, onuñ deñ-duş şahyrlarynyñ käbir goşgularynda Annasoltanyñka örän menzeş setirleri görenimde ýüregim jigläp gidýär. Şonda men "Bu tötänlikdir-le" diýip, öz-özümi köşeşdirmäge çalyşýaryn. Aşgabat. Eziz şäher. Onuñ ajaýyp bahar günleriniñ biri. Gök baglygyñ içinde bir gyzyñ ýalñyz özi otyr. Göreçler bir nokada dikilipdir. Onuñ kalbyndaky joşgunyñ ölçegi ýok. Şeýle ýyly mähriñ gözbaşy nämedekä? Sen öz dogduk mekanyñy nähili söýmejek? Gyzyñ elindäki ak kagyzlarda ilkinji setirler peýda bolýar: Aşgabadym meniñ dogduk şäherim, Seniñ köçeleriñ bagtdan doly. Mähre, söýgä ýugrulan bu şygryñ ine-de, iñ soñky setirleri: Aç gujagñy sowgat goýup gideýin, Kalbymdaky erkin aýdymlarymy. Bu setirler Annasoltan Kekilowanyñ galamyna degişli. Şunuñ ýaly setirleri dünýä inderen, öz aýdymlaryny eziz Aşgabada sowgat eden Annasoltanyñ şeýle pursatdaky keşbini biz bu gün diñe hyýalymyzda görüp bilýäris. Gündogaryñ gadymy taryhynda ýaşan bir akyldaryñ şeýle pähimi bar: "Ynsan, sen tebigatyñ çeşme suwundan içip sagat bolýarsyñ. Arassa howasyndan dem alyp ömrüñi uzaldýarsyñ. Seniñ ömrüñ tebigata bagly. Tebigatyñ özüñe eçilen sahawatyny gaýtaryp ber. Ony ýaralama... Ynsan, senem tebigatyñ bir önümisiñ. Ony sanjan bir garyş tygyñ iki garyş bolup seniñ gursagyña çümer". Hawa, adamam tebigatyñ bir önümi, biz ýoldaşymyzy ynjydyp, köp zatdan bihabar ýaşaýarys. Kalbymyzda birehimlik, gahar-gazap bar. Şeýdibem biz öz ömrümizi kemýäris. Kast eden pes bolar. Käteler aramyzda ýok adamyñ hem gybatyny etmäge çalyşýanlar ýek-tük tapylýar... Şahyr "maksatsyz şemaly" görýär. Onuñ öñüne salyp sürüp ýören bulutlaryny, "salgym perdäni" synlaýar. Onuñ nazarynda Zemin bilen Asmanyñ aralygyndaky ähli zat göz ýeterlikli. Şeýdibem Annasoltan adaty pursatdan şahyrana pursady döredýär. Eý maksatsyz şemal, Maksatsyz şemal, Sürüp ýören bulutlañda ýok mekan. Gizlenerin, Salgym perdäñ astynda, Bu äpet zemini doguran asman! Türkmenistanyñ halk şahyry, köpleriñ halypasy Kerim Gurbannepesow 1967-nji ýylda şeýle setirleri ýazypdyr: "Edebiýata öz sözüni aýtmak üçin ýürek bilen topulýan ýaş zehinleriñ hatary barha artýar. Heniz Ýazyjykar soýuzynyñ bileti bolmasa-da, edebiýat orkestrine mynasyp owazynu goşýan Annasoltan Kekilowa... ýaly uly ukyply edebiýatçylarymyz öz çeperçilik ussatlygyny barha kämilleşdirmek ýoly bilen barýarlar". Kerim halypa örän mamla. "Kämillik ýply bilen ýörän" Annasoltan Kekilowa biziñ edebiýatymyzda ençeme kämil eserlerini galdyrdy... Mümkin, şahyryñ eserleri hakda dogruçyl sözlerini aýdyp bilen edebiýatçylary biz indi diñe geçmişden gözlemeli bolmarys. Olar şu günlerem bardyr, ertirem tapylar. Çünki dünýäniñ aladalaryny öz gerdenlerinde göterip ýören ýagşy adamlaryñ şu jahanda az däldigine meniñ tüýs ýürekden ynanasym gelýär. Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW. "Nesil" gazeti, 30.04.1994 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |