09:25 "Ömrüzaýa ýyldyzym" kitabyndan | |
"ÖMRÜZAÝA ÝYLDYZYM" KITABYNDAN
Edebi makalalar
(Gysgaldyldy) Altmyşynjy ýyllaryñ on ýyllygam, ýetmişinji ýyllaryñ onýyllygam biziñ edebiýatymyza uly zehinleriñ gelip goşulan döwri boldy. Şeýle zehinleriñ birem, ömri pajygaly tamamlanan, şahyr gelin Annasoltan Kekilowadyr. Haçan-da men Annasoltanyñ goşgularyny agtaryp ýörkäm, tankytçy Saýlaw Myradowyñ arhiwinden onuñ 1968-nji ýylda çap edilen "Gara saçlarym" atly çaklañja ýygyndysyny tapdym. Saýlaw Myradow Annasoltanyñ bu kitapçasyny tutuşlygyna okap çykypdyr. Onuñ ýygyndydaky her goşga diýen ýaly eden bellikleri muña güwä geçýär. Saýlaw Myradow şol kitapçanyñ bir sahypasyna ýazan iki agyz jümlesi meniñ ünsümi çekdi. Tankytçy şol sahypa: "Şujagaz gyzda bir zat bar-how" diýip ýazan eken. Men ol jümläni gaýta-gaýta okadym... Dogrusy bu setirler onuñ göwnüýetmezçiligi däldi, eýsem bu tankytçynyñ bir üýtgeşik zadyñ üstünden barandygynyñ alamatydy, şu pursatda täze zehiniñ üstüniñ açylandygyna onuñ göz ýetirmesidi. Annasoltanyñ özboluşly zehindigini köpler bilýärdiler. Ýöne gynansak-da bu hakda hiç kim dil ýarmady. Şol ýakymly sözleri eşitmänem ol bu dünýeden gitmeli bolupdy. Heý çagalyk döwri ýaly hem gyzykly zat bolup bilermi? Ol hem edil beýleki gyzjagazlar ýaly gulpagyny tasardyp, gurjak oýnady, "gizlenpeçek" oýnady. Goñşy aýallar pamyk ýaljak akja gyzy heniz hem ýatlaýarlar. Gör, ol bu goñşularyñ näçesiniñ "elini owkalapdyr, aýaklaryna çykyp beripdir". Ençeme ýyllap olar bilen goñşuçylykda oturan adamlar Annasoltanyñ ejesiniñ öz gyzyny "Daglarbaşy" diýip söýendigini gürrüñ berýärler. Ogulgerek eje öz gyzyny daglara deñäpdir. Ýok, ol öz balasyny daglardan-da ýokary goýupdyr. Daglarbaşy. Belkäm, bu diñe bir enäniñ gyzyna bolan söýgüsi däldir, belkäm, bu enäniñ öz gyzynyñ zehinine, onuñ ertirki gününe bolan ynamdyr. Ine-de, men Annasoltanlarda otyryn. Kiçeñräk howly. Howludaky agaçlaryñ hemmesini diýen ýaly Annasoltan hut öz eli bilen oturdypdyr. Idegsiz galan ol agaçlaryñ köpüsi gurapdyr, birnäçesi bolsa indi gurap başlapdyr. Palçykdan salnan üç otagly jaý. Olaryñ sag çetkisi Annasoltanyñ öz otagy bolupdyr. Otag polsuz, ýer endigan suwalan. Eýlesi-beýlesi iki ädim bolan bu kiçijik otaga zordan bir stol ýerleşdirilipdir. Gapdalda bolsa ulanmadan galan bir peç dur. Stoluñ başynda Annasoltan özüniñ ençeme eserlerini döredipdir. Annasoltanyñ kakasy Seýit agajet, gujurly adam eken. Ol altmyşynjy ýyllaryñ ahyrynda aradan çykypdyr. Annasoltan kakasy ýogalanda "Meniñ göreçlemde kakam ýaşaýar" atly goşgusyny döredýär. ... Olar ýola düşdi barýarlar ana, Eginlerde atam bilen merdiwan. Merdiwany alyp barýar gerçekler, Biliñ, meniñ ömrüm size bendiwan, Göz öñümden ýitip barýar tabydyñ, "Eý, atam jan gidip barýañ gelmeze!" - diýip, gussaly pursady beýan edýän setirleri biperwaý okamak mümkin däl. Annasoltanyñ ejesi hakda biz ýokarda ýatlapdyk. Aýdyşlaryna görä, Ogulgerek eje-de şahyrana aýal bolupdyr. Kämahallar onuñ özi hem goşgy sanaberer eken. Enäniñ terbiýesi onuñ şahyranalygy bilen eýlenip gyzyna geçipdir diýsek ýalñyş bolmasa gerek. Annasoltanyñ ejesi hakda goşgy görnüşinde ýazylan haty saklanyp galypdyr. "Sen maña erteki ýaly aýdymlaryñ bilen egsilmez joşguny, bagty, ýagty umyda sowgat etdiñ, eje jan. Sen meni gök asmanyñ astynda öz patañ bilen uzak ýollara atardyñ. Şonuñ üçinem seniñ öñüñde dyza çökýärin..." "Ýañy göze görnende" ýetimligiñ dagy bilen daglanan gyzyñ uly maşgalanyñ keşigini öz gerdeninde çekmeli bolandygyna göz ýetirmek kyn däl. Ol ejesine goltgy bermäge, doganlaryny rahatlandyrmaga çalyşýar. Gyzlaryñ iñ ulusy Dursun daýzanyñ "Ol körpe-de bolsa, biziñ iñ uly uýamyzdy" diýip aýtmagu ýöne ýerden däl. Kakalary ýogalanda ýazan goşgusynda: Men seni ýatlaryn, seni küýsärin, Atam bagtym üçin sana minnetdar. Aglamañ jigilem, rahatlan enem, Meniñ göreçlemde kakan ýaşaýar. - diýmegi, ýaş gyzy däl-de, ençeme kynçylygy başyndan geçiren aýal maşgalany ýadyña salýar. Ejesinden rahatlanmagy haýyş edip, "jigilerine" aglamañ diýmegi (bu ýerde oniñ "jigilem" diýýäni özünden uly gyz doganlary) Dursun ejäniñ aýdanlarynyñ köstüz hakykatdygyny subut edýär. Biz Annasoltanyñ durmuşyna siññin ser saldyk, onuñ ömrüniñ her bir pursadyna, edim-gylymyna, häsiýetine, hereketine, galdyran ýazgylaryna, garaz oña degişli bolan iñ bir ýönekeýje zatlara-da nazar aýladyk. Onuñ galdyryp giden ýazgylarynyñ hemmesem gymmatly. Ýöne Annasoltanyñ rus dilinde sözme-söz terjimesinde galdyran goşgusy aýratyn-da özüne çekýär. Men ýeke däl, bagda-da adamlar ýaşaýarlar, Adamyñ nesli mydama dowam edip dur. Goý bu gün meniñ goşgymy okamasynlar, Ýöne döwrem, adamlaryñ islegem, söýgüsem, ykbalam dürlüdir. Mümkin ertir... üýtgeşik ýürekli bir kişi doglar. Hem meni söýer, pikirlerime teşnw bolar, goşgularumy okar. Emma barybir ol meni garry aýalyñ keşbinde-de tapyp bilmez. Menem onuñ galyñ dodaklaryndan öpüp minnetdarlyk bildirmek üçin mazarymdan çykyp bilmerin. Şonuñ üçinem, Sen meniñ ýaşdaşymmyñ, ýa kiçimiñ... Garaz kim bolañda-da, Kalbymda duýgy oýaranyñ üçin. Minnetdarlyk bildirýärin. Şeýle setirleri ol ölmeziniñ öñ ýanynda ýazyp gidipdir. Bu setirler şahyryñ geljekki nesle bolan ýüzlenmesidir. Bu onuñ özüniñ şygyrlarynyñ täze nesle hökmany suratda ýetgjekdigine ynamydyr. Ol şol nesli keselhanada ýatyrka hyýalynda görüpdir. Özüni söýýän, goşgularyna teşne bolup okaýan nesle "soñ men minnetdarlyk bildirmek üçin mazarymdan çykyp bilmerin" diýip, şu setirleriñ üsti bilen sag bol aýdypdyr. Bu zatlary beýan etmegimiz şahyry ideallaşdyrmak bolmak däl, eýse bu onuñ çylşyrymly, täsin ykbalynyñ hakyky sahypasy... Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW. # "Ömrüzaýa ýyldyzym" A., "Türkmenistan" neşirýaty, 1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |