22:07 "Bürgüt höwürtgesi gaýañ başynda..." | |
"BÜRGÜT HÖWÜRTGESI GAÝAÑ BAŞYNDA..."
Goşgular
Bürgüt höwürtges gaýañ başynda, Tilki depelikde hinin oýupdyr. Bürgüt höwürtgesi bir çykalgaly, Tilki bolsa baş çykalga goýupdyr. Bürgüt üçin ýekejesi ýeterlik, Hem taýýar oñ üçin ganyn saçmaga. Tilkä welin bäş deşik hem az ýaly, Howp abansa gerek ahyr gaçmaga. * * * Biz bir belent daga çykmakçy bolduk, Dyrmaşyp başladym bar güýjüm bilen, Ýöne orta bile zordan ýetdim men, Özgeler ýokarda bolsa-da kileñ, Ýogsa men beýle bir ejizem-ä däl, Ýa-da bu dag belent hem däl çakyñdan. Ýöne oña çykmak kyn boljak eken, Oýlanýan mahalyñ düşmek hakynda. * * * Çeşmäm, sen asyrlañ döredip giden, Bir gudratly işimiñ? Ýa-da gaýalardan syrygyp gaýdan, Daglaryñ gözýaşymyñ?.. Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1987. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |