23:48 Göreşe bagyşlanan ömür | |
GÖREŞE BAGYŞLANAN ÖMÜR
Taryhy makalalar
“Elli ýyl, ýüz ýyl geçse hem Muhammetguly Atabaý ogly ýatdan çykmaz”. “Zakaspi ýerli gazetiniň” 1916-njy ýylyň 16-njy martyndaky sanyndan. Ýaňy ýigrimi sekiz ýaşan bu adamyň ölümi hakdaky ajy habar bütin oblasta ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Onuň ömür tanapynyň üzülendigi hakdaky habary eşidip, ýürekden gynanan kändi. Emma barly adamlar, aýratynam din hadymlary bu habara heşelle kakdylar. Nohur obasynyň adamlary uly hasrat bilen Muhammetgulyny jaýladylar. Öňki şagalaňly dag obasyndan agy sesi gelyärdi. Atabaý aga öz başyna inen agyr belanyň astynda her näçe ejizlemejek bolsa-da, dert çekerden agyrdy. Howlynyň bir çüňkünde oturyp, gelyän-gidýänleri synlap oturan gyz agtyjagyna gözi düşende welin, elini ýaglygyna ýetirip, ýüzüniň derini sylan boldy. Onuň bu wagt gözüniň ýaşyny süpürenini hiç kim aňmandy. Bäş ýaşlyja Enekeýijegiň şu üç günüň içinde boýýy synypdy. Nämäniň nämedigini doly aňşyrmasa-da, aýallaryň näme üçin aglaýandyklaryna düşünjek bolýardy. Näme üçindir mähriban kakasy indi üç gündür ony gujagyna alyp, bagryna basanok. “Gyzym” diýenok. “Ejem-ä kakaň Aşgabada gitdi. Saňa kempudam getirjek diýdi” diýýär. Kakamy ugradyp, aglamaklary nämekä?! Kakam hiç wagtam aldanog-a. Geljek diýse, geler”. Enekeýijek kakasyndan ömürlik jyda düşdi. Ol kakasynyň gowy adam bolandygyna, il-günüň aladasy bilen ýaşandygyna, öz obalarynda çagalar üçin mekdep saldyrandygyna, garaz, kakasy bilen baglanyşykly köp-köp zatlara has soň göz ýetirer. Bu hakda oňa kakasynyň jana-jan dosty. Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew soň gürrüň berer... Häzir weli bütin dag obasy Muhammetgulynyň ýasyny tutýardy. Bütin oba öz hormatly ýaşulusy Atabaý aganyň derdini egismek isleýärdi. *** “Atabaýew Muhammetguly–türkmen aň-bilim ýaýradyjysy, ilkinji publisist. Ol Bäherden raýonynyň Nohur obasynda dogulýar. 1905-nji ýylda Bäherdende rus-ýerli mekdebini, 1908-nji ýylda Daşkentde mugallymçylyk seminaryýasyny gutarýar. 1908-1913-nji ýyllarda Maryda rus-ýerli mekdebinde mugallymçylyk edýär. Patyşa häkimeti ony mugallymçylykdan çykarandan soň, Aşgabat uýezd uprawleniýesinde dilmaç bolýar...” ...Atabaý aga uly ogly Muhammetgulynyň zehinine haýran galýardy. Ol her bir zada düşüşdi. Bir aýdanyňy iki gaýtalatmazdy. “Atabaý ogluny Bäherdendäki rus-ýerli mekdebine okuwa iberipdir” diýen habar din wekillerini serpmeden gaýdan ýaly edipdir. Bu hereketinden el çekdirmek isläp, onuň öýüne zygyr-zygyr gatnanlar köp bolupdy. “Zeleliň ýarysyndan gaýtmagam bir peýda, Atabaý. Muhammetgulyny getir yzyna. Ýaş çaganyň ýeke özüni ýat ýerlerde goýup gaýtmak bormy? Aklyňa aýlan” – diýip, ony yrjak bolýardylar. Ýaşuly bir sözlüdi. Ýyllar bolsa, geçip durdy. Ene-ata öz ogullarynyň didaryny ozallar hepde-de bir gezek görüp dursalar, indi olar oňa-da zardy. Muhammetguly Bäherdendäki rus-ýerli mekdebini oňat bahalar bilen tamamlapdy. Şol ýyl hem konkursdan üstünlikli geçip, Daşkende–mugallymlary taýýarlaýan seminariýa okuwa iberilipdi. Az sanly türkmen çagalarynyň arasynda öz oglunyň bolmagy Atabaý aganyň başyny göge diräpdi... Bir ýola Muhammetguly bilen Gaýgysyz Daşkentden tomus kanikulyna gelipdiler. Indi birnäçe ýyldan bäri Gaýgysyz kanikulyny öz dostunyň obasynda – Garrynohurda geçirýärdi. Daşkentde okan ilkinji ýyllarynda bu iki ýetginjek dostlaşypdylar. Olaryň iýenleri aýry gitmeýärdi. Muhammetguly çagalyk dosty Polada ýazan hatlarynyň birinde: “Indi hatynda bukjaň ýüzüne Atabaýew №1 diýip ýazmagy unutma. Sebäbi bu ýerde başga-da bir Atabaýew okaýar” diýip, degşip ýazypdy. Garrynohuryň myhmansöýer adamlary Gaýgysyzy sylaýardylar. Ol hiç haçan özüni köpçülikden aýry tutanokdy. Kä wagtam çagalary daşyna üýşürip, gitarada saz çalyp berýärdi. Köp wagtyny bolsa, üzüm dalbarynyň astyndaky sekide kitaba güýmenip geçirýärdi. Ine, şol günleriň birinde Muhammetguly bilen Gaýgysyz dag adamlaryna Magtymgulynyň gişgularyny okap berýärdiler. ....Hyzyr gezen çölde iller aýylsyn, Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn, Çille mest nerlerimiz barça aýylsyn, Bir suprada eda bolsyn aşymyz. Magtymguly, diýdi janyň dirligine, Galmalyň biz gyzylbaşyň horlugna, Rowaç bergil ýomut, gökleň birligne, Ol Kemalhan Owgan bolsun başymyz. ....Bir bidöwlet bile birge bolynçaň, Döwletliniň gapysynda gul bolgul. Bedasyl beg gullugynda ýörinçäň, Asyl begiň saýasynda kül bolgul... Wagt birçene barsa-da, adamlar turarly däldi. Ara birneme böwşeňlik aralaşypdy. Şol wagtam ýaşy altmyşy tegeläp barýan bir ýaşuly: – Muhammetgulym, kyn görmede “Türkmeniňi” ýene bir gezek okap bersene! Bolsa-da aýtmadyk zady-ha ýok Magtymgulynyň. Arzuw-a edip bilipdir öz-ä, Ýöne şu wagta çenli=hä zamanaň üýtgän zady ýok. – Atam, Magtymgulynyň arzuw eýlän zamany arzuwlygyna galmaz. Ol zamanyny siziňem görmegiňiz mümkin. Bu dogumly ses Gaýgysyzyň sesidi. –Haý, näbileýin-dä... Bir gyrada uklamajak bolup, gözlerini gyrpyldadyp oturan Muhammetgulynyň inisi Hajy bu gürrüňleri üns berip diňleýärdi. “Bäý, Gaýgysyzyň okumyşdygyny. Hemme zady bilip otyr-a” –diýip, ol içinden pikir öwrüldi. *** “Atabaýew Gaýgysyz Serdarowiç (okt. 1887-1937) – sowet, döwlet we partiýa işgäri. Orta Aziýada Sowet häkimiýetini gurmak we pugtalandyrmak ugrundaky göreşe aktiw gatnaşyjy. Türkmenistan SSR HKS-nyň ilkinji başkygy. 1918-nji ýyldan SSKP çleni. Atabaýew Tejen uýezdiniň Mäne obasynda dogulýar. Alty ýaşynda ýetim galýar. Ol başlangyç bilimi Tejendäki rus-ýerli mekdebinde alýar. 1908-nji ýylda Daşkentdäki mugallymçylyk seminariýasyny gutarýar. Seminariýada okan döwründe rewolýusiýon herekete goşulýar we patyşa polisiýasy tarapyndan yzarlanyp başlanýar. Ol 1908-1912-nji ýyllarda Maryda we Bäherdende rus-ýerli mekdebinde mugallymçylyk edýär. Ýerli halk wekillerine mugallymçylygy ynanmaly däl diýip, rus patyşasynyň magaryf ministrliginiň beren buýrugy esasynda Atabaýew mugallymçylykdan boşadylýar. Ol 1912-17-nji ýyllarda Mary bankynda işleýär. Oktýabr rewolýusiýasy ýeňenden soň Maryda Sowet häkimiýetini gurmak we pugtalandyrmak ugrunda tutanýerli göreşýär. 1917-18-nji ýyllarda işçiler we soldatlar deputatlarynyň Mary uýezd Sowetiniň türkmen seksiýasynyň ýolbaşçylarynyň biri, uýezd azyk komitetiniň başlygy, Mary uýezd Sowetiniň ispolkomynyň başlygynyň orunbasary, 1919-njy ýylyň iýunyndan bolsa başlygy bolup işleýär. 1919-njy ýylyň noýabryndan 1920-njy ýylyň iýulyna çenli Zakaspi oblast rewkomynyň başlygynnyň orunbasary.Türküstan ASSR-niň ýer işleri halk komissary, 1920-nji ýylyň sentýabryndan HKS-nyň başlygy wezipesine saýlanýar. Şol bir wagtda hem Fergana frontunyň rewolýusiýon Harby sowetiniň başlygy bolýar. 1923-nji ýylyň iýunyndan Buhara Halk Sowet respublikasynyň Nezirler (komissarlar) Sowetiniň başlygynyň orunbasarlygyna bellenilýär. 1924-1937-nji ýyllarda TK (b) P MK-nyň býuro çlenligine saýlanylýar. BK (b) P-nyň XIV, XV, XVII gurultaýlarynyň delegaty, 1922-nji bylyň oktýabryndan RSFSR-iň Milletler işleri baradaky Halk komissarlygynyň kollegiýa çleni edilip tassyklanýar. Ol Orta Azyýada sosialism gurmakda görkezen uly hyzmatlary üçin 1935-nji ýylda Lenin ordeni bilen sylaglanýar”. Aşgabat, Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, 1 tom, 216 sah. 1974 ý. *** Muhammetguly Daşkentde okan ýyllary dürli ýerlerden gelen oglanlar bilen dostlaşypdy. Okuwdan boş wagtlary oglanlar onuň daşyna ýygnanýardylar. Şonda ol mähriban ilini ýatlap, ýuwaşjadan aýdym aýtmaga başlardy. Dostlary onuň käte göşgy ýazaýmasynyň ýardygyny hem bilýärdiler. Labyzly okaýan goşgularyny diňläp, hezil edinerdiler. Seminariýa mugallymlarynyň köpüsi Muhammetguly Atabaýewiň zehinine sarpa goýýardylar. Olaryň birnäçesi ýaşlarynyň birçene barandygyna garamazdan, Zakaspiden gelen oglan bilen dostlaşypdyrlar. Bu dostluk Muhammetguly okuwyny tamamlap gaýdandan soň hem dowam edipdi. Ol hatlarynda öz halkynyň başdan geçirýän agyr ýagdaýy hakynda gürrüň gozgaýardy. Halky sowatly etmek üçin hiç haçan özüniň güýç gaýryrmajakdygyny ýazýardy. Şeýle hem bu ugurda özüniň näme iş etmelidigi hakda maslahat soraýardy. Aýratynam Nikolaý Alekseýewiç Merkulýewiç bu babatda Muhammetgulynyň ýakyn maslahatçysydy. Muhamguly progressiýa meýilli bu adamyny sylaýardy. Ondan tälim alýardy. 1913-nji ýylda Daşkentden Muhammetgulynyň adyna bir hat gelipdi. Oňa bu haty öz mähriban mugallymy Merkulýewiç iberipdi. “...Häzirki pursatda biz agyr wagty başdan geçirduk. Siziň wakalara esewan bolýandygyňyzy ýa bolmaýandygyňyzy bilemok. Emma esewan bolýan bolsaňyz, onda maňa hä diýerdiňiz. Hatda gazet hem okasyň gelenok. Hemme ýerde reaksiýa heşelle kakýar. Hernä, beýle ýagdaý uzak beri dowam etmäwersin. Syýasy wakalar hakda asla ýazyp hem oturjak däl., sebäbi bu tema iňňän uly we ol hakda geljekde duşuşan mahalymyz Siziň bilen gürrüň edişeris....” Muhammetgulynyň dostlary kändi. Ol Artykgül Tekinskaýa bilen alşan hatlarynda-da il aladasy bilen ýaşaýar. “Meniň mähriban eziz dostum Muhammetguly! Şu gün meniň otuz ýaşymyň dolýan güni... Men öz ýaşlarymyza, olaryň ösüp, ähli halkymyza ruhy taýdan ýokary göteriliş we azatlyk berjegine berk ynanýaryn”. ...Muhammetguly 1914-nji ýylyň dekabryndan 1915-nji ýylyň ýazyna çenli “Zakaspi ýerli gazetiniň” redaksiýasynda işleýär. Şol gazetde özüniň progressiw mazmunly makalalaryny çap edenligi sebäpli, ol ýene-de işden çykarylýar. Soň birnäçe aý Çelekende mugallym bolýar. Ömrüniň soňky aýlarynda bolsa, öz obasy Nohurda mekdep açýar. Ol özüniň “Türkmen halkyna”, “Okuw we türkmen mekdepleri”, “Türkmen aýallarynyň zehini”, “Mollalarga jogap”, “Orazgylyç mollaga” we beýleki makalalarynda patyşa kolonizatorlarynyň, ýerli baýlaryň, ruhanylaryň zähmetkeş halka berýän sütemini paş edýär. Onuň aň-bilim ýaýratmak, çagalara bilim berýän täze mekdepleri açmak, erkekler bilen bir hatarda türkmen aýal-gyzlaryna hem bilim bermek ýaly ideýalary antiklerikal, antifeodal we antikolonial häsiýetdedir. M.Atabaýew halky rus halkynyň öňdebaryjy demokratik mekdebini öwrenmeklige çagyrýar. Işçiler synpynyň rewolýusiýon göreşine duýgudaşlyk edýär. 1913-nji ýylda polisiýa tarapyndan onuň öýi barlananda “Marselýeza”, “Dubinuşka”, “Warşawýanka”; “Gyzyl baýdak” ýaly rewolýusiýon aýdymlaryň ýazgysy tapylýar”. Aşgabat, Türkmen sowet ensiklopediýasy, 1974 ý. Tom 1, 216-217 sah. Şol wagtlar Aşgabadyň Gogol we Labin köçeleriniň çatyrygynda bir tipografiýa ýerleşýärdi. Bu çaňhananyň eýesine I.Aleksandrow diýýärdiler. Bu ýerde rus dilinde gazetler çap edilýärdi. 1914-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Zakaspi oblastynyň türkmenleriniň durmuşynda şol döwür üçin uly wakalaryň biri bolupdy. Şol gün “Zakaspi ýerli gazetiniň” ilkinji sany çap edilipdi. Gazet iki dilde–türkmen we pars dillerinde çykmalydy. Onuň başky iki sahypasy türkmençe bolup, soňky iki sahypasy hem pars dillindedi. Onuň parsça ady “Ryzname Mawry”– Bahry-Hazardy”. Gazet Zakaspi oblastynyň harby administrasiýasyna gulluk edýärdi. Maryda bäş ýyllap mugallymçylyk eden Muhammetgulyny patyşa häkimiýeti işden boşadypdy. Çünki ýerli milletden bolan adamlary rus-ýerli mekdebinde işletmezlik barada ýörite görkezme berlipdi. Şondan soň Muhammetguly oblastyň harby uýezdinde birnäçe wagtlap dilmaçlyk edipdi. Patyşa häkimetleri onuň progressiw meýillerinden çekinmän duranokdy. 1913-njy ýylda onuň öýi barlananda poliseýler tarapyndan dürli adamlar bilen alşan hatlary ele salnypdy. Rewolýusiýon aýdynlaryň tekstleri üçin bolsa, harby administrasiýa ony çynlakaý yzarlapdy. Bu ýerde-de onuň ugurtapyjylygy, dostlary kömege gelipdi. “Türkmen dilinde gazet çykyp başlajakmyşyn” diýen habary ynamdar adamlardan eşidipdi. Şonuň üçinem gazetde işlemek hakda belli bir karara gelipdi. Gazetiň ilkinji sany M.Atabaýewiň “Türkmen halkyna” atly makalasy bilen açylýardy. Makalada awtor halky türkmen dilinde gazetiň çykyp başlamagy bilen gutlaýar hem-de bu gazetiň halky sowatlylyga çekmek ugrunda uly rol oýnajakdygyny ýazýar. Şondan soň M.Atabaýewiň goly bilen ýazylan makalalar yzly-yzyna gazet sahypalarynda peýda bolup ugrady. Ol öz makalalarynda halky sowatlylyga çagyrýardy. Galyňa garşy berk göreş alyp barýardy. Köp aýallylygy ýazgarýardy. Türkmen aýallarynyň zehinine uly baha berýärdi. Şol döwürde beýle meseleleri gazet sahypalarynda çap etmekligiň nähili kyndygyna göz ýetirýän bolsaňyz gerek. Muhammetguly Atabaýewiň aýgytly çykyşlary barly gatlagyň wekilleri tarapyndan kynlyk bilen garşylanýardy. Olar munuň üçin M.Atabaýewden ar almak maksady bilen her hili pirimlere ýüz urýardylar. Muhammetguly Atabaýew öz göreş ýolunda ýeke däldi. Onuň işdeş ýoldaşlary Mämmet Gurbanow halkyň hatly-sowatly bolmagy ugrundaky makalalar bilan çykyş edýärdi. Halkyň ýagty gelejegi ugrunda ýadawsyz göreşiji M.Atabaýew öz çykyşlarynda türkmenleriň rus halkynyň demokratik medeniýetine ymtylmagynyň oňaýly täsiri hakynda progressiw pikirleri orta atýar. *** Muhammetguly Atabaýewiň ömrüniň soňky aýlarynda öz harajadyna saldyran mekdep jaýy köp wakalardan gürrüň berýär. Dag obasyndaky M.Atabaýewiň adyny göterýän şarňyldap duran mekdebiň ýagty klaslaryny bu hytdyk jaý bilen deňeşdirmek asla mümkin däl. Şonda-da bu jaý gözüňe yssy görünýär. Çünki munda biziň söhbetimiziň gahrymanynyň elleriniň yzy bar. Arzuw-umytlary bar. Onuň arzuwlary indi altmyş ýyldan-da köp wagt bäri bagtyýar durmuşda ýaşaýar. *** Söhbetimiziň dowamynda Muhammetguly Atabaýewiň inisi Hajy hakda-da gürrüň beresimiz gelýär. Ol baradaky söhbetimizi “Türkmen Sowet ensiklopediýasyndaky” ýazgylardan başlasymyz gelýär. “Atabaýew Hajy (1898-1938) – Türkmenistan SSR-niň döwlet işgäri, 1924-nji ýyldan SSKP çleni. Bäherden raýonynyň Nohur obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar. Ol 1918-nji ýyla çenli daýhançylyk bilen meşgul bolýar. 1919-1923-nji ýyllarda mugallymçylyk edýär. 1924-1929-njy ýyllarda TSSR Ýer işleri halk komissarlygynyň oba hojalyk uprawleniýesiniň naçalniginiň orunbasary, soň naçalnigi bolup işleýär. 1929-30-njy ýyllarda Çärjew okrug ispolnitel komitetiniň başlygy bolup işleýär. Atabaýew 1930-37-nji ýyllarda TSSR Ýer işleri halk komissary, Türkmen Ýokary oba hojalyk mekdebiniň (TWKSŞ) rektory, TSSR MIK-niň sekretary, TSSR sowhozlar halk komissary wezipelerinde işleýär. H.Atabaýew TK (b) P-niň III, IV gurultaýlarynda TK (b) P MK-nyň çlenligine kapdidat we V, VI gurultaýlarynda MK-nyň çleni edilip saýlanýar. Ol TSSR MIK-niň çlenidi”. Aşgabat, Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, 1 tom, 1974 ý. 216-217 sah. Bu makalany 1919-njy ýyldan bäri SSKP çleni, respublikamyzyň görnükli partiýa we döwlet işgäri Annaguly Artykow ýazypdyr. *** 1917-nji ýylda bolşewikleriň häkimýeti alandyklary baradaky habar Garrynohura-da ýetipdi. Bu habary dag obasyna ilki bolup ýetirenlerem Hajy bilen Öwezgeldidi. Hajy Öwezgeldini garşylamak üçin Arçman stansiýasyna goşa atly gelipdi. Öwezgeldiniň keýpi diýseň kökdi. Ol otludan düşüp-düşmänkä Hajynyň gulagyna çawuş çakdy. –Hoş habar bar. Rus işçileri Leniniň baştutanlygynda häkimiýeti öz ellerine aldylar. –Aý, ýog-a. –Hawa, hawa. Indi häkimiýet ýönekeý halkyň elinde, Ine, gardaş indi Muhammetgulynyň arzuwy amala aşyrylar. Dat baýlaryň gününe. Aga-ini ikisi atlarynyň başyny yza öwrüpdiler. Garrynohur bir şatlykly habara garaşýardy. *** Sowet hökümeti Hajylaryň obasynda-da täze mekdep açypdy. Öwezgeldi Atabaýew bu ilkinji sowet mekdebiniň müdiridi. Hajy Atabaýew bilen Polat Rejepow hem bu ýerde mugallymçylyk edip başlapdylar. Obanyň ortarasynda ösüp oturan gojaman çynaryň töweregine her gün elleri kitapdyr depderli çagalar üýşýärdiler. Jaň kakylan badyna-da hemmesi bir adam ýaly bolup klaslarda dolýardylar. Bu mekdep türkmen aň-bilim ýaýradyjysy, ilkinji türkmen publisisti Muhammetguly Atabaýewiň obada saldyran mekdebidi. Emma Muhammetgula onuň miwesini görmek miýesser etmändi. Şeýle-de bolsa onuň başlan ýoluny indi onuň inileri Öwezgeldidir Hajy, dosty Polat dowam etdirýärdiler. Ýyllar geçýärdi. Megerem, 1922-nji ýylyň güýzi bolsa gerek. Aşgabatdan iki sany atly gelipdi. Ol özüni Flor Fomkin diýip tanatdy. F.Fomkin şol döwürde oblastyň ýer işleri baradaky bölüminiň müdiriniň orunbasary bolup işleýärdi. Onuň Aşgabatdan çykanyna indi ýarym aýdan gowrak wagt geçipdi. Nohurda birki gün bolnansoň, Garrygala tarap geçmelidi. Şol gije Flor Fomkin hem-de onuň ýany bilen gelen adam Hajylarda düşlediler. Olar uzak gije gürleşip otyrdylar. Bu rus ýigidi oba adamlaryna ýarapdy. Ol şonda adamlara ýüzlenip, basym olaryň ýerli-suwly boljakdyklaryny, özüniň hem şu maksat bilen bu ýere gelendigini aýdypdy. 1919-njy ýyldan bäri SSKP çleni Flor Leontýewiç Fomkiniň gürrüňinden. –Meniň Atabaýewler bilen tabyşlygym has öňräkden. O wagtlar biz oglandyk. “Artykda” ýaşaýardyk. Tatýana Mihaýlowna Tekinskaýa öz açdyran mekdebinde oba oglanlaryny ýygnap, sapak berýärdi. Men hem Tatýana Mihaýlowananyň elinde okaýardym. Ine şonda Muhammetguly Atabaýewiň mekdebimize myhmançylyga gelýäni hakydamda. Soň onuň agasynyň ogly Hajy bilen otuzynjy ýyllaryň başynda bile işlemek miýesser boldy. Hajy Mämiýewiç TSSR Ýer işleri komissary bolup işleýärdi, men hem onuň orunbasarydym. Men bu uçupsyz sowatly, gaty medeniýetli, talantly, guramaçy adam hakynda köp zatlary, aýdyp bilerin. Ol bütin durky bilen işe berlipdi. Respublikada kolhoz gurluşygy dowam edýärdi. Synpy göreş ýitileşipdi. Hemme zady täzeden gurmalydy. Göz öňüne getirip görüň ahyryn, bu zatlary amala aşyrmaklyk aňsat zat däldi. Hajy bolsa entek ýaşdy. Emma ol bu göreşe özüni bagyşlady. Partiýa ony nirä işe iberse-de, baran ýerinde abraý aldy. Işiň ilerlemegine ýardam etdi. *** Hawa, Hajy Atabaýewem, Öwezgeldi Atabaýewem Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy döredilenden soň, Aşgabada çagyrylýar. Olara jogapkärli döwlet işleri tabşyrylýar. TSSR Ýer işleri komissarlygynyň oba hojalyk uprawleniýesiniň naçalnikligi wezipesi ynanylanda, Hajy ýigrimi alty ýaşyndady. Otuz ýaşynda bolsa Çärjew ýaly uly oblasta ýolbaşçylyk etmeklik ynanylypdy. Şondan birki ýyl geçensoňam ol TSSR Ýer işleri halk komissary edilip bellenildi. Ol hemişe öwrenýärdi. Hajy rus dostlarynyň goldawyny hemişe duýýardy. TSSR Suw hojalygy uprawleniýedinde A.F. Mor bilen işleşmeli bolupdy. Mor 1924-nji ýylda Täze döredijilik respublikanyň hem-de partiýanyň Guramaçylyk býurosynyň sostawynda türkmen ülkesine işe iberilipdi. Ol TK (b) P MK-nyň I"we II gurultaýlarynda MK-nyň çlenligine, Sowetleriň Bütinsoýuz III gurultaýynda hem SSSR MIK-niň çlenligine saýlanypdy. Mahlasy, onuň inisiatiwasy bilen Türkmenistanda birnäçe suw desgalary gurlupdy. Şol ýyllarda gurlan Pelwert kanalyna onuň adyny dakmak hakynda ýörite karar hem kabul edilipdi. Hajy Atabaýew ine, şeýle guramaçy we işeňňir adamdan köp zatlary öwrenipdi. Ine, şeýle adamdan soň, respublikanyň suw hojalygyna ýolbaşçylyk etmeklik uly başarnygy talap edýärdi. Halk komissary Hajy Atabaýew Aşgabatda seýrek bolýardy. Ol hemişe raýonlardady. Işde goýberilýän kemçilikler nazaryndan sypmaýardy. Oňa dahylly günäkär adamlara berk daraýardy. Türkmen ülkesi täze durmuş durýardy. Senagatda, oba hojalygynda, medeniýetde täze-täze şygarlar peýda bolýardy: “Suw ugrundaky göreş-pagta ugrundaky göreşdir”, “Bol syw ugrunda zarpçy zähmet bilen!”, “Garabekewül gurluşygy üçin entuazlaryň ikinji batalonyny döredeliň”, “MTS – oba hojalygyny sosialistik gurnamagyň pyçagydyr”. “Şu ýylyň baharyna çenli Türkmenistana traktorlaryň 179-sy getirilmelidir”, “Murgapda suw tutmaklykda rewolýusiýa...” Respublikanyň zähmetkeşleriniň bu uly zähmet ýeňşinde TSSR Ýer işleri halk komissary Hajy Atabaýewiň hem goşandynyň bardygy gürrüňsizdir. Hajy Atabaýew halk emläginiň duşmanlaryna garşy gaýduwsyz göreşýärdi. Basmaçylar bilenem, baý kulaklar bilenem çaknyşmaly bolýardy. Halk komissary hemme babatlarda üstün çykýardy. Şu ýerde onuň Sowetleriň Bütintürkmenistan IV gurultaýynda ýaz ekiş möwsümi hakynda eden doklady barada agzap geçmek gerek. Ol şonda şeýle diýipdi: “Ilkinji bolşewistik ekiş synpy göreşiň has-da ýitileşen döwründe barýar. Indi kulaklar biziň planlarymyz hasam janyýangynly garşy çykyp ugradylar. Emma biz muňa garamazdan, zähmetkeş daýhanlary, batraklary we kolhozçylary kulaga garşy göreşde doly ulanyp bilmeýäris, kulaklara garşy hüjümiýaramaz gurýarys. Öz apparatymyzdaky we onuň aýry-aýry zwenolaryndaky säwlikleri hem-de býurokratlygy ýeňip geçmek bilen biz ikinji bolşewistik ekişi üstünlikli amala aşyrmalydyrys...” Şol döwrüň möhüm meselelerini aýdyňlygy bilen beýan edýän bujagaz jümläni düşündirip oturmagyň hajaty ýok bolsa gerek. Ony Lenin partiýasynyň ýönekeý esgeri, prinsipial bolşewik aýdyp biljekdi. Biz Hajy Atabaýewi tanaýan adamlaryň birnäçesine ol hakda gürrüň bermeklerini haýyş edip ýüz tutduk. Ine, olaryň käbirleriniň jogaplary: “Her bir mesele çözlende adalatlydy, oňa bolşewistik nukdaý nazardan çemeleşýärdi”. “Men ony ilkinji gezek 1931-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatda geçirilen professional mekdepleriň I respublikan konferensiýasynda görüpdim. Ol konferensiýany açyp, TK (b) P MK-nyň sekretary Çary Bellekowa doklad etmek üçin söz beripdi”. “1932-nji ýylyň ýanwarynda TK (b) P MK-nyň hem-de MKK-nyň bilelikdäki Plenumynda halk komissary Hajy Atabaýewiň maldarçylygy ösdürmegiň ýollary hakdaky doklady köpleriň ünsüni özüne çekipdi”. “Şol ýyl Aşgabatda respublikan oba hojalyk gurultaýy açyldy. Gurultaýyň delegatlary öz komissarlary Atabaýewiň çykyşyny gürrüldili el çarpyşmalar bilen garşylapdylar”. “1933-nji ýylda Moskwada geçirilen zarpçy kolhozçylaryň Bütinsoýuz I gurultaýyna Hajy bilen bile gatnaşypdyk. Hajynyň bar ýerinde elmydama şatlyk-şagalaňdy. Ýüregiň gysjak gümany ýokdy”. “Hajy Mämiýewiç bilen 1937-nji ýylda Aşgabatda açylan Sowetleriň adatdan daşary BütintürkmenistanVI gurultaýynda TSSR-iň täze Konstitusiýasynyň gutarnykly teksti üçin döredilen redaksiýon komissiýada bile bolupdyr...” Hajy Atabaýewiň obadaşy, ýaşuly magaryfçy Durdymyrat Poladowyň gürrüňinden: – Biz ol wagtlar Daşkentde mugallymlary taýýarlaýan institutda okaýardyk. 1926-njy ýylda Hajy Atabaýewiň Sowet delegasiýasynyň sostawynda oba hojalyk meselesi dogrusynda Amerika gidýändigini eşidipdik. Bu habary bize – türkmen studentlerine respublikamyzyň Daşkentdäki ygtyýarly wekili Öwezgeldi Atabaýew buşlapdy. Dogrusyny aýrsaň, bu şol wagtlar gaty täsin görnerdi. Megerem, Hajy hökümet delegasiýasynyň sostawynda okeanyň aňyrsyna giden ilkinji türkmen bolsa gerek! Ýalňyşmasam, delegasiýanyň özem ilkinji gezekdi. Gidende ugradyp bilmesegem, gelende ony Daşkent bokzalynda garşyladyk. Garşylanlaryň arasynda TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew hem bardy. Men soňam onuň bilen köp ýola sataşdym. Onuňöýünde-de birnäçe gezek boldum. Ulimyň, kiçimiň – parhy ýok, hiç ulumsylygy bolmazdy. Eýsem-de bolsa, ol respublikanyň ähli ýerinde uly abraýdan peýdalanýardy. Birtopar kolhozlar onuň adyny göterýärdi. Emma ol her hili ýagdaýdada öz mertebesini saklap bilýän adamdy. Bu TSSR Merkezi Ispolnitel komitetiniň sekretary wagtynda-da, sowhozlar komissary döwründe-de şeýledi. Arman, ýöne onuň ömri gysga eken-dä... Atabaýewiň uly ogly Mihail Hajyýewiç Moskwada ýaşaýar. Ol SSSR Gosstroýynda oba ýerlerinde planlaşdyryş we gurluşyk işleri uprawleniýesiniň naçalniginiň orunbasary. Beýleki bir ogly Sapar bolsa Aşgabat demir ýolunda işleýär. Olaryň bagtly maşgalasy bar. Saparyň ogly Hajy häzir M.Kalinin adyndaky Türkmenistan oba hojalyk institutynda okaýar. StudentHajy Atabaýew. Hawa, onuň atasy Hajy Atabaýew bütin ömrüni güneşli ülkämiziň oba hojalygynyň gülläp ösmegine bagyşlapdy. Agtygy Hajy Atabaýewiň hem ömür maksady şeýle. Nesiller atalaryň ýoluny dowam etdirýärler. Muhammetgulynyň inileri, soňra uly döwlet işgärleri bolup ýetişen Öwezgeldidir Hajy Atabaýewlerem bu ugurda uçursyz köp iş bitirdiler. Ilkinji türkmen magaryfçylarynyň okadan, tälim beren okuwçylarynyň ençemesi soň, Sowet hälimiýeti ýyllary içinde uly döwlet we partiýa işgärleri bolup ýetişdiler. Olar partiýanyň her bir çagyryşyna ak ýürek bilen ýapyşdylar. Bäşim Gulbeşerow, Bäşim Pereňliýew, Flor Fomkin, Gurban Rejepow, Durdymyrat Poladow we beýleki onlarça adamlar olaryň ilkinji okuwçylarydyr. Ine, Bäşim Gulbeşerowy alyp göreliň: ol Maryda Gaýgysyzyň hem-de Muhammetgulynyň elinde, rusýerli mekdebinde tälim alýar. Ol 1925-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň içeri işler komissary wezipesine bellenýär. 1925-1931-nji ýyllarda SSSR MIK-niň Milletler Sowetiniň sekretary, 1931-1932-nji ýyllarda Türkmenistan SSSR-niň Moskwadaky hemişelik wekili bolup işledi. Soňra ol SSR Merkezi Ispolnitel Komitetiniň jogapkär wezipeleri ýerine ýetirdi. Bäşim Pereňliýewiň hem ömri Sowet döwletine gulluk etmekligiň ajaýyp nusgasydyr. Ol hem Bäşim Gulbeşerow ýaly, Marydaky rus-ýerli mekdebini tamamlady. 1925-nji ýylda bolsa respublikanyň ilkinji halk magaryf komissary edilip bellendi. Halkyň aladasy bilen ýaşap, halka ak ýürekden hyzmat etseň, ol seni hiç haçan ýatdan çykarmaýar. Şeýle adamlary halk öz ýüreginde saklaýar, olaryň röwşen ýadygärligine hemişe sarpa goýýar. Fewral, 1983. # Allaýar Çüriýewiň “Ýürek ýatlamasy” atly kitabyndan. 1986. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||