20:21 Görip | |
GÖRIP
Goşgular
Görip gözlerime ediñ tomaşa, guşlar perwaz edýär gögüñ ýüzünde, göriplik edýärin ganatly guşa. Ýel ýaly gidýärin ugrasam hanjak, suw welin ýelden-ýelden okgunly gidýär. Suwa-da göriplik edýärin biçak. Göriplik derdine tapylmaz däri. Dänä öwrülesim gelýär her daýym. Maña bes dälmikä şahyrlyk käri? 1947. • INE, ŞEÝLE, YSMAÝYL! Nuruñ içinde men. Hemme ýerde nur. Dünýä gözel. Iş küýseýär ellerim. Gözüm bolsa gök baglardan doýanok, aşygy men bu baglaryñ-gülleriñ. Tut tokaýy. Ýoda günden nur düşýär, Synlap otyryn men ýaz howasyny. Bakyp keselhanañ penjiresinden otyryn, duýamok derman ysyny. Bir ýerde-hä myhak güli gülleýär, Onuñ ysy maña gelýär her daýym. Gep ruhuñ belent bolmaklygynda, gep türmede ýatmakda däl, Ysmaýyl. 1948. • GÜÝZ Gün gysgalar, ýagyş ýagar tiz-tizden, Geldim, "güýz başlandy" diýen netijä. Gapym açyp, geleriñe garaşdym, Näm üçin, näm üçin sen galdyñ gijä? Nahar wagty boldy. Ine, burç, çörek, emma sen ýok diýip galdym men ünjä, goýan çakyrymyñ ýaryny içdim, Näm üçin, näm üçin sen galdyñ gijä? Bal ýaly miweler bagyñ üstünde, meñzeýärler ýüpe düzülen hünjä. üzülip ýere-de gaçardy olar, sen azajyk galan bolaýsañ gijä. 1949. Nazym HIKMET. Terjime eden: Allaberdi HAÝYDOW. | |
|
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Eý, nebiler serweri, eý, nury-aýnym, Mustapa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |