02:30 "Gorkut ata" eseri türkmen ruhyýetiniñ gözbaşydyr | |
«GORKUT ATA» ESERI TÜRKMEN RUHYÝETINIŇ GÖZBAŞYDYR
Edebi makalalar
Geçmişde pähim-paýhasy, mertligi, tutanýerliligi, watansöýüjiligi, işjeňligi, danalygy bilen älemde meşhurlyk gazanan beýik şahsyýetler bolan Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg kimin pederlerimiziň ýurdy-eziz Türkmenistan Garaşsyz hem Bitarap döwlet bolandan soň, Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň tagallasy netijesinde türkmen ili öz aslyny, milli däp-dessuryny, medeni hem edebi mirasyny, öň gadagan edilen naýbaşy eserlerini öwrenmek hem-de halk köpçüligine ýetirmek mümkinçiligine eýe boldy. Ahlagynda, edep-terbiýesinde, ynsanperwerliginde ýüzüň utanmajak, dünýä derejesinde kämil ýol-ýörelgeleri bolan ata-babalarmyzyň ruhy kämilliginden ugur alýan Prezidentimiz olaryň pähim paýhasyna uýup, şol halal ýol ýörelgelerine dolandy. Türkmen halky ruhy babatda iň bir kämil halklaryň biridir. Halk şol gymmatly hazynasyny özüniň döreden halky eserlerine siňdirmegi başarypdyr. Ol eserler bolsa asyrlaryň dowamynda gymmatyny ýitirmän; dilden-dile, nesilden-nesle geçip, danalarymyzyň paýhas eleginde elenip, döredijilik ussahanasynda kämilleşip, halkyň aňynda çuňňur orun alyp, biziň şu günlerimize gelip ýetipdir. Eger-de halk ruhy babatda kämil bolsa, hemme tarapdan ösen döwleti gurýandygyna, gurjakdygyna, pähim-paýhasly, akylly-başly, aňly-düşünjeli, dünýewi garaýyşly nesli kemala getirjekdigine şübhe bolmasa gerek. Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň şu günki gün milletiň ruhyýeti babatda aýratyn alada edýändigi hem hut şunuň üçindir. Ol pederlerimiziň ruhy, akyl-paýhasy siňen eserine, ýol-ýörelgelerine uýmak arkaly nesillerimizi terbiýelemekligi ündäp, ençeme eserler bilen birlikde dünýä möçberinde meşhur bolan «Gorkut ata» eposyny öwrenmekligiň zerurdygyny öwran-öwran nygtaýar. Şu ýylyň 4-nji maýynda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda: «Biziň halkymyzyň ruhy çeşmelerini, onuň filosofiki çuňlugyny, durmuş paýhaslylygyny, iň belent adamkärçilik ýörelgelerine tüýs ýürekden berlenligini aýdyň görkezýän beýik «Gorkut ata» eposy, oguzlaryň ilkinji hem-de gös-göni nesilleri bolup durýan türkmenleriň taryhynda aýratyn ruhy orny eýeleýär» diýdi. Türkmeniň milli we edebi mirasynyň genji-hazynasy, türkmen ruhyýetiniň gözbaşlarynyň biri hasaplanylýan «Gorkut ata» eposynyň gadyr-gymmatyna düşünýän Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň pikirlerini goldap, durmuşa ornaşdyrmak tutuş halkyň, şol sanda biz alymlaryň paýyna düşýär. Eger biz nesillerimizi ähli tarapdan kämil, belent ruhly edip ýetişdirjek bolsak, onda onuň düýp köküni, özenini ata-babalarymyzyň ruhundan gözlemelidiris. Dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyga eýe bolan «Gorkut ata» eposy türkmen halkynyň ruhy päkliginiň altyn hazynasyna öwrülip, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere aşyp, biziň şu günlerimize gelip ýetipdir. Ruhy päkligiň gözbaşy hasaplanylýan bu eserde ynsandaky bar bolan gowy häsiýetleriň ählisi−kalby päklik, ruhy belentlik, halallyk, ygrarlylyk, ynsaplylyk, wepalylyk, ynsanperwerlik, paýhaslylyk, sadalyk, geçirimlilik, mertlik, gaýratlylyk, jomartlyk, Watana,ene topraga, il-güne söýgi, myhmanparazlyk, ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly ýokary ahlak sypatlary jemlenipdir. Eser durşy bilen halkyň ruhy päkliginiň şamçyragy. Şeýle bolansoň, «Gorkut ata» eposy ýakyn wagtda dünýä injek «Ruhnamamyza» gözbaş bolup biljek täsin bir eserdir. «Gorkut ata» eserinde watançylyk meselesi onuň baş temasy bolup durýar. Şeýle-de gahrymançylyk, agzybirlik ideýasy ony düzýän hekaýatlaryň ählisiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. «Gorkut ata» eseri bigünä adamlara kast etmekligi, ýurdy tozdurmaklygy, şerparazlygy, adalatsyzlygy, garasöýmezligi ýazgaryp, goňşuçylykda ýaşaýan ynsanlaryň bir-biri bilen gowy gatnaşykda bolmaklaryny ündeýär. Bu eserde adam mertebesine uly sarpa goýulýar. Onda suratlandyrylýan wakalaryň ählisine diňe şu nukdaýnazardan baha berlip, adamlaryň fiziki hem ruhy gudraty, ar-namys ugrundaky tagallasy, ene topraga çäksiz söýgüsi aýdyň görkezilýär. Eseriň adamkärçilige, ynsansöýerlige mäkäm eýlenen eserdigini onda çekilen adam keşpleri-de doly tassyklaýar. Ilki bilen Gorkut atanyň öz edebi keşbinde jemlenen ajaýyp ynsançylyk sypatlaryna göz aýlamak ýerlikli bolsa gerek. Ol tutuş oguz iliniň ar-namysy, wyždany, hakyky şahsyýet hökmünde ör boýuna galýar. Gorkut ata diňe bir ýazyjy, bagşy, giň göwrümli, akyl-paýhasly, gözýetimi giň, durmuş tejribesi baý, parasatly döwlet işgäri hökmünde tanalman, eýsem aýdan zady hökman bolaýýan «Hydyr ata» kimin ýagşyny ýaýyp, ýamany ýazgarýar, ynsanlara bagt paýlaýar. Dana, keramatly goja Gorkut ata haýsy iş bolsa-da il-halaýyga sala salman işe başlamaýar. Hut, şonuň üçinem ildeşleri onuň her bir sözüni adalatly perman ýaly höwes bilen kabul edipdirler. Oňa halkyň ynamy iňňän güýçli bolupdyr. Ýurtda hanlary, soltanlary saýlamaklyga-da şol baştutanlyk edipdir. Jepakeş hem zähmetsöýer halaýygyň göwnüni awlaýjak akylly-başly, pähim-paýhasly kişileri saýlamagy hem Gorkut ata ündeýär. Halk ýow-ýagy bilen ýaraşyk, ylalaşyk gürrüňlerini geçirmeli bolan mahaly hem Gorkut atany ýollapdyr. Çagalara mynasyp bolup duran ady dakmagy-da, toý-baýramlara beýemçilik etmegi-de halk şoňa ynanypdyr. Gorkut atanyň hut özi halk pähimini beýan edýän, ynsanlary diňe gowulyklara ugrukdyrýan ynsan. Onuň öwüt-ündewi boýunça ýagşy adam jomart bolmalydyr, ile saçak ýazyp, aş-nan goýmalydyr, her bir işde hemaýat ediji mert hem gaýratly bolmalydyr. Şeýle häsiýetler bu eserdäki gahrymanlaryň köpüsiniň keşbinde öz beýanyny tapypdyr. Eserdäki Garaja çopan sada, gaýratly, watansöýüji, ýoldaşa wepaly, öz sözünde tapylýan ruhy belent adamlaryň biridir. Onuň üstüne duşmanyň agyr leşgeri hüjüm edende, ol hiç bir zatdan heder etmän, olara garşylyk görkezýär. Duşman atlylarynyň: «Sen bize boýun bolsaň, ýurdumyzda saňa beglik bereris» diýen sözlerine: − Boş sözlemäň, itler, itim bilen bir ýalakda ýuwundymy içenler. Atyňy mazamlama, ala geçimçe görmerin. Başyňyzdaky tugulgaňyzy mazamlamaň, başymdaky börügimçe görmez men, altmyş tutam gönderiňi öwme, gyzyl degenegimçe görmez men. Gylyjyňy ne öwer sen, egri başly taýagymça görmez men, biliňdäki togsan okuň ne öwer sen, ala golly sapanymça gözüme görünmez» (Gorkut ata. Aşgabat, 1994, 31 s.) diýip, mertlerçe jogap berýär. «Şir balasy şir bolar» diýlişi ýaly, agyr leşgere iki inisi bilen hötde gelýär. «Gorkut atada» Garaja çopanyň şeýle häsiýetleri arkaly ýurduňa, il-güne söýgi, öz güýjüňe ynam bolan halatynda ynsanyň almajak galasynyň ýokdugy beýan edilýär. Şol döwrüň talabyna görä, ýigitler atlaryny, oturjak orunlaryny, özlerine gerek bolan engamlary, atydyr ýaragyny, hat-da özüne guruljak öýi, öýlenjek gyzyny hem başarnygyny görkezip, iş bitirip gazanmaly bolupdyr. Perzentsizlikden ejir çekýän adamlar diňe kynçylyk çekýän ynsanlara ýagşylyk edenlerinden soň, köpüň dilegi köl bolup, perzende ýüzi düşýär. Derse han, Baý Begjan beg, Baý Bugra beg − bularyň üçüsi hem şeýle synaglardan soň, perzentli bolan adamlar. Ýöne kynçylyk bilen ýetilen ýeke dikrar bolsa-da ene-atalar perzendine ähli kynçylyklara döz geler ýaly jepakeş, «dogum bilen don biçýän» gaýratly hem rehimli, ula-kiçä hormat-sylag etmäni başarýan adam edip ýetişdirmek üçin aladalanypdyrlar. Eden aladalary ýerine-de düşüpdir. Derse hanyň ogly 15 ýaşda buga bilen bolan söweşde üstün çykyp, Bugaç han adyny alsa, Baý Bugra beg ogly Bamsy ähli harydy, maly bilen birlikde ýesir düşende bezirgenleri talaňçylardan halas edip, gaýraty bilen Birek (edermen, ýeke-täk, goç ýigit manysynda) adyna, özüne gerekli bolan engamlara eýe bolýar. Ýagşy öwüt-ündewler bilen terbiýelenen perzentler enesini «ene haky − Taňry haky» diýip hormatlasa, atasyna daýanç bolmak, ene topragyny mukaddes hasaplamak ýaly belent adamkärçilik sypatlaryny özlerinde jemläpdirler. Oguz iliniň serhet asudalygyny goramagy mert hem başarjaň Bekele ynanypdyrlar. Bekel başarnygyny görkezip il-gününi, ýurduny asuda saklaýar, köpüň ynamyny ödeýär. Ýöne ol bir gezek awda ýaradar bolýar. Bu habary eşiden duşman pursatdan peýdalanyp, ýurdy talap, il-gününi çapyp, gelin-gyzyny ýesir etmek isleýär. Bekel «Gök yrak, ýer gaty!» diýip, ogluny ýanyna çagyryp: «− Ogul-ogul, aý ogul, Garaňky gözlerim aýdyňy ogul, Güýçli bilimiň kuwwaty ogul, Gör, ahyr näler boldy! Meniň başyma näler gopdy» (Gorkut ata. Aşgabat, 1994, 104 s.) − diýip, Baýandyr hana «begler begi Salyr Gazana habar ýetir» diýende, ogly: «− Baba, ne söýlär sen, ne aýdar sen? Bagrym bile ýüregim ne daglar sen?» − diýip, ýokuş görýär. Ýaragydyr atyny, ýigitlerini bermegini atasyndan soraýar. «Sözleriňe gurban bolaýyn, ogul! Belki, meni namysa goýmar sen. Geýmim getiriň, oglum geýsin, atym getiriň, oglum münsün, il ürkmezden oglum meýdana barsyn, girsin!» (105 s) diýip, oglunyň batyrlygyna, namysjaňlygyna, wepalylygyna guwanýar. Merdiň terbiýesini alan gaýratly ýigit başarnygyny görkezip, niýeti ýaman adamlary pälinden gaýtaryp, toba getirýär. Ýurduny, ene topragyny, il-halaýygy zulumdan gutarýar. Ynsandaky gowy häsiýetleriň ählisi ilkinji nobatda maşgala ojagyndan başlanýar. Bu eserde hem maşgala ojagyna, maşgala suprasyna wepalylyk belent derejä galdyrylypdyr. Erkek adamlar maşgalanyň daşynyň goragçysy, ekleýjisi bolsa, zenan maşgalalar hojalygyň dolandyryjysy, nesilleri terbiýeleýji bolup durýar. «Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz» diýýän Gorkut ata bu möhüm işiň zenanlaryň gerdenine düşýändigini, şonuň üçin ähli edebiň ilkinji nobatynda enede jemlenmelidigini nesihat edýär. Burla hatyn, Derse hanyň aýaly, Däli Domrulyň aýaly − bularyň ählisi hem nesillerini gowy öwüt-ündewler bilen terbiýeläp biläýjek zenanlar. Olar perzentlerini hakyky il-günüň derdine ýaraýan, ýurda peýdaly adamlar edip ýetişdirmegi başarypdyrlar. Ilki bilen ene-atany sylamagy, hormat gaýmagy öwredipdirler. Sebäbi kiçijik döwlet bolan maşgala binýady berk bolanda, onda şol binýatlaryň döwletliligi netijesinde ýurt, döwlet sarsmaz sütüne öwrülýär. Her maşgaladaky zenanlar öz borçlaryna dogry düşünip, her bir işde ýanýoldaşlaryna goltgy berip durupdyrlar. Han, beg diýip sylanylýan adamlar hem öz maşgala ojagyny mukaddes sanyp, suprasyny halal saklaýan aýallaryň maslahaty arkaly eden işleri hemişe ugruna bolupdyr. Zenan maşgalalaryň başarnygyna, akyl-paýhasyna, wepalylygyna uly sarpa goýup, olar aýallaryna «Hatynym, halalym, görklüm» diýip ýüzlenipdirler. Salyr Gazanyň ejesi, ogly Oraz, aýaly Burla hatyn ýanynyň kyrk gyzy bilen duşman eline ýesir düşýär. Begler begi adyny alan beg ýigitleriň serkerdesi Salyr Gazana uly hyýanat edip, ruhy peslige uçratmak, özüne tabyn, bakna etmek islän duşman, Burla hatyny kyrk gyzyň arasyndan tanap, onuň maşgalasynyň ar-namysyny depgilemek isleýär. Kyrk gyzyň wepalylygy netijesinde duşmana Burla hatyny tanamak başartmaýar. Şonda duşman Burla hatyn bilen gyzlara Orazyň etini iýdirip, Burla hatyny bilmekçi bolýarlar. Enesi bu ýagdaýy ogluna mälim edende: «goý meniň etimi dograsynlar, gara gowurma etsinler, gyzlar bir iýse, sen iki iý. Ýöne atamyň ar-namysyny duşmanyň aýak astynda depgiletme!» diýýär. Burla hatynyň mertligi, gaýratlylygy, maşgala namysyny perzentdenem ýokarda goýmagy türkmen maşgalasyndaky halallygyň gözbaşynyň gadymyýetiň jümmüşinden gaýdýandygyna şaýatlyk edýär. XXI asyr − türkmeniň «halallyk» asyry boljak bolsa, onda zenanlaryň ilkinji nobatda ojaklaryny mukaddes, saçaklaryny halal saklamagy zerur bolup durýar. Her bir zenan maşgala Derse hanyň aýaly ýaly perzendini söýse, Däli Domrulyň aýaly ýaly ýanýoldaş üçin jan bermäge taýýar bolsa, Banu Çeçek ýaly ýar sarpasyny tutup, ýar ojagynyň oduny öçürmese − onda ol zenanlaryň päk ahlagyndan, ruhy kämilliginden tälim-terbiýe alan perzentler halallyk asyrynyň hakyky nesilleri bolup biler. Halk döredijilik eserlerinde-de «Oguznamadyr» «Gorkut atada-da», «Görogludyr» Magtymguluda-da esasy maksat adamyny ruhy taýdan terbiýelemek. Şeýle bolansoň, pederlerimiz ruhy päkligiň ajaýyp nusgalaryny öz eserlerine siňdirip, halka miras galdyrypdyr. Eposyň gadyr-gymmatyna düşünen M. Kösäýew, Baýmuhammet Garryýew ýaly türkmen alymlary baryp 40-njy ýyllarda «Gorkut ata» eserini öwrenip, jemagata ýetirmek isläpdirler. Ýöne eser halk köpçüligine ýetmän galýar. Görlüp oturylsa, bu eposa türkmen halkynyň pähim-paýhasy, belent ruhyýeti siňdirilen eken. Bu alymlar bolsa pederlermiziň ruhy siňen eserlerini halka ýetirmek, nesilleri şolaryň pähim-paýhasy bilen terbiýelemek isläpdirler. Olaryň bu arzuwy Garaşsyz hem Bitarap ýurdumyzda hasyl boldy. Halkyň ruhy kämilligini ösdürmek üçin aýratyn alada edilýän şu günki günlerimizde dörediljek «Ruhnamamyza» «Gorkut ata» eposyndaky belent ynsançylyk sypatlary, kämil ruhyýetleri girizilse, siňdirilse, ondan gözbaş alynsa, «Altyn asyrda», halallyk asyrynda ýaşajak nesillerimize nusga alarlyk ruhy çeşme bolup biler. Ogulgurban HOJAMYRADOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |