11:31 "Gorkut ata" - milli ruhy hazyna | |
«GORKUT ATA» MILLI RUHY HAZYNA
Edebi makalalar
Sözümizi Gorkut diýmegiň manysyny yzarlamakdan başlalyň. Bu söz Korkut, Kurkut, Horkut, Hurkut, Gurkut ýaly fonetik wariantlarda aýdylypdyr. Ol iki bölekden durýar. Birinji bölegi Kor, Kur, Hor, Hur, Gor, Gur bolup, «taýpalaryň ylalaşygy» diýen manyny beripdir. Gurultaý sözi-de şunuň bilen asyldaşdyr. Ikinji bölegi kut, hut gut «bagt» diýen manyny we «gutlag» diýmegi aňladýar. Gorkut sözi-de «gutlag» manysynda ulanylýar. Şeýlelikde, Gorkut sözi «tire-taýpalaryň ylalaşan, unan gutlaglary» diýmekdir. Soňy bilen, megerem, awtory belertmek üçin ata sözi-de tirkelen bu boýlar toplumy, türkmen halkynyň gadymy epiki eserleriniň biridir. Dowamy namalara, eposlara, dessanlara ulaşyp giden bu eser türkmen şahyryna döredijiliginiň şu ugrunyň öz gözbaşyny gutlag aýtmakdan alyp gaýdandygyny görkezýär. Şol hili gutlaglarda adamlaryň gylyk-häsiýeti, durmuşy, gün-güzerany, dünýägaraýşy beýan edilipdir. Şu jähtden biziň pikirimizçe, türkmen edebiýatynyň bu ugry belli bir taryhy yzygiderlikde utgaşýan 6 döwre bölünýär. Ýaý içinde bir bellik edeliň: (Sowet edebiýaty, biziň pikrimizçe, öz döwründe gadagan edilen eserleriň, çap edilen eserlerdäki setirara pikirleriň hasabyna täzeçe işlenmeli. Şoňa görä-de, ol edebiýaty ýatda saklap, şu bölünişikde hasaba almadyk). Şu 6 döwri: a) Erkinlik-garaşsyzlyk; b) Lebiz-söz halalllygy; w) Zenana aýratyn hormat; g) Harby taýýarlyk-harby tilsimler; d) Özüne-iline hormat-sylag; ýe) Dine özboluşly garaýyş ýaly temalaryň meňzeş işlenendigi utgaşdyryp, bir göwrä öwürýär. Şu ýerde ýokarky temalaryň biri erkinlige-garaşsyzlyga garaýyş, onuň gazanylyşyndaky özboluşlylyk jähtden türkmen taryhyny yzarlap, ýokarda ýatlanan alty bölegiň üçüsiniň bolup geçen zamanasyny, emele gelen territoriýasyny anyklamaga synanyşmakçy. Öňürti şol alty döwri we ol zamanlarda erkinlige garaýyş, garaşsyzlygyň gazanylyş tärini anyklaşdyralyň: 1. «Gorkut ata» döwri (Gadymdan b.e. V a. çenli). «Gorkut atada» baş tema erkinlik-garaşsyzlyk. Oguzlaryň, gunlaryň aty mydama eýerlengi, gylyjy, sapany elinde. Goşun öýünde ýaşap, gerek wagty ýygnaýar. Serdarlar gerek ýerinde goldaşyp, erkinligi goraýarlar. Eklenjiň esasy çeşmeleri çarwaçylyk, awçylyk, alaman. 2. «Orhon ýazgylary» döwri (VI-VIII a.). «Orhon ýazgylarynyň» baş temasy erkinlik-garaşsyzlyk. Aşyna türküleriniň uly döwleti bolupdyr. Aşyna «çino, şono» ýaly aýdylan mongol sözündendir. Möjek diýmekdir. Aşynalar möjege bury, kaskyr diýer ekenler. Bury hytaý dilindäki, möjek diýmegi aňladýan bu-li sözi bilen asyldaşdyr. Aşynalar türk adyny ilkinji bolup göteren, oguzlaryň özenini düzen ata-babalarymyzdyr. Olaryň baýdagynda möjek kellesi bolupdyr. Görnüşi ýaly, oguzlaryň goşuny serdaryň daşyndaky ýigitler. Belli bir harby taýýarlyk geçýärler. Özleriniň işlän söweş tilsimleri bar. Kaganatyň Gündogar we Günbatar şahalary garaşsyzlyklaryny gerek ýerinde biri-birini goldap goraýarlar. Esasy eklenç ýüpek ýolundan düşýän paç, maldarçylyk, awçylyk, alaman. 3. «Görogly» döwri (IX-XI a). «Görogly» eposynyň baş temasy erkinlik, garaşsyzlyk. Gahrymanlary hiç kime garaşly däl. Goşun roluny serdaryň daşyndaky ýigitler oýnaýar. Söweş taktikasy: «Gaçyşym bar kowuşyma bermenem». Erkinlik egri gylyja daýanylyp goralýar. Esasy eklenç paç ýygnamak, maldarçylyk, awçylyk, alaman. 4. «Dessanlar» döwri (XI-XVa). Harby-gahrymançylyk, yşky-liriki we ş.m. dessanlaryň gahrymanlary erkin-garaşsyz adamlar. Olaryň döwleti, patyşasy, diýmek regulýar goşuny bar. Türkmeniň golaýynda özünden güýçli duşman ýok. Eklenç çeşmeleri: çarwaçylyk, ekerançylyk, awçylyk, söwda, alaman. 5. Magtymguly Pyragy döwri (XVI-XIX a). Şahyrlaryň goşgularyndaky, dessanlaryndaky baş tema erkinlik, garaşsyzlyk. Liriki gahryman şonuň ugrunda. Öýünde ýaşap, gerek wagty ýygnanýan goşun bar. Taýpa serdarlary goldaşyp, erkinligi goraýarlar. Eklenç-çarwaçylyk, ekerançylyk, alaman. 6. Türkmenbaşy döwri (XX a başlandy). Halkyň, Hakyň halany Türkmenbaşynyň pähim-sargytlarynyň baş temasy erkinlik-garaşsyzlyk. Türkmen egri gylyjy dogry söze, pähim-paýhasa çalyşdy. Regulýar goşuny bar. Esasy eklenç daýhançylyk, maldarçylyk, balykçylyk, nebit-gaz çykarmak. Türkmenistan Baky bitarap döwlet. Türkmene onuň Serdary gutarnykly gazanylan syýasy garaşsyzlygy peşgeş berdi. Görnüşi ýaly, «Gorkut ata» döwründen bäri türkmeniň ile garaşly bolan ýeri ýok diýerlik. (Dogry, XX asyrda garaşly bolduk. Munuň sebäpkäri-de biziň pikirimizçe baryp Tonýukuk tarapyndan Orhon ýazgylarynda wesýet edilen, Görogly tarapyndan «Göroglyda» kämilleşdirilen, dessanlarda, klassyklarymyzyň eserlerinde müň kerem gaýtalanan, Keýmiriň baş ýörelgesi bolan söweş tilsimine - «Gaçyşym bar, kowuşyma bermerine» eýermänligimiz boldy. Muňa getirenem duşman hilesi. Ol öz söweşini türkmeni serdardan aýyrmakdan başlady. 1878-nji ýylda Gowşut han, 1880-nji ýylda Nurberdi han öldürildi. Başsyz galan türkmen Garagumy saýlaman, Galany saýlady. Bu asyr heniz öwrenilmeli. Şoňa görä-de, XX asyrda ýatda saklap, häzirki hasapdan çykarmagy şertleşeliň). Hawa, türkmeniň ile garaşly bolan ýeri ýok. Sebäbi, onuň ömürylla baş aladasy erkinlik - garaşsyzlyk. Bu türkmen ruhunyň baş ýörelgesi. Ol özüne şu ýörelgäni üpjün etjek ýurdy saýlap alypdyr. Ilki şuny berk belläp, onsoňam ýokarky döwürleriň Ruhuny yzarlap, onuň üstüne bar bolan taryhy, arheologik, lingwistik materiallary goşup, ýatlanan 6 döwrüň birinji üçüsinde ýaşan territoriýamyzy anyklaşdyrmaga synanalyň. Bularyň arasynda takyklamalysy «Görogly» döwründe ýaşan territoriýamyz. Öňki iki döwür barada aýdyljaklar şony takyklamagyň hatyrasynadyr. Munuň şeýledigini Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň öz çykyşlarynyň birinde türkmen taryhynyň şu döwrüni öwrenmäge ünsi güýçlendirmäge çagyrandygy görkezýär. Başdan başlalyň. Eramyzyň başynda biziňkiler Kaspiý deňziniň Günortasyndan Hytaýa çenli, Demirgazygyndan bolsa Sibire çenli barýan Sähranyň eýesi ekeni. VI-VIII asyrlarda-da Çyndan başlanyp, Ruma barýan ýüpek ýoluna eýeçilik edipdirler. Birinji we Ikinji türk kaganatlaryny döredipdirler. Arap basyp alyşlary döwründe aşyna türküleriň diplomatiýasy araplar bilen dil tapyp, tozduryjy çaknyşyklardan belli derejede sowulmagyň, uly bir zyýana galmazlygyň hötdesinden gelipdir. Bolsa-da, geň derejede, Ikinji kaganatyň Gündogar we Günbatar şahalary birleşip, bir ýurda öwrülmek derejesine ýeten halatynda, megerem, aşynalaryň özleri şony isläp, Ikinji kaganat dargaýar. Aşyna türküleri taryhyň gözünden uçýar. Bu taryhy ýagdaý bizi esasy gyzyklandyrýan üçünji - «Görogly» döwrüniň öň ýanynda bolup geçýär, Eýsem, şeýle giň territoriýada ýaşan dürli dilli, dürli garaýyşly halkyýetlere baş bolan, ata babalarymyz şundan soň nirä siňdilerkä? Oguzlaryň özenini düzen taýpalar türk kaganatlaryndan mongol basyp alyşlaryna çenli bolan taryhy döwürde nirede ýaşadylarka? Olaryň belli bir böleginiň dünýäniň dürli ýurtlaryna ýaýrandygy belli. Biziň häzirki yzarlajak bolýanymyz, öňki döwürlerdäki wakalarda baş rol oýnap, soňra häzirki Türkmenistanyň territoriýasyndaky türkmenleriň düýbüni tutan taýpalar baradadyr. Şeýlelikde, oguzlaryň ine şu bölegi mongol basyp alyşlaryna çenli döwürde (IX-XII asyrlar) nirede ýaşadylarka we nähili taryhy rol oýnadylarka? Şu taryhy döwür üçünji döwri (IX-XI) we dördünji döwrüň (XII-XV asyrlar) başlaryny öz içine alýar. Soragyň jogaby, elbetde, ikinji döwürdäki ýaşaýyş bilen bagly. Taryhy ýazgylary, ýatdan aýdylan edebi döredijiligi yzarlap, oguzlara, ýagny biri-birini berk goldap agzalýan giň sähra eýeçilik eden şazadalara üstünlik getiren zadyň olaryň gowy häsiýetiniň, dil tapgyrlygynyň we şularyň üstüni dolduryp duran çapgyr ahal-teke atlarynyň we kesgir gara uz <oguz gylyçlarynyň bolandygyna göz ýetirýäris. Olara şu häsiýeti beren ýüpek ýoluna golaýlaşýan ýurtlaryň ählisi bilen gurlan parasatly diplomatiýa. Olaryň şeýle ajap häsiýetiniň, ýiti diliniň bolandygy, oguzlaryň dil tapgyrlygyna haýran galan araplaryň ýazgylarynda okalýar. Oguzlaryň meşhur gara polat uz> oguz gylyjy barada, olaryň ir döwürlerden bäri demirçilik bilen meşgul bolandyklaryny, demir okisi bilen uglerod okisini garyşdyrmak usuly bilen XX asyryň domna peçlerinde guýmak başartmadyk, 99, 45%-li polat almagyň hötdesinden gelendiklerini taryhy maglumatlar habar berýärler. Gamyşgulak bedew atlary barada şol döwrüň ýazgylary we çeper döredijiligi aýdýar. Rowaýatlarda şeýle gürrüň bar. Hytaýa ýa Ruma söwda baran oguz begleri öňürti arassa ýüpekden edilen alöýmeleri ýazgynlygyna howada ýüzdürip goýberer ekenler. Soň oguz begi atyny oýnadyp gelşine, gara polat uz gylyjy syryp, alöýmäni kesip geçende, öýme şol gelşini üýtgetmän, howada ýüzmegini dowam edipdir. Alöýmäniň parran kesilendigi, her tarapdan bir Hytaý ýa-da Rum gözeli eda bilen ylgap çykyp, hersi alöýmäniň bir tarapyndan tutanlaryndan soň bildirer eken. Onuň her parasy bir näzeniniň elinde gidip, olara sowgat bolupdyr. Olary şat edipdir. Bu rowaýat, oguz begleriniň şeýle giň territoriýany dolandyrmaklarynda, öz döwrüniň sesden tiz uçýan reaktiw samolýotlaryna ýa-da raketalaryna deňemek boljak oguz bedewleriniň we öz döwrüniň atom ýa-da wodorod bombasyna deňemek boljak, gara polat uz oguz gylyçlarynyň (elbetde, ata oguz begi atlananda, gylyjy oguz begi syranda!) uly rol oýnandyklaryna güwä geçýär. Bu aýdylanlarymyz «Görogly» döwründen öňki bolan işler. Indi şu zatlar elinden gelen ata-babalarymyz gelýär-de, birden taryhy gözýetimden gaýyp bolýar. Bu mümkin däl ýaly, emma hakykat, taryh dymýar. Şular ýaly taryhyň wagtlaýynça dymýan halatlarynda gezek dile, edebiýata berilýär. Eýsem, olar bu barada näme diýýärler? Biz başda çeper döredijiligiň bir ugrunyň taýpa, tire üýşmeleňlerinde aýdylýan gutlaglardan baş alandygyny, ol gutlaglaryň «Gorkut ata» ýaly eposy berendigini ýaňzydypdyk. Bu eposyň «Orhon ýazgylary» döwründe-de, «Görogly» döwründe-de we soňra-da kämilleşmegini dowam edendigi belli zat. Hut şu kämilleşme-de, biziň pikirimizçe, eýýäm «Orhon döwründe» geljekki «Görogly» eposynyň käbir şahalaryny beren bolmaly. Emma «Görogly» eposynyň kämil eser hökmünde orta çykan döwri, elbetde, biziň atlandyryşymyzdaky «Görogly» döwründedir; ýagny IX-X asyrlardadyr. Diýmek, ata-babalarymyzyň şu döwürde ýaşan ýeri barada «Görogly» hökman maglumat beräýmeli. «Görogly» eposyndaky wakalardan çen tutsaň, birinji we ikinji türk kaganatlarynyň esasy böleginiň Hazar hanlygyna ýygnanandygyny çak edip bolýar. Çaklamamyzy düşündirmek üçin Hazar hanlygy barada maglumata geçmek zerur. Şundan öň bir zady anyklalyň. Taryhy çeşmelerden bu hanlygyň «Orhon ýazgylary» döwründe-de, öňrägem bar ekendigi görünýär. Bu hanlygyň IX-X asyrda gülläp ösüşine üns berseň, ösüşiň sebäpkäriniň türki kaganlyklaryň tejribesini kabul etmeklikdigi yzarladýar. Şeýle netijä geleniňden soň, Hazar döwleti baradaky taryhy maglumatlara seretmek bolar. Hazar döwleti barada Lew N. Gumilewe bagyşlanyp «Otkrytyýe Hazarii» ady bilen halkara almanahyň düzüminde (6-njy goýberliş) Moskwanyň «Di-Din» neşirýatynda. 1996-njy ýylda çap edilen kitapda şeýle maglumatlar bar. Olary geregiçe alyp üzül-kesilräk bolsa-da, olaryň öz dilinde sitirlemek amatly: «... Hazariýa-gosudarstwo, kotoroýe poýawilos na oblomkah perwogo swerhgosudarstwennogo obrazowaniýa sentralnoaziatskih týurkskih plemen w VI-VIII wekah» (14 sah.) «...Hazarskoýe sarstwo, ohwatywawşeýe poçti wsýu ýugo-wostoçnuýu Ýewropu... Na wostoke graniçilo s Horezmom, t.e. wladelo Mangyşlakom i Ustýurtom, a znaçit, i wsemi stepýami Ýužnogo Priuralýa. Na ýuge pograniçnym gorodom byl Derbent, znamenitaýa stena kotorogo otdelýala Zakawkazýe ot hazarskih wladeniý. Na zapade wes Sewernyý kawkaz Stepnoý Krym, Priçernomorskiýe stepi do Dnestra i Karpat podçinýalis hazarskomu sarýu.» (23 sah) we ş.m. ýazgylarda ol ýurt häsiýetlenýär. Şu ýurtda tapylan arheologik tapyndylaram bu ýerde şol döwürde biziň ata-babalarymyzyň ýaşandygyna şaýatlyk edýärler. Yzarlanýan döwürde oguzlaryň özeniniň şu ýurtda ýygnanandygyny, diňe «Görogly» eposynyň wakalary ýa-da territoriýada soňraky geçirilen arheologik barlaglaryň netijeleri däl, eýsem dil materiallary-da tassyklaýar. Bu ýurduň uly-uly şäherleri, galalary bolupdyr. Şol galalaryň biriniň ady bolan Sarkel sözi aýratyn üns bererlikdir. Alymlar bu sözi Sary-Kel we Saryk-il görnüşinde etimologizirläpdirler. Biziň pikirimizçe, bu etimologiýalaryň ikisem dogrudyr we ikisem ýalňyşdyr. Ikisinem dogry edýän zat sözüň böleklere bölünişidir. Ikisinem ýalňyş edýän zat bolsa, sözüň bir kesilip ikä bölünip oňulmagydyr. Dogry, etimologizirlemek üçin bu sözi iki kesip, üçe bölmeli. Ýagny bu söz sary-k-il diýlip, ýagny, sary-laryň-il-i diýlip okalsa dogry bolýar. Etimologiýa ýerinde dursun. Häzirki pikir ýöredişimizde esasy zat, haýsy hili okanyňda-da bu şäheriň sarylaryň ýaşan ýeri bolup çykýanlygydyr. Sarylar bolsa biziň hazirki saryk, ärsary, salyr, sakar türkmenlermiziň ata-babalarydyr. Hazar döwleti barada ýazuw çeşmeleriň berýän maglumatlarynyň arasynda ýene iki söz ünsüňi çekýär. Olar Hytaý çeşmelerindäki duşýan bu ýurtda ýaşaýanlaryň adyny aňladan «ýanszy» we «ýuo-dži» sözleridir. Rus alymlary «ýan-szy» sözüni ýassy //ýasy ýaly okaýarlar. Biziň pikrimizçe, «ýan-szy» sözüni ýazzy//ýazy ýaly, ýuo-dži sözüni düýeji ýaly okamak dogry bolardy. Şu maglumatlardan oguzlaryň agramly böleginiň IX asyrlarda ata watanyň, ýagny häzirki Türkmenistanyň golaýyna ýygnanandyklary, häzirki türkmenleriň, häzirki türkmen taýpa atlarynyň hut şu döwürde emele gelip ugrandygy yzarlanýar. Türkmeniň aslyny takyklamak maksady bilen, Hazar döwleti barada rus çeşmelerinde berilýän maglumatlary ýene sitatalar görnüşinde dowam edeliň. L.N.Gumilew bu döwlet barada: «Na Wolge potomki zapadno-týurkskih hanow sozdali moguçeýe hazarskoýe sarstwo» diýse, akademik B.A.Rybakow Hazar döwletini «nebolşym polukoçewniçeskim gosudarstwom», «parazitarnogo haraktera», «žiwşim w sçet tranzitnoý torgowli» ýaly häsiýetlendirýär. Şu faktlary «Göroglynyň» gahrymanlarynyň güzeran aýlaýyşlary bilen deňeşdirip görüň! Dowam edeliň: Prof. M.M.Artamonow: «... koçewoý byt opisannyý w Hazarsko-ýewreýskom perepiske byl swýazan s obyçaýami hanskogo roda prinadležawşşego k týurkskoý dinastii Aşina...» diýende bu döwleti türkmeniň aslyna has-da golaýlaşdyrýar. «Görogly» eposyndaky psihologiýasyny Aşyna türküleriniň psihologiýasy bilen deňeşdirseň, häzirki we «Görogly» eposyndaky türkmenleriň Aşyna türküleriniň nesilleridigine göz ýetirmek kyn däl. Aşyna türküleri şazadalar nesli bolup, aslynda häzirki Türkmenistanyň territoriýasynda önüp-ösüp, soňra gündogara ýaýran türkülerdir. Ol nesliň köki asyl mekanynda, häzirki Türkmenistanyň territoriýasynyň öz içine alan Hazar ýurdunda galypdyr. Olaryň Hytaý, Mongoliýa, Sibir taraplara ýaýranlary, şol ýerdäki türküler bilen goşulyşyp, birinji we ikinji türk kaganatlaryny döredýärler. Baran ýerlerinde şazadalar bolup ýaşaýarlar. Olar şol döwürlerde Hazar döwletinde galan şazada aga-inileri bilen golaý gatnaşykda bolup, birek-biregi geregiçe goldap durupdyrlar. Türk kaganatlary synanda bolsa, Hytaýdan Ruma çenli ýaýran ägirt sähra erk eden bu nesliň özeni ata Watana, Hazar döwletine ýygnanýar. Şol döwürlerde-de «Görogly» eposy doly formirlenýär. Türkmenleriň «Görogludan» öňki belli ýadygärliklikleri bolan «Gorkut atadaky» we «Orhon ýazgylaryndaky» wakalary, dünýägaraýşy yzarlasaň, olaryň a) sözüň güýjüni real güýç hasaplan; b) atly söweşiň ussatlary; w) söweşiň söýesi bolan batyrlary ýetişdiren, olara guwanan we olaryň yzyna eýeren; g) duşman san taýdan juda agdyk bolanda, öz ýurdunda gizlenip, duşmana tapdyrman, şu tilsim arkaly duşmanyň köp güýji bilen öz az güýjüni deňleşdirip bilen d) gerek bolanda duşmana aýy kimin daramagy başaran; ýe) dine ynanyp, gylyç oýnatman oturmagy ejizlik hasap eden adamlardygy görünýär. Biz «Görogly» dessanynda-da, Keýmir kör döwrüniň türkmenlerinde-de hut şu häsiýeti yzarlaýarys. Şu zatlar biziň aslymyzyň Aşyna türküleri bilen gös-göni baglydygyny açyk görkezýär. Diýmek, türkmenler häzirki Türkmenistandan örlän batyr urşujylygynyň, saýlantgy bedewleriň, uz gylyjyň, dilewarlygyň arkasyndan dünýä siwilizasiýasyna ägirt goşant goşan uly-uly hanlyklary dolandyrmagyň hötdesinden gelen şazada türküleriň nesilleridir. Olaryň çeper döredijiliginiň bir ugry taýpa üýşmeleňlerinde, taýpalar tarapyndan unalan gutlaglardan başlanyp, «Gorkut ata», «Orhon ýazgylary», «Görogly» ýaly batyrlaryň waspnamalaryna öwrülen eserlere ulaşyp gidýär. Ol ulaşma soňuny «Ýusup-Ahmet» ýaly gahrymançylykly, «Şasenem-Garyp» ýaly yşky-liriki dessanlara sapýar. Dessandaky poýeziýanyň kem-kem kämilleşmegi tirme goşgulara getirip, yzyny klassyky edebiýatymyza alyp gelýär we yzy arkaýyn yzarladyp duran şu günki edebiýatymyza gelýär. Şu ulgamda «Gorkut atada» başlanan milli ruhyýet kem-kem kämilleşip iň ýokary derejä ýetýär. Şundan soň, munuň jemlemesi boljak Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Ruhnamasynyň» Altyn asyrymyzyň baş kitaby boljakdygyna ynanýarys, guwanýarys. Sözsoňy ýerine bir teklip edesim gelýär. Ata-babalarymyz öz ýurtlaryny dolandyran wagtlarynda hytaý, hindi, mongol, eýran, semit, türki, slawýan, wenger, fin dillerinde we Kawkazda ýerleşen halklaryň dillerinde sözleýän adamlar bilen ýygy gatnaşyk saklamaly, olar bilen düşünişmeli bolupdyrlar. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzyň dili diplomatiýanyň, söwdanyň, komandanyň dili hasaplanypdyr. Şu günlerem ýokarky sanalan dilleriň wekili öz dilindäki sözleri doly seljerip bilýän adam bolanlygynda, öz bilýän sözleriniň üstüne ümüň hereketlerinden goşsa, köp babatda türkmenler bilen düşünişip bilerdiler. Sanalan dillerde sözleýänleriň, ýer şarynyň ilatynyň agramly bölegidigi görnüp dur. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Baky Bitarap döwlet boldy. Aşgabat agzybirligiň paýtagtyna öwrüldi. Şulary göz öňünde tutup, «Gorkut ata» eposynyň 1500 ýyllygy bilen utgaşdyryp, türkmen diline Halkara dili statusy berläýse ýerine düşerdi. Orazdurdy ÇOMMADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |