10:54 "Gorkut ata" - ruhy ata | |
GORKUT ATA-RUHY ATA
Edebi makalalar
He-ýeý, atam Gorkut, dädem Gorkut, seniň ýaşap geçen döwrüňden bäri gör-bak näçe-näçe zamanlar aýlandy, döwranlar dolandy. Seniň ozalky tutuşlygyna Oguz atlandyrylan halkyň indi bölünip-bölünip niçeme halkyň emele gelmegini esaslandyrdy. X-XI asyrlardan soň galyň oguz tutuşlygyna türkmen adyny aldy, seljuk boldy. Soňabaka Kiçi Aziýa, Kawkaza ýaýrap gitdi. Ondanam aňryk arap ýurtlaryna-Siriýa, Yraga aralaşyp, ol ýurtlara baryp ýetdi. Seniň oguz-türkmen iliň köp-köp külpetleri başyndan geçirdi. Ozal beýik-beýik döwletleri esaslandyran seniň bu kowmuň belli bir döwürlerde döwletsiz galdy, garaşly ýurda aýlandy. Seni okabam, öwrenibem bilmedi. Öwrenmekden, okamakdan geçen, tersine seniň üstüňde tozan bary turzuldy. Nähili pähimdar, akyldar goja bolmagyňa garamazdan, ýaman atly bolduň. Buržuaz milletçi, hany, begi wasp edýän hökmünde gyrahlandyň. Bu meselede seniň gönüden-göni mirasdüşeriň türkmenler has öte geçmelere ýol berdiler. Türkmenistan MK-synyň býurosy 1951-nji ýylda karar esasynda seni okamagy, öwrenmegi gadagan etdi oturyberdi. Başga-da ençeme eserleriň ykbaly şeýle boldy. Şondan soň sen edebiýat nukdaýnazaryndan hem öwrenilmediň, neşirem edilmediň. Diliň boýunça hem ylmy derňew işleri geçirilmedi. Edil guýa gaçana döndüň. Hut şu sebäplere görä-de, leksikaňdaky ýaňy-ýaňylaram ýaşuly adamlaryň dilinden eşidip bolýan sözlerimiz, owadan-owadan aňlatmalarymyz unudyldy. Hudaýa şükür, indi seni öwrenmäge, neşir etmäge, okamaga mümkinçilik tapdyk. Ýurdumyz Garaşsyz döwlet boldy. Indi öz elimiz, öz ýakamyz. Şeýle bolansoň hut hormatly Saparmyrat Türkmenbaşynyň tagallasy bilen «Gorkut ata» eposymyz amnistiýa edilip, azatlyga çykaryldy. Öň gadagan edilen eserlerimiz, şol sanda «Gorkut ata» hem hemme taraplaýyn öwrenilmäge, neşir edilmäge gönükdirildi. Eýýäm ol giňişleýin sözbaşy bilen birnäçe gezek neşir edildi. Gazet-žurnallarda ol barada makalalar berlip durulýar. «Gorkut ata» biziň ruhy şamçyragymyzdyr. Ol biziň ruhy dünýämizde möhüm rol oýnaýar. Bu dogruda Saparmyrat Türkmenbaşy: «Biziň halkymyzyň ruhy çeşmelerini, onuň filosofiki çuňlugyny, durmuş paýhaslylygyny, iň belent adamkärçilik ýörelgelerine tüýs ýürekden berlenligini aýdyň görkezýän beýik «Gorkut ata» eposy oguzlaryň ilkinji hem-de gös-göni nesilleri bolup durýan türkmenleriň taryhynda aýratyn ruhy orny eýeleýär» diýip, Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýratyn nygtap aýtdy. Onuň ýene-de sözüni dowam edip: «Türki dilde gepleýän halklaryň hemmesi tarapyndan eý görülýän bu beýik eser türkmenler üçin aýratyn täsin ýadygärlikdir we baýlykdyr. Ol etnos hökmünde türkmenleriň durmuşy bilen baglanyşyklydyr. Bu epos eýýäm 1500 ýyldan bäri türkmenlere mälimdir» diýmegi eposyň türkmen durmuşy bilen nähili utgaşýandygyny açyk-aýdyň görkezýändir. Şu mynasybetli biz hem şu makalamyzda epos hem-de ol baradaky garaýyşlar hakynda maglumat bermegi maksat edindik. Bize eposyň Drezden, Watikan nusgalary belli. Bularyň hem soňkusy Drezden golýazmasyndan göçürme hasaplanýar. Şonuň üçin nusgalaryň iň ygtybarlysy Drezden wariantydyr. Onda bolsa wakalar, esasan, Türkiýäniň Anadoly töwereklerinde, Eýran azerbaýjanynyň ýerlerinde ýaýbaňlanýar. Ol welaýatlarda bolsa türkmenleriň köpçülikleýin ýaşandyklaryna taryhy çeşmeler güwä geçýär. Muny Horezm şasy, türkmeniň serkerde ogly Jelaleddiniň senenamaçysy Muhammet Nesewi hem aýratyn belleýär. Ol Arran (Eýran azerbaýjanynda bir şäher) degrelerinde türkmenleriň juda kän bolandygyny ýazýar (Nesewi M. M.: 274). Şol döwürlerde Mugan daglarynyň eteklerinde-de türkmenleriň örän köp bolandygyny taryhçylar belleýärler. Hormatly okyjylar, «Nejep oglan», «Saýatly − Hemra», «Asly − Kerem» kimin dessanlarymyzda wakalaryň Azerbaýjanyň, Ermenistanyň ýerlerinde bolup geçýändiginden habarlysyňyz. Bu ýagdaýlar hem ol ýurtlarda türkmenleriň uzak wagtlap mekan tutandyklaryndan habar berýändir. Ana, şu ýagdaýlaryň hemmesi-de «Gorkut ata» eposynyň Drezden nusgasynda gahrymanlaryň şol töwereklerde hereket edýändigine garamazdan, türkmenlerden üzňe bolup bilmejekdigini görkezýändir. Eposyň içindäki aýry-aýry wakalaram munuň şeýledigine ýörite güwäçi bolup dur. Muňa yzda ýene-de dolanarys. Häzirlikçe eposyň ady we ol baradaky garaýyşlara gysgaça göz aýlalyň. Drezden nusgasynda epos «Kitaby dädem Gorkut aliýe lisan taýfaýy oguzan» kibi atlandyrylypdyr. Orta Aziýada bolsa, onuň «Gorkut ata» ady ýörgünlidir. Gorkut ata bolanda-da, Gorkut däde bolanda-da parhy ýok. Ol sözleriň ikisi-de türkmenler üçin örän ýakyn sözler. Olaryň ikisi-de öňem, häzirem türkmen taýpalarynyň köpüsine eziz sözlerdir. Ýöne nusganyň adynda «däde» sözi ulanylan bolsa-da, içinde «ata» sözi has ýörgünlidir. Men bu ýerde aýry-aýry awtorlaryň garaýyşlaryny degşirip sözi uzaldyp oturmakçy däl. Işlerde azerbaýjan alymlary eposy özlerine sanýalar. Türkler hem özlerine degişli hasap edýärler. Emma şu meselede bir zady welin aýdyp geçmegi zerurmyka diýýärin. Eposyň 1988-nji ýylda Bakuwda çykan neşirinde kitabyň boýlarynda duş gelýän «türkmen» sözüne Yrakda ýaşaýan azerbaýjanlylar, kerkuklylardyr diýlip düşündiriş berilýär. Emma biz olaryň özleriniň türkmendiklerinden ýüz öwürmändiklerini görüp, bilip, öz dillerinden eşidip ýörüs. Häzir olar dünýä türkmenleriniň Gumanitar birleşigine türkmen hökmünde gatnaşyp ýörler. Şeýle bolansoň azerbaýjanly garyndaşlarymyzyň ýokardaky garaýyşlary geň görünýär. Hormatly okyjylar, şular ýaly ýüzleý aýdylan pikirleri ýatlap, janyňy ýakyp oturmasaňam boljak-la welin, diýlip durulsa aýtmanam bolanok. Ýene-de käbir zady ýatlaýyn. Käbir awtorlar eposdaky duş gelýän türkmen sözüne oguz sözüni gapma-garşy goýmaga-da synanyşýarlar.[1] Munuň üçin olar eposda gabat gelýän: «Oguzyň arsyzy türkmeniň dälisine beňzär», «pes warasen bir jiji-biji türkmen gyzyny ala sen» diýen jümlelere salgylanýarlar. Emma bular ol hili garaýyşlara ses bermeýär. Tersine oguz, türkmen etnonimleriniň sinonimdeşdiginden habar berýär. Geliň «jiji-biji türkmen gyzly» gürrüňi gözden geçirip göreliň. Eposyň «Gaňly goja ogly Hantöreli (Eposdaky ýazylyşy Kantöreli) boýuny beýan eder» diýen hekaýasynda Gaňly goja ogly Hantörelini öýermekçi bolýar. Şonda Hantöreli: «Pes, warasin bir jiji-biji türkmen gyzyny ala sen, nägehandan taýynam, üzerine düşem, garny ýyrtyla» diýip, atasynyň sada bir türkmen gyzyny alyp bermegine göwnemeýär. Bu ýerde türkmen oguzdan aýry tutulmaýar. Gürrüň oguz-türkmenleriniň ýönekeý, sada bir gyzynyň alynmazlygy barada barýar. Muny edil şol boýdan alnan aşakdaky sözlem hem subut edýändir. Gaňly goja ogluna gelinlik gözläp, Içoguza, Daşoguza aýlanýar, göwnüne ýarar gyz tapmaýar. Ahyrda hem Tarabzon teküriniň ýanyna gelýär. Onuň daýaw, edenli, görkli mahbup gyzy bar. Emma onuň üç şerti bar. Kim kagan arslany (han, serdar arslan), gara bugany (gara öküzi), gara bugrany söweşip ýeňse, gyzyny şoňa bermekçi. Gaňly goja muny eşidip, öz ýanyndan: «Waraýym, ogluma dogry habar wereýim, hünäri warsa, gelsün, alsun, ýogsa ewdäki gyza razy olsun» diýip, öýüne gaýdýar. Mundaky «ewdäki gyz» diýilýän, şol «jiji-biji» türkmen gyzy bolmaly. Heý, onsoň, eposdaky türkmen, oguz etnonimleriniň aýry-aýry halklary aňladýandygyna kim ynanar?! Häzir türkmenlerde «Türkmeniň öýi ýitse, oguzyň teýi ýiter» diýen, haçan dörändigi belli bolmadyk pähimem aýdylyp ýör. Epos hakynda ýörite iş alyp baran daşary ýurt alymlary-da, rus alymlary-gündogarşynaslar W.W.Bartold, A.I.Ýakubowskiý, A.G.Tumanskiý dagylar hem munuň türkmenlere degişli eserdigini nygtaýarlar (Kniga moýego deda Korkuta, M − L.: 1962). H.Görogly bolsa öz işlerinde eposy oguz eseri hasaplaýar. (H.Görogly Turkmenskaýa literatura. M.: 1972). Awtoryň bu pikiri hakykata has ýakyndyr. Sebäbi eposyň süňňünden umumy oguz durmuşy syzylyp çykýar. Gabady gelende okyjylary Halyk Görogly bilen gysgaça tanyşdyryp geçeýin. Ol Türkmenistanda önüp-ösüpdir. Milleti azerbaýjan. Başlangyç bilimi şu ýerde alypdyr. Soň Moskwada okaýar. Ol filologiýa ylymlarynyň doktorydyr. Uzak wagtlap Gündogary öwreniş institutynda, M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet unwersitetinde işledi. «Gorkut ata» barada köp işler etdi. Bu ýerde onuň «Oguzskiý geroiçeskiý epos» (M.: 1976) diýen işini ýatlamak-da ýeterlikdir. Indi gürrüňimizi dowam etdiribersegem bolýar. Epos başlananda hem «Resulaleýhyssalam zamanyna ýakyn baýat (Türkmen taýpalarynyň biri) boýundan Gorkut ata diýrler bir är gopdy (döredi). Oguzyň ol kişi tamam bilijisidi» diýen jümleler bilen başlanýar. Bu-da H.Göroglynyň meselä nähili obýektiw hakykatdan ugur alyp çemeleşendigini görkezýär. «Gorkut ata» eposynyň haçan döredilendigi bilen baglanyşykly hem dürli garaýyşlar bar. Alymlaryň aglabasy onuň XV asyrlarda ýazylandygyny ýa-da XI-XV asyrlarda jemlenendigini aýdýarlar. H.Görogly eposyň adynda ebjet hasabynda onuň ýazylan ýa-da göçürilen ýylynyň görkezilendiginiň üstüni açdy. Şonda ol 887-nji hižri, 1482-nji milady ýylyna düşýär. Bu sene eposyň döredilen däl-de, göçürilen, belkem, täzeden el gatylan wagtyny görkezýändir. Sebäbi eposyň içindäki aýry-aýry detallaryň gündogarda bolup geçen wakalara gabat gelmegi, Salar Gazanyň Türküstanyň diregi hökmünde görkezilmegi ýaly zatlar eseriň Syrderýa töwereklerinde esaslanandygyndan habar berýär. Hut şular ýaly zatlar üçin W.W.Bartold, W.M.Žirmunskiý we beýleki belli alymlar eposyň XI-XII asyrlarda günbatara seljuklar tarapyndan getirilendigini biragyzdan tassyklaýarlar. Türkmen alymy R.Rejebow hem «Gorkut ata» eposyna HV asyrda el gatylyp täzeden işlenendigini aýratyn nygtaýar (Abulgazy. Şejereýi terakime. Aşgabat.: 1992). Men alymlaryň şeýle garaýyşlaryny goldaýaryn. Sebäbi muny Reşideddiniň (XIII a.), Salar Babanyň (XVI a.), Abulgazynyň (XVII a.) «Oguznamalaryndaky» Gorkut ata dogrudaky getirýän gürrüňleri-de aýdyň görkezýär. Oňa şübhelenmäge hiç hili gümürtiklik goýmaýar. Şeýle hem türkmenlerde, gazaklarda, gyrgyzlarda Gorkut ata hakynda häzirem aýdylyp ýörülen rowaýatdyr gürrüňler Gorkut atanyň Gündogarda ýaşap, döredip geçendigine güwä geçýär. Bu ýerde ol rowaýatlaryň hemmesini ýatlap durmakçy däl. Ýöne W.W.Bartoldyň eposyň gahrymanlarynyň gyrgyzlarda aýdylýan gürrüňlerdäki bilen meňzeşdigini kesgitleýşini welin aýtmak gerek. Gyrgyz rowaýatlarynda Gorkut ata Horhut atlandyrylýar. Ol türkmen, gyrgyz, gazak gürrüňlerinde daýaw, keramatly ozan hasaplanylýar. Onuň mazary hem Syrderýanyň aşaky akymlarynda ýerleşýär. Gepiň gerdişine görä aýtsak, gazaklar ol ýerde ýadygärlik hem bina edipdirler. W.W.Bartold Horkut kultunyň gyrgyzlara Syrderýanyň aşaky akymynyň ozalky ýaşaýjylary bolan oguzlardan geçendigini aýdýar (Bartold W.W. Soçineniýa. t.,V. M., 1968). Şu hili gürrüňleriň eposyň has irki döwürlerde gündogarda döredilendigine ikuçsyz şaýatlyk edýändigi bellidir. Eposyň «Salyr Gazanyň ewiniň ýagmalanmagy» baradaky boýunyň Türküstanda bolup geçen taryhy waka, gürrüňler, hekaýalar bilen baglanşyklydygy hem şeýle netijä gelmäge esas berýär. Bu wakalary Salyr Babanyň, Abulgazynyň taryhy işlerinde hem görmek bolýar. Olar Gorkut ata, Salyr gazan barada hem ep-esli maglumat berýärler. Şol taryhy kybapdaşlygy W.A.Žirmunskiniň, A.Bekmyradowyň we beýleki awtorlaryň her taraplaýyn açyp görkezendikleri üçin olary bu taýda gaýtalap durmakçy bolamyzok. Eposyň boýlaryndaky goşgularyň sadalygy, ýönekeýligi hem, oguz begleriniň gulagy, küpeli (syrgaly, halkaly) görkezilmegi hem onuň has irki döwürleri tozadýanlygyndan habar berýändir. Umuman, «Gorkut ata» kitaby barada iş eden adamlaryň köpüsiniň, hususan-da, halypamyz M.Kösäýewiň tassyklaýşy ýaly, eposyň käbir boýlary VII-IX asyr oguz durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Eposyň dilinde hem gadymy oguz-türki sözler, elementler örän köp saklanyp galypdyr. Şol hili sözleriň M.Kaşgarynyň «Diwany lugat it-türk» diýen sözlüginde, aýratyn-da hut oguzlara degişli bolan VI-VIII asyrlarda ýazylan orhon ýazuw ýadygärliklerinde gabat gelmegi eposyň gadymylygyna ýene bir gezek goşmaça delildir. Ýönekeý okyjynyň bilmegi üçin Orhon ýazgylarynyň Mongoliýanyň territriýasynda ýerleşýändigini hem ýüzugra ýatlap geçýäris. Ol ýazgylar VI-VIII asyrlarda döredilen bolsa-da, onuň diliniň has gadymyýetden dowam edip gelendigini aýtsak, «Gorkut atanyň» diliniň hem şonuň bilen utgaşýandygyny göz öňünde tutsak, eposyň nirelerden gözbaş alyp gaýdýandygyna akyl ýetirmek kyn düşmez. Şol könelişip, häzir ulanylyşdan galan sözler «Gorkut atada» beýleki eserlerimizden has köp saklanyp galypdyr. Olary biz aşakda degşirip göreris. Ýöne bu ýerde ilki eposda ulanylan şol sözleriň orhon ýazgylarynda duş gelýänleriniň ençemesini görkezmekçi. Sebäbi bu «Gorkut atanyň» gadymylygyndan bir nyşandyr. Ine, ol sözler: Teňri − gök, asman; bilge − akylly, bilimli; sab − söz; ýyş − tokaý; ýazy − düzlük, çöl; ýig − ýeg, gowy; arkyş − argyş, kerwen; ýükseltmek − beýgeltmek; tirilmek − ýygnanmak; symady − ýoýmady, syndyrmady; kylyntukda − ýasalanda; kiru − yza, ýene; sygytçy − aglaýjy; syklamak − ses edip aglamak; külüg − şöhratly; kamug − hemme, ähli; ýaňlyk − ýaňylmak, ýalňyşmak; hatun-kadyn − ýokary gatlakdan bolan aýal; süňi − naýza; kentu-kendu − öz; ýadag-ýadyg − pyýada; ýaýak-ýaýan − pyýada; ýalaň − ýalaňaç, u-uý − uky, adgyr − aýgyr, orda − goşun, oba; tümen − on müň; kok − ys; sygyn − sugun, ko − goý; esi-essi − eýesi; kölük − ýük maly, ýyndam; goru-gerut − tarap; kaç − näçe; bulmak − tapmak; at üze − at üstünde; bogazlamak − öldürmek, damagyny çalmak; buňalmak −gaýgylanmak, ejizlemek, hassa bolmak; aň-aň − zehin, ýatlamak; aryg − arassa; bod − boý, ýont − at... Bu hili sözleriň hataryny näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Bir makalada olar barada doly gürrüň etmek mümkinem däl. Fonetik taýdan gabatlaşýan sözler başga-da näçe diýseň bar. Olara azajyk aň tutsaň, ol hili sözleriň häzirem türkmen dilinde ulanylyp ýörülendigini aňşyrmak bolýar. Ine, ýokardaky getirilen sözlerden arkyş − argyş, sab − sawçy, tirilmek − düýrülmek, ýalaň − aýak ýalaň, adgyr − aýgyr, kok − ys-kok kimin, yzyny tapyp bolýan sözler eposyň dilinde-de, orhon ýazgylarynyň dilinde-de kän. Şonuň üçin-de ol eserleriň dilleriniň türkmen diliniň şu güne nähili ösüşleri başdan geçirip gelendigine göz ýetirmekde niçiksi ähmiýetiniň bolup biljekdigi öz-özünden düşnüklidir. Bu hili sözler Nesimi, Kazy Burhaneddin, Ýunus Emre, Garaja oglan, Baýram han ýaly Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşan hem-de Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp, Magtymguly, Şeýdaýy, Şabende dek şahyrlarymyzyň eserlerinde, dessanlarymyzda hem duş gelýär. Sözümiz gury bolmaz ýaly, käbir mysallara ýüzlenýäris: Alp ýürekli, at agyzly, golda gudrat, gaýrat gerek (Görogly). Muňly bolar myradyna ýetmeýen (Magtymguly). Çölde galsaň, hiç tapmaýan kölege, erem bagy içre saýa buldum tut (Magtymguly). Ýagy görende namartlar näsaglap owrat (aýal, arbat) görüner (Magtymguly). Gitdi Öwez, oglum gitdi, baryp ordasyna ýetdi (Görogly). Bu hili sözler kän. Ýöne bir aň etmek üçin şu getirilen maglumatlary hem ýeterlik hasaplaýarys. Emma şu ýerde gabady gelende bir zady ýatlap geçeýin-le. Getirilen mysallaryň içinde Görogluda «at agyzly» söz düzümi bar. Munuň ýöne bir atyň agzyna meňzetmegi aňlatman, agyzly, diýeni geçýän, gaýratly manylaryny bildirýändigini hem bellemek gerek. Munuň «Gorkut atadaky» Oruz gojanyň at agyzly ýaly suratlandyrylşy bilen gabat geläýşini diýsene. «Anlar eýle diýgeç, at agyzly Oruz goja iki dyzynyň üstüne çökdi» (Salyr Gazanyň ewi ýagmalandygy boýy») Eposyň dili barada gürrüň edilende ony türk, azerbaýjan diline ýakyn hasaplaýanlaram, umumy seljuk dilinde ýazylandygyny tassyklaýanlaram bar. Azerbaýjanda ýaşaýan terekemleriň diline meňzeşdigini ýaňzydýanlaram ýok däl. Jüpüne düşende aýtsak, «terekeme» sözi türkmen etnoniminiň arap dilinde köplüginiň berlişidir − türkmenler diýmekdir. Galyberse-de türkmenleriň gaýy-kaýy taýpasynyň düzüminde häzire − bu güne çenli terekeme tiresiniň barlygy (bu tiräniň wekilleri Garrygala etrabynyň iň uly obalarynyň biri bolan Çendir obasynda ýaşaýar) hem köp zatdan habar berýär. Wagt geler, biz Azerbaýjan respublikasyndaky ýaşaýan terekeme tiresi bilen türkmenleriň gaýy-kaýy taýpasynyň düzümindäki terekemeleri deňeşdirip öwreneris. Şeýle deňeşdirme bir giden meseleleri aýyl-saýyl etmäge ýardam eder. H.Görogly eposyň dili işlenilende türkmen diliniň çetde galdyrylýandygyny, terekemeleriň bolsa aslynda türkmenlerdigini dogry belleýär./H. Görogly. Oguzskiý geroiçeskiý epos, M.: 1976). Biziň çuňňur ynanşymyzça, epos umumy oguz dilinde ýazylypdyr. Muny eposda saklanyp galan gadymy oguz sözlerem, grammatik formalaram görkezip dur. Ol sözleriň birnäçesini ýokarda görübem geçdik. Ol hili sözler, söz düzümleri entegem kän. Eposyň umumy oguz dilinde ýazylmagyna garamazdan, oguz toparyna girýän taýpalar soň bölünişip türk, türkmen, azerbaýjan, gagauz kibi aýry-aýry halklary emele getirdiler. Şeýle bolansoň, eposyň dilindäki sözleriň, aňlatmalaryň birnäçesi olaryň birinde ýörgünleşip, beýlekisinde passiwleşip gidipdir. Ýene birinde bolsa ol sözleriň başgalary has giň gerime eýe bolupdyr. Mysal üçin, «gulan, aýtmak, alagan» sözleri türkmen dilinde häzirem edil, Gorkut atanyň işledişi ýaly ulanylyp ýör. Beýleki oguz topar dillerinde bolsa olar ulanylyşdan galypdyr. Tersine «alçak, gençlik» ýaly sözler olarda işeňňirleşipdir. «Gençlik» ýaşlyk diýmekdir. Bilesigeliji okyjylaryň «alçak» sözi türkmen dilinde hem bar ahyryn» diýäýmekleri daş däl. Bu kanuny bolup biläýjek ýagdaý. Ýöne «alçak» sözi «Gorkut atada» erbet ýaramaz, pis diýen manylary aňladýar, ana, onuň şol manysy hem türk, azerbaýjan dillerine aralaşypdyr. Türkmen dilinde bolsa ol gowy, degişgen, oňat manylarda işledilýär. Bular ýaly sözler kän. Men muny şeýle ýagdaýlaryň bardygyny duýdurmak niýeti bilen toýdan topukça etdim. Şu ýerde ýene-de ujypsyzam bolsa bir zady ýüzugra ýatlap geçsek, ýaman bolmazmyka diýýäris. Ine, eposyň boýlarynda duşmandan üstün çykylandan soň, oljadanmy ýa, umuman, ýeňşiň şanynamy hanlar hany Baýyndyr hana pençýek çykarylýar. «Pençýek» diýmek pars sözi bolup, bölünýän zadyň bäşden biri diýmekdir. Şonda her bir zadyň iň gowusy hana berilýär. Eposda bu ýagdaý şeýle suratlandyrylýar. «Guşuň alaganyny, kumaşyň arysyny, gyzyň gökjegini, dokuzlama çargap çuha hanlar Baýyndyr hana pençýek çykardylar». Muny şeýle alanyňda manysyna düşünilýän-de bolsa, öz döwri bilen baglanyşykly aýdyňlaşdyrmaly halatlaram ýok däl. Ine, bu sözlemdäki «kumaş» arapça ýüpek mata, «ary» sözi düşnüklidir. Ol arassa, gowy diýmekdir. «Gökjek» ýaş hem owadan manysyndadyr. «Dokuzlama çargamak, çyrgamak» bolsa bejermegi, bezemegi aňladýar, «Çuha-da» don, çäkmendir. Indi ýokardaky jümle häzirki zaman türkmen dilinde şeýle ýaňlanar: «Guşuň alaganyny, ýüpegiň gowusyny, gyzyň owadanjasyny, dony bejerip besläp hanlar Baýyndyr hana pençýek çykardylar». Ýamanam däldir görseňiz. Ýöne men muny beýle beýan etjek däldim-de okyjylaryň aňlaryna has oňat ýetirmek üçin şeýle etdim. Aslynda welin «Guşuň alagany» barada aýtmakçydym. Şu söz biziň hemmämize, uludan-kiçä düşnükli bolsa gerek. Emma eposyň türk neşirlerinde-de, azerbaýjan neşirlerinde-de ol «guşuň ala gany, kuşuň ala kany» görnüşinde berlip gelinýär. Hakykatda bolsa ol guşuň alagany, tutgurdydyr, algyr guşudyr. Bolmanda, Baýyndyr han guşuň ala ganyny neýlesin diýsene. Oňa guşuň alaganynyň, algyrynyň beriljekdigi köre hasa ahyryn. Ana, «guşuň alagany» söz düzüminiň hem türkmen diline häsiýetli aňlatmalaryň biridigi şu ýerdenem görünip durandyr. Eposyň dili meselesinde ýene bir zady bellemekçi. Ol-da bolsa ondaky adam atlarydyr. Onda ýekeje-de din, yslam bilen baglanyşykly adam adynyň gabat gelmeýänligidir. Ine, alyp görüberiň: Dirse han, Bugaç, Baýyndyr, Salyr Gazan, Gaňly goja, Bamsy Birek, Garaja çopan, Däli Garçar, Gara Güne, Oruz (Ruz), Kazylyk goja, Ýegenek, Däli Dönder, Däli Tondar, Egrek, Segrek, Gara Pudak, Burla hatyn, Banu Çiçek. Dogry, käbir neşirlerde Oruz (Ruz) Oraz görnüşinde berilýär. Biziň pikirimizçe, ol Oraz däl-de Oruz ýa-da Ruz bolmalydyr. Iň bolmanda şu ýagdaýam eposyň gadymylygyndan habar berýändir. Hatda, onuň yslamdan öň ýüz berenliginden ýene bir nyşandyr. Ýöne her bir boýda söweşiň öň ýanynda oguz begleri ellerine abdest alyp-täret kylyp, namaz okap ýa-da hudaýa mynajat okap, nalyş kylyp, onsoň söweşe başlaýarlar. Ýeňişden soňam kapyryň klisesini-monastyryny ýykyp ýerine metjit ýapdyrýarlar-saldyrýarlar. Biziň pikirimizçe, bu zatlar epos göçürilende, el gatylanda soň goşulan epizodlardyr. Eposyň umumy sýužet ýordumyna, ruhy dünýäsine aýratyn bir täsir etmeýän goşundylardyr. Eposyň her bir boýy gadymy oguz-türkmen durmuşyny şöhlelendirýär, beýan edýär, ony wasp edýär. Dilem ýene bir gezek gaýtalaýaryn, umumy oguz dilidir. Eposyň dili barada şujagaz aýdylanja zatlaram onuň has irki zamanlara utgaşyp gidýändiginden açyk-aýdyň habar berýändir. Hormatly Prezidentimiz Saparmyrat Turkmenbaşy onuň umumy oguz ýaşulusy-gojasydygyny, atasydygyny, dädesidigini, ozanydygyny ýanjap-ýanjap aýdýar. Şonuň üçin onuň häzirki oguz toparyna girýän halklaryň umumy aksakgalydygyny, ana, şundan ugur almalydygyny, şunda hiç bir oguz kowmunyň göwün etmejekdigini aýratyn nygtaýar. Biz hut şeýle-de düşünýäris. Çünki öňde-de ýatlanyp geçilişi ýaly, eposyň süňňünden oguz durmuşy eriş-argaç bolup geçýär. Gorkut ata-Gorkut däde oguz pähimdary, keramatly gojasydyr, ruhy atasydyr, ruhy şamçyragydyr. Bu sözler türkmeniň beýik Ruhnamasy taýýarlanylyp ýörülen şu günlerde diýseň batly ýaňlanýar. ___________________________________ [1] Goşmaça maglumat üçin seret: Süleýman Mämmedowyñ "Garagoýunlylar we Günbatar Azerbaýjan" makalasy, saýtdaky linki: http://www.kitapcy.ga/news/garagoyunlylar_we_gunbatar_azerbayjan/2019-10-28-8852 Gandym BALLYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |