14:17 "Gorkut atada" aýal-gyzlar | |
«GORKUT ATADA» AÝAL-GYZLAR
Edebi makalalar
«Gorkut ata» kitaby türkmen halkynyň arasynda täzeden dünýä indi. «Ol indi her bir türkmen üçin elýeterli boldy we birnäçe gezek neşir edildi. Bu uly manyly milli eser sowet döwründe oguz begleriniň ideologiýasyny arşa çykarýan eser hökmünde ýazgarylypdy we ony geçmişiň milli hazynasy hökmünde halkymyza hödürlän M.Kösäýew ýaly alymlaryň birnäçesi ýanalypdy. «Gorkut atada» gadymy oguz-türkmenleriniň iş-aladalary edim-gylymlary, töwerege we dünýä düşünişleri, ynsanperwerligi, il-halka, watana bolan çuňňur söýgüleri we şuňa meňzeşler örän aýdyňlyk bilen öz şöhlelenmesini tapypdyr. Bu meselelerde hakykat bilen hyýal birleşdirilipdir we şeýlelikde, eser uly bir many-mazmuna eýe bolupdyr. Bu gadymy eser, şeýlelik bilen, türkmen halk döredijiligine-de, edebiýatyna-da öz oňaýly täsirini ýetiripdir. Bu ugurda gijirägem bolsa metbugatda ylmy pikirler ýüze çykyp başlady. «Gorkut atada» durmuşyň dürli ugurlaryna degişli göwnejaý we parasatly pikirler örän köp. Olaryň hemmesi hem häzirki zaman durmuşyna-da nusga we görelde bolarlyklydyr. Diýmek, bu şerapatly we keramatly kitapdan öwrenere zat bir ýa-da iki däl, olar köp. Kitabyň boýlarynyň aglabasynda aýal-gyzlaryň oguz-türkmenleriň garaýşy sadadan örän düşnükli beýan edilipdir. Kitapda aýal-gyzlaryň keşpleriniň çekilişi örän göwne makul, olar öz perzentlerini janlaryndan hem eziz görýärler, adaglylaryna we ýanýoldaşlaryna örän wepaly, olaryň hiç biriniň hem göwünlerinde ikilik ýok. Şeýlelikde, olar öz duýgularynyň, söýgüleriniň hakyky eýesi hökmünde ajaýyp şekile gaplanypdyr. Edil şonuň ýaly, aýal-gyzlaryň perzentleri, ýanýoldaşlary, adaglylary hem olara wepalylyk görkezýär. Ol garadan gaýtmaz ynsanlar öz aýal-gyzlarynyň goragçylary hökmünde orta çykýar, olara mydama howandarlyk we hossarlyk gollaryny uzadýar. Emma başga-da bir belläp geçmeli mesele bar. Olam bolsa bu eserde aýal-gyzlaryň batyrlygy, edermenligidir. Olar gerek bolanda öz ärlerinden hiç bir derejede kem oturmaýarlar, at debsäp, ýarag ulanmakda-da olar ussatlyk görkezmegiň hötdesinden gelýärler. Şeýle sypatlar bu eserde geçmiş türkmen aýal-gyzlarynyň keşplerini berýär we olara uly ynam döredýär. Dünýä edebiýatynyň iň gowy nusgalaryny alyp görenimizde, beýle sypatly zenan maşgalalara kän duş gelmeýäris. Bu ýagdaý «Gorkut atanyň» edebi gymmatyny kegitleýär, onuň taryhdaky ilkinji ornuny anyklaýar. Kitapda Gorkut atanyň dilinden ýagşy hem ýaman aýal hakynda şeýle dana sözler berlipdir. «Öýüňe myhman gelende, gelen myhmany hezzetläp, seni ýoksyratmaýan aýal miýesser bolsun. Ertir bilen elin-ýüzün ýuwman, dokuz bazlammaç bilen külek ýogurdy dykyp, elin bykynyna diräp: «Şu öý gurasyn. Äre çykalym bäri doýa garnym doýmady, ýüzüm gülmedi, aýagym paşmak, ýüzüm ýaşmak görmedi. Şu bir ölse, men hem başga birine barsam» diýýän aýal duşmasyn, gapyňyzdan barmasyn» («Gorkut ata», 1990, 25 s). Bu deňeşdirmäniň birinjisine kybapdaş aýal-gyzlar şu eseriň bezegi bolup durýar, emma ikinji hili aýallaryň keşpleri bu täsin eserde düýbünden ýok. Biz indi aýal-gyzlar bilen baglanyşykly bolan mysallara ýüzleneliň. Ine, «Bugaç han Derse han oglunyň boýuny beýan eder» boýy. Bu boý perzentsizlik bilen berk baglanyşykly beýan edilýär. Baýandyr hanyň toý edende bir gylygy bolupdyr. Ol ogullyny ak otagda, gyzlyny gyzyl otagda, perzentsizi bolsa gara otagda oturdýan eken. Elbetde, munuň özüne ýetesi sebäbi bolandyr. Belki, han oguz iliniň köpelip oturmagyny isländir. Bu dessur, elbetde, döwrüň ýagdaýyna dogry gelýändir. Umuman alnanda, perzentsizlik mydama-da oňlanylýan hadysa däl. Ine, şonda Derse han perzentsiz bolany üçin gara otaga äkidilip, gara düşegiň üstünde oturdylýar, onuň öňüne-de, gara goýnuň ýahnasyny goýýarlar. Bu däp hem öz döwrüne mahsus bolara çemeli. Emma Derse han munuň sebäbini eşidende öýkeleýär we öýüne aýalynyň ýanyna gelýär. Ol: «Perzentsizlik haýsymyza baglyka?!» diýen soragy bermezden öňürti, aýalyna gowy sözler bilen ýüzlenýär. Ol sözler örän täsirli. Olar äriň öz ýanýoldaşyna garaýşyny, ony kim hasap edýändigini doly subut edýär: Bäri gelgil, başym bagty, öýüm tagty, Öýden çykyp, ýöriýende selbi boýlym, Topugynda sarmaşanda gara saçlym, Gurulgy ýaýa meňzär, çatma gaşlym, Goşa badam sygmaýan dar agyzlym, Güýz almasyna meňzär al ýaňaklym, Hatynym, wiregim, tüwlegim... (28 s.) Bu şygyr setirleriniň üýtgeşik bolşy ýaly (çünki bu setirlerde özara kapyýa berkligi bolmasa-da özara baglanyşyk uly), çeperçilik serişdeleri−meňzetmeler, deňeşdirmeler we beýleki tärler özboluşly ulanylypdyr. Är öz aýalynyň göwnüne ýaramajak ýekeje sözi hem diline almaýar. Bu ýerde aýalyň maşgala ojagynda tutýan orny («başym bagty, öýüm tagty») örän ýeserlik bilen dogruçyl berilýär. Ondan soň är aýalyny sypatlandyrmaga geçýär (selbi boýly, gara saçly, gyýma gaşly, dar agyzly). Bu meňzetmeler bolsa soňky döwürleriň türkmen edebiýatynda-da özboluşly giňden ulanylypdyr.. Emma bu ýerde esasy mesele Derse hanyň aýalyna geňeşmegidir. Ýok, ol özüne ýakyn hossarlary, garyndaş, ilen-çalany bilen geňeşmeýär. Diňe aýalynyň maslahat bermegi bilen «Aç görse, doýurýar, ýalaňaja don edýär, borçlyny borjundan gutarýar, uly toý edýär». Ine, şeýlelikde, bir agzy dogalynyň dilegi bilen onuň ogul perzendi ýagty jahana inýär. «Ýagmyr bilen ýer gögär, alkyş bilen är dörär» diýlişi ýaly, bu boýuň galan bölekleri hem alkyşyň ynsana zerurdygynyň subutnamasy bolup durýar. Bu oglan bilen baglanyşykly wakalar bolsa şol döwrüň däp-dessurlary bilen utgaşyp gidýär. Ýöne mesele täze öwüşgin alyp başlaýar. Birnäçe içigaranyň ýamanlamagy netijesinde, Derse han ogluny ýaralap, ony öldi edip, taşlap gaýdýar. Öň aýalyna geňeşip ýören han, indi geňeşmeýär. Emma ene ýüregi duýgur, ol gyzlar bilen ogluny tapýar we ölümden halas edýär. Nädip? Oglan atasynyň taşlap gaýdan ýerinde ýatyrka, onuň ýanyna Hydyr Aleýhissalam gelip, em salgy beripdir. Şeýlelikde, dag güli bilen enesiniň süýdi em bolýar. Emma enesi kyrk gyz bilen ogluny agtarmaga çykanda gatan göwsüni syka-syka, ondan ganly süýt süzüp çykaranda gör nähili aýal gahrymançylygy göz öňüne gelýär. Emma şonda-da ol Derse hana igenmeýär we ogluny ondan gizlin bejerýär. Diňe bular hem däl, Derse hanyň özi ýesir düşende-de, ol ärinden ýüz öwürmeýär. Ýogsa, Derse handan ýüz öwürmäge ýeterlik sebäbi bolupdy ahyryn. Tersine, ol ogluna atasyny dönük kyrk nökeriň elinden halas etmekligi buýurýar. Görşümiz ýaly, kitabyň bu boýunda aýal edermenliginiň nusgasy bilen onuň maşgala wepalylygy badaşyp gelýär we şu dessanyň (boýuň) esasy sütünini düzýär. «Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalandygy» diýen boýunda ýene aýal edermenliginden, mertliginden, wepalylygyndan, akyl-paýhasyndan, çydamlylygyndan söz açylýar. Salyr Gazanyň aýaly Burla hatyn bu eserde Şökli Mäligiň (Şükli Melek) eline kyrk keniz bilen ýesir düşende bolup geçýän wakalar çenden çykma aýylgançdyr. Şökli Mälik Gazan begiň ýeser duşmany, ol onuň aýaly Burla hatynyň elinden şerap içip, hanyň namysyna degmekçi we şeýdip hem ar almakçy bolýar. Elbetde, bu aýylganç waka. Emma mundan habardar bolan Burla hatyn hem ondan gutulmakçy. Şonlukda-da Salyr Gazanyň aýaly kim diýlende, kyrk keniziň bary birden «men-de, men» boluşýarlar. Emma iş munuň bilen gutarmaýar. Indi duşmanlar Salyr Gazanyň ogly Oruzyň etini kesişdirip, ony gowurma edip, şol kyrk gyzyň öňüne getirmekçi. Eger şondan kim iýmese, şol Burla hatyn. Bu habar Burla hatyna ýetende, ol ogly Oruza ýagdaýy düşündirýär. Diýmek, Burla hatyn oglunyň etini iýmelimi ýa-da şerap süzmelimi?!. Elbetde, Oruzyň jogaby düşnükli. Namys astynda galmaly däl. Emma ýagdaý gowulyga tarap üýtgeýär. Ýesirler halas edilýär. Şeýle aýylganç sahnalaryň üsti bilen bu eserde aýallaryň keşpleri birleşip, barha ösüp gidip otyr. Türkmen zenanynyň häsiýetiniň beýle berilmegi bolsa guwanmaga mynasypdyr. Ol hem bir ýagdaýda-da gorky-ürküni ýadyna-oýuna-da düşürmeýän, hemme tarapdan hakyky arassa maşgala bolup, öz namasyny özi gorap saklap bilipdir we başga deň-duşlaryna-da görelde bolmagyň hötdesinden gelipdir. Onuň namysjaňlygy asyrlar kerweniniň aňyrsyndan baş alyp gaýdyp, şu günlere hem gelip ýetipdir. Türkmenlerde maşgala ojagynyň örän berk we gyşarnyksyz bolmagy şuňa görnetin mysal bolup hyzmat edýär. Emma diňe bular hem däl. «Gorkut atada» aýal-gyzlaryň häsiýetleriniň başga hilileri hem berlipdir. Ilki bilen, öz adaglysyna, ýanýoldaşyna garaşmak häsiýeti şu eseriň köp ýerlerinde yzly-yzyna duş gelýär. Ylaýta-da bu ýagdaý «Baýbüre beg ogly Bamsy Birek» diýen boýda has anyk we has ynandyryjy ýagdaýda beýan edilipdir. Bu boýda oglan bilen gyzyň arasynda bolup geçýän ýaryşlar barasynda gyzykly hekaýat bar. Bamsy Birek Baýbijanyň gyzy Banu Çiçek bilen duşuşanda şeýle ýaryş bolup geçýär. Olar ilki atlaryny ýaryşa goşýarlar, soň ok atyşýarlar, iň soňunda-da oglan bilen gyz göreş tutýarlar. Bu ýaryşda, elbetde, ýigit ýeňýär. Banu Çiçek hem oňa durmuşa çykmaga razylyk berýär. Beýle dessur türki halklaryň köpüsine mahsus bolupdyr, edebi döredijiligine-de siňip gidipdir. Ýöne şunuň ýaly ýagdaý bolanda köplenç yz ýanyndan bir betbagtlyk bolup geçýär we ýetip gelýän toý bozulýar. Bamsy Biregiň ýagylary ony ýesir edip äkidýärler. Şeýlelikde, ol 16 ýyl tussaglykda oturýar we Banu Çiçek hem şonça wagtlap, onuň ýoluna garap gezýär. Umuman alnanda, diňe gyzlar däl, eýsem, ýigitler hem özlerine mynasyp gyz agtarýarlar. Gaňly Gojanyň ogly Hantöreli üçin Tarabozan hanynyň gyzy mynasypdy. Ol görkli-görmekli gyz ýaý çekip, ok atmany başarýardy. Onuň üç sany hem haýwany bardy: arslan, gara buga, gara bugra. Kim şol haýwanlary ýeňip bilse, gyz şoňa beriljekdi. Eger ýeňip bilmese, ölüm bilen oýun etmelidi. Netijede, Hantöreli şol haýwanlary ýeňýär we hamyny serýär, gyzy hem alyp oguz içine, ýagny öz iline, ene-ata ýurduna gaýdýar. Ine, bu-da gyzyň öz mertebesini belent tutmakdaky ulanýan şerti. Emma bu ýerde-de öňki boýdaky ýaly betbagtlyk belasy bularyň üstünden düşýär. Ýogsa gyz Hantörelä «Meni söýýänler köpdür» diýýär hem. Şol ýerde-de bularyň yzyndan uly ýygyn ýetýär we uly söweş hem bolýar. Bu ýerde gyz, ýagny Seljan hatyn Hantörelä garanda-da zor edermenlik görkezýär. Ol hakda şeýle diýilýär: «Seljan hatyn duşman üstüne at saldy, öňüne düşen ýagyny basdy, gaçany kowmady, aman diýeni öldürmedi» (114 sah). Ine, şeýle! Öňki boýda ýeňşiň bir şerti göreşip ýykmakdy. Şeýle ýagdaý, mysal üçin, bu kitapdan soňrak ýüze çykan «Görogluda-da» bardy. Muny Harmandäliniň Görogly bilen göreşişi arkaly düşündirmek bolar. Seljan hatynyň söweşde gahrymançylyk görkezişine meňzeş waka «Saýatly-Hemra» dessanynda-da bar. Ol ýerde şa gyzy Saýathan yzyndan ýetip gelen ýagyny kowmakda uly iş bitirýär. Bezirgeniň gyz dogany Aýsoltanyň hereketleri hem şoňa kybapdaşdyr. Ine, şeýle ýagdaýlar hem bu eseriň soň-soňlar hem uly täsiriniň bolandygyny alamatlandyrýar. Umuman, bu eserde gelin-gyzlar ýeri gelende söweş meýdanynda öz merdanalyklaryny yzly-yzyna subut ede-ede gelýärler. Meselem, «Boýy uzyn Burla hatyn Garatugyn diýen duşman begini gylyçlap agdardy» diýlende, zenanlaryň ärleriniň duran ýerinde berk durup bilýändigini aýdyň görkezýär. Eserde gelin-gyzlaryň edermenliginiň iň ýokary çägi «Döwhe goja ogly Däli Domrul» boýunda öz beýanyny tapypdyr. Bu boý hyýaly-fantastik häsiýetlidir. Munda Alladan başga-da Ezraýyl gahryman hökmünde gatnaşdyrylýar. Domrulyň Däli diýlen lakamy bar. Ol bir ýigidiň öleni üçin Ezraýyldan ar almak isleýär. Emma Hak tagallanyň buýrugy boýunça Ezraýyl Däli Domrulyň janyny almaly bolýar, şeýlelik bilen, ol toba gelmeli bolýar. Onuň ýerine Domrulyň ene-atasy hem öz janlaryny bermek islemeýärler. Olar dünýä şirin, jan eziz, janyma gyýa bilmen, belli bilgil diýip, öz ogullaryndan geçýärler. Indi Däli Domrulyň aýalyna gezek gelýär. Ol gelin ýagdaýa göz ýetirenden soňra öz äriniň janynyň ýerine öz janyny bermäge ikelläp razy bolýar, ýogsa Däli Domrul ondan jan talap hem etmeýär. Ol aýal ärine «Meniň janym seniň janyňa gurban bolsun!» diýip, ölüme taýýarlanýar. Emma Allanyň eradasy bilen olaryň her haýsyna bir ýüz kyrk ýaş berilýär. Bu ýagdaý maşgala agzybirliginiň, döwletliligiň nyşanasydyr we aýal-gyzlaryň mertebesini göge ýetirýän, olaryň gadyr-gymmatyny beýgeldýän meseledir. Ine, şunuň ýaly meseleleriň birgideni «Gorkut atada» näçe diýseň bar. Bu kitapda aýal-gyzlaryň durmuşdaky orny dogruçyl beýanyny tapýar. Olaryň jemgyýetdäki alyp barýan işleri manyly teswirlenýär. Bu meselede «Gorkut atanyň» belli bahasy ýokdur. Onuň häzirki zamandaky terbiýeçilik ähmiýetiniň örän güýçlüdigi bolsa öz-özünden düşnüklidir. Bu dünýä meşhur eseriň duýgy-düşünjä edýän täsiriniň örän möhümdigi şunuň ýaly düşündirilýär. Ýene bir meseläni belläp geçmek zerur. Eserde aýal-gyzlar örän salykatly we kiçigöwünli ýagdaýda berilýär. Olar her näçe edermen bolsalar-da, her näçe akyl-paýhasly, parasatly bolsalar-da özlerini ýan-ýoldaşlaryndan ýokary tutmaýarlar, gaýtam olara hormat goýýarlar, olaryň göwnüne degmeýärler. Şeýdibem, öz aýallyk borçlaryny ödeýärler. Galyberse-de, bu eserde gatnaşýan aýal-gyzlar ýalňyş işden uzakda durýarlar. Olaryň biri-de näjaý iş etmeýär. Ine, şunuň ýaly ýagdaýlar bu eseriň bezegi bolýar. «Gorkut atadaky» aýal-gyzlaryň wepalylygy, edermenligi, tutanýerliligi, sabyr-takatlylygy, kiçigöwünliligi, watanparazlygy geljek üçin nusgadyr we ol meseleler mundan bu ýana ylmy nukdaýnazardan her taraplaýyn we töwerekleýin öwrenilmelidir. Akgül KAÝUMOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |