GORKY
Dört sany ýaş ýigit göýä dört sany at ýaly, takyr bile aldygyna ýorgalap barýar. Olaryñ egninde kepene çolanan jesetli tabyt. Şemal ak matany galgadyp, burnuma babamyñ sakgalynyñ ysyny getirýär. Yzdan sürrekleşip, üç nesil: ogullar, agtyklar, çowluklar gelýär. Babamyñ ne ýaşdaşy bar, ne dogany, ne dosty, olar eýýäm babamyñ alnyp barylýan ýerinde. Dört ýigit başyny aşak salyp, elýaglyklaryny, elleriniñ arkasyny ýaşa ezip, eýgermän gelýän göleçilerden ylgaşlap arany açyp barýar. Hä diýmän, ogullarynyñ biri bir gysym toprak atar weli, babam hemişelik ýiter gider. Ýiti ýagty bolup, yşyrap, topraga, daşjagazlara, çüýrän çöp-çalamlara garylyp giden bu adamdan näme galar? Ýatlamamy? Eýse ol çynmy?
Çagakam dyrmalan ak sakgalym, üzüm hoşasyny galdyrjak bolup eglen hortap göwresi, hiñlenibräge-de aýdyp berýän hekaýatlary we şuña meñzeş üzlem-saplam ýatlamalar, meger, hakydada galar. Ýöne iñ hakyky zady, onuñ, belkem, özüniñem düşünmedik esasy zadyny şol dörtler alyp gider.
Ýeke çöp bitmedik, gugaryp ýatan mazarystana imisalalyk ýa gije aralaşansoñ, men gelerin hem oña diri wagtynda berip bilmedik sowallarymy bererin. Ol özüne akyl ýetirip, bildimikä? Ol bize nähili ýaşamagy maslahat bererkä? Onuñ açyp bilen iñ soñky hakykaty nämekä? Ol özünde öwrülişigi başyndan geçirdimikä? Öz ýaşan uzyn asyrynda näme gyzykly zat gördükä? Kim ol? Ýene ençeme soraglar…
Dymyp ýatan guburyñ deregine mör-möjegiñ jürrüldisi, şagallaryñ uwlamasy, aýyñ şuglasy, gijäniñ dymyklygy jogap gaýtarar.
…Dört ýaş ýigit, dört at ýaly giden takyrlykda galagopluk bilen meniñ gorkymdan daşlaşyp, özlerini özi mazarystana alyp barýar.
Rus dilinden terjime eden: Nobatguly REJEBOW.
Hekaýalar