Çörek, duz, sogan. Tapylsa, pomidor. Dadranyñ köki, burçuñ bolmagy – elpe-şelpelik. Pyçag-a hökman bolaýmaly. Bloknot hem galam. Çilim. Otluçöpi hem unutmaly däl. Radiony çalaja açýan. Hawa, çaýam demläp basyrmaly. Ynha, indi ýagty jahan özümiñki, aýnanyñ daşyndaky daragtlaram, asmanyñ sergezdan bulutlaram meniñki, bary, olaryñ bary meniñ myhmanlarym, meniñ şagalañyma gelipdir. Hawa, durmuş bizi duzlaýar, gowurýar, taplaýar. Badalga hem uçuş. Daglaryñ, durmuşyñ depesinde batbörek deý uçup ýören köñül.Tutuş gün bujagaz otagda nämeleriñ bolup geçeni, jaýyñ leññer atyp, ýeriñ endiräni diñe maña mälim. Goñşularym bolsa, biziñ goñşymyz gowy, ümsüm, ýöne birneme ýabanyrak diýýärler.
Akmyrat Şir.
Hekaýalar