06:38 Özüňden soňam özüňi galdyrmaly... | |
Durmuşy, söýgini, ykbaly, adamlary, ölümi, dünýäni özüñçe görşüñ bolmaly. Ol ähli öten-geçenleriñkiden has ygtybarly. Öz görşüñ ajy, elendiriji bolsa-da, hakykydyr.
Edebi makalalar
Sen kalbyñ ýaralaryny bitirjek bolman, gaýtam näçe dyrmaladygyñça, adamlar senden şonça-da şypa tapar, razy bolar. * * * Iýmäge puluñ ýok bolany bilen üstüñe kyýamat gopanok. Agzy açyga Tañry ýetirip dur. Ýöne käte el serip duran gedaýlara gabat gelýäñ. Olara oklara zadyñ ýoklugyndan utanyp, çal başlarynyñ, naýynjar dilegçi nazarlarynyñ öñünde özüñi müýnli duýup ugraýañ... * * * Mende içi hazynaly ullakan bir sandyk bar - meniñ geçmişim. Ondan gerekmejek paty-putularymy, gymmatbaha dür-dänelerimi, garaz, islän zadyñy tapmak mümkin. Men onuñ içini irginsiz dörmek bilen meşgul bolup, gözbagçynyñ boşhaltajykdan ýumurtga çykarşy ýaly, öz pikirlerimi tapyp, ýüze çykarýaryn. (1973) * * * Paýhas merdiwany! Haçan-da pikirler çüprek bolanda, ýalazylyk hopukdyrýar. Haçan-da pikirler uly harmana dönende, başyna gören hasyl ýaly bolanda, bolçulyk hopukdyrýar. Kämahal gerekmejek pikirler ähmiýetli bolup görünýär - belläp alýarsyñ. Gerekli pikirler bolsa, ähmiýetsiz bolup görünýär - unudyp goýberýäñ. Eýsem, öz derejäñi nädip kesgitlemeli! Yzdan gelýäne goldaw ber, saña öñden barýan ýol görkezer. Ýöne kim öñden barýanyñ syýyndyn ýapyşyp, oña ýapja bolan bolsa, ol barypýatan mahlukdyr. (1970) * * * Ilkibaşda biziñ hemmämiziñ öz bolşumyz bolýar. Soñra bolsa daş-töweregimize syn edip, hyýalymyzda aýlap, olara öýkünip başlaýarys. Tebigy boluñ!!! Durmuş bilen oýun etseñiz, utularsyñyz! Sebäbi durmuş köpi gören oýunçydyr!!!... ****** Men nädip şygyr döredip bilerin, eger-de gözelligiñ öñünde ysgynsyz bolsam ýa-da özüm ysgynsyz gözellik bolsam! Men nädip şygyr döredip bilerin, eger-de men samsyk pikirlerimi akylly hasaplaýan bolsam, adaty duýgularymy bolsa aşa mahabatly hasap edýän bolsam! Men nädip goşgy ýazyp bilerin, eger haçan-da men özümden göwnühoşlugy we kalbyboşlugy islemeýän wagtym göwnühoş hemem kalbyboş bolsam. Ýa-da haçan-da göwnühoş we kalbyboş bolasym gelýän wagty özûm-den närazy hemem kalbymy pürepür bolsa? Men nädip şygyr döredip bilerin, eger men barypýatan dikdüşdi hem-de kelesañ bolsam! 1970. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||