01:41 Ýaşaýyş we ölüm / goşgular toplumy | |
• ÝAŞAÝYŞ WE ÖLÜM Gül kükeýän Ýaşaýyş Ölüme şeýle diýen: “Her kim meni eý görýär: Barmyka seni söýen?” “Meni söýmezler – diýip, Ölüm ýylgyran ýadaw – Men – eýmenji hakykat, Sen bir eýjejik aldaw!” • OMAR HAÝÝAMDAN Bir damja suw deňze garylyp gitdi, Bir zerre gum çölde toz bolup gitdi; Bu ýalança gelşiň bilen gidişiň: Bir çybyn doguldy – “Wyzzz! – ölüp gitdi. Bu çeçek – birmahal söwer ýarymdy, Bu maýsa – ak ýüzde zülpi-tarymdy; Bu topragy beýdip ýüze sylýanym: Bu toprak – ala göz bir nigarymdy. Gojalaram, juwanlaram öterler, Aglanlaram, gülenlerem öterler; Kime wepa berer diýýäň bu dünýä – Bizden soňra gelenlerem öterler. • DUWLANMAK DIÝMEK TOPRAGA... Duwlanmak diýmek topraga – Bir bahar jünbüşi bolmak; Dört pasylda aga-döne Tebigatyň yşgy bolmak. Bir bulutdan ýagan ýagmyr, Bir ýyldyzdan parlaýan nur, Mes toprakdan gelýän howur, Bir gunçaň gülüşi bolmak. Tomus çäç bolmak harmanda, Gyşda möwç urmak ummanda; Daň säheriň tümlüginde Bir guşuň saýraýşy bolmak. • PIDAKÄR KIM? At-owazyn eşidip Beýik öwliýä piriň, Çagyrýarlar köşgüne Nedirşa jahangiriň. Guwanyp myhmanyna Meýlisi giňden tutup, Ýagşyzadaň şanyna Nedir sözläpdir nutuk: «Gutlamaga örän şat Zamananyň welisin! Baky dünýä çalyşyp Ýaradanyň panysyn, Beripsiňiz, eý, pirim, Pidalaryň ulusyn!» Ine, şeýle diýende Dünýäni alan adam, Şu jogaby beripdir Dünýäni ýeňen adam: «Öwmäň meni, eý, tagsyr, Çyn pidakär, belki, siz: Panysyna çalyşyp Dünýäleriň bakysyn, Gaýtam siz beripsiňiz Pidanyň hakykysyn!» • RINTLERIN ÖLÜMI (Ýahýa Kemal Baýatlydan) Hafyzyň gabry ýatan bakjada bir bägül barmyş: Her säher gunça açarmyş gyzyl gan reňňi bilen; Hem gijeler bir bilbil daňa çenli zarlarmyş Şirazyň gadym günlerin ýatladýan heňi bilen. Ölüm – baky asuda bahar ülkesi rinte: Yşky kalbyndan kükäp, anbar dek dünýä ýaýrar. Hem sergin serwileriň astyndaky gabrynda Her säher bir gül açylar, her gije bir bilbil saýrar. • RUBAGYLAR Ömür geçer, ýollar geçilmese-de, Gunça solar gider açylmasa-da; Jaýryk käsä guýlan çaýdyr ömrümiz – Içilse-de durmaz, içilmese-de. Ömrüň durumy ýok, örki ýok janyň – Ömri ömür etmek üçin tijeniň! Ömür diýýänimiz – bir gysga gündiz Arasynda iki uzak gijäniň. Ynsany ynsana bir nygmat biliň, Ömri yzzat üçin bir pursat biliň; Ýogalan bendäni müň taryplandan Aýatda dirikä bir gymmat biliň! | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 7 | |||||||
| |||||||