Gowy goşga her şahyr bir tüýsli kesgitleme berýär. Şonuň üçinem kesgitlemeleriň sany sanardan kän. Ýöne meniň özüm şahyr diýlip tanalyp başlan ýyllarym edýän gürrüňimiz hakynda kän sapar oýlanyp, ahyry özümçe bir karara gelip goýupdym. Gowy goşguda hökmany bolmaly iki sany zat bar. Şol ikiligiň agzyny birikdiren goşgular kämillige tarap ymtylyp bilerler. Şol şertleriň ilkinjisi – syr. Sungat ylymdan syr döredip bilýänligi bilen tapawutlanýar. Sungatyň wezipesi syrlary döretmek, ylmyň wezipesi syrlary paş etmek. Gowy goşguda setirleriň ýüzündäki görnüp duran manydan başga-da ikinji, üçinji belki-de onunjy many bolmaly. Men Magtymgulynyň goşgularyny on bäş ýaşymda okanymda ondan bir many çykarypdym. Soň talyp döwrümiz okanymda Pyragynyň goşgularyndan çykaran manym öňküden düýpgöter başgaçady. Kyrk ýaşymda okanymda üçünji manysy, ýetmişiň onuna girip okanymda bolsa dördünji manysy çykdy. Özem her sapar ýaňadan okanymda setirleriň arasyndan çykýan syrlar geçen saparky syrdan hiç peslär ýaly däl. Hawa, hakyky goşgy şeýle-de bolmaly. Eger goşgy syrdan mahrum bolsa, ol asyrdan-asyra, okyjydan-okyja geçmeýär. Gowy goşguda her kimiň derdine ýarajak bir zatlar bolýar. Ýaponlarda Basýo diýip bir gowy şahyr bar. Basýonyň goşgularyny okanyňda olar birbada häkibir salam hatlarynda ulanylýan sadaja goşgulara meňzeýär. Ýöne onuň goşgularynyň syrlarynyň ýüpüni bir ujyndan çöşläp başlaýarsyň welin, syr üstüne syr döräp gidip otyr. Syr näçe köp boldugyça goşgy şonçada gowy bolýar.Indi ikinji şert diýenim: Goşguda täzelik bolmaly. Goşgynyň ýekeje ýapragy täze-de bolsa, ol goşga diri diýip bolar. Goşgy gumak ýollardan ýörelende däl, birki ýola ötülen otly ýodalardan ýörelende däl, şüdügärden urduryp-urduryp ýörelende döreýär. Asyrlar boýy ýörgünli bolup gelýän edebi dessurlardan çykylanda döreýär. Ýöne beýle diýildigi ol dessurlardan bihabar bolmalydyr ýa-da olary düýpgöter unutmalydyr diýdigimiz däl. Edebi däplerden çürt-kesik arany üzmek bolmaz. Eger beýle edilse, okyjy bilen goşgynyň arasyndaky baglanyşyk kesiler. Goşgy okyjy üçin ýat bolar. Ýa okyjy ýadyrgar, ýa-da goşgy. Birek-birekden ýadyrgap başlamak bolsa poeziýanyň bagryny ýere bermegine getirer.